MEHMEDIŇ ÝER TITREME BOLAN GÜNI JUMA NAMAZYNDA BAŞYNDAN GEÇIREN TÄSIN WAKALARY

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMEDIŇ ÝER TITREME BOLAN GÜNI JUMA NAMAZYNDA BAŞYNDAN GEÇIREN TÄSIN WAKALARY

Men Mehmet bilen iň soňky gezek 1999-njy ýylyň Noýabr (Sanjar) aýynyň 12-sine juma güni juma namazyndan soň telefonda gürleşipdim. Ol maňa Düzjeden jaň edipdi. Men şol mahal Tokat şäheriniň Turhal etrabynda hormatly mugallym kärdeşlerim Nurettin Pala we Hakky Kalaýjy dagylaryň myhmanydym. Mehmet bilen telefondaky gürleşmämiz uzaga çekipdi.

     Mehmet:

— Ýoldaş mugallym, men dogan garyndaşlarymy we maşgalamy göreýin diýip Düzjä geldim — diýdi.

         Ol maňa jübi telefonyndan jaň edýändigi üçin men gürleşmegiň köpe çekmezligi üçin juma güni we juma namazy bilen gutlap, ýürekden doga-dileglerimi we arzuw-isleglerimi aýdyp, minnetdarlyk bildirip telefony goýmakçy boldum.

         Ýöne ol telefony goýmak we aýrylmak islemeýärdi. Men onuň örän möhüm bir zat aýtjak bolýandygyny aňdym. Ol:

— Ýoldaş mugallym! Bu juma namazy başga bir namaz body. Men ömrümde munuň ýaly namaz okap görmedim — diýdi. Men:

— O nähili? — diýip, geň galyp soradym. Ol duýguly täsirli we mylaýym doly ses äheňi bilen çuň we uludan dem alyp:

— Düýbünden başga bir namazdy — diýip gaýtalady.

 Men onuň sesiniň titreýändigine, sözleriniň bölünip ykýandygyna göz ýetirdim. Ol tolgunýardy. Aglamazlyk we hynçgyrygyny saklamak üçin köp ýuwdunýardy. Men uly gaýga batdym. Mehmedi beýle dereje tolgundyran we duýgulandyran juma namazynda nämeler bolup geçýärkä? Men:

— Mehmet! Özüňi ele al, hany... Meni hem tolgundyrýarsyň. Alla kabul etsin. Juma namazynda näme boldy, hany gürrüň ber, seni diňleýärin — diýdim.

 Ol uludan dem alyp, demini dürsemäge synanyşdy, soň bolsa:

— Ýoldaş mugallym! Her bir gören zadymy aýtmak nähili zat, bilmeýärin. Jogapkär ýagdaýa düşermikäm bilemok! — diýdi.

 Meniň howsalam has hem artýardy. Men:

— Näme boldy? Her gören zadyňy aýtmak diýýäniň näme? Ikirjiňlener ýaly näme gördüň? — diýdim. Ol birden hynçgyrmaga başlady we maňa:

—Nämeler görmedim! Mugallym nämeler boldy bu juma namazynda nämeler, göýä başga bir äleme giden ýaly boldum. Men başga bir älemi ýaşadym — diýdi.

 Onuň hynçgyryklary gitdigiçe artýardy. Telefonyň bir ujunda men, beýleki ujundan Mehmet, ikimiz hem gözýaş dökýärdik. Men möhüm bir zadyň bolup geçendigine göz ýetirdim. Mehmet ýene-de meni haýran galdyrmaga, tolgundyrmaga we örän ybratly bir hadysa bilen maňa möhüm dersler bermäge taýýarlanýardy.

 Mehmediň ol arassa kalby we sap duýgulary bilen gözleriň görüp bilmejek belent zatlary görendigini pikir edýärdim. Çünki Mehmet şeýle bir magnawy makama ýetipdi welin, ol makamda köp zatlary görüp bilýärdi. Ýöne özi, özüniň nirelerdedigini bilmeýärdi.

         Hynçgyryklary biraz ýatyşansoň:

— Mehmet seni diňleýärin. Maňa hökman gürrüň bermelisiň. Çünki seniň başdan geçirenleriňden ybrat aljak birnäçe ynsan bar. Hatda gürrüň bermeseň jogapkär bolarsyň —diýip özelendim.

 Ol özüne mahsus lezzetli we täsirli bir ses äheňi bilen gürrüň berip başlady:

 — Juma namazy üçin metjide girdim. Metjidiň çep tarapynda boş bir ýer tapyp oturdym. Wagyzçy ymam gowy zatlary gürrüň berýärdi. Ol gürrüň berip durka men hem öz dünýäme siňip gitdim.

     Mehmet yzyny aýtmakda ikirjiňlendi. Men:

     — Ýeri onsoň? — diýip soradym.

