MEHMEDIŇ ULAG HELÄKÇILIGINE UÇRAMAGY WE SYRLY MYHMAN

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMEDIŇ ULAG HELÄKÇILIGINE UÇRAMAGY WE SYRLY MYHMAN

Ýaz kanikulynda Mehmet Düzjeden Ankara gelýärkä, Ankaranyň golaýynda bir ulag heläkçiligine uçraýar. Awtobusdaky ýolagçylaryň käbiri ölýär, köp bölegi bolsa ýaralanýar. Ýaralananlaryň arasynda Mehmet hem bardy. Ol hem agyr ýagdaýda Ankaranyň „Numune keselhanasyna” ýerleşdirilýär.

Ynha, Mehmediň durmuşynda bir öwrülişik nokady bolan ol „ybratly hadysa” bu keselhanada bolup geçýär.

Bu hadysa dogrudan hem ybratly, manyly we duýguly bir hadysadyr. Mehmet keselhanada on günläp komada ýatýar. Soň hem akly ýerine gelip, özüne gelýär. Ýöne gözlerini açyp we geýläp bilmeýär. Kellesine ýeten zeper onuň gözlerini kör we gepleme ukybyny ýok edýär. Ýagny Mehmet gözsüz we dilsiz täzeden dünýä gelýär. Bu örän aýylganç we çydap bolmajak bir ýagdaýdyr. Bu ýagdaýa dogan-garyndaşlary gynanýarlar. Ýaş mahaly bir adamyň kör we lal bolmagy, daş-töweregindäkileri gaýgylandyrýar.

Ýöne Mehmediň akly açykdygy üçin bu ýagdaýy oňa hiç hili dert bolmaýar. Ol yzygiderli el hereketleri bilen daş-töweregindäkileri köşeşdirmäge synanyşýar. Hemme zady berýän, görýän we bilýän Beýik Alla şükür edip, razy bolup oturýar. Sebäbi beren hem ol, alan hem oldur. Saglygy hem ol berýär, derdi-de. Onuň beren her bir zadynda hökman uly bir hikmet we uly bir haýyr bardyr. Ýöne sabyr edip soňuna çenli garaşmalydyr.

Mehmet duýgulary açyk, ýöne gözleri ýapyk görnüşde yzygiderli Alla doga edýär, ýalbarýar, bagyşlamagyny haýyş edýär we şükür edýär.

Biraz möhlet geçensoň hem täsin bir ýagdaýda onuň gözleri we dili açylýar.

Ynha, ähli bolan zatlar ol gije bolup geçýär, bir juma gijesinde...

Şol gije Mehmet pikirlenip we şükür edip ýatýar. Allanyň beýikligini we rehmetini, oňa bende bolmagyň fazyletini, imanyň lezzetini, ahyreti we hasap güni barada oýlanýar. Kemçilikleri, nogsanlary we günäleri üçin Allanyň methemetinden pena isläp, gözýaşlary bilen bagyşlamagyny we günäleriniň geçilmegini soraýar.

Ol şeýle älemde, şeýle ajaýyp duýgular bilen doly we şeýle içginlik bilen özüni magnawy bir dünýä atýar welin, birnäçe sagatlap aglap, Alla ýalbarýar. Şeýle ýagdaýda oýa batýar.

Ol otagynda ýeke, çyralar pessejik garaldylan, asudalygyň ähli otaglara we koridora häkim sürýän mahalynda, gapy açylyp, üstünde lukman halady bolan nurana we gelşikli bir adam gelýär. Ol:

– Hany ýeriňi düzet. Häzir otaga örän ähmiýetli bir myhman gelýär. Seniň bilen duşuşjak. Taýýar bol-da, ony garşy al – diýýär.

Mehmet ýatan ýerinden turup, çalt ýerlerini düzedişdirýär.

Aradan köp wagt geçmezden gapy ýene-de açylýar. Içeri garaşylýan myhman gelýär. Selleli, donly, örän salyhatly adam.

Gelen myhman Mehmediň ýanynda oturyp, ellerinden tutýar we başyny sypalaýar. Ol:

 – Doganym, seni gutlaýaryn. Bu heläkçilik seniň günäleriňe keffarat boldy. Allatagala eger bir zat myrat etse, onda hökman bir haýyr bardyr. Sen ölümden gaýtdyň. Meni seniň ýanyňa Resulalla (s.a.w.) iberdi. Men seni talyplyga kabul etdim. Seniň ähli günäleriňi öz üstüme aldym. Gorkma, ýene ýaşarsyň. Ýöne örän gysga. Seniň çynlakaýlygyň we yhlasyň Pygamberimiziň (s.a.w.) şefagatyny gazandy.

Saňa aýtjak zatlarymy unutma. Aýdyşym ýaly ýerine ýeter. Bulary ýerine ýetirseň, gorkma, sagalarsyň – diýýär.

Mehmet geň bir ýagdaýa giripdir. Eşidýän zatlaryna tas ýüregi durupdy. Howsalasyndan ýaňa derleri gutaryp, öl-myžžyk bolupdyr.

Bu kişiniň örän ähmiýetli sözlerini diňleýän Mehmet, ondan soraýar:

– Siz kim bolýarsyňyz?

– Men Bediguzzaman Said Nursi. Ýanymdaky hem meniň talybym Zubeýr. Seni hem talyplygyma kabul etdim.

Mehmet aljyrap:

– Ussat. Men siziň eserleriňiziň saýasynda halas boldum. Maňa kömek ediň. Eger ömrüm az bolsa, men bu ömrümi nädip geçireýin? – diýip soraýar we şu jogaby alýar:

– Kaza namazlaryňy oka we kaza orazalaryňy tut. Ybadatlaryňy doly ýerine ýetir. Her gün bir para Kur’an we jewşen oka. Günde 50 sahypa hem Risaleý-i Nur oka. Eger okasaň bütin älemden, Adam pygamberden tä kyýamata çenli boljak ýagşylyklardan paýyňy alarsyň. Bolýar onda. Alla seni öz penasynda aman saklasyn!

Gapy ýapylýar. Mehmet hem janhowuly bilen olaryň yzlaryndan ýetmek üçin özüni ýere zyňýar.

Mehmet bu duýgy, bu lutuf we bu keremi üçin başyny ýere goýýar, birnäçe sagatlap aglap, Alla şükür edýär...

Men bu wakany Mehmet keselhanadan çykansoň, ondan eşitdim. Ol bu wakany gürrüň berýärkä, hem özi birnäçe sagat aglady, meni hem agladypdy.

Bu örän ybratly wakady.