MEHMEDIŇ BIR GÜNLÜK MEÝILNAMASY

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMEDIŇ BIR GÜNLÜK MEÝILNAMASY

Ulag heläkçiligi Mehmediň durmuşynda örän çuň, möhüm we ybratly yzlar goýupdy. Göýä ähli durmuşyny täzeden gözden geçirmegine, täzeden meýilleşdirmegine we täze bir garaýyş nukdaýnazary bilen täzeden ýola goýmagyna sebäp bolupdy. Onuň keselhanada gören ol ybratly hadysasynyň hemmesi, onuň maňa gürrüň berişi ýaly dälmikä öýdýän. Onuň maňa gürrüň bermedik we özünde syr hökmünde saklaýan örän möhüm zatlary we örän geň-täsin wakalary bar bolmaly.

 Onuň bilen bile bolan günlerimde günlük meýilnamasy meniň ünsümi çekipdi. Bu günlük meýilnamasynda şular bardy:

1.  Bir günde dört sagat uky.

2.  Her gün kaza namazlaryny okamak we hepdede 5 gün kaza orazasyny tutmak.

3.  Günde iki wagtyna iýip-içmek.

4.  Her gün bir para (20 sahypa) Kur’an-y Kerim okamak.

5.  Iki günde bir gezek uly jewşeni hatym etmek.

6.  Günde ýüz sahypa Kur’an tefsirini (Risaleý-i Nur) okamak we fykh ylymlaryny öwrenmek.

 Bu her bir adamyň ýerine ýetirip bilmejek kyn meýilnamasydy. Göýä ölüme, ahyrete howlugýan ýaly ähli wagtyny gulluk üçin we goýberen ybadatlary üçin aýyran ýalydy. Göýä bu howlukmaçlyk oňa zerur ýalydy we muny duýýan ýalydy. Aslyýetinde her bir adamyň ölüme we ahyrete howlumaçlygy bardyr. Çünki islendik mahal öňüne çykma ähtimallygy bar bolan ölüm we ajal bilen bile ýaşaýarys. Ine, Mehmet muňa doly göz ýetiripdi.

 Mehmet bilen häli-şindi gatnaşyp durduk. Onuň bilen yzygiderli jaňlaşyp, biri-birimizden habardar bolýardyk. Bu jaňlar bilen Mehmet özüne has beýik we tämiz duýgularyny beýan edýärdi. Göýä gulluk wezipelerim bilen baglanyşykly maňa dersler berýän ýalydy. Aýratyn hem juma günleri, juma namazyndan öňürti maňa jaň edip, juma namazymy gutlamagy we örün ýagşy doga-dilegler etmegi özüne bir däp ýagdaýyna getiren ýalydy.

 Mehmet bilen jaňlaşýarkam onuň sözlerinden, ses äheňinden, mylaýymlygyndan we sözleýiş görnüşinden çäksiz lezzet alýardym. Käbir sözleýiş usullarynyň ynsana rahatlyk we çuň dynç berişi ýaly, Mehmediň hem şolar ýaly sözleýişňäheňi bardy.