TEBIGAT ÄLEMI DÖREDIP BILERMI?

Başy » Düzjeli Mehmet » TEBIGAT ÄLEMI DÖREDIP BILERMI?

Mehmet ýene-de bir gezek öz garaýşynyň dogrudygyny subut etmek isleýän ýaly:

 — Bu düzgün-tertibi we manyly birikmeleri tebigat gözegçilik edip biler. Tebigatyň öz mehanizmleri bardyr — diýdi.

 Men Mehmede görä manyly, maňa görä bolsa örän manysyz bolan bu soragy jogap bermäge synanyşdym we oňa şeýle diýdim:

 — Öňürti „tebigat” diýilýän düşünjäni kesgitlemek gerek. Tebigat suw, toprak, howa we gündür, elbetde gyzgynlygy we ýagtylygy bilen bilelikde. Başgada aýdanyňda ýüz ýedi elementdir. Indi ýaradyjy hökmünde köp agzalýan tebigatdan sorasak:

— Ynsanlary döredip bilýärmi?

— Ýok.

— Ösümlikler we haýwanlary döredip bilýärmiň?

— Ýok.

—Gün ulgamyny ýöredip bilýärmiň?

— Ýok.

— Milliardlarça ýyldyzlary, galaktikalary emele getirip bilýärmiň?

— Ýok.

— Älem-jahana bir nyzam we ajaýyp bir ulgam bermek üçin kanunlar goýup, ýöredip bilýärmiň?

— Ýok.

         Tebigat diýilýän zat hem älem-jahanyň özi dälmi? Beýle bolýan bolsa älemiň hem öz-özüni döredip bilmeýändigini gördük. Bolýar, bu tebigat diýilýän güýç, kuwwat näme? Eger tebigata höküm ýöredýän bir güýç we kuwwat bar bolsa, ol hem älemiň özi bolup bilmez. Munuň ýekeje ýoly onuň älemiň jynsyndan bolmadyk bir güýç bolmagydyr. Ol hem Allatagaladyr. Älemde bolup geçýän täsin işleri „tebigat döretdi” diýip, içinden çykmak mümkin däl.

 Sebäbi her iş sazlaşykly bir düzgün-tertip we nyzam içinde ýerine ýetirilýär. Her işde bir peýda we bir hikmet goýlupdyr. Hemme zat ýörite öňünden taýýarlanan ölçege görä ýerine ýetirilýär. Hiç bir zat ýöne ýere däl, hiç bir ýaradylan zat öz halyna goýulmandyr.

 Bu kämil işleriň hemmesini akylsyz we duýgusyz bolan tebigat ýerine ýetirdi diýmek we tebigata degişli etmek mümkin däldir.

 Ylym, ygtyýar we güýç eýesi bolmadyk ejiz tebigat, elbetde ýarayjy bolup bilmez.

 Men gürrüňimi gutaryp Mehmediň ýüzüne üns bilen seretdim. Ýüzünde gaýgyly, näbelli we biraz aljyraňňylyk alamatlary bardy. Mehmediň nukdaýnazaryndan hemme zat ugruna däldigi bellidi.

 Şol mahal öýüň hanymy bize miwe hödürledi. Ol gürrüňiň nä dereje täsirli bolup-bolmandygyny bilmek üçin, maňa garşy çykýan ýaly bolup:

— Indi goýaý Halit beg, myhmanyňy ýadatdyň. Diňe ýeke özüň gürläp otyrsyň. Myhmanyňa hem söz ber ahyry — diýdi.

 Özüniň arkasy çalnan Mehmet hem dessine:

 — Ýok gelneje. Mugallym meni ýadatmaýar. Bu gürrüň meniň üçin örän möhüm. Biziň ýene-de köp gürleşmegimiz gerek. Ýaňy ýoluň başyna girdik —diýdi.

 Biz bir tarapdan miwe iýýärdik, bir tarapdan hem gürrüňimizi dowam etdirýärdik. Men şol mahal yzly-yzyna gelýän telefonlara jogap bermäge mejbur bolýardym. Göýä şol agşam wadalaşan ýaly birnäçe talyplarym ýaman köp jan etdiler. Her talybyň özüne görä meseleleri bardy. Men bu meseleleriň çözülmegine öz mümkinçiliklerim saýasynda kömek etmäge synanyşýardym.

