USSAT

Başy » Düzjeli Mehmet » USSAT

Köňlüňden goparyp, aýyrma meni,

Men sensiz ýaşaman, bilip goý ussat.

Dört göz bilen garaşdym, saba gelmegiňi,

Elmydam bagtly bol, gülüp gez ussat.

 

Seniň bilen tapdym, lezzet-huzury,

Sensiz durmuş öli, erbet gup-gury,

Kalbymyň azygy, aklymyň nury,

Sen bir gujak açýan, ojaksyň ussat.

 

Kalbyma söýgüden bir tohum atdyň,

Ruhuma imandan bir maýa gatdyň,

Meň halasym üçin, köp meýil etdiň,

Sogabyn Alladan alarsyň ussat.

 

Maksatsyz, başy boş durmuşym bardy,

Ruhumda harasat, dünýämem dardy

Kakam köp gynanyp,enem aglardy,

Meni halas etdiň, bilip goý ýassat.

 

Adam bolmazlary sen adam etdiň,

Her derde ylgatdyň, her zada ýetdiň,

Ömrüňi sen bu ugurda sarp etdiň,

Inşalla, jaýyň jennetdir ussat.

 

 Bu gözel goşgyny özüm üçin däl, belki müňlerçe, ýüz müňlerçe ynsanyň magnawy usady bolan Kur’an tefsiri Risaleý-i Nur külliýatynyň (ýygyndysynyň) adyna kabul etdim. Çünki Mehmetiň hakykatlary tapmagyna we toba gelmegine bu eserler sebäp bolupdy.

 Şonuň üçinem, elbetde bu şygyrdaky „ussat” hem men däldim.