MEHMEDI ÖÝE ÇAGYRDYM

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMEDI ÖÝE ÇAGYRDYM

Öýüm işleýän ýerimde däldi. Munuň üçin dynç günlerini geçirmek üçin Mehmede bilen bilelikde meniň ýaşaýan şäherime gidipdik. Gysga ýöne örän manyly we örän dostlukly gezelenç boldy. Mehmet dynç günleri meniň myhmanymdy. Dynç günleri gutaransoň biz ýene-de uniwersitete bilelikde gaýdyp gelmelidik.

Myhmanym bolan Mehmet bilen meniň öýümde bile otyrdyk. Mehmet öýümde myhmandygy üçin özüni örän salyhatly, mylaýym alyp barýardy. Meniň göwnüme degmezlik, öýkeletmezlik üçin tagalla edýändigi bellidi.

Gözleri öýe giren pursatyndan yzygiderli kitaplarda, suratlarda, öýüň düzgün-tertibinde we gözleri özleriniň owadan reňkleri bilen doýurýan güllerdedi. Onuň beýle zatlara öwrenişmändigi ähli hal-hereketinden belli bolýardy.

Men we öýdäki maşgala agzalarym myhmanymyzyň özüni arkaýyn alyp barmagy üçin ata-babalaryňyzdan miras alan myhmanparazlygymyzy görkezmäge gaýrat edýärdik. Bu Mehmedi hem begendirýärdi, hem-de utandyrýardy.

Şol gün agşamlyk naharynda hem başga howa bardy. Göýä Allatagala birnäçe ajaýyplygy we birnäçe gözel wakany bir wagtda amala aşyrýan ýalydy. Mehmet supra gelen dürli-dümen naharlardan, näz-nygmatlardan täsirlenipdi.

Ol biraz ulaldyp:

— Ýoldaş mugallym, men özümi peri ertekilerindäki ýaly duýýaryn. Saçagyň ýazylyşy we gelşigi, naharlaryň lezzeti, otagyň owadanlygy bizleri utandyrýan myhmanperwerligiňiz! Men sizden utanjym zerarly ynjalykdan gaçýaryn — diýdi.

Ol şeýle diýmek bilen maňa goýýan sylag-hormatyny duýdurmak isleýärdi. Ýöne hemme zat onuň aýdyşy ýaly däldi. Ol örän akylly ýigitdi, nämäni, nirede aýtmalydygyny örän gowy bilýärdi.

Nahardan soň öňümize çaý alanymyzda, gürrüňdeşlik has hem gyzyşdy. Howanyň ýagdaýy barada aýdylýan ýönekeý gürrüňler, möhüm mowzuklara gelip ýetdi. Örän ähmiýetli meselelere girip başlanymydza, Mehmet göýä örän ähmiýetli bir açyş eden ýaly:

— Ýoldaş mugallym, bu gije örän uzala çekjege meňzeýär — diýip çak etdi. Men hem:

— Ertir şenbe (ruh) güni, okuwlar bolsa ýapyk. Gijämizem, gündizimezem ýeterlik — diýdim. Mehmet:

— Munuň ýaly amatly pursaty hemme wagt tapmak kyn. Bu gijäni örän gowy görnüşde peýdalanyp geçirmeli. Menä şeýle pikir edýärin. Men hemmeler bilen beýle möhüm meseller barada gürrüňleşmeýärin.

Ýöne siz muňa degişli däl. Sebäbi wakalary gürrüň berişimiz we ýanyňyzdaka berýän ähmiýetiňiz maňa uly täsir edýär.

Ýoldaş mugallym, eger rugsat berseňiz mowzuga şu ýerden başlamak isleýärin. Siziň garaýşyňyzy we öý-pikiriňizi umuman bilýärin. Siz diniň we Allanyň tarapynda bolan garaýyşyň tarapdary. Men hem munuň düýbünden tersiniň tarapdary — diýdi. Men şu ýere ýetende sözüni bölüp:

— Bagyşla Mehmet! Aslyýetinde meniň siziň bilen baglanyşykly käbir öý-pikirlerim bar, ýöne heniz seni doly tanamok. Eger pelsepäňiziň ýörelgelerini, näme isleýändigiňi gysgaça aýdaýsaň. Şeýtseň garaýyşlaryň bilen has içgin tanşaryn — diýdim. Ol:

— Ýoldaş mugallym! Meniň pelsepäm, ýagny kada-kanunsyz ýaşlyk pelsepesiniň düýp ýörelgeleri şulardyr: „Ynsan dünýä bir gezek gelýär. Şonuň üçinem göwün isleýşimiz ýaly ýaşamak isleýäris. Öz isleýän durmuşymyza päsgel boljak ähli görnüş jemgyýetçilik we ylahy kanunlary kabul etmeýäris. Kanunlar, kadalar we dini düşünjeler, ynsanlaryň öňlerine dürli päsgelçilikler we gadagançylyklar goýýarlar, doly lezzet we keýp almagymyza päsgel bolýarlar. Biz isleýşimiz ýaly ýaşap bilmek we durmuşyň lezzetini almak üçin Allanyň we diniň ýokdugyny, kadalaryň biderekdigini, hakyky ýaşaýyşyň „kada-kanunsyz ýaşamak” bolup durýandygyny kabul edýäris — diýdi.

Gysgaça şeýleräk görnüşde bolan „kada-kanunsyz ýaşlyk” düşünjesi hakykatdan hem jemgyýete we jemgyýetçilik gymmatlyklaryna zeper ýetirýärdi. Men bu sözleri gorky bilen diňläpdim.

Bulara garşy tizden-tiz çäre görülmelidi.

Ýöne nädip?