DÜZJELI MEHMET DÜÝBÜNDEN BAŞGA BIR YNSAN BOLUPDY

Başy » Düzjeli Mehmet » DÜZJELI MEHMET DÜÝBÜNDEN BAŞGA BIR YNSAN BOLUPDY

Düzjeli Mehmediň ulag heläkçiligine uçramagy onuň durmuşyny üýtgedipdi. Göýä ol bir ýerde durmaýan, hyjuwly, erjel, ýyrtyjy we biperwaý Mehmet gidip, ýerine başga bir Mehmet gelen ýalydy. Göýä ol dünýä bilen arabaglanyşygyny üzüp, bir perişde ýaly ýaşamaga başlapdy.

Uzynly gününi Alla ybadat edip, toba we ystygfar bilen geçirýärdi. Mehmediň öňki ýagdaýyny bilýänler muňa ynanmaýardylar.

Durky, seredişleri, hal-hereketi, sözi we ähli hereketleri ynsana ders berýärdi. Göýä ähli zady bilen ýakynda gitjek bolňan ölümine taýýarlanýardy.

Daş-töweregindäki ynsanlara gynanýardy we olaryň ölçegsiz, biderek hal-hereketlerinden ynjalyksyz bolýardy. Onuň durmuşa we hadysalara garaýşy şeýle bir üýtgäpdi welin, ahyret durmuşyna ters bolan haýsydyr bir pikir, bir garaýyş we bir hal-hereket ony ynjalykdan gaçyryp, oňa rahatsyzlyk berýärdi. Çünki Mehmet käbir hakykatlara ynanmak bilen çäklenmän, göýä olary duýup ýaşaýan ýalydy. Başga hili hereket ondan indi garaşylmaýardam.

Şol tomus ony öýe çagyrdym. Oturyp biraz gürrüňleşdik. Mehmet dogrudan hem ýetip bolmajak, arassa we tämiz ýaş ýigide öwrülipdi. Uzynly gününi Alla we ahyret üçin aýyrýardy. Kämahal ony saklajak bolsam:

– Ýoldaş mugallym! Men mundan hem has köpüsini etmeli. Meniň günlerim köp. Şonuň üçinem durmazlygym, ýatmazlygym we uklamazlygym gerek. Ýogsa ebedi durmuş howpa girer. Bu synagda dostluklar gabyryň gapysyna çenlidir. Müňkir we nekir perişdelerine hasabyny men berýärin. Beýlekileriň dostlugy we ýaranlygy ol ýerde ýöremeýär. Eger beýle bolsa men nädip durup bilerin? Meni halas etjek zat diňe meniň ybadatlarym bolar. Jenneti gazanmak ebedi bir ýaşaýşa we bagta ýetmek üçin köp tolgundyrýar.

Emma esasy tolgundyrýan zat, onuň üçin ençeme ömrümi gurban etmäge taýýar bolan Pygamberimize (a.s.m.) gowuşmakdyr. Şeýle hem meniň hakyky bir toba etmegime we iman hakykatlaryna ýetmegime sebäp bolan Risaleý-i Nur eserileriniň awtory Bediguzzaman Said Nursi hezretlerini görmek, onuň ellerini öpmek kesgitlemesiz bir lezzet berýär. Bu mübärek ynsanlar bolmasa jennet hem ynsany doýurmazmyka diýýärin.

Ol ajaýyp bir syra gowşupdy. Göýä öňündäki synag perdeleri aýrylyp, bilip we duýup gepleýän ýalydy.

Düzjeli Mehmediň „ölüm” bilen baglanyşykly aýdan şu sözlerini bolsa, öz magnawy taýdan gelen ýerini örän gowy gysgaldýardy:

— Ýoldaş mugallym! Men öňler ölümden, jynazadan, mazardan, metjitlerde okalýan salawatdan we ölümi ýatlatjak ähli zatdan gorkýardym. Ölümden gorkýandygym üçin hem Alla, pygamber, Kur’an we ahyret ýaly zatlary (Alla saklasyn) inkär edip, halas bolmak isleýärdim. Göýä ynanmazlyk bilen ölümiň we ahyrete degişli jogapkärçilik ýakamy goýberer diýip pikir ederdim.

Gije ýatanymda iň gorkýan zadym garaňkylykdy. Garaňkylyk maňa ölümi we mazary ýatladýardy.

Men durmuşa birperwaý garamak, düzgün-tertipsiz, kada-kanunsyz ýaşamak we ynanmak bilen göýä özümiň dünýädäki barlygymy inkär edip unudylmak we bu ölüm hasabyna goşulmazlyk isleýärdim. Bu bir manyda gullukdan gaçyşdy. Ýagny Alla we ahyrete ynanmazlyk, ölmäge päsgel ýaly bolup görünýärdi. Emma ynanmazlygyň ölmäge däl-de, jennete girmäge päsgeldigine soň düşünip galdym.

