BIZ ÝAZGYDYŇ ÝESIRIMI?

Başy » Düzjeli Mehmet » BIZ ÝAZGYDYŇ ÝESIRIMI?

Bu maglumatlar „ýazgydyň ýesiri” meselesine hem bir düşündiriş bolar. Çünki „ýazgydyň ýesiri” adalgasy bilen (Alla saklasyn) Alla we ýazgyt günäkärlenýär. Göýä ynsanlar günäkär däl-de, ýazgyt olara zulum edýän ýaly bir garaýşy öňe sürýärler. Bu bolsa ýazgyt meselesini doly bilmezlikden we ynsanlaryň öz eradalary bilen edýän günälerini ýazgyda ýükläp, halas bolmak islemekleri sebäplidir. Bu ýerdäki düşünişilmeýän esasy mesele şudur:

 „Allatagala biziň doguşymyzdan tä ölümimize çenli näme saýlap aljakdygymyzy, name islejekdigimizi we nahili ýaşaýyş arzuwynyň içinde boljakdygymyzy we eradamyzy nadip ulanjakdygymyzy, özüniň ezeli ylmy bilen heniz biz dünýä inmänkäk bilýär we bulara görä ýazgydymyzy ýazýar.

 Ýagny biziň ygtyýarlarymyza we isleglerimize görä Allatagala ýazgydymyzy öňünden meýilleşdirip düzýär. Şonuň üçinem (Alla saklasyn) Allany we ýazgydy günakärlemäge hakymyz ýokdur. Ýöne ýalňyş ulanan ygtyýarymyz üçin güna gazanyp bileris.

Mehmediň göýä täze zat tapan ýaly gözleri ýaldyrady we ol şeýle diýdi:

— Dogrudan hem ajaýyp ýoldaş mugallym. Bu aýratynlyk elmydama bilinmeýär, ähli jogapkärçilik ýazgydyň üstüne ýüklenilýär. Hawa, diýmek ynsanyň ygtyýaryny Alla öňünden bilýändigi üçin ýazýar. Şonuň üçinem ynsany haýsydyr bir zada mejbur etmeýär.

         Mehmet örän gowy diňleýärdi. Iň kyn meselelere sähelçe bir düşündiriş berseň, doly düşünýärdi. Mehmet meseläniň esasyna düşünýändigi üçin giňişleýin düşündirişe zerurlyk ýokdy. Ol:

— Ýazgyt üýtgäp bilermi? — diýip, bu mesele bilen baglanyşykly soňky soragyny sorady. Men:

— Bir işi başlap, birdenem ol işi taşlap, başga bir iş etmäge başlap „Ine, ýazgydymy üýtgetdim” diýýänleri köp gördüm. Her gezek hem ýylgyryp: „Sen ýazgydy däl, eden işiňi üýtgedýärsiň” diýdim

         Sen ýazgyt ummanynda ýüzýän bir gämi ýalysyň. Gäminiň ugruny haýsy tarapa öwürseňem, ummanyň içindesiň. Hat ýazyp oturan adam aýdym aýdyp başlasa ýazgyt üýtgemez. Munuň bilen biz şuny düşünýäris, onuň takdyrynda öňürti hat ýazmak, soň hem „Ine, ýazgydymy üýtgedýärin” diýip, aýdym aýtmak ýazylypdyr. Işler üýtgäp biler, ýöne ýazgyt üýtgemez. Bir agajy görkezýän aýnanyň ýeriniň üýtgemegi bilen agajyň ýeri üýtgemez.

 Mehmet agras ses äheňi bilen:

— Örän ajaýyp düşündiriş boldy — diýip duýgularyny beýan etdi.

Soraýan soraglary jogaplaryny tapdygyça Mehmediň ýüz keşbinde arkaýynlyk görülýärdi. Gürrüňiň başyndaky ol aljyraňňy we kämahal hem dartgynly pursatlarynyň rahatlyga öwrülendigini aňmak bolýardy.

Gözlerindäki şatlyk we dodaklaryna ýaýylan manyly ýylgyryş, onuň ruhunda bolup geçýän harasadyň ýatyşmaga başlandygyny görkezýän alamatlardy.

 Men uzaga çeken gürrüňimiziň arasynda Mehmedi ýadatmazlyk üçin:

— Mehmet, men wagt gijä galmanka ýassy namazymy okaýyn sen hem eger isleseň, ýene-de bir balkon sapasyny çykar — diýdim.

