ALLATAGALA ÄLEMI NÄME ÜÇIN ÝARATDY?

Başy » Düzjeli Mehmet » ALLATAGALA ÄLEMI NÄME ÜÇIN ÝARATDY?

Mehmediň çilim dynjyndan soň, üstünde kitaplar bolan üç aýakly žurnal stolunyň ýanynda garşylykly oturdyk.

 Mehmet diwarda asylgy duran suratlara biraz göz aýlady, soňunda özüne çekiji we ybratly bir surata seredip galdy.

 Suratda ajaýyp bir peýzaž bardy. Aşagynda bolsa şeýle diýip ýazylandy: „Sen bu ýerde myhmansyň we bu ýerden başga bir ýere gidersiň. Myhman bolan kalbyny özüniň ýany bilen getirmedik zadyna baglamaz. Seniň bu menzilden aýrylyşyň ýaly, bu şäherden hem çykarsyň. Şeýle-de bu pany dünýäden hem çykarsyň. Beýle bolýan bolsa mertebeli ýagdaýda çykmaga tagalla et (Mesnewiý-i Nuriýe).

         Bu owadan suratyň aşagyndaky bu ajaýyp we manyly söz Mehmedi haýran galdyrypdy. Ol biraz wagtlap oňa seredip durdy we çuňňur oýa batdy. Soň bolsa kynlyk bilen diýen ýaly:

         — Ýoldaş mugallym! Alla bu älemi näme üçin ýaratdyka? Ýaratmasady, dünýä-de, ynsanlarda bolmazdy, munuň ýaly kynçylyklar we meseleler bolmazdy.

 Dünýäniň panydygy hakykatyny onuň kellesinde ornaşana meňzeýärdi. Soralýan soraglar ýönekeý we biperwaý garaljak soraglardan däldi. Imany meseleleriň esasyndan ybarat bolan örän möhüm soraglardy. Eger bulara gowy düşünilmese, oý-pikirlerdäki bulançaklyk gitmezdi.

Men: „Seniň soraglaryň hem örän geň, olar seniň nädereje akyllydygyňy aňladýar” diýenimden soň jogap berdim:

         — Baý bir adam köňlünden çykan bir merhemet bilen mätäç ynsanlary geýdirse, iýdirse, olara sowalgalyk berse, begendirse, şol mahal olaryň arasyndan biri çykyp:

— Bulary näme üçin edýärsiň, etmeseň bolmazmydy? — diýip sorasa, nä dereje bigadyrlyk etdigi bolar!

         Allanyň hem älemi näme üçin ýaradandygy meselesini soramaga synanyşmak, hemme zatdan öňürti terbiýesizlikdir. Bu meselä öz akyl ölçeglerimiz bilen düşündiriş bermäge synanyşsak hem hiç hili netijä gelip bilmeris. Çünki Ýaradanyň özi näme üçin ýaradandygyny düşündirmese ýaradylan zady bolan biz muny hiç haçan düşündirip bilmeris. Düşündirsek hem kem we nogsan bolar.

Ýöne bu soraga az hem bolsa jogap berer bolsak, şulary aýdyp bileris:

         — Öňürti ýaradylyşyň haýsydyr bir mätäçlik zerarly däldigini we Allatagalanyň diňe özüniň bilýän ygtyýary meselesidigini aýtmak gerek.

 Bu älemiň ýaradylmasyndaky iň möhüm sebäp, Allatagalanyň öz magnawy gözelligini we kämilligini, ýaradan zatlarynda görmek islemegidir. Ýagny onuň öz ylmynyň netijelerini, gudratynyň ajaýyplyklaryny, merhemetiniň we rehim-şepagatynyň görkezilmegini barlyk aýnalarynda hut özüniň görmek islemegidir.

  — Ýagny suratkeşiň öz çeken suratyna seretmegi ýalymy?

  — Şeýle diýseň hem bolar.

 Belli bolşy ýaly meşhur bir kada bardyr: Her jemal (gözellik) we kemal (kämillik) eýesi, öz jemalyny we kemalyny görmek we görkezmek islär.

         Bu arzuwy, seniň hem aýdyşyň ýaly, ussat sungatçylarda görmek mümkindir. Mysal üçin ussat bir suratkeş, birnäçe surat çeker. Eserlerini öňürti özi synlar, onda suratynyň gözelligini görer. Kesgitläp bolmajak lezzet alar. Soň sergiler açar, gelen tomaşaçylara görkezer. Olaryň halamaklaryndan we berekella diýmeklerinden razy bolar.

Beýleki tarapdan eger birnäçe ylyma eýe uly alymlaryň biri bir peýdaly kitap ýazsa, ylymdan beýlekileriň hem peýdalanmagyny islär. Okyjylaryň ondan peýdalanýandygyny görüp minnetdarlyklaryny hem eşiden soň bu işleri sebäpli çäksiz lezzet alar.

 Allanyň älem-jahany näme üçin ýaradandygy meselesine, bu mysallar nukdaýnazaryndan hem bakylyp biliner.

