ÄLEMIŇ BAŞLANGYJY WE SOŇY BARDYR

Başy » Düzjeli Mehmet » ÄLEMIŇ BAŞLANGYJY WE SOŇY BARDYR

Şeýdip gürrüňimiziň ýörelgesinde ylalaşdyk. Indi meselä başlap bilerdik. Meselä älemiň ýaradylyşyny ylmy taýdan seljerýän „Big Bang”, ýagny „Beýik ýaryma” teoriýasyny (nazaryýetini) gürrüň berip başladym.

— Soňky ýyllarda, aýratyn hem günbatarly ylym adamlary, Gurhanyň ýaradalyş meselesindäki garaýşyna iň laýyk düşündirişler berýän „Big Bang” nazarýetiniň tarapyny çalmaga başlandyrlar.

„Big Bang” älemiň bir başlangyjynyň bardygy hakykatyna esaslanýardyr.

„Beýik ýarylma§ hökmünde bilinýän „Big Bang” nazaryýetine görä, kosmos giňişligi we galaktikalar, başda gyzgyn we gysylyşyk ýagdaýda bir madda hökmünde eken. Bu madda uly bir ýarylma bilen kosmos giňişligine serpilýär. Bular älemi meýdana getirjek energiýa we madda bölekleridi. Soň madda bölekleri we radiasiýa, emele gelýän älemiň görnüşine laýyk ýagdaýda we görnüşde peýdalandy. Ýeri taýýar bolansoň atomlar öňünden taýýarlanandygy belli bolan düzgün-nyzamly bir görnüş esasynda emele geldi. Fizika we himiýa kanunlary diýilýän mehanizmler işläp başlady. Proton, neýtron we agyr elementler emele geldi. Ýyldyzlar dogdy, Gün we galaktikalar emele geldi.

Soňky ýyllardaky ylmy-barlaglar älem-jahanyň çalt depgin bilen ösýändigini, galaktikalaryň biri-birlerinden uzaklaşýandygyny görkezýär. Bu giňelme hadysasy tersine öwrülse, bir büzülme emele geler we bütin älem-jahan bir madda öwrüler.

Bu ylmy-barlaglar älemiň „nol” nokadyndan başlandygyny subut edýär.

Kur’an-y Kerimde asmanlaryň we ýeriň alty günde, dünýämiziň bolsa iki günde ýaradalandygy gürrüň berilýär. Dogry, bu ýerdäki gün diýmek, Allanyň beýan edýän „döwür” manysyndadyr. Kur’anda biziň günümiz bilen „müň” hatda „elli müň” ýyla deň bolan günler barada gürrüň berilýär. Ýagny Kur’andaky bu sözler ýaradylyş döwrüni aňladýar.

Allatagala hemme zatdan öňürti suw ýaly akyjy bolan we älem-jahanyň hemme tarapyny gurşap alan „efir” maddasyny ýaradypdyr asmanlary we ýerleri bu „efir” maddasyndan döredipdir.

Asyrymyzyň beýik alymy bolan Bediguzzaman hem älemiň ilkinji ýaradylyş maddasy bolan jöwher (subtansiýa) barada Hud Süresiniň 7-nji aýaty bilen düşündirip, şeýle diýýär: „Allatagalanyň arşy suw hökmünde bolan efir maddasyndan eken. Efir maddasy ýaradylansoň, ýaradyjynyň emele gelmegine merkez bolandyr. Ýagny efiri ýaradansoň, ony jöwher-i ferde (atoma) öwürendir”.

Bediguzzaman efiriň özboluşlylygy barada aýdýarka, „akyjy bir suw ýaly bar zatlaryň aralaryna giren (täsir eden) bir maddady” garaýşyny öňe sürýär.

Şeýle hem elektrik, ýagtylyk, gyzgynlyk we dartyş güýji ýaly täsirli we geçiriji maddalaryň efirden emele gelendigine we şeýdip älemiň çar tarapyna, ýaýrandygyna salgylanýar. (giňişleýin maglumat üçin seret: „Işaratul-ijaz” 149 s.; „Sözler”, 605 s).

