ALLANYŇ BIZIŇ YBADATLARYMYZA NÄME MÄTÄÇLIGI BARKA, BIZE YZYGIDERLI „YBADAT EDIŇ” DIÝIP AÝDÝAR?

Başy » Düzjeli Mehmet » ALLANYŇ BIZIŇ YBADATLARYMYZA NÄME MÄTÄÇLIGI BARKA, BIZE YZYGIDERLI „YBADAT EDIŇ” DIÝIP AÝDÝAR?

Soraglaryň we jogaplaryň joşguny bilen öňümizdäki çäýnegiň nädip boşan galandygyny hem bilmän galypdyrys.

Mehmet örän akyllydy. Aýdylýan zatlara gowy düşünýärdi. Şonuň üçinem gürrüňdeşlik gitdigiçe süýjeýärdi. Men gürrüňdeşligiň bu ajaýyp gidişi sebäpli Rebbime doga-dilegler edýärdim. Içimden hem Mehmede täsir ýaratmagy üçin ýalbarýardym.

         Mehmet köp soralýan soraglaryň birini göýä täze açan ýaly tolgunma bilen:

         — Bolýar ýoldaş mugallym. Ýöne Allanyň biziň ybadatlarymyza näme mätäçligi barka, bizi ybadat etmäge mejbur edýär. Adamlaryň köpüsi ybadatyň agyrlygy sebäpli Alladan gaçýarlar. Bu ybadat etmek hökmanmy? — diýip sorady.

 Meniň ýylgyrmagym sebäpli, belki-de üns bermän kellämi ýaýkandygym sebäpli, meniň bir düşündiriş girizmegi zerur hasaplady we maňa:

 — Ýoldaş mugallym! Munuň ýaly soraglar siz üçin gülkünç bolup biler. Ýöne meniň üçin beýle däl. Men hemme zady aklym kabul edýänçä soramaga we barlag etmäge mejbur. Başga hili bolup hem bilmez — diýdi.

 Bu sözler içden gelýärdi we çynlakaýdy. Göýä kömege garaşýan ýaly, hatda naýynjar ýagdaýy bardy. Aç, suwsyz bir ynsanyň üsti nahar doly bir saçaga oturyşy ýaly, Mehmet hem örän daşda bolan we köp bilmek isleýän imany mowzuklara açdy.

Hatda şeýle bir açdy welin, sorag soraýarka we soraýan soragynyň jogabyny diňleýärkä, göýä mowzuklaryň içinde ýüzýän ýalydy. Bu gürrüňdeşlikden hiç hili çykmak islemeýärdi. Ara başga mowzuk aralaşsa hem derrew „esas mowzugymyza gaýdyp geleniň” diýip maňa duýdurýardy. Men:

— Elbetde Allanyň biziň ybadatlarymyza mätäçligi ýokdur — diýip soran soragyna jogap bermäge başladym:

 — Ybadatlara mätäç bolan bizdiris. Biziň mätäçligimiz bardygy üçin Allatagala ybadatlarymyzy ýerine ýetirmegimiz yzygiderli isleýär.

Ol göýä „ol nähili” diýýän ýaly gözlerime seretdi. Men Bedi guzzaman Said Nursiniň „Lem'alar” atla kitabynda bu soragyň jogaby bilen baglanyşykly bir mysal tapdym we okamaga başladym:

 „Allatagala seniň ybadatyňa, belki hiç zadyňa mätäç däl. Ýöne sen ybadata mätäçsiň, ruh taýdan hassasyň. Ybadat bolsa magnawy ýaralara derman hökmündedir... Geň galaýmaly, eger bir hassa, ol hassaly hakda şepagatly bir hekimiň oňa peýdaly dermanlary içirmek meselesinde beren görkezmeleriniň deregine, hekime „Seniň maňa näme mätäçligiň bar? Maňa beýle özelenip derman içirjek bolýarsyň?” diýse, nä dereje manysyzdygyna göz ýetirersiň”. (Lem'alar).

 Kitapdaky mysaly okaýan Mehmediň gözüne seretdim. Meni üns berip diňleýärdi. Ol kellesini çala egip, gysylan ses äheňi bilen:

—    Örän geň mysal! — diýdi. Men dowam etdirdim.

— Allatagala bu älem-jahany öz lutfy bilen bize hyzmatkär edişi ýaly, tagat we ybadaty hem biziň ebedi bagtlylyga gowuşmagymyz üçin ýene öz lutfy bilen buýruk berýär. Çünki Allatagalanyň ynsanyň ybadatyna hiç hili mätäçligi bolmaýşy ýaly, onuň garşy çykmagyndan hem hiç hili zyýan görmeýär. Her iki ýagdaýda hem diňe ynsanyň ýa peýdasy ýa-da zyýanydyr.

 Ine, ybadatlaryň emr edilmeginde ynsana müňlerçe peýda bardyr. Ybadatlaryny yzygiderli edýän ynsan, düzgün-tertipli ýaşaýşa eýe bolar, dünýäde rahat ýaşar. Älemiň we özüniň ýaradylyş maksadyna göz ýetirer, maksatly we ebedi durmuşy gazanar. Ynsan üçin ybadatlary ýerine ýetirmek ýaly iň gowy başga zat barmy?

