BIZE MUNÇA NYGMATLAR BEREN BARLYK BULARY ÝÖNE ÝERE BERERMI?

Başy » Düzjeli Mehmet » BIZE MUNÇA NYGMATLAR BEREN BARLYK BULARY ÝÖNE ÝERE BERERMI?

Men sözümi dowam etdirdim:

— Biziň ýaşamagymyz üçin munça nygmat beren barlyk, bulary ýöne ýere berermi? Bularyň heý bir hasaby bolmazmy?

Mehmet gaýgyly we gussaly görnüşde:

— Ýoldaş mugallym! Haýyş edýärin bu hili mowzuklara girmäň. Bu zatlar barada pikir ýöretmek islemeýärin. Bular çuň manyly zatlar. Men olardan baş alyp çykyp bilemok we ynjalyksyz bolýaryn. Goý nähili ýaşaýan bolsaň, şeýle hem dowam etdireýn! — diýdi. Men:

— Bu sözleriň çäre däl. Bizi bu dünýä iberen, bizlere mugt nygmat beren barlyk belli bir maksat üçin iberendir we alyp giden mahaly hem bir hasap sorar. Sebäbi her bir söwdanyň soňunda bir hasaby bar. Seret bir alym bu mowzuk bilen baglanşykly şeýle diýýär: „Ynsan bu dünýä keýip çekmek we lezzet almak üçin gelmändigine, gelenleriň mutemadiýen (yzygiderli) gitmegi ýaşlaryň garramagy we yzygiderli zowalda (ýok bolmakda) we pyrakda (aýralykda) aýlanyp durmagy şaýatdyr... Duýmek ynsan dünýä gowy ýaşamak üçin, arkaýynlyk we sapa bilen ömür geçirmek üçin gelmändir. Belki elinde uly bir sermaýa bolan ynsan bu ýerde söwda bilen ebedi, müdimi bir ýaşaýşyň baýlaygyna işlemek üçin gelendir” (B. S. Nursy).

Düzjeli Mehmet birden ýerinden turup:

— Ýoldaş mugallym, bular örän çynlakaý zatlar. Men heniz bulary diňlemäge we güýç ýetirmäge taýýar däl. Meniň bir dünýäm bar, şonuň bilen ýaşap ýörin. Munuň ýaly zatlary diňleseň, ýa üýtgemeli ýa-da özümi pida etmeli bolaryn. Haýyş edýärin, häzirlikçe maňa degmäň! — diýdi.

Onuň iç äleminde käbir harasatlaryň turýandygy we käbir hasaplaşyklaryň bardygy bellidi. Men hem ýerimden turup:

— Bolýar. Seniň aýdyşyň ýaly bolsun. Bu mowzugy go bolsun edeli. Soň ýene-de duşuşarys — diýdim.

Onuň bilen sagbollaşdyk we ol otagdan çykyp gitdi.

Birnäçe günden soň Mehmet bilen okuwyň seýilgähinde duşuşdyk. Ol maňa uly hormat bilen salam berdi we elleşip mähirli salamlaşdy.

Men hem onuň göwnüne ýarajak sözleri aýtdym. Ol maňa:

— Ýoldaş mugallym, näme üçin meni hiç soramaýarsyňyz? Ýa-da unutdyňyzmy? — diýdi. Men hem oňa:

—                     Mehmet heý-de seni unudarynmy? Sen unudylmajak derejede üýtgeşik bir adamsyň — diýip jogap berdim. Soň ol özüne mahsus äheňi bilen:

— Ýoldaş mugallym, gijeler uzyn. Sen ýa bize myhmançylyga gel, ýa-da siz bizi çagyryň biz geleliň. Okuwda wagt azdygy üçin uzak gürrüňleşmäge wagt ýok.

— Bolýar, sen bilýänsiň men bu ýerde ýeke ýaşaýaryn. Ýöne öňümizdäki dynç alynýan güni men seni öýüme çagyraýyn. Bilelikde gezelenç ederis, hem seni myhman alaryn, hem-de uzak wagtlap gürrüňleşip oturarys.

— Dogryňyzy aýdýarsyňyzmy ýoldaş mugallym?

— Hawa, çynymy aýdýan elbetde...

— Ýagny gelnejemden rugsat alman netijä gelýädiňizmi? — diýip degdi.

Muňa ikimiz hem güldük.