Efir maddasy ýoklukdan ýaradylansoň Allatagalanyň ilkinji döredişlerine esas bolupdyr we atomlar bu maddalardan ýaradylyp gaz, suwuk we goýy görnüşlerde hyzmata ulanylypdyr. Ilkinji gezek goýulaşyp, hyzmata taýýarlanan planeta bolsa Ýer şarydyr.

Asmandaky ýyldyzlar we planetalar köp mahallap gaz görnüşinde, soň suwuk görnüşde bir ot massasy hökmünde bolsa-da, ýer ýüzi hemmesinden öňürti goýulaşyp daşyna gabak ýygnapdyr we ýaşamaga taýýar şert döredipdir. Şonuň üçinem Ýer şarynyň ýaradylyşy we döreýşi asmanlardan we beýleki planetalardan öňürtidir.

„Ýer we asmanlar biri-birlerine degip durdular. Soň biz olary biri-birinden aýyrdyk” manysyndaky aýatyň düşündirişinde, başlangyçda dünýämiziň we asmanlaryň biri-birlerine degip durandyklary we soň biri-birlerinden aýrylandyklary belli bolýar. Bu düşündiriş häzirki zaman ylmynyň düşündirişine hem gabat gelýär.

Enbiýa Süresiniň 30-njy aýatynda „Biz ähli zady suwdan ýaratdyk” görnüşindäki beýan barada alymlaryň köpüsi „Bu suw efir maddasyny aňladýar” diýipdirler.

Çünki efir maddasy suw ýaly akyjy, geçiriji we suwuk maddadyr.

Men bulary gürrüň berip bolanymdan soň Mehmet söze goşulyp:

 — Ýoldaş mugallym, onda-da men „ýokdan bar etme” düşünjesini kabul etmeýärin. Ýagny bir zat nädip „ýokdan” emele gelsin? Ýok diýmek maddasyz diýmekdir. Maddasy bolmadyk zat nädip emele geler? — diýip sorady. Men oňa şeýle diýip jogap berdim:

         — Allatagalanyň iki hili emele getirişi bardyr. Biri „ibda”, ýagny hiçlikden, ýoklukdan ýaratmak emele getirmekdir. Beýlekisi bolsa „inşa”, ýagny ýaradylan elementleri bir ýere jemläp täze bir zat emele getirmek, ýaratmakdyr.

         Ähli maddalaryň başlangyjyny emele getiren we älemiň ilkinji jöwheri (substansiýasy) hökmünde bolan „efir” maddasy ýokdan ýaradylandyr. Bu madda Ylahy hikmet bilen ýarylyp, ondan atom, energiýa we beýleki esasy bölekler emele getirilýär.

 Bu ilkinji ýaratma işi ýekeje gezek bolup geçipdir we „inşa” diýip atlandyrylan zatlaryň bar bolan elementlerden ýaradylmagynyň gapysyny açandyr.

Indiki häzirki mahal zerreleriň ýokdan ýaradylmagy gürrüňiň mowzugy däldir.

 Ilkinji ýaradylyşda ýekeje gezek bolmak bilen madda gerek mukdarda ýaradylandyr. Ýöne her bahar paslynda täzeden gögerip, janlanýan millionlarça ösümlikler, agaçlar özüniň durky, reňki, görnüşi, göwrümi, ysy we gurluşy taýdan geçen ýylky ýagdaýy bilen birmeňzeş däldir. Bular her baharda „ýokdan” ýaradylýar.

 Ýöne „bol” diýen emri bilen „ýokdan” ýaradylyş ýagdaýynyň aýratynlygyny gowy bilmek gerek. Aslynda biz üçin ýok bolan zat maddy taýdan barlyk eýesi bolmadyk Alla tarapyndan doly bilinýändir. Çünki Allatagalanyň ylym sypaty ummandyr, ýagny ähli zady içine alýar.