Ol meniň näme diýmekçi bolýandygyny aňyp:

— Ýoldaş mugallym, gürrüňdeşlik bizi şeýle bir özüne çekdi welin, çilim çekmek kelläme hem gelenok — diýip boýun aldy.

         Men namaz okamak üçin ýerimden turdym. Mehmet hem balkona çykdy. Bu ýagdaýda dynç bermegimiz, Mehmede eşiden jogaplaryny, dury kelle bilen öz-özünde pikirlenmäge mümkinçilik berip bilerdi.

 Men namazlygyň üstüne geçip ýeke özüm namaz okanymda, özümiň nähili bir şatlyk we şadyýanlygyň içindedigime göz ýetirdim. Içimde göýä örän kyn bir iş başlaýan ýaly bir duýgy bardy.

 Namazdan soň ellerimi Rebbime doga-dileg üçin açanymda ýeke-täk islegim Düzjeli Mehmediň hidaýata gowuşmasydy. Men muny çyn ýürekden isleýärdim. Allatagaladan dogalarymy we islegimi haýyş edýärkäm saklap bilmedik gözýaşlarym eňegime akýardy. Bütin ruhum we bütin durkym bilen Rebbime nyýaz edip ýalbarýardym. Men Allatagalanyň hakyky doga-dilegleri yzyna gaýtarmajak derejede merhemet we kerem eýesidigini bilýärdim.

 Otagyma gaýdyp gelenimde Mehmet gözlerini bir näbelli zada dikip, kellesindäki aýlanýan müňlerçe oý-pikirini ýerli-ýerine goýmaga synanyşýardy. Belki-de kalbynda dörän harasadyň täsiri bilen çekeleşýärdi. Onuň bir hasaplaşma içindedigi anykdy.

         Meniň içeri girenimi görensoň özüni ýygnady. Ýene-de ýüzbe-ýüz oturdyk. Mehmet ara wagt salman goýan ýerinden dowam etdi:

— Ynsanyň ruhy bilen baglanyşykly näme aýdyp bilersiňiz, ýoldaş mugallym? Ruh bilen baglanyşykly köp zat okadym. Hemmesi hem biri-birlerini tassyklamaýan we başga-başga zatlar. Ruh diýilýän zat näme? — diýip sorady. Men bu içgin, dogry we höwes doly soraga jogap bermäge synanyşdym:

— Älemi we älemiň içindäki sazlaşykly işleýän kadany ýaradan, ynsany dünýä iberen Allatagala, her ynsan üçin hem bir ruh ýaradandyr.

 Älemde görülýän we görülmeýän zatlar bar. Görülmeýän zatlaryň biri hem ynsanyň ruhudyr.

 Ruh ýaşaýyş we duýgy eýesidir. Bedene gelmezden öň, ruhlar äleminde ýaşar. Bedene gelensoň hem ähli işlerini beden bilen ýerine ýetirer. Dünýädäki ömri boýunça bedeniň ýesiridir. Ölüm mahaly beden tussagyndan halas bolar, ýöne büs-bitin boş galmaz, „mysaly bir bedene” ýa-da „özboluşly bir durka” girer. Beden onuň öýüdir. Öleninden soň hiç bir sebäbe mätäçlik çekmezden görer, eşider, biler pikirlener we duýar.

 Ruh kyýamata çenli „berzah” äleminde garaşar. Bu garaşma döwründe ýa jenneti bir bagtlylykda ýaşaýan ýaly ýaşar, ýa-da gabyr azabyny çeker. Berzah ýa-da gabyr hadysasy hadysy şerifde aýdylyşy ýaly „Ýa jennet bag-bakjalaryndan bir bakja, ýa-da jähennem çukurlaryndan bir çukurdyr”. Ol kyýamatyň yz ýanyndan magşarda täzeden ýaradylan bedenine gaýdyp geler, dünýäde eden işleri üçin „beýik kazyýetde” hasap berer.

         Düzjeli Mehmet meseläniň ugruny üýtgedip, ýene-de özi üçin ähmiýetlidigi hal-hereketlerinden belli bolan bir sorag sorady:

— Näme üçin musulmanlar öz dilinde dälde arapça ybadat edýärler? Eger Alla hemme dili eşidip, bendeleriniň haýyşyny eşidýän bolsa, näme üçin biz arap dilinde ybadat etmäge mejbur bolýarys? Bu meselede bir terslik ýokmy?

Bu sorag hem soňky günlerde köp gaýtalanýan soragdy. Bu soragy soraýanlaryň käbiri dogrudan hem meseläniň hakykatyny bilmeýärdiler we öwrenmek niýetleri bilen soraýardylar. Ýöne köp bölegi bolsa, esasanam yslama bolan duşmançylyklary sebäpli akyllary bulaşdyrmak maksady bilen soraýardylar.

