INDI ONDAN BIR BUŞLUGA GARAŞÝARDYM

Başy » Düzjeli Mehmet » INDI ONDAN BIR BUŞLUGA GARAŞÝARDYM

Onuň seljerýän, gözleg geçirýän, soraýan we özleşdirip öňe gidýän bir gurluşy bardy. Bu döwür içinde birnäçe gezek gürrüňdeş bolduk, bile oturdyk. Ençeme gezek gije ýatman, gürrüňleşip oturdyk.

Indi, ondan buşluga garaşýardym. Ýöne bu buşluk gelenokdy. Tomus kanikuly üçin öýlerine gitmezden öňürti, bir gezek agşam jaň etdi we maňa:

– Ýoldaş mugallym ertir maňa wagt tapsaňyz, siziň bilen gürleşmek isleýärin – diýdi.

Onuň bilen iş otagynda duşuşdyk. Ol garşymda oturdy. Men ony başdan aýaga synladym. Ol düýbünden üýtgäpdi. Öňki bir ýerde durmaýan, biperwaý, dilli, sallam-sajam Mehmet gidipdi, ýerine ýetişen, ýuwaş, agras we salyhatly ýigit gelipdi. Men içimden:

– Ýa Rebbim! Bu ýaş ýigide hidaýat nesip et. Ukyply we akylly bolan bu ýigit zaýalanmasyn – diýýärdim. Eger ol käbir hakykatlara göz ýetirmedik bolsa-dy, jemgyýete zyýanly bolup ýetişjekdi.

Biziň nazarymyz kaklyşdy. Onuň ýüzünde durgun, bugly we çyg sözler bardy. Gözüniň ýyldyrawugynda käbir duýguly we gussaly bulutlar oýnaşýardy. Ol titrewik we aglamjyrap ses äheňi bilen:

– Ýoldaş mugallym! Bu gün namaza başladym we namazlygymyň üstünde birnäçe sagatlap agladym. Bir güýç meni özüne çekdi, içimdäki kynçylygy, gaýgy-gamy we gussany göýä aglap-aglap diýen ýaly dökdüm – diýdi.

Ol hem gürleýärdi, hem-de ol bulutly gözlerinden ýaş dökýärdi. Meniň duýgym hem ýerinden gozgady. Aglamajak bolup özümi zordan sakladym. Ol:

– Mugallym, bu namaz nähili lezzetli, nähili beýik, nähili lezzet beriji ybadat eken. Alla bilen ýalňyz bolmak, islegleriňi hut özüň ýerine ýetirmek, ýagdaýy arz etmek, ýalbarmak, bagyşlamagyny soramak, ynsany nähili rahatladýar eken we nähili arkaýynlaşdyrýar eken.

Men indi Alla söz berdim. Mundan soň oňa laýyk bende bolýaryn. Ýöne meniň şeýle bir günälerim bar welin, Alla olary bagyşlarmyka? – diýdi.

Ol bu soňky sözlerini örän kynçylyk bilen aýdypdy. Ol ses edip aglaýardy. Çydamak mümkin däldi.

Ele, owuja sygmaýan (diýen etdirip bolmaýan), gözegçiliksiz we işleri dagap ýatan bir ýaş ýigidiň, bigünä çaga ýaly bolup oturyp aglamagy, içimi ýandyryp barýardy. Men gözýaşlarymy görkezmejek bolup, özümi has-da gysmyljyraýardym.

Sen nähili beýiksiň eý Allam! Sen hidaýat nesip etseň, kimler seniň öňüňde dyz çökmez? Kimler sejdä ýykylyp bagyşlamagyňy dilemez? Bularyň sanyny köpelt!

„Dillere dessan bolan ol Düzjeli Mehmet akylsyzlygyny taşlap namaz okap başlar, Allanyň öňünde oňa doly manyda bende boljak diýip söz berer we gözýaşlaryny döker” diýip kim aýdyp bilerdi.