 — Soň öz dünýämde bir ýolagçylyk başlady. Bu ýolagçylygy nädip aýtmasamkam, mugallym?.

 Ýene-de sesi titräp başlady.

— Nähili bolandygyny bilmedik we düşünmedik bu ýolagçylygymda öňümden bütin belentligi zynaty bilen Käbe çykdy — diýip dowam etdirdi.

 — Men özümi şol ajaýyp köpçüligiň içinde gördüm. Ol ýerde juma namazynda sap tutdym. Ol joşgunlylygy size gürrüň berip bilmeýärin. Namazdan soň seretsem Käbäniň içine tarap bir gapy açylyp, käbir adamlar ol ýere gidýärdiler. Ýöne ol ýere hemmeleri salmaýardylar. Men hem synanyşyp göreýin, ol ýerde näme barka diýip, gapa tarap ýöredim. Gapa girenimde, görsem meniň iň söýýän we gowy tanaýan bir adamym gapynyň öňünde dur. Ony görüp, ikimiz gujaklaşdyk. Ol maňa:

— Gel, içeri gir Mehmet, seret nämeler görňärsiň — diýdi.

 Men tolgunma bilen içeri girdim. Görsem äpet köşk ýaly bir ýer. Öňümde köpçülik, köpçüligiň öňünde hem oturgyçlar bar, başda Pygamberimiz (a.s.m.), hezreti Ebu Bekir, hezreti Omar we beýleki ýagşyzadalar we Bediguzzaman Said Nursi hezreteri.

 Men içeri girenimden soň Bediguzzman Said Nursi hezretleri maňa yşarat edip ýanyna çagyrdy:

— Hoş geldiň doganym Mehmet! — diýip elimden tutdy we pygamberimiziň (a.s.m.) ýanyna getirdi:

—Ýa Resulalla, ine Mehmet budur — diýdi.

 Pygamberimiz (a.s.m.) başymy sypalady, men hem onuň mübärek ellerinden öpdüm. Pygamberimiz ýüzüme mähir bilen seredip, maňa diňe:

— Maşalla (berekella) — diýdi.

 Şol mahal metjitde azanynyň sesini eşitdim we özüme geldim. Görsem Düzjede metjitde ekenim.

Bu ýolagçylyk bir hyýalmydy, bilmeýärin ýoldaş mugallym. Ýöne ol ýerdäki mübärek howanyň bagyrlaryma siňendigini duýdum. Elim degende gyzgynlygyny duýdum. Men:

— Mehmet, men seni gutlaýaryn — diýdim. Soň ikimiz hem aglamaga başladyk. Biraz wagtdan soň hem:

— Metjitde hem başga jemagat bardy, ýoldaş mugallym! — diýip, Mehmet içini çekip gürrüň bermäge başlady. Men:

—    Nähili jemagat? — diýip soradym. Ol:

—    Düýbünden başga bir jemagat bardy. Henize çenli beýle bir metjit jemagatyny görmändim. Aýratyn hem metjidiň sag tarapyny doldurypdylar. Eşikleri birmeňzeşdi, namazyň okalyş düzgünlerini kämil derejede ýerine ýetirip, oturyşlary, agraslylyklary ünsleri özlerine çekýärdi.

 Men öňürti bu adamlaryň bu tarykata eýe bolan sopy jemagatydyr öýtdüm. Ýöne beýle däldi. Olar özlerini adatdan daşary görnüşde we örän kämil alyp barýardylar.

Ol namazdan alan lezzetimi gürrüň bermek mümkin däl. Kalbyüaüýtgeşik bir rahatlyk ornaşypdy. Namaz boýunça aglap oturdym. Men beýle namaz, beýle jemagat görmändim. Beýle bir magnawy howadan hem dem alyp görmändim.

Mehmet özüni bilmeýärdi, ýöne onuň iç dünýäsinde we köňül yklymynda örän mukaddes we beýik hadysalar bolup geçýärdi. Bu zatlar Mehmediň başdan geçiren magnawy beýikliginiň alamatlarydy. Men indi onuň perişdeler, weliler we şehitler bilen namaz okaýandygyna ynanýardym.

Men Mehmedi artykmaç duýgulandyryp, tolgundyrmazlyk üçin ýene-de bir gezek telefon gepleşigimizi kesmek isledim.

Mehmediň maňa aýdan iň soňky sözleri şular bolupdy:

— Ýoldaş mugallym, size düýn bir hat ýazyp iberdim. Ömür gysga, belki-de indi duşuşyp bilmeris. Razy boluň, elleriňizden öpýärin.

Men hem oňa kalpdan çykan dogalarymy we ýagşy dileglerimi beýan etdim.

Biz gözýaşlary içinde we ýürek duýgularymyz bilen telefony goýduk, bu telefon gürrüňimiz Mehmet üçin göýä bir hoşlaşyk ýaly bolupdy.