MEN MEHMEDIŇ ÖZÜNE YNAM DÖREDÝÄRDIM

Başy » Düzjeli Mehmet » MEN MEHMEDIŇ ÖZÜNE YNAM DÖREDÝÄRDIM

Çak edişim ýaly hem boldy. Çakymda ýalňyşmandym. Otagymyň öňüne baranymda Mehmediň gapynyň öňünde garaşyp durandygyny gördüm.

Ony örän mähirli garşyladym, elleşip salalaşdym, çaý sargadym we Mehmede garap:

— Wagtym köp Mehmet. Arkaýyn otyr. Men bu hili duşuşyklaryň we gürrüňdeşlikleriň dostlugymyzy berkleşdirjekdigine we biri-birimiziň garaýyşlarymyzdan peýdalanmaga pursat berjekdigine ynanýaryn — diýdim.

Aramyzda örän mähirli, ýürekdeş we ýokary derejeli bir gürrüň başlapdy. Men Mehmede söz berip, onuň pikirlerini we garaýyşlaryny biljek bolýardym. Mehmediň aýdýan iň radikal we iň içgysgynç mowzuklaryny hem garşysyna gitmän, sesimi çykarman diňledim. Soň hem ynjytmadan, göwnüne degmän öz garaýyşlarymy aýdyp başladym. Ol meniň garaýyşlarymy düýpgöter garşy çykan mahaly hem oňa:

— Seniň bu görnüşde pikir etmegiňe hormat goýýaryn. Başgaça pikirlenmek adaty zatdyr. Mowzuklara başgaça seretmek, dostluga zeper ýetirmez — diýip Mehmediň yzygiderli özüne ynam döredýärdim we özümi oňa ähmiýet berýändigimi görkezmek isleýärdim.

Gürrüň gyzyşdygyça, garaýyşlar äşgär boldugyça we soraglara jogaplar berildigiçe ikitaraplaýyn düşünişek, ylalaşyk we hoşniýetlilik güýçlenmäge dowam edýärdi.

Öňümde oturan, ynançsyz, inkärçi, magnawyýetiň we diniň adyna hiç zady kabul etmeýän talybym bilen bu meselede ylalaşan ýalydyk. Muny ýerinden turup, çykmak üçin rugsat soran mahaly özi aýdypdy. Ol maňa elini uzadyp:

— Bu gürrüňiňiz üçin sag boluň, ýoldaş mugallym. Bu gürrüňiň yzyny soň dowam etdireris — diýdi.

Men hem ähli ýagşy dileglerimi we arzuwlarymy ýene-de bir gezek aýdyp, Mehmediň soňky gezek özünde ynam döredip, ýola saldym.

Men dostlugymyzyň we ikitaraplaýyn içgin gatnaşygymyzyň ösmegine gaty begenýärdim. Düzjeli Mehmet bu zyýanly we howply pikirlerden halas bolsa, daş-töweregine peýdaly adam bolup bilerdi.

Bu hili gürrüňdeşlikleriň we duşuşyklaryň köpräk edilmegi gerekdi.

Sapaklar dowam edýärdi. Düzjeli Mehmet sapaklarda manysyz, durmuşy ýaly dagap ýatan soraglary öňküsi ýaly bermeýärdi. Men hem mümkin boldugyça göwnüne degmän, gaharlanman, hormat goýup soraglaryna jogap bermäge synanyşýardym. Hatda käbir talyplar bu ýagdaýa kämahal nägilelik bildirýärdiler we maňa:

— Näme üçin oňa beýle üns berýärsiňiz, ýoldaş mugallym? Onuň bilen gürleşmek hem ýalňyşdyr — diýýärdiler.

Ýok, ýöne men beýle pikir etmeýärdim. Her bir kelleagyrly talybyň, mesellerini çözjek bir ýol bardyr. Ol ýol bilinmedik ýagdaýynda bu mesele çözülmez diýmeli däl. Belki-de ol meseläni çözmek üçin has köpräk tagalla etmelidir.

Bu meselä üns beren Bediguzzaman Hezretleri ynsany ýüz gapyly köşge meňzedýär. Ol gapylaryň hemmesi ýapyk bolup, diňe bir gapysy açyk bolsa „ol köşge girilmez” diýilmeýändigini aňladýar. Ynsanda ähli ters hereketleri we ele alynmajak taraplary bolsa hem, hökman oňa ýakynlaşyp boljak, käbir dogrulary görkezjek bir tarapynyň, bir damarynyň bolup biljekdigini beýan edýär.

Bu ýagdaý terbiýe nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Erbet, ýalňyş, kem we biderek diýlip sypatlandyrylan ynsanlar dolulygyna daşlaşdyrylyp, bir burça itilmeli däl. Olar bilen gürrüňdeşlik ýollary soňuna çenli alnyp barylmaly. Şonda haýsydyr bir tarapyndan onuň kalbyna we aklyna barýan ýoly tapmak we käbir hakykatlary beýan etmek mümkin bolar.

Düzjeli Mehmet bilen gowy ysnyşdyk. Meniň öňümden çykan mahaly penjeginiň iligini dakýardy, hormat goýýardy we hal-ahwalymy soraýardy. Kämahal hem degişip:

— Ýoldaş mugallym, bu size ýörite hormat. Başga hiç kime beýtmeýärin. Size uly sylag-hormat goýýaryn — diýerdi. Men hem:

— Sen ütgejiksiň Mehmet, sen meniň üçin çynlakaý dostsuň. Saňa uly ynam bildirýärin. Men seniň gelejekde gazanjak üstünlükleriň bilen hemmeleri haýran galdyrjakdygyňa ynanýaryn — diýip minnetdarlyk bildirerdim.

Bu hem Düzjeli Mehmediň göwnüne ýaraýardy.