 Bu meselede bilinmegi gerek bolan esasy nokat hem şudur: „Mahlukaty (ähli ýaradylan zatlary) özlerine peýda, bähbit, lutuf we keremler, maňa däl-de, olara bolsun diýip ýaratdym Ýagny men olardan däl, olar menden peýda görerler” hadys-y kudsynyň beýany bilen ýaradylanlar, Allatagalanyň enaýatyna we ikramyna, lutfu-keremine, yhsanyna we merhemetine mätäçdirler.

 Ine, ähli mahlukaty ýokdan ýaradyp, olara iň uly nygmatlary hödürlän we ähli ýetmezçiliklerini ýerine ýetiren, şeýle hem olara ebedi bir durmuş wada beren Allatagala „Näme üçin bu älemi ýaratdy?” diýlip bilinermi?

 Mehmet soragynyň jogabyny ýeterlik hasaplan bolmaly, sebäbi soň ýene bir sorag sorady:

 — Eger Allatagala bar bolsa, onda näme üçin görünmeýär? Biziň indi kosmos döwründe ýaşaýarys. Bar bolan ähli zat subut edilýär. Eger bar bolsady (Alla saklasyn) görerdik? Gözümiziň görmeýän we tehnologiýanyň subut etmedik zadyna nähili ynanaly?

         Bu sorag iman-inkär meselesinde yzygiderli çekeleşilýän meseleleriň başynda gelýärdi. Belki ynsanlygyň bar bolan gününden bäri kyýamata çenli soralan we soraljak bolan soraglaryň başyndan gelýärdi. Inkäri we imansyzlygy bir garaýyş hökmünde kabul eden ynsanlar, sap we günäsiz ynsanlaryň öňüne öz garaýyşlaryny beýan etmek üçin, muňa meňzeş soraglar bilen çykýardylar. Şeýdip olaryň kellelerini bulandyryp, isleýän taraplaryna öwürmek üçin dyrjaşýardylar.

         Okuwçylarymyň birinden gelen bir telefona jogap berenimden soň, soragyň jogabyna gaýdyp geldim. Mehmet meni uly üns bilen diňlemäge dowam edýärdi:

 — Ynsanyň gözüniň älemde bar bolan ähli zady görmäge ýeterlik güýji ýokdur. Gözüň görüş derejesi örän çäklidir. Daş aralyklardaky zatlary görmeýşi ýaly, bile ýaşaýan käbir janly zatlaryny mikroplary, bakteriýalary, ultrafiolet şöhleleri we elektrigi hem görüp bilmeýäris. Ýöne ynanýarys. 

 Aslyýetinde görmek we ynanmak düşünjelerini biri-biri bilen gatyşdyrmaly däldir. Ynanmak aklyň we beýniniň işidir. Görmek bolsa gözüň wezipesidir. Göz hemme zady görmez, käbir zatlar akyl bilen, gulak bilen we dil bilen görüler.

         Sesler älemini gulak bilen görýäris. Tagam älemini hem dil bilen görýäris. Yslar älemini hem burun bilen görýäris. „Radiony aç, habarlarda näme bar” diýlen adam, radiony gözi bilen dälde, gulagy bilen diňlär we habar berer.

 „Çorba seret, tagamy nähili” diýlen adam hem çorba gözi bilen däl-de dili bilen sereder.

         „Şu güle seret, ysy nähili” diýlen adam bolsa, gülüň ysyny burny bilen görmäge synanyşar.

 Ýogsam göz bilen ne radionyň, ne çorbanyň, ne-de gülüň ysyny görüp bolar. Şonuň üçin olary inkär edelimi?

 Aklymyz dünýäniň günüň daş-töwereginden aýlanyşyny üpjün edýän dartyş güýji kanunyny görse-de, muny gözümiz bilen görmeýäris diýip, inkär edip bilmeris ahyry!

         Şepagatly, merhemetli we ýagşy niýetli mugallym diýip sypatlandyrylan bir mugallymymyzyň bu häsiýetlerini göz bilen görmesek-de, inkär etmeýäris ahyry. Çünki magnawy güýçler göz bilen däl, akyl bilen, kalp bilen duýular, biliner we görüler.

         Bir arhitekturadaky ajaýyp gurluşy görüp „şu sungata seret” diýen mahalymyz, ol sungata göz bilen däl, akyl bilen seredýäris. Çünki göz sungaty däl, daşy görer. Sungaty görýän akyldyr.

 Gözümiziň görülýän zadyna ynanmaýarys diýenler, diliň, gulagyň, burunyň we aklyň wezipesini göze ýükleýärler. Bu ýalňyş sebäpli hem görmeýän zadyna ynanmaýaryn diýip, uly ýalňyşlyk goýberýärler.

Mehmet ýene-de söze goşulyp başga bir sorag bilen meseläni çuňlaşdyrmak isledi we menden:

 — Bolýar mugallym! Alla nähili zat we nädip ýüze çykdy? — diýip sorady. Men: „Allanyň nähili bir zatdygyny kime meňzeýändigini (Alla saklasyn) ynsan aklynyň çäkli derejesi bilen ýetmek we çözmek mümkin däl” diýip söze girişdi:.

