ÇÜÝRÄP GIDEN SÜŇKLER NÄDIP DIRELSIN?

Başy » Düzjeli Mehmet » ÇÜÝRÄP GIDEN SÜŇKLER NÄDIP DIRELSIN?

Bu mowzuk barada içgin, dostlukly we göýä özümizi unudyp edýän gürrüňimiziň arasyny, täzeden demlenip getirilen çaý bölüpdi.

 Mehmet bu gürrüňlere şeýle bir özüni beripdi welin, çaýlary görende göýä ýüzünde „şu mahal munuň nobaty däldi, bu gyzykly mowzugyň arasyny kesdiňiz” diýýän ýaly alamatlary görmek mümkindi.

 Men gürrüňe çaý içýärkäk dynç bermek islesemde Mehmet soraglaryny bermäge dowam etdi. Ol:

— Goý diýeli älemi Alla ýaratdy. Ynsanlary hem ol ýaratdy we synag üçin bu dünýä iberdi. Ynsanlar bu dünýäde eden ähli işleri zerarly bir hasap bermek üçin, öleninden soň ýene direlmekleri gerek boljak.

 Ine aklymyň almaýan we ret edýän ýeri bu ýer...

 Ölüp giden, eti we süňkleri hem çüýrän, belki nirededigi hem näbelli ýitip giden bir ynsan nädip täzeden direlsin? Bu mümkin däl? — diýdi.

 Men Mehmede ýylgyryp seretdim. Onuň bu ýagdaýy meni şatlandyrýardy. Çünki soraglarynyň dowam etmegi onuň özgermegidi.

 Men çaýymdan bir owurtlap:

— Mehmet! Bilýärmiň aslyýetinde bu soragyň jogabyny, sorag soraýarkaň özüň berendigiňi bilýärmiň? — diýdim. Mehmet elindäki käsäni ýerde goýup:

— Ol nähili?

— Soraga älemi we ynsanlary Allanyň ýaradandygyny we synag üçin dünýä iberendigini aýdyp başladym, şeýle dälmi?

         — Hawa.

         — Älem-jahany, ynsanlary ýaradan we ynsany bir synag üçin dünýä iberen, ölensoň hem ynsany täzeden direldip bilmezmi?

         Öňürti dym-dyrslyk boldy, yzyndanam men sözlerimi dowam etdirdim:

— Bu sorag köp soralýar, mundan soň hem soralar. Jogabynyň üstünde hem ýeterlik derejede durmak gerek. Bu soragyň taryhy bir geçmişi hem bar:

 „Ubeýý bin Halef atly bir butparaz eline çüýräp giden bir süňk alyp Pygamberimiziň (a.s.m.) ýanyna gelýär. Süňki eli bilen owradyp, pygamberimize görkezýär we ondan:

—    Alla bu süňki direltjek, şeýle mi? — diýip soraýar. Pygamberimiz hem:

—    Hawa. Alla bu çüýrän süňke jan berjekdir — diýýär.

 Bu wakadan soň ýasyn süresiniň 78-79-njy aýatlary inýär. Bu aýatlaryň manysy şeýledir: „Ynsan diýer: Çüýrän süňkleri kim direlder? Sen hem: „Kim olary başda emele getirip jan beren bolsa, şol hem direlder’ — diý”.

 Aýatda üns berilmeli zat hem ynsanyň bu dünýä gelmesindäki, ýagny ilkinji ýaradylyşyndaky kämillikdir. Ähli ynsanlar bu barlyk älemine ýoklukdan gelendiklerine görä, elbetde täzeden direldilmeklerinde hiç hili kynçylyk bolmaz.

         Hawa, haşyr diýlip atlandyrylan bu ikinji ýaradylyş, belki-de ilkinji ýaradylyşdan has aňsatdyr. Bediguzzaman hezretleri öleninden soňky ýaradylyşyň aňsatdygyny nygtap aýdýan bir mysalynda: „Bir goşunyň iki gezek ýygnanyşmagy bilen ýygnanandan soň dagap, bir surnaý sesi bilen ýene-de bir ýere ýygnanmagy bilen deňeşdirilýär. Ilkinji ýygnanyşykda biri-birleri bilen tanyşan we gelmeli ýerlerini bilýän esgerler, soň dagasalar hem, aňsat bir ýere ýygnanyşyp bilerler” diýýär.

 Bu ajaýyp mysaldaky goşunyň esgerleri, ynsan bedenindäki zerreleri aňladýar. Bu zerreler ölüm bilen dagansoňlar, Ysrafylyň sury (magşardaky zerreleriň ýygnanyşyga üçin çalnan surnaý sesi) bilen ýene-de bir ýere jemlenşmekleri, elbetde birinjiden has kyn bolmaz.

         Haşyryň, ýagny öleninden soň direlişiň akyldan uzak görünmegi, esasan ilkinji ýaradylyşdaky kämilligiň bilinmeýänliginden we üstünde kän bir pikirlenilmän onuň „aňsat we sungatsyz” hasaplanylmagy zerarlydyr. Ýogsam, häzirki zamanyň medisina alymlary ynsan oglunyň ene garnyndaky „ýaşaýyş mugjyzasynyň” öňünde haýran galýarlar.

         Doktor Haluk Nurbaky bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär:

— Ynsanyň maddy durmuşynyň nädip saklanjakdygy we ölensoň nädip gaýdyp geljekdigi meselesi akyla daşrak görnüp biler. Ýöne bir ynsanyň ähli maddy aýratynlyklary birnäçe iňňe ujunyň on milliardlardan biri ýaly bolan kiçi tohum kagyzlaryna (DNA-lara) ýazylyp biliner. Bu ylmy hakykat subut edilendir. Munuň ýaly bir tohum kagyzynyň eger toprakda ösüş mümkinçiligi bolsa-dy, ýer ýüzüne gelen we geljek bolan ähli ynsanlaryň tohum kagyzlaryny bir käsä dolduryp topraga sepmek we hemmesini birden direltmek mümkin bolup biljekdi.

         Ýeriň aşagynda birnäçe asyrlap zaýalanmaýan, şeýle hem hiç hili janlylyk alamatlary bolmadyk wiruslar, mynasyp bir şertde ýene-de täzeden ýaşaýşa gowuşýarkalar, wepat bolan ynsan oglunyň Allanyň emri bilen ýene-de durmuşa gaýdyp gelmezligine mümkinçilik barmy?

 Älem-jahany ähli ýaradanlary bilen birkemsiz ýaradan Rebbimiz, ol bir çaý käsesi doly tohumlary ýere döküp: „Bol” buýrugy bilen ýeke-ýeke direldip Ylahy sahnada ýygnar”.