Men ýanymda hynçgyryp aglaýan Mehmedi köşeşdirmek üçin synanyşdym. Allatagalanyň nähili magfyret eýesidigini (günä bagyşlaýandygyny), gullarynyň günälerini bagyşlamagy nähili söýýändigini aýtdym.

Ony gujakladym, öpdim we berekella berdim.

Düzjeli Mehmediň öňki ýagdaýyny bilýänler, onuň üýtgändigine käbir ynanmaýardylar. „Ol ýene-de rol oýnaýar” diýip ynanmazçylyk edýärdiler.

Dogry ol bir roly ýerine ýetirýärdi. Ýöne bu gezek bir gulluk roldy. Bu roly ol şeýle bir boýnuna alypdy welin, göýä ähli zerrelerin çenli siňdiripdi. Bu rol Düzjeli Mehmede gelişýärdi.

Mehmet Düzjä maşgalasynyň ýanyna baranda, ene-atasy baýram etdiler.

Mehmediň maşgalasy Bolgariýadan göçüp gelen bosgunlardy. Bolgariýanyň hökümeti musulman türkleriň dillerini we dinlerini üýtgetmekleri üçin 1989-njy ýylda agyr gysyşlar görekezen ýylynda, merhum Turgut Özalyň tagallalary bilen Türkiýä göçüp gelen müňlerçe maşgalaň biridi. Maşgalabaşy Salyh aga we aýaly Baýse daýza üç çagasyny alyp, Türkiýäniň serhetýakasyna ýakyn, kiçiräk ýaşaýyş ýeri bolan Kyrjaalydan Türkiýä gelipdiler. Mehmet 1978-nji ýylda Kyrjaalyda dünýä inipdi. Türkiýä gelende bolsa 11 ýaşyndady. Maşgala biraz wagtlap Çorluda we Stambulda ýaşap bal söwdasy bilen meşgul bolýar we söwdalary ugruna bolansoň orta ýagdaýyň üstünde ykdysady ýagdaýa ýetýärler. 1996-njy ýyldan bäri tomsuna Düzjede, gyşyna bolsa Çorluda ýaşamaga başlaýarlar. Olaryň maşgalasy örän işeňňir we myhmanparaz maşgalady.

Kakasy Salyh aga Mehmediň bu ýagdaýy üçin başdan geçiren şatlygyny, uzyn hat ýazyp maňa gürrüň beripdi. Şatlyk, begenç we gözýaşlary bilen doly bolan bu hatda şeýle diýýärdi:

„Biziň Mehmedi dogry ýola getirmek üçin etmedik işimiz galmady. Bu çaga biziň başymyza nähili külpetler getirdi. Ol sebäpli ne biziň, ne-de özüniň başy beladan halas boldy.

Mehmediň namaza başlandygyny we toba edendigini görüp ynanmadyk. Biz bilen oýun edýändir öýtdük. Soň oýun däl-de, hakykatdygyna göz ýetirenimizden soň, ejesi bilen bilelikde nähili begendik, heý goýaý.

Dünýäler biziňki boldy. Ynansaňyz, birnäçe günläp gözýäş döküp gezdik. Beýik Ýaradan bize bu günleri hem görkezdi.

Indi, öýümize asudalyk geldi, bagt geldi. Namazlarymyzy öý halky bolup jemagat bolup okaýarys. Onuň özi gijelerine tehejjüd namazyna turýar, Kur’an tefsirini köp okaýar. Her agşam doganlaryny ýygnap, Risaleý-i Nurdan gürrüň berýär. Beýik Allatagala bu şatlygymyzy daýymy etsin!”

Kakasynyň begenji, tolgunmagy we gözýaşlary, göýä meniň duýgularymy okan ýaly, meni hem çuňňur duýgulandyrdy. Mehmediň bu iman ýolunda daýymy we başarjaň bolmagy üçin Beýik Rebbime dogalar etdim.

Bu duýgyny mugallym bolmadyklar bilmezler. Bir mugallymy edepsiz we garagol bolan okuwçysynyň gynandyryp bilişi ýaly, Mehmet ýaly ömür täzeleýän bir okuwçysy hem öz çagasy ýaly begendirip, ony bagtly eder.