MEHMET ÇALT ÖZGERÝÄRDI

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMET ÇALT ÖZGERÝÄRDI

Mehmet bilen gürrüň geçirenimizden soň bir hepde geçipdi. Içimde joşgun bilen garyşyk bolan bir umyt bardy. Men Mehmetden täze özgermelere we gowy habarlara garaşýardym. Bu bir hepdäniň içinde birnäçe gezek gabatlaşyp, salamlaşypdyk we aýak üsňünden hal-ahwal soraşypdyk.

 Okgunly, başarnykly, erjel we göwün isleýşi ýaly gürleýän Mehmet, özüni rahat, asuda alyp barýardy, göýä köpçüligiň içinde gözden ýitmek isleýän ýaly aýratyn bir gaýratyň içine giren ýalydy. Mehmediň bu ýagdaýy meni howsalandyrdy.

 Men ajaýyp we umytly habarlara garaşýarkam, näbelli we kyn bir psihologiki ýagdaýa düşen bolaýmasyn diýip, gorkup başladym.

 Mehmediň ýeke özi ýaşaýandygy üçin, onuň näme edip näme goýýandygyny sorar we biler ýaly mümkinçilik hem ýokdy. Ony ýanyma çagyryp, ýagdaý barada soramagy hem heniz ir görýärdim ýa-da ýüregine düşerin öýdýärdim.

 Şol günlerde miwe almak üçin bir miwe satýan dükana gidipdim. Dükançy tanyşymdy. Mehmet hem ol dukançynyň öýünde kireýine ýaşaýardy. Men dukançydan Mehmet barada sorajak bolanymda, dukançynyň özi menden öňürtiläp:

— Mugallym seniň şu talybyňa näme bolýar şu günler? — diýdi. Men howsala düşüp:

—    Näme boldy? — soradym. Ol:

— Walla, şu ýigide bir zatlara bolýar. Öňler goh-galmagaldan we gykylykdan ýaňa öý ýykylaýaýyn diýýärdi. Birnäçe gün bäri çuňňur bir sessizlige batdy. Öýüň çyrasy hem daňdana çenli ýaýnar. Mümkin sessiz-üýnsüz bar zatlar edýän bolmaly — diýdi.

 Men uludan demimi alyp, arkaýynlaşdym. Inşalla, hemme zat umyt edişim ýalydy.

 Ýöne bir zatlara bardy. Muny men hem aňypdym. Men oňa hiç zat diýmezden gitdim. Içime duýup boljak bir rahatyk dolupdy.

 Mehmetde örän möhüm özgerişleriň bolup geçýändigi bellidi. Emma onda-da haýsy tarapadygy meselesi içimi gemrip barýardy Meniň ähli gaýgym we howsalam bu meselede jemlenýärdi.

 Ol ýene meniň ýanyma gelip başlady. Soraglary, gözleg işleri we gözleýişileri dowam edýärdi. Heniz onuň üçin köp zat näbellidi.

Men Mehmet bilen baglanyşykly özümiň howlukýandygyma göz ýetirdim. Mehmediň örän giň bir älemi bardy. Ýuwaş-ýuwaş, assa-assa gitmelidi.

Berýän kitaplarymy okaýardy we her kitapdan soň, düşünmedik soraglaryny we gyzyklanýan mowzuklaryny soraýardy.

Ol çalt özgerýärdi. Özüni alyp baryşy, hal-hereketleri, garaýyşlary we oý-pikirleri ajaýypdy. Örän akyllydy. Tiz ornaşdyrýardy.

Örän gowy düşünýärdi, hadysalary we esasy zatlara örän dogry göz ýetirýärdi, möhüm ýerlerini çykaryp alýardy.

Daş-töweregindäki maksatsyz dostlaryny taşlapdy. Indi öz äleminde, öz içindäki harasady ýatyrmaga, bulançak dünýäsini nurlandyrmaga, durmuşyna täze bir nyzam bermäge dyrjaşýardy.

Düzjeli Mehmediň bu göreşi doly sekiz aý sürüpdi.