 Mehmet soran soragynyň jogabyny eşidýärkä ýene-de möhüm bir açyş edýän ýaly gözlerini bir nokada dikip:

— Ýoldaş mugallym! Ýazgyt meselesinde pikirlerimi bulaşdyrýan birnäçe kynçylygym bar — diýdi. Men „o nähili” diýýän ýaly Mehmediň ýüzüne seredenimden soň, ol düşündirmäge dowam etdi:

         — Näme üçin Alla ýazgyt bilen ynsanlaryň ýaşaýşyny çäklendirýär we dolandyrýar? Bu ynsanyň eradasyna we ýaşaýyş ygtyýarlygyna goşulmak bolýarmy?

         Mehmet bu soragyny örän tutanýerli, tolgunmaly ýagdaýda sorapdy. Munuň sebäbi bolsa ýazgyt bilen baglanyşykly ýalňyş we köp maglumatlara eýe bolmagydyr. Çünki adamlaryň köpüsi ýa bilmezden ýa-da bilgeşleýin, göýä Alla we dine (Alla saklasyn) dil uzatmak tagallasynda bolan mahallary ýazgydy tankyt edip başlaýardylar. Göýä ýazgyt meselesini içinden çykyp bolmajak mesele ýaly hasaplaýarlar.

 Bu soraga hem jogap berýärkäm „Risaleý-i Nur” kitaplaryndan peýdalanan käbir maglumatlarymy taýýarladyim we muny düşündirmäge synanyşdym:

— Her eser bir meýilnamanyň netijesidir. Her zat bir ölçege göýä kesgitlener. Ynsan hem şeýledir. Gözüň ululygy, diliň uzynlygy, kelläniň agyrlygy, biliň inçeligi we beýleki agzalaryň göwrümi görünmeýän bir çäk çyzgysyna boýun egýär. Bedenimizde wezipe ýerine ýetirýän atomlary belli bir serhetlerde saklaýan bir güýç bar. Bu işde biziň rolumyz ýok. Öýjüge genetiki alamaty biz goýmadyk. Genlerdäki maglumatlary okap, ol meýilnama görä bedenimizi gurmadyk. Bular çäksiz bir ylymyň, eradanyň we güýjüň netijesi.

 Bolýar, bu sypatlaryň eýesi kim? Elbetde Alladan başgasy barada pikirlenmek mümkinmi? Şonuň üçinem meýilnamany çyzýan-da, ýaradan-da Alladyr.

 Eger meseläni doly ele alar bolsak, öňürti şu üç düşünjä anyklyk getirmegimiz gerek. Bular takdyr, kaza we eradadyr.

         Takdyr — Allanyň ähli zady bilmegi we muňa görä hem ýazmagydyr. Başga bir sözler bilen älemiň meýilnamasy we taslamasydyr. Bolup geçen zatlar, bolýan zatlar we boljak zatlar „takdyr (ýazgyt) depderinde” bardyr.

 Kaza — ýazgytdaky hökümiň ýerine ýetirilmegidir. Ýagny ýazgytda ýazylanyň amala aşmagydyr.

         Erada — ynsanlaryň ygtyýar güýjüdir. Başgaça aýdar bolsak, ýokardaky aýdylanlardan birini saýlap alma hakydyr.

         Mehmet birdenkä:

—Ýoldaş mugallym, bular maňa düşnüksiz boldy, anyklaşdyraýsaňyz? — diýdi. Men şeýle diýdim:

— Has anyk görnüşde beýan etmek üçin şeýle bir mysal berip bileris.

         Biziň nirede, haçan, näme iş etjekdigimiz ýazylandyr. Şu mahal seniň bilen bile gürrüň edýäimiz hem ýazgydymyza ýazylandyr. Bu ýazgytdyr. Seniň bilen gürrüňleşmegimiz bolsa, ýazgytdaky hökmüň ýerine ýetirilmegidir. Ýagny kazadyr. Seniň bilen gürrüňdeş bolup bolmazlyk meselesinde, gürrüňi saýlap almagymyz we gürrüňe niýetlenmegimiz bolsa eradadyr.

 Mehmet öz düşüniş zadyny aýtmak isledi:

— Ýagny kadar biziň daşymyzda, biziň ýaşaýşymyz meýilleşdirýän we bizi bir tarapa mejbur edýän meýilnama, şeýlemi? Men:

— Ýok edil onuň ýaly däl, kem ýerleri hem bar. Muny anyklaşdyrmak üçin ýazgyt meselesini has giňeldeliň. Ýazgydy ikä bölüp bileris. Biri „izdirary”, beýlekisi hem „ygtyýary” ýazgytdyr. „Yzdyrary” ýazgytda biziň hiç hili täsirimiz ýokdur. Dünýä geljek ýerimiz, enemiz we atamyz, durkumyz, jynsyýetimiz we ukyplylygymyz ýaly zatlardyr. Bulara biz höküm ýöredip bilmeýäris. Biziň bulara hiç hili jogapkärçiligimiz ýokdur.

 „Ygtyýary” ýazgyt bolsa eradamyza garaşlydyr. Biz nähili karara gelsek, nämäni saýlasa we näme etmek islär bolsak, Alla özüniň ezeli ylmy bilen bulary bilýär we şeýle edi hem ýazýar — diýdim.      

Mehmet:

—    Bu ýeri örän möhüm — diýdi.  

Men:

— Hawa örän möhüm! Iň ýalňyş kabul edilýän ýer hem şu ýeri — diýdi.