         Mehmet birinji topara girýardi. Men bu soraga hem jogap bermäge synanyşdym:

         — Bilýärmiň, musulmanlar üçin namaz okanlarynda Kur’an-y Kerimiň käbir aýatlaryny okamak hökmandyr. Musulmanlaryň ene dilleri we watany nahili bolsa-da, bu ýagdaý Hezreti pygamber aleýhissalam döwründen bäri üýtgän däldir.

          Göräýmäge musulmanyň öz gepläp bilýän we düşünip bilýän dilinde ybadat etmegi örän adaty bir ýagdaý ýaly bolup görünýär. Ýöne mesele çuňňur öwrenilende bilinmeli bolan käbir möhüm zatlaryň bardygy ýüze çykýar.

         Şeýle hem doga-dileg bilen namazyň arasyny açmalydyrys. Musulman üçin namazdan galan ýerde doga-gileglerini we haýyşlaryny Rebbine islän dilinde aýtmagy gadagan däldir. Bu şahsy bir meseledir we bendäniň Halygy bilen bolan araçysyz gönüden-göni gatnaşygy bilen baglanyşyklydyr. Emma munuň tersine, namaz jemagat bolup okalýan umumy bir ybadatdyr we namaza gatnaşan beýleki musulmanlaryň doga-dilegleri hem göz öňünde tutulýar. Namaz ýörelge hökmünde esasan jemagat bolup okalýar. Ýöne ýeke okasaň hem rugsat bar. Ýöne iň gowusy jemagat bilen okamakdyr.

         Eger yslam dyny haýsydyr bir sebitiň, halkyň, milletiň dini bolsa-dy, gürrüňsiz bu sebitiň, bu halkyň ýa-da bu milletiň dili ulanylardy. Ýöne dürli halklardan we dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan we her haýsy beýlekileri tarapyndan düşünip bolmaýan ýüzlerçe dilde gepleşýän musulmanlardan ybarat bolan bir dünýä dininiň şertleri başgaça bolar. Hytaýça bilmeýän bir türk Hytaýa gitse we köçelerde „zing zang zunga” meňseş sesleri eşitdi diýeli. Elbette ol hiç zada düşünmez we bu sözler azanyň ýa Allahu ekberiň terjimesi bolsa, oňa düşünmez we mysal üçin, juma namazyny geçirer. (Hytaýdaky metjitler Türkiýedäki minaralary mese-mälim bolup duran metjitlere meňzemez.) Ýa-da bolmasa Türkiýä gelen hytaýly musulmanyň Türkiýedäki musulmanlar öz dilleri bilen ybadat etseler, dindaşlary bilen ortak hiç hili zady galmaz. Şonuň üçinem dünýä dini bolan bir diniň käbir umumy esaslary bolmalydyr. Bu meselede azan we kyragat (Kur’an okamak), gürrüňsiz iki esasy zat bolup durýar.

         Mysal hökmünde halklara kongresslerini we ýygnaklaryny agzap bileris. Mysal üçin Birleşen Milletler Guramasynda hemmeler öz dili bilen däl, diňe fransuz we iňlis ýaly rugsat berilen dillerde gepleýärler. Köpçüligiň peýýdasy üçin şahsy bähbit pida ediler.

         Meseläniň az ähmiýetli bolmadyk başga bir tarapy hem bar. Hiç bir terjime asyl nusganyň ýerini tutup bilmez. Kur’an-y Kerimiň ýüzden gowrak türkçe terjimesi bar we her gün bularyň üstüne täzesi goşulýar. Bu hem täze alymlaryň öňküleriň terjimelerini kem hasaplaýandyklaryny aňladýar. Ähli diller üçin we bir dilden başga bir dile terjime edilen haýsydyr bir eser üçin hem bu ýagdaý degişlidir. Şonuň üçinem kem bolmadyk ýa-da ýalňyşsyz asyl zatlary ulanylmaly?

Bu ýerde şu zady aýratyn belläp geçmek isleýärin.Yslamdan başga hiç bir din pygamberine iberilen wahynyň asyl nusgasyna eýe däldir. Bu gün hristiýanlaryň, ýehudylaryň, mejusylaryň eýe bolan dini kitaplary terjimeler, ýygnama zatlar ýaly zatlardyr. Musulmanlaryň wahynyň asyl nusgasyna, Kur’an-y Kerime eýe bolmaklary, olar üçin nahili uly abraýdyr.