 Soňky telefon gepleşigim Adabazaryndaky bir obada ýaşaýan bir gyz talybym bilen boldy. Onuň başyna ýaglyk daňyp, namaz okamagyna garşy çykýan maşgalasy bilen düşünişmesizlikleri bardy. Men okuwçyma maşgalasyna äsgermesizlik etmezligi, olaryň göwnüne degmezligi, käbir zatlaryň wagtyň geçmegi bilen çözüljekdigi we sabyrly bolmagy meselesinde maslahat berdim.

 Bu telefon jaňlarynyň gelmeginiň köplügine Mehmet geň galyp:

 — Ýoldaş Mugallym. Okuwçylaryňyz bilen diýseň içgin gürrüňleri edýärsiňiz. Dogrymy aýtsam okuwçylaryňyz meseleleri bilen bu derejede gyzyklanmagyňyza haýran galdym. Beýle etmek hökmanmy? — diýip sorady. Men hem oňa şeýle jogap berdim!

 — Hawa, hökman gerek. Munuň iki sebäbi bar. Birinjisi, okuwçynyň kynçylygyna iň gowy düşünjek we çözüp biljek, onuň mugallymydyr. Okuwçy mugallymyna ynam bildirmelidir. Eger bu ynam dörese, okuwçynyň kynçylyklaryny maşgalasyna, jemgyýete we köçä ýetirmezden köp bölegi okuwda çözüler. Şonuň üçinem biziň bu meselä goşant goşmagymyz gerek.

 Ikinjisi hem meniň talyp mahalym, mümkinçiliklerim ýokdy. Mugallymlarym meniň maddy we magnawy ýetmezçiliklerim meselesinde köp kömek etdiler we maňa ýardamçy boldular. Eger olaryň kömekleri bolmasady, belki okuwy hem gutaryp we ýaşaýyşdan ir öýkelän we jemgyýete zyýanly bir adama öwrülip bilerdim. Ine, şonuň üçinem bu günki gün hem okuwçylarymyň meseleleri bilen gyzyklanýaryn, mugallymlarymyň maňa siňdiren zähmetleriniň bir bölegini ödemegim zerarly wyždan rahatlygynyň içinde.

 Mehmet biraz mahallap kellesini aşak sallady. Göýä bir zatlar gözleýän ýaly boldy. Soň hem:

 — Käşge mugallym, hemme mugallymlar okuwçylary bilen şeýle gyzyklansalardy, käbirlerinden görülýän erbet hal-hereketleriň we jemgyýet meseleleriniň uly bölegi, heniz başlamanka çözülerdi. Sebäbi ynsanda we jemgyýetde kynçylyklaryň iň uly çeşmesi gyzyklanmagyň ýoklugydyr.

 Mehmet dogry zatlary aýdýardy. Ol özüni mysal berýän ýalydy ýa-da bolmasa bu kynçylygy bilensoň, bulary gowy bilýärdi.

         Miwesini iýip bolan Mehmet, elini ýuwmak bahanasy bilen rugsat sorady. Bilelikde ýerimizden turduk. Mehmet elini ýuwup bolansoň, elini süpürmek üçin oňa çalgyç uzatdym. Ol:

 — Ýok mugallym. Meni utandyrýarsyňyz — diýip, ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi. Men hem:

         — Ýok Mehmet. Biziň hem ynanjymyzda hem däp-dessurymyzda myhmanyň uly orny bardyr. Biz musulmanlar myhmanlarymyzyň rysgaly bilen gelýändigine we hiç hili ýük bolmaýandyklaryna ynanýarys — diýdim.

 Ol kellesini aşak sallap, jogap bermedi.

 Men Mehmediň çilim çekýändigini we maňa hormat goýýandygy üçin meniň ýanymda çilim çekmeýändigmi bilýärdim. Şonuň üçinem oňa:

 — Mehmet, isleseň balkona çykaý. Kelläňi tüsselet, soň ýene-de dowam etdireris — diýdim. Ol:

— Siz örän ugurtapyjysyňyz ýoldaş mugallym — diýdi we balkona çykdy.