BU ULGAM ÖZ-ÖZÜNDEN DÖRÄP BILERMI?

Başy » Düzjeli Mehmet » BU ULGAM ÖZ-ÖZÜNDEN DÖRÄP BILERMI?

Mehmet göýä ähmiýetli zat tapan ýaly ýene-de menden :

— Käbir maddalar, sada birikmeler has nyzamly ulgamlary emele getirip, netijede bu ýagdaýa gelbolaýmasyn? — diýip sorady.

         — Ýagny sen öz-özünden dörändir diýjek bolýarsyňmy?

         — Şeýle diýseň hem bolar.

 Men çala ýylgyryp:

— Bu mümkin däl. Isleseňiz ol sada diýýän birikmeleriňi wa maddanyň esas daşlary bolan atomlary öwreneliň, soň bolsa bu soragyň jogabyna geçeliň.

         Maddany tanamak üçin maddanyň iň kiçi bölegi bolan atomdan başlamagymyz gerek. Bu meseledäki kitaplar gözden geçirilende atomlara „älemiň gurluş daşlary” diýilýändigi ýüze çykýar. Atomlaryň dürli derejelerde bir ýere jemlenmegi bilen elementler emele çykandyr. Elementleriň hem dürli görnüşlerde birikmesi bilen molekulalar meýdana gelýär. Daş-töweregimizi gurşap alan älem, içindäki janly-jansyz sanap bolmajak derejede köp we üýtgeşik barlyklar bu molekulalardan emele gelendir.

 Atomy öz içinde sazlaşykly hereket etdirmek we ýanyndakylar bilen örän hasaply aragatnaşyklar saklamagyny üpjün etmek üçin, dört güýçden (elementden) ybarat bolan örän çylşyrymly bir kanun goýulandyr.

         Örän ýokary derejede hasaply we sazlaşykly bolan bu kanunyň höküm sürmegi bilen älemimiziň we biziň ýaşaýşymyz mümkin bolup bilýändir. Ýagny bu kanuny emele getirýän dört güýjüň biri bolan ýadro güýji bolmasa, atom maňzy emele getirmez.

 „Pes güýç” diýilýän güýç bolmasa, elektronlar emele gelmez.

         Elektromagnetik güýç bolmasa, atom hem emele gelmez, „dartyş güýji” bolmasa dünýä bolmaz, Gün bolmaz, biz bolmazdyk.

         Gepiň keltesi, bu güýçlerden biriniň ýetmezçiligi, älemiň soňy diýmekdir.

         Hatda olaryň birindäki gowşaklyk ýa-da hasap ýalňyşy hem, şol bir netijäni emele getirer.

         Elbetde bu ýerde atomlaryň kiçiligini hem göz öňünde tutmak gerek. Bir santimetr kwadrat howada bäş milliýon gezek bäş milliýon atomyň bardygy barada oýlanyp görsek, atomlaryň we atomlardan emele gelen älemiň ýaradylyşyndaky syrlara has hem gowy göz ýetireris.

Atomyň özboluşlygy we ýerine ýetirýän işleri hakdaky ylmy subut eden ýagdaýlaryny öz hünärimden bir nusga berip düşündirmäge dowam etdirdim:

— Biz bir synpda mugallymdygymyzy göz öňüne getireliň. Öz aralarynda 15-20 sany talyp gürleşseler we hemmesiniň sesleri biri-birlerine garyşmazdan çaltlyk bilen we atomlar arkaly bize gelip ýetýär. Şol bir atomlar günüň şöhlesini, gyzgynlygyny we ýedi reňkini hem synpa getirýär. Öýdäki ýyladyjymyzdan çykýan ýylylyk hem atomlar arkaly daş-töwerege ýaýraýar. Şol bir wagtyň özünde daşdan gelýän bir radionyň sesini, gök gürrüldisini ýa-da jaň sesini hem eşidýäris. Bu işler hem şol atomlaryň ýerine ýetirýän wezipesidir.

         Synpymyzyň daş-töweregine ýüz müňlerçe ynsan ýygnanysa we hemmesi hem bize üýtgeşik äheňlerde, üýtgeşik şiwelerde we üýtgeşik dillerde seslenseler, şol atomlar bu sesleri biri-birlerine gatyşdyrmazdan, şol bir tizlik bilen bize ýetirýärler.

 Hereketli, akylly we duýgur bir adamyň şol bir wagtyň özünde bäş-alty işi ýerine ýetirýändigini, mysal üçin kimdir biri bilen gepleşip durka başga birini diňleýändigini, şol mahal hem hat ýazyp kellesinde dürli hasaplar çözýändigini eşitsek, gazetlerde çap edip, dünýä rekordsmeni diýip yglan ederis. Jansyz, akylsyz, gözsüz we duýgusyz kiçijik bir atomyň bir wagtda müňlerçe işi birkemsiz, biri-birine gatyşdyrmazdan we şol bir kämillikde ýerine ýetirmegi, akyllary haýrana goýýan zat dälmi?

         Kiçijik bir atomdan, äpet galaktikalara çenli hökmüni ýöredýän bu güýçleri, birkemsiz we kemçiliksiz hasaplar bilen goýup işledýän, älemdäki nyzamy we deňagramlylygy çäksiz bir ylym we güýç bilen ýöredýän güýç kime degişlidir? Bu akyla sygmajak hasaby haýsy tötänlik we haýsy tebigat ýerine ýetirip biler?

 Men şuny diýmek isleýärin, goý bir topbak gum, daş, sement we demir bar diýip kabul edeliň. Eger ussasy, meýilnamasy we taslamasy bolmazdan bu maddalaryň ýygnanyşyp bir köşk gurmaklary akla sygarmy? Şonuň üçinem şunuň ýaly kämil köşgüň öz-özünden döremegi mümkinmi?

 Görýän welin bizler älemiň ägirt ulgamyny, nyzamyny we täsinligini kanunlar bilen düşündirýändiris öýdüp, işiň içinden aňsat çykýarys. Kanunlary açyş etmek bilen iş bitýärmi? Ol kanuny goýan güýç eýesini näme üçin aklymyza hem geitirmeýäris?

         Ynsanda bir höwes bardyr. Bu höwes bilen açyş edýän zadymyzyň ussasyna bolan höwesimiz has köp bolmaly we onuň kimdigini tanamaga synanyşmalydyrys.

 Kiçijik bir injir çigidinden äpet bir injir agajyny we onuň müňlerçe miwesini çykaran, maddasy bir bolan atom bölejiklerinden älemi we içindäki janly-jansyz ähli zady ýaradan, dört sany esasy güýç bilen barlyklary deňagramlykda saklaýan bir güýç eýesi bilen ynsan nädip gyzyklanmaz? Bu ägirt syrlary açansoň älem eýesini nädip görmän biler?