Şeýle-de şuny hem unutmaly däldiris. Namazda aýdylýan sözler örän azdyr. Öňürti azan we kamat, soň „Allahu ekber”, „subhane rabbiýe’l-azym”, „fatyha” süresi we iki sany gysga süre bar. Hemmesi hem bir sahypadan geçmez we bu sözleriň köpüsini hemmeler bilýär, olar ähli musulmanlaryň dillerine geçipdir. Hat-da çaga ýa-da täze öwrenýän hem hiç bir kynçylyksyz we güýç sarp etmezden olary öwrenip biler. Bu sözleriň manysy bir gezek öwrenilensoň, nägilelige ýer galmaz.

 Sözümiziň soňunda namazda Kur’an-y Kerimiň terjimesiniň okalmagynyň jaýyzdygyny öňe sürmek üçin Ymam Agzam Ebu Hanifäniň fitwasyna daýanýandygyny aýdýan käbir awtorlary ele alalyň. Bu awtorlar näme üçin hakykaty doly aýtmakdan gaça durýarlar? Ymam Agzam Ebu Hanife hezretleri başda bu garaýyşda bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen bu pikirini üýtgedýär („Hidaýa” we „Dürrül-muhtar” ýaly eserler bu ýagdaýy aýdyň beýan edýärler) we adaty ýagdaýda diňe arapça okalmagyna rugsat berýän umumy kanagata goşulandyr. Bediguzzaman Said Nursiniň garaýyşlary hem şeýleräkdir.

Mehmediň ýene bir soragy hem, köp berilýän soraglardan bolan başga bir mesele bilen baglanyşyklydy. Ol:

— Eger hemme zat Kur’anda bar bolsa, mezhep ymamlaryna we beýleki yslam alymlaryna näme mätäçligiňiz bar? — diýdi.

 Bu sorag asyrlar boýy soralypdy we soralýardy. Bu soraga hem jogap bermäge synanyşdym:

 — Biz Allanyň şu älem-jahan kitabynda gydrat galamy bilen ýazan eserlerinden, öz aklymyz bilen örän köp zatlara düşünişimiz ýaly, Kur’any okamak we aýatlarynyň gysga manylaryna göz aýlamak bilen örän az zada düşünýäris.

 Älem-jahan kitabyny dürli taraplary bilen düşündirýän sungat alymlarynyň we oýlap tapyjylaryň bar bolşy ýaly, elbetde Kur’an-y Kerimi hem bize öwretjek alymlar we müjtehitler gerek.

 Gözleri batyl adam Gün bir alma ýalydyr öýdýärkä, bir astronomiýa alymy Günüň bu dünýäden million esseden hem gowrak uludygyny görüp bilýär.

 Ýa-da okap ýazyp bilmeýän adam, ganyň gyzyl reňkli suwuklykdygyny görýärkä, bir lukman ol ganyň düzümindäki millionlarça elitrositleri we leýkositleri gözi bilen görüp bilýär.

 Bir adam bir derýa seredende suwdan başga zat görmeýär, emma bir elektrik injeneri ol derýanyň aňyrsynda elektrik toguny görýär.

         Botanika ylmyndan bihabar bolan adam, bir ösümlige diňe daşyndan seredýär. Ýöne ol ylymda alym bolan ösümliklerden birnäçe syrly hazynalary ýüze çykarýar, we farmasewt bolsa onda derman ýasaýar.

 Indi, eger bir adam dermanhanadan derman alman, eger ähli dermanlar ösümliklerden ýasalýan bolsa, onda bu dermanlary dermanhanadan almagyň deregiňe asyl çeşmesinden peýdalanjak diýip iýse, nähili samsyklyk etdigi bolar.

 Ine, Kur’an-y Kerimiň hem her bir aýatynda nähili uly nurlar, nähili dermanlar we nähili çuň manylar bardygyny we her bir aýatyň nä dereje beýik we belentdigini düşünip bilmegimiz üçin, elbetde onuň hünärmeni, dermanhanaçysy we injeneri bolan kişilerden peýdalanmagymyz gerek. Ýogsam nädereje ýasama nazar bilen seretjegimiz we näderejýde nadan boljakdygyňyz ýokardaky mysallardan hem belli bolýar.

 Mehmet biraz dymdy. Diňlän zatlaryny ýenede bir gezek akyl süzgüjinden geçirýän ýaly ýagdaýyň içindedi. Meseläni üýtgedip, käbir syýasy ýagdaýlara girmek isledi. Men hem mowzugy heniz açylmanka ýapmak üçin:

 — Men syýasat bilen gyzyklanman we onuň bilen meşgullanmaýaryn. Men esasan ynsanlaryň bilim-terbiýesi, ahlak-häsiýetleri we ynanç ugurlary gyzyklandyrýar.