 — Çünki ynsanyň akyly çäklidir. Çäkli bolan akyl bilen çäksiz bolan zada göz ýetirmek mümkin däldir. Bu göýä bir kilo agyrlyk bilen çäksiz bir agyrlygy çekmäge synanyşmak ýalydyr.

 Älem-jahany we ynsanlary ýaradan Allatagalanyň ýaradan zadynyň jynsyndan däldigi üçin, deňeşdirme geçirmek hem mümkin däl.

Biz bir surata seredenimizde, ol suratyň bir suratkeşiň elinden çykandygyna, öz-özünden çekilmändigine akyl taýdan göz ýetiip bilýäris. Ýöne suraty çeken suratkeşiň hem boýaglar, çarçuwalar, matalar we çotga jynsynda däldigini we olara hiç meňzemeýändigini bilýäris.

 „Suraty çeken suratkeş eti, süňki, gany, akly, eradasy bilen başga bir barlykdyr. Çeken suratynyň jynsyndan däl we asla oňa meňzemez.

 Ine, älemiň ýaradyjysy bolan Allatagala hem älem jynsyndan däldigi üçin ýaradanlaryna meňzemeýär. Onuň tarapyndan ýaradylan biz hem, ýaradyjymyza göz ýetirmek üçin ony nämä meňzetmäge synanyşsak synanyşaly, dogry netijäni tapyp bilmeris. Aklymyza gelen ähli zatlar Alla tarapyndan ýaradylandyr. Ol hiç zada meňzemez. Şonuň üçinem, ol kime meňzeýär we nähilidir diýen soraga „Ol ýaradandyr”, „ýaradana ýaradylan göz ýetirip bilmez” diýip jogap berilmeli.

 „Allatagalany (Alla saklasyn) kim ýaratdy?” soragyna hem sähelçe bir jogap üçin şeýle diýlip biliner:

— Allatagalanyň barlygy meselesinde ynsan aklynyň bir düşündiriş bermegi mümkin däldir. Çünki ynsan we onuň akly mahlukdyr, ýagny ýaradylan zatdyr. Ýaradylan bir zadyň, ýaradanyna göz ýetirmegi we çözmegi mümkin däldir.

Örän meşhur bir kada görä: „Mahluk (ýaradylan) Halygyna (ýaradanyny) göz ýetirip bilmez, ýagny oňa akyl ýetirip, düşünip bilmez”. Akyl hem bir ýaradylan zatdyr. Şonuň üçinem ol hem Halygyna göz ýetirip bilmez.

Mysal üçin bir peç duýgurly bolup, öz ölçegleri bilen özüni ýasan ussasyny tanamaga synanyşsa, ussasyny özi we daş-töweregindäkiler bilen deňeşdirip, tanamaga synanyşar.

 Ussasynyň hem özi ýaly kömür we odun iýýändigini, soň kül we tüsse çykarýandygyny, eliniň ýüzüniň garadygyny, üç ýa-da dört aýagynyň bardygy barada çak eder. Elbetde her çakynda hem ýalňyşyp ussasyny bilip bilmez.

         Ynsan hem Haky tanamak we ol barada çak etmek üçin bilýän we hyýalyna getirýän zatlary bilen deňeşdirip ölçär. Bu hem ýalňyş we hakykatdan uzak bolar.

         Mehmet ýene-de sözümi bölüp:

— Ýoldaş mugallym, Allanyň nädip emele gelendigi meselesine geleliň! — diýdi. Men hem sözlerimi dowam etdirip şeýle diýdim:

— Allatagalanyň nädip bar bolandygy meselesi bilen baglanyşykly şu iki mysal mowzugy has-da anyklaşdyrar.

 Birinjisi, birnäçe wagonlary bolan bir otly göz öňüne getiriň. Bu wagonlaryň her biri beýleki bir wagony çekýändigini bilýäris. Ýöne „Lokomotiwi kim çekýär?” diýen sorag soralmaz. Çünki ähli wagonlary çekip, özüni çekip bilýän bir lokomotiw bolmasa, nyzamly hereket emele gelmez.

 Ikinjisi, harby ulgamda onbaşy görkezmesini serkerdeden olar, serkerde hem ýokardan, ol hem ýokardan, ol hem ýokardan, şeýdip ahyry goşun serkerdesine we öňki döwürlerde aýdylyşy ýaly patyşa baryp ýeter.

Indi şu ýerde „Patyşa buýrugy kimden alýar?” diýen sorag sorap bolmaz ahyry. Eger patyşa hem kimdir birinden buýruk alsa, onda ol patyşa bolmaz. Patyşa bolmagyň aýratynlygy hem diňe buýruk berýändir, buýruk alýan däldir.

 Bu mysallardan belli bolşuna görä älemi we ähli zady ýaradan Allatagaladyr. „Ony kim ýaradypdyr”? diýen sorag bolsa, soralmaz. Çünki Ýaradan ýaradylmaz. Onuň bar boluş aýratynlygy onuň özüne degişlidir.

Oňa biziň akyl ölçeglerimiz ýetmez.