Hudaýa şükür, indi ölmezden öňürti ölümi söýmäge başladym. Ölüm, ajal, mazar we ahyret, dostlaryma, ýaranlaryma we ebedi durmuşa, huzura gowuşmak üçin bir menzil, bir araçy we bir bilet eken. Ynsanlaryň iň söýgüli dostuna gowuşdyrjak ölümden gaçylarmy? Ölüm meni Alla, pygambere we ýene birnäçe ýagşyzadalara gowuşdyrar. Şonuň üçinem ölümi söýýärin we ondan hiç gorkmaýaryn.

Men Risaleý-i Nur kitaplaryndan ölüm bilen baglanyşykly şu hakykatlary okanymdan soň, ölüme bolan garaýşym üýtgedi. Men göýä ölümi söýmäge başladym. Ölüm bilen baglanyşykly ýat tutan sözlerim şulardy:

„Eý biçäreler! Mazarystana göçen mahalyňyz: „Wah! Mal-mülkümiz harap bolup, işlerimiz dargady, bu ajaýyp we giň dünýäden gidip, dar bir topraga girdik” diýmäň, perýat edip näumyt bolmaň... Çünki siziň hemme zadyňyz goralýandyr. Her bir eden amalyňyz ýazylandyr. Her bir hyzmatyňyz bellige alnandyr. Eden hyzmatlaryňyzyň sylagyny berjek we ähli haýyr zatlary elinde we her haýry ýerine ýetirip biljek bir Zat-y Zuljelal (Allatagala) sizi çekip, ýeriň aşagynda (mazarda) wagtlaýynça saklar. Soň ýanyna alar. Siz nähili bagtlysyňyz hyzmatyňyzy we wezipäňizi ýerine ýetirdiňiz. Zähmetiňiz gutardy, rahatlyga we ahyrete gidýärsiňiz. Hyzmat, muşakgat gutardy, indi siz hakyňyzy almaga gidýärsiňiz”. (Mektubat).

„Eý ynsan! Eden hyzmatyň, eden ubudiýetiň (gullugyň) boşuna gitmez... Seniň bu pany dünýäňe derek, baky bir jennet saňa garaşýar. Ybadat eden we ykrar eden Halyk-y Zuljelalyň wadasyna iman et we ynam bildiň!”. (Mektubat).

„Eý ynsan! Öleniňden soň panylyga, ýokluga, hiçlige, zulmata (soňsuz garaňkylyga), unudylmaga, günäkärçilige, dargalmaga we kesretde bogulmaga gidýändiris öýdüp, pikir etmäň. Siz pany bolmaga däl, baky ýaşamaga gidýärsiňiz. Ýok bolmaýa däl, baky barlyga iberilýärsiňiz. Zulmata däl, nur älemine girýärsiňiz. Pyraga (aýralyga) däl, wysala (gowuşmaga) ýönelensiňiz”. (Mekbubat).

„Ölüm bilen baglanyşykly şu sözler meni has hem arkaýynladypdy. Ölüm dara çekilmek däl, aýralyk däl, belki ebedi durmuşyň mukaddimesi, başlangyjydyr. Ýaşaýyş wezipesiniň külpetden dynç alyşdyr, bir rugsatdyr, mekan üýtgetmedir. Berzah älemine göçen taýifeý-i ahbaba” (ýagşyzadalaryň toparyna) gowuşmakdyr”. (Mekbubat).

Ine, hakyky iman, kämil iman, görüp, okap, duýup we düşünip iman etmek bu bolmaly...

Mehmet bu imanyň we bu ynanjyň tolgunmasy bilen şeýle bir äleme giripdi welin, özüne höwes edýändigimizi bilýärdi. Başgaça aýdanyňda, höwes ediljek bir magnawy makamy bardy. Men muny gören düýşlerini gürrüň berende göz ýetirdim.

Ol şeýle düýşler görýärdi. Şeýle zatlary duýýardy we imanyň şeýle bir lezzetini we kämilligini ýaşaýardy welin, daş-töweregindäki dünýäni, ynsanlary we wakalary görmeýärdi.

Öňler talybym bolan Mehmedi, indi bir talybym hökmünde däl-de, aýdýan zatlaryny we gürrüňlerini diňlemekden uly lezzet alýan, ýetişen we kämil bir ynsan hökmünde görýärdim. Indi ol biziň talybymyz däl, biz onuň talyby hökmündedik.

Uzyn saçly, boýny we gollary ýalan zynatlar bilen doly, geň-täsin eşik we adaty däl diýer ýaly derejede özüni alyp barşy, biperwaý we kada-kanunsyz şahsyýeti bilen meşhur bolan Mehmet, oturyşy, turuşy, sözi bilen ajaýyp, möhüm we täsirli netijeleri we garaýyşlary bilen daş-töweregindäkilere görelde bolýardy.