MEN LEZZET WE KEÝP ALMAK ÜÇIN ÝAŞAÝARYN

Başy » Düzjeli Mehmet » MEN LEZZET WE KEÝP ALMAK ÜÇIN ÝAŞAÝARYN

Uzynly günki dersiň ýadawlygyndan soň iş otagyma girip, birazajyk dynç almak isläpdim. Öz demlän çaýymy käse guýup otyrkam, otagymyň gapysy kakyldy we içeri Mehmet girdi.

Men Anadoly ilinde aýdylýan degişme bilen Mehmede ýer görkezip:

— Gel Mehmet, „Gaýneneň seni söýýär eken” diýdim. Muňa ikimiz hem güldük.

Çaý owurtlap otyrkak Mehmet maňa:

—    Ýoldaş mugallym siziň bilen gürrüňdeş bolmak isleýärin — diýdi. Men:

—    Seni diňleýärin, aýdyber — diýdim. Ol özüne mahsus açyk sözlüligi bilen:

— Ýoldaş mugallym, dogrudan hem siz maňa ähmiýet berýärsiňzmi ýa-da rol ýerine ýetirýärsiňizmi? — diýdi.

Men onuň soragyna haýran galdym. Bildirmezlik üçin hem ýylgyryp:

— Sen ähmiýet berilmäge mynasyp ýigitsiň. Men seniň gelejegiňde örän uly möhüm zatlar görýärin — diýdim. Ol biraz utanyp:

— Sag boluň ýoldaş mugallym. Bilýärsiňizmi, siziň maňa berýän ähmiýetiňiz meni has hem umytlandyrýar. Kämahal men öz-özüm pikirlenýärin: „Bir gün has erbet bolup ýalňyz galaýarmykam? Ýa-da bir gün özümi alyp baryşym gowulaşyp, ynsanlaryň meni kabul etjek derejesine ýetirmikäm? — diýdi we meniň gözlerime seredip, bularyň birini tassyklamagyma garaşdy. Men:

— Elbetde ikinjisi bolar. Men bir gün ynsanlaryň seni diňe hatarlaryna goşmak bilen çäklenmän, oňyn alyp baryşyň sebäpli seni nusga aljakdyklaryna ynanýaryn — diýdim. Ol:

—Ýoldaş mugallym düýş görýäris öýdýän — diýip ýylgyrdy. Ynanmak islemedi.

Men mowzugy has hem gyzyklandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin birnäçe sorag berdim we oňa:

— Mehmet seniň pikiriňçe biz näme üçin ýaradylyp bileris? Bu älem-jahan näme üçin bize hyzmat edýärkä? Ýagny durmuşyň maksady näme? Näme üçin ýaşaýarys? — diýdim.

Ol hiç hili pikirlenmezden:

— Ýoldaş mugallym, men özümiň durmuş pelsepäm barada öň aýdypdym. Men lezzet we keýp üçin ýaşaýaryn. Meni näme zat bagtly edýän bolsa, şoňa görä hereket edýärin. Meniň üçin ömrüň haýsydyr bir manysy, kada-kanuny ýok. Ýaşap bilişim ýaly we ýaşap bilen görnüşimde ömür ýaşap geçip giderin. Ýogalanymdan soň hem, näme bolsa şol bolsun. Meniň üçin ähli zat gutardy — diýdi.

Men oňa:

— Ýagny haýwan ýaly hiç zatdan bihabar we erkin ýaşamak, ähli islän zadyňy ýerine ýetirmek, ýogalanyňdan soň hem bir tarapa zyňylmak, şeýlemi? — diýip soradym. Ol maňa :

— Hawa, ýoldaş mugallym hut aýdyşyňyz ýaly — diýdi.

Onuň bu sözleri içime ýüregime ok ýaly bolup çümdi. Bilim-terbiýe ulgalymyzyň janly hasyllarynyň biridi. Ynsanyň maýmyndan dörändigine, durmuşyň lezzet we keýp üçindigine, öleniňden soň hem hasabyň ýokdugyna ynanan bir düşünje.

Bu hili düşünje bilen ýetişen ynsanyň, hiç kime peýdasy bolmaz! Ne maşgalasyna, ne jemgyýete, ne-de döwlete...

Eden işleri sebäpli haýsydyr bir hasaba ynanmaýan ynsany kim gözegçilik edip biler? Munyň ýaly ynsany saklamak üçin döwletiň birnäçe polisia işgärlerini, ulaglary we başga zatlary saklamagy gerek. Her näçe çäre görülse-de, ynsanyň erbetlikleriniň we zyýanlarynyň dolylygyna öňüne geçip bolarmy? Ýa-da ynsany doly manyda gözegçilikde saklamak mümkin bolarmy?

Bu hakykat näme üçin henizem görilmeýärdi?

Men Mehmede öwrülip:

—    Senden bir sorag sorap bilerinmi?

—    Hawa, baş üstüne.

— Alla saklasyn, eger seniň aklyň ýerinde bolmasa we bir lukmana görünseň, seniň aklyň saglygyňy dikeltse, ol lukmanyň öňünde nähili borjuň bardygy barada nähili oýlanýarsyň?

— Elbetde ýoldaş mugallym! Däli adamy sagaldan lykmana bir ömür pida ediler. Sebäbi lukman onuň durmuşyny gaýtaryp berýär ahyry.

— Bolýar, eger gözleriň ýok bolup, dünýäni görmeseň. Biri gelip saňa göz daksa we görmäge başlasaň, gözüňi açan adamyň öňünde nähili minnetdarlygyň aşagyna girersiň?

— Oňa hem bir ömür pida ediler. Sebäbi bahasy örän ýokary bolmalydyr.

— Mowzugy uzaltsak dil, agyz, burun, gulak we gepiň gysgasy ähli beden agzalaryň üçin hem şeýle diýip pikir etsek, ynsanyň borjy nä dereje bolar?

 — Ol ýagdaý hiç hasaplanmaz ýoldaş ugallym, oňa bir ömür däl, müňlerçe ömür hem berseň az bolar. Ynsan gul hem bolsa bu borjy ödäp bilmez.

— Bolýar, Mehmet. Bu güne çenli eýe bolan biologoki we psihologiki dünýäni we onuň kämil we ajaýyp nygmatlaryny, bularyň näme üçin we kim tarapdan berilendigi barada pikir etdiňmi? Ýa-da soragy şeýle görnüşde sorasak: „Iki göz, bir akyl, bir dil ýa-da haýsydyr bir agza üçin, onuň öwezine gul ýaly bolup işlemek üçin razy bolunýan bolsa we bu logiki taýdan hem şeýle bolsa, şu kämil beden köşgüni we iň ajaýyp biologiki we psihologiki älemi bize beren, älem-jahany milliardlarça nygmatlar bilen dolduryp, bize beren gudrat eýesine, nähili we nä derejede borjumyzyň bardygy barada hiç pikirlenip görmerismi?

Bütin älem-jahany biziň ýöretmegimiz üçin beren we bize hyzmat etdirýän barlyk barada oýlanyp, bilmek we tanamak islemerismi? Bizden näme isleýändigini soramak aklymyza gelmezmi?

Mehmet dymdy we oýa batdy.