KESELE GÖRÄ ÇÄRE HÖDÜRLENMELI

Başy » Düzjeli Mehmet » KESELE GÖRÄ ÇÄRE HÖDÜRLENMELI

Güýç ulanyp, temmi berip, okuwdan kowup gorkuzmak bilen we şuňa meňzeş ynanjyň öňüne geçmek mümkin däldi.

Mesele nirede başlan bolsa, em hem şol ýerde edilmelidi. Bu ynanç özüniň bu ýörelgesine görä bir ýigidiň tarapdarlygyny gazanmak üçin esasan „iňkärçiligi we akmaklygy” bir serişde hökmünde ulanýardy. Diniň we Allanyň ýokdugyny, göwün isleýşiň ýaly ýaşap boljakdygyny aýdýan bir akyma garşy akyl, logika we bilim ýoly bilen Allanyň we diniň bardygyny we gerekdigini, bikanun ýerlerdäki keýpiň we lezzetiň ynsanlary bagtlylyga däl-de, diňe erbet netijelere alyp geljekdigini düşündirmek we subut etmek gerekdi. Diňe bu görnüşde bu pikir hereketiniň (düşünjäniň) öňüni alyp bolardy.

Inkärçiligiň, ynamsyzlygyň we nadanlygyň penjesinde näme edýändigine göz ýetirip bilmeýän talybymy gowy edip synlanymdan soň, ondan bir sorag soradym:

 — Allany we dini inkär etmek bilen, ähli kada-kanunlary äsgermesizlik bilen, ähli ýaşaýyş görnüşini biperwaý ýaşamak bilen nädip üýtgeşik rahatlyk we bagt tapdyň? Munuň üçin wyjdan we akyl taýdan arkaýynmyň?

Ol kellesini aşak saldy we nireden başlajakdygyny bilmän, biraz dymdy. Soň göýä hökmany bir jogap berýän ýaly gürrüň bermäge başlady:

— Hawa ýoldaş mugallym, rahat bolýaryn, hiç bolmasa rahat bolmaga synanyşýaryn — diýdi. Ol mundan artyk geplemek islemedi. Dili rahat bolýandygyny aýtsa-da, hal-hereketleri muny ýalana çykarýardy.

Gepiň gysgasy, onuň rahat däldigini özi-de bilýärdi, bizem bilýärdik.

Beren jogabynyň gaýgysyndan halas bolmak isleýän ýaly birdenkä meseläni üstünden aýyrmak isledi we maňa garap:

— Ýoldaş mugallym! Siziň garaýyşlaryňyza we pikirleriňize gowy düşündim. Ýagny bu älemiň hökman bir ýaradyjysynyň bolmagy zerurmy? Işler öz-özünden bolup bilmezmi? Ulgam öz-özüni özgerdip bilmezmi? Ýagny hökman bir Alla mätäçlik barmy? — diýip sorady.

Bu sorag materializmiň we inkärçiligiň düýp mazmunyndan ybaratdy. Belki-de bu sorag esasy mowzuga geçmek üçin bir başlangyç boljakdy. Ýa-da Mehmet bu sorag bilen meni barlap görýärdi?

Men biperwaý we biderek gürrüň bermeýändigimi subut etmek üçin mesele bilen baglanyşykly kitaphanamdaky käbir kitaplary aşak düşürip mesele çynlakaý çemeleşdim. Bu mesele bilen baglanyşykly esasy nusgalyk kitaplarynyň başynda Risaleý-i Nur eserleri gelýärdi. Men:

— Bu meseläni has hem anyklaşdyrmak üçin, şu garaýşy bir hereket nokaty hökmünde kabul edeliň. „Alla bardyr, älemi hem ýaradandyr. Älemiň bir başlangyşy bardyr, şeýle hem soňy bolar. Älem ne öz-özünden dörändir, ne-de ony haýsydyr bir sebäpler ýaradandyr, ne-de ony tebigat döredendir.

Indi siz garaýyşyňyzy beýan etdiňiz. Men hem oňa jogap bolup biljek bir garaýyş öňe sürdüm garaýşymy akyl, logika we bilim esasynda subut etmäge synanyşjak.

Ýöne bu gürrüňimize bir esas gazandyrmak üçin, ikitaraplaýyn çekeleşme görnüşinde däl-de, gepleýän sözüni gunaransoň, beýleki tarap söz alsyn — diýdim.

Ol „bolýar” diýen äheňde başyny ýaýkady. Men dowam etdirdim.

— Gürrüňimiziň esasy hökmünde bolsa, bilim, akyl we logika ölçegleri bolsun. Ýagny, iki ikiň dört bolýar diýip anyk aýdalyň, eger iki ikiň alty bolýar diýsek hiç hili netije gazanyp bilmeris.

Bu meselede ylalaşdyk.

— Öňürti älem ýaradylan zatmy? Ýa-da ýaradylmadyk zatmy? Ýagny madda öňürtimi ýa-da onuň bir başlangyjy we ýaradyjysy barmy? Bu ýerden başlaly.

Mehmet hem kellesini ýaýkap: „Bolýar” diýdi.