DÜZJE ÝER TITREMESINIŇ HABARY, ÖÝÜŇ IÇINE GÖÝÄ BIR BOMBA ÝALY BOLUP DÜŞÜPDI

Başy » Düzjeli Mehmet » DÜZJE ÝER TITREMESINIŇ HABARY, ÖÝÜŇ IÇINE GÖÝÄ BIR BOMBA ÝALY BOLUP DÜŞÜPDI

Bu telefon gürleşmämizden soň bäş-alty sagat ýaly bir wagt geçipdi.

Men Turhalda Nurettin Pala bilen Hakky Kalaýjy dagylar bilen bilelikde agşam naharyny iýýärdim.

Şol mahal sagat 20:00 bolupdy, habarlar berilýärdi.

Ilkinji habar göýä öýüň içine bir bomba ýaly bolup düşüpdi. Düzjede 7,4 ölçeginde ýer titremesi bolandygy habaryny eşidip, üstüme sowuk suw guýulan ýaly boldum, aklym çaşdy.

Elbetde ilkinji bolup kelläme gelen zat bäş-alty sagat öňürti telefonda uzak mahallap gürleşmek bilen dertleşenim, aglaşanym we hatda hoşlaşanym Mehmet boldy.

Men birden: „Mehmet!” diýipdirin.

Nahar başynda oturanlar haýran galdylar. Habaryň täsirinden ýaňa mowzugy açmadym, tolgunma we gorky bilen habarlara seretdim.

Wah, Mehmet! Wah! Sen aýlardan bäri bir ýerlere tarap ylgaýan ýaly gidýärdiň. Ölüm we gabyr... Her hereketiň, her bir sözüň, her tolgunmaň we her gözýaşyň bu hakykaty aňladýardy. Göýä muny daş-töweregiňe eşitdirmek üçin dyrjaşýan ýalydyň.

Men dessine telefona ýapyşdym. Ýöne mümkin däldi... Mehmede hiç hili baglanyp bilmeýärdim. Meniň tagallam iki günläp sürdi. Netije alyp bilmänimden soň, ýer titremäniň üçünji güni Düzjä gitdim.

Hemme ýerini gowy bilýän ýerim bolan Düzje şäheri ýer bilen ýegsan bolup, kyýamat magşary ýadyňa salýardy. Kimiň näme edýändigi näbellidi. „Jan bazary” diýlip aýdylýan sözüň näme many berýändigini, sözüň doly manysynda Düzjede göz ýetiripdim.

Ýykylan öýler, dagap ýatan şaýollar we köçeler, çaşyp ýatan goş-golamlar, biri-birlerini ýitiren ynsanlar, perýatlar, ah-u pyganlar...

Bu zatlara çydamak mümkin däldi. Ol ynsanlara kömek etmäge we olara bir çäre hödürlemäge giden ynsanlar hem biçäre bolup galýardylar we özleri kömege mätäç ýagdaýa gelýärdiler. Sebäbi ýagdaý şeýle bir ýakyp-ýandyrýardy welin, ynsanyň özüniň aýak üstünde durup bilmegi mümkin däldi...

Şol perýatlaryň arasynda bir ýaşulynyň şu sözleri bilen teselli bolýardym: „Alla berdi, Alla aldy. Biz bendediris, synag dünýäsindediris. Inşalla sylagyny ahyretde alarys”.

Inşalla...

Men harabalyklaryň arasyndan geçip, Mehmetleriň öýlerine gelýärdim. Şol mahala çenli bar bolan umytlarym, binanyň ýer bilen ýegsan bolandygyny görenimden soň gutardy, tükendi.

Bu binadan sag çykmak mümkin däldi. Men ol ýere baryp dyzymy ýere goýup, ýere çökdüm.