 Şonuň üçinem hiç zat Ylahy ylymyň çäginiň daşyna çykyp bilmez. Bu ylym çäginden madda barlyk çägine çykan zat, bize görä „ýokdan” bar edilendir. Emma muny hiç haçan mutlak (absolýut) „ýokluk” görnüşinde göz öňüne getirip bilmeris.

 Mehmet sözümiň şu ýerine gelenimde;

— Ýoldaş mugallym, şu aýdanlaryňyzy has-da giňräk gürrüň berip bilersiňizmi? — diýip sorady. Men gürrüňimi şeýle diýip dowam etdirdim:

— Bolýar. Bir zadyň heniz görnüşi, nusgasy, mysaly we meňzeşi hiç ýok mahaly ýaradyldy diýip kabul edeliň. Bu hadysa bize görä „ýokdan”, ýagny hiçlikden ýaradylmakdyr. Ýöne bize görä görnüşi we mysaly meňzeş bolmadyk zat, Ylahy ylym çäginde bardyr. Bu barlyk maddy bir görnüşe eýe bolup madda älemine çykýança biz ondan bihabardyrys. Çykansoň hem ýokdan ýaradyldy diýýäris. Ýöne bu biziň akylymyzyň mukdarynyň kesgitleýşidir we bize görä ýoklukdan ýaradylandyr. Çünki çäginde ol bardyr. Diňe maddy görnüşe eýe däldir.

 Mehmet ýene sözümi bölüp, ara girdi we menden:

— Alla, bar bolan zady nädip ýok etsin? Eger ýok edip bilýän bolsa, mysal beriň? Eger edip bilmeýän bolsa (Alla saklasyn), bir zady ýok edip bilmeýän nädip ýaradyjy bolup biler? — diýip sorady.

 Mehmediň bu tolgunmaly soragyna örän arkaýynlylyk bilen sözlerimi dowam etdirip:

         — Her bahar paslynda täzeden ýaradylýan millionlarça ösümligiň we agajyň şahalarynyň, ýapraklarynyň we miweleriniň görnüşi, ysy, göwrümi, durky we özlerine mahsus ýörite häsiýetleri gyş möwsüminiň gelmegi bilen „ýok” bolup gidýär.

 Tamdyra bir odun atalyň we ýakalyň. Odunyň ýanyp kül bolýandygyny göreris. Şol mahal odunyň göwrümi, möçberi, ysy, reňki we görnüşi „ýok” bolandyr. Belki külüni, çykaran energiýasyny we tüssesini ýygnasak odunyň möçberini tapyp bileris, ýöne onuň reňki, hili we ysy ýaly beýleki häsiýetlerini yzyna getirip bilmeris. Çünki olar „ýok” bolandyrlar.

         Astronomiýa alymlary tarapyndan soňky ýyllarda geçirilen birnäçe ylmy- barlaglar biziň dünýämizden has uly bolan ýyldyzlaryň „gara deşik” diýlip atlandyrylan we özboluşlylygy bilinmeýän bir ýere girip, ýitýändiklerini we madda äleminden çykýandyklaryny görkezýär. Bu „gara deşigiň” dartyş güýjüniň soňsuza ýakyndygy aýdylýar. „Gara deşikler” gyzgynlygy, ýagtylygy, sesi we ähli görnüş radiasiýany bir wagda ýuwdup ýok edýärler we äpet ýyldyzlaryň içine düşüp ýok bolan düýpsiz bir guýyny ýadyňa salýar. Şonuň üçinem gara deşikler ebedi bir äleme geçişe mysal hökmünde kabul edilýär.

 Mehmet barmaklaryny bir-biriniň üstüne goýup, uludan dem alyp:

— Bilýärsiňizmi, ýoldaş mugallym, bu aýdylanlar meni doly kanagatlandyranok. Ýöne şu mahala deňeç eşiden zatlarymyň içinde iň jaýdar düşündirişler — diýdi.