         Ähli ynsanlaryň mätäç bolan mowzuklary syýasat däl, dogruçyllyk, dürslük we hoşniýetlilikdir. Bu hem we Alla gorkusy bilen mümkin bolar. Meni esasan işiň bu tarapy gyzaklandyrýar. Çünki ynsan düzelensoň, onuň ähli zady düzeler. Ynsanyň düzelmegi bolsa, syýasat bilen dälde, iman bilen mümkindir.

 Bu gysga girişi pursat hasaplan Mehmet ýene-de başga bir sorag sorady:

— Bolýar bir jemgyýetiň, bir döwletiň düzelmegi ynsanyň ýetişmegine we düzelmegine garaşly bolýan bolsa, bu örän uzyn bir ýol bolmazmy? Ýagny bir ynsan 30 ýylda ýetişýär, bilim-terbiýe alýar we kämilleşýär. Bir jemgyýeti düzeltmek üçin otuz ýyl garaşmalymy? Jemgyýeti dolandyrýanlaryň täzelenmegi we has laýyk kişileriň getirilmegi gysga bir ýol dälmi?

         Mehmet örän möhüm bir sorag sorapdy. Jemgyýetiň asudalygy we parahatçylygy üçin döräp howlukmaçlyk we ýalňyş ýollar sebäpli jemgyýetiň nädereje kynçylyklar çekýändigini ýüzlerçe mysallar arkaly bilinse-de, henizem işiň syýasat, döwlet agdarylyşygy we güýç bilen ýokary dolandyryş wezipelerini üýtgedip, jemgyýete has gowy ugur bermek pikirinde bolanlar bardy. Bu örän howply we zyýanlydy.

 Bu soraga uly üns bilen jogap bermäge synanyşdym:

 — Gynansagam käbir howlukmaç we ýetmezçilikli ýollara eýe bolanlar, bu ýoluň örän uzyndygyny öňe sürüp, bedeniň diňe başyny çalyşmak arkaly sagaljakdygyny öňe sürýärler. Emma bu adamlar başy çalşalyň diýip, bedeni hem ölüme sezewar edýärler.

 Baş bilen beden arasyndaky gatnaşyk, dolandyrýan topar bilen dolandyrylýan jemgyýetiň arasynda hem bar. Başda eger bir ýetmezçilik bar bolsa, onuň sagaldylmagy hem ýuwaş-ýuwaşdan, ýagny tebigy şertleriň içinde basgançak-basgançak bolar.

 Bu asyrda imanymyzyň kemçiligi sebäpli älem-jahandaky mutlak hikmete göz ýetirip bilmezlik, „takdyr” we „jüz'i ygtyýar” gatnaşyklaryňy bilmezlik ýaly sebäpler zerarly ynsanlarda birnäçe ygtykady hassalyklary ýüze çykarýar. Bir kişide bu hassalyklar bilen baglangyşykly alamatlar görülende edilmegi iş, howlugyp ynsana we onuň hal-hereketlerine hüjüm etmek deregine, hassalygyň çeşmesini gözläp tapyp, ony bejeriji zatlaryň üstünde durmak gerekdir.

 Ynanjy sarsylyp imany bozulan hal-hereketlerinde özüne we jemgyýete zyýany ýetýän bir adama hüjüm edip, ony ýenjip zyndana salyp we hatda öldürip bu zyýanlary dep etmek mümkin däldir. Ol adamyny uzyn ýol bolsada sabyr bilen düzeltmek gerek.

 Ynsanlar düzelensoňlar jemgyýetem, döwletem we ony dolandyrýanlaram düzeler. Bu uzyn ýoly sabyr bilen geçmelidiris.

 Urup-ýenjip, ýykyp-ýumrup, agdaryşyk we syýasy pyrryldyklar bilen ynsan we jemgyýet düzelmez. Gaýtam tersine has hem bulaşar. Her bir zadyň başy ynsany we ynsanyň dünýäsindäki ýaramaz we zyýanly oý-pikirlkrden halas etmek, onuň kimdigi we nämäniň tarapdarydygyny, nireden gelip nirä barýandygyny we maksadyny ýatlatmakdyr. Bu hem Alla we ahyrete iman bilen mümkindir.

 Wagtymyz bolsa gijäň bir mahalyna gelipdi.