ÝER TITREÝÄN MAHALY MEHMET NAMAZ OKAÝAN EKEN

Başy » Düzjeli Mehmet » ÝER TITREÝÄN MAHALY MEHMET NAMAZ OKAÝAN EKEN

Men daş-töweregime seredip, binada ýaşaýanlara näme bolandygy barada soramak isleýärdim. Men Kämil atly bir ýaşuly adamdan soradym:

– Bu öýde meniň bir okuwçym bardy, ady Mehmetdi, oňa we maşgalasyna näme bolduka?

Ýaşuly adam, uludan demini alyp, bir ah çekip:

– Sen sorama mugallym. Ol maşgala bizi ýakyp ýandyrdy – diýdi.

Ýakyjy bu habar, meni hem ýakypdy. Birden-kä kelläme giren bir ýyldyrym göýä bütin dünýämi derbi-dagyn etdi we meni ýykyp-ýumran ýaly boldy. Belki-de ilkinji gezek erbet bir habaryň ynsany şeýle derejede bozýandygyna şaýat boldum. Üst-başym birden derläp, öl-myžžyk boldum. Diýmek erbet habar ynsany şeýle derledýär eken...

Ýaşuly adam soň şeýle gürrüň berdi:

– Men ol maşgalany gowy tanaýaryn. Olar biziň daşyrak garyndaşlarymyz. Bäş ýyl töweregi goňşy bolup ýaşaýardyk. Örän gowy maşgalady. Mehmet bolsa, göýä perişde ýaly bolupdy...

Ýöne gynansagam, hemmesi bu harabaçylygyň aşagynda galdy. Jesetlerini çykarýarkak men hem bardym.

Ýaşuly adamyň gözlerine ýaş doldy we ýere oturdy.

—    Wah ogul, şu ýaşyma geldim, ýöne beýle zatlary görmedim.

Men näme boldy diýýän ýaly onuň ýüzüne seretdim. Ýaşuly adam sözlerini dowam etdirdi:

— Jesetleri çykaryp görsek, ýerde namazlyk ýazylan, ähli öý halky hem namazlygyň üstünde we Allanyň huzurynda... Iň soňky demlerini namazlygyň üstündekäler berdiler.

Ýaşuly adam çydap bilmedi we aglamaga başlady:

— Munuň ýaly gözel ölüm görmedim. Munuň ýaly zat heniz görülmedi. Munuň ýaly ölüm ýönekeý ynsanlara nesip bolmaýar. Ol maşgala üýtgeşikdi, ol maşgalada Mehmet bardy. Mehmet, ol bir perişdedi, onuň ýaly ýigit heniz görmedim.

Ýaşuly adam gözleriniň ýaşyny süpürip, dowam etdi:

— Mehmet öňünde ymam bolupdyr. Üstünde dony, kellesinde sellesi... Ejesi, kakasy, gyz we oglan dogany hem yzynda jemagat bolup dur. Mehmediň elinde Bediguzzaman Said Nursiniň Kur’an tefsiri bolan „Sözler” atly kitaby... Olar namazy okap bolup, namazlygyň üstünden turman Kur’an tefsirini okap oturan bolmaly...

Ýaşulynyň aýtmagyna görä, Mehmediň elindäki kitap açyk ýagdaýda, Mehmet hem onuň üstüne ýykylypdyr.

Örän geň galaýmaly ýeri hem, kitabyň açyk bolan ýeriniň ady „Haşyr risalasy”, ýagny ölümi, ajaly we ahyreti beýan edýän bir bölüm. Göýä ol maşgala ölüme namaz we ahyreti gürrüň berýän Kur’an tefsiri bilen giden ýaly...

Örän täsin waka, ybratly ýagdaý. Ýaşuly adam gürrüňini dowam etdirdi:

 — Jesetlere ýetip, bu ýagdaýlary görensoňlar, işgärler golaýlaşmadylar: „Bular hakyky şehit, biz bulara bu kirli ellerimiz we täretsiz ýagdaýymyz bilen degip bilmeris” diýdiler.

Soň täretli bir dindar çagyrdylar. Geldi. Jesetleri ol gujaklap aýyrdy, kitaby hem Mehmediň elleriniň arasyndan çekip aldy.

Men eşidýän zatlaryma geň galyp özümi ýitiren ýaly boldum. Göýä akyp, erän ýaly boldum.

„Ýa rebbi! Seniň magriretiň, seniň enaýatyň we seniň merhemetiň nähili beýikdir. Seni söýýän bendäňe iň beýik makamy şehitlik makamyny nesip etdiň. Biz hem bu magrifetiňe we rehmetiňe gowuşdyr! Ämin!”

Allany köp söýýän bir guluň durmuş bilen hoşlaşmagy, ölüm bilen, ajal bilen duşuşmagy, ahyrete gidişi şol durşuna ybrat alynmaly ýagdaýdy.

Allany söýmek we oňa gul bolmak göýä her bir kynçylygyň çäresi, her derdiň dermany we her öwrümiň çykyş ýoludy.

Döwlete garşy çykmak, kanunlara tabyn bolmazlyk, jemgyýete zeper ýetirmek, ynsanlara kynçylyk döretmek we ýene-de birnäçe zyýanly hal-hereketleriň „Allany tanamak we oňa gul bolmak” düşünjesi we ynanşy bilen çözüljekdiginiň iň ybratly we iň aýdyň mysaly Düzjeli Mehmetdi.

Durmuşdan öýkeli, düzgün-tertibe we kada-kanunlara garşy çykýan, jemgyýete garşy aýaga galan bir ýaş ýigidiň, nähili halas bolandygy meselesi, häzirki döwrümiziň jemgyýetçilik meseleleri bilen gyzyklanýan her bir ynsan üçin ybratdy we täsin bir wakady.

Ynsanlaryň biri-birleri bilen jebisleşmegi, döwlet-millet bitewileşmegi, hoşniýetliligiň ornaşmagy, ýaragdan, gandan we söweşden daşlaşmagy üçin, kelle, kalp we köňül terbiýesine, düzedilmegine ähmiýet berilmelidir. Bularyň ornaşygynda we ynsanyň öz içindäki, öz-özüňi gözegçiligiň emele gelmeginde Allanyň we ahyret ynanjynyň möhüm roly bardyr.

Ine, munuň iň gazaply mysaly Düzjeli Mehmetdir.

Men Düzjeden gaýdanymda, yzymda diňe bir Mehmedi däl, onuň umman ýaly giň, ömür ýaly çuň, „Arş-y agla” ýaly belent we nur ýaly ýagty dünýäsini we hatyrasyny hem ol ýerde goýup gaýdypdym.

Onuň başdan geçirenleri we gören zatlary, meniň dünýämde harasatlar turuzypdy. Indi ,ol meniň däl, men onuň okwuçysydym. Çünki onuň ýeten makamy örän belent we örän beýikdi.

Allatagala ýatan ýeriňi jennet etsin. Bize ahyretde we jennetde duşuşmagy nesip etsin.