MEHMET BILEN BAGLANYŞYKLY GÖRLEN ÖRÄN TÄSIN BIR DÜÝŞ

Başy » Düzjeli Mehmet » MEHMET BILEN BAGLANYŞYKLY GÖRLEN ÖRÄN TÄSIN BIR DÜÝŞ

Düzjeli Mehmediň wepatyndan soň, ony düýşünde gören talyplar bu düýşlerini maňa gürrüň berdiler. Bulardan örän ybratly we örän oýlandyryjy bolan birini gürrüň bermek isleýärin. Düzjeli Mehmediň dostlarynyň biri we meniň hem talybym bolan Mustafa atly bir talyp, merhum Mehmet bilen baglanyşykly şeýle bir düýş görüpdir:

„Mustafa bilen Kyrykhanda ýaşaýan hormatly alym bolan Aly Sert mugallym bilen bilelikde bir syýahata çykýarlar. Olar deňsiz-taýsyz we beýany mümkin bolmadyk ajaýyp bir ýere gidýärler. Ol ýeriň gözüni alyp barýan gözelligi göýä Mustafany özünden gidirýär. Olar:

— Bu ýer nire? — diýip soraýarlar. Olara „bu ajaýyp ýeriň Bediguzzaman Said Nursiniň we talyplaryna degişlidigi” aýdylýar.

Olar tolgunma bilen girýärler. Soň hem örän uly bir köşgüň öňünde bir köpçülik bilen duşuşýarlar. Seredýärler, görseler köpçüligiň öňünde Bediguzzaman Said Nursi we talyplary.

Bediguzzaman Said Nursi Aly Sert mugallymy mähirli garşy alýar. Mustafa hem: „Hoş geldiň Mustafa” diýip, başyny sypalaýar.

Bediguzzaman Said Nursiniň ýanynda talyplaryndan Zubeýr Gündizalp, Baýram Ýüksel we Hulusy Ýahýagil dagylar bar eken.

Şol mahal Düzjeli Mehmet görünýär. Düzjeli Mehmet Zubeýr Gündizalpyň ýanynda, göýä ondan pena isleýän we onuň hematynda ýaly garaşyp dur eken.

Düzjeli Mehmet Mustafany hem ol ýerde gören soň ony gujaklaýar. Bediguzzaman Said Nursiniň talyby Zübeýr Gündizalp Düzjeli Mehmede seredip, Aly Sert mugallymy görkezip: „Seret Mehmet. Bu kişi uly alym we uly hormata eýedir. Şeýle hem ol seniň ussadyň ussadydyr” diýýar.

Düzjeli Mehmet hem uly şatlygyň içinde gezip, Aly Sert mugallymyň elinden öpýär, ussadyna salam iberýär. Mustafa Düzjeli Mehmediň ýanyna gelip:

— Biz saňa gynandyk, köp agladyk. Seniň we maşgalaň ölümi hemmeleri gynandyrdy — diýýär. Onda Düzjeli Mehmet:

— Hemmeler maňa öldi diýýärler. Seret men ölmedim. Biz bütin maşgalamyz bilen ussadymyz Bediguzzaman Said Nursini zyýarat etmek üçin geldik. Maşgalam hem bu ýerde. Bu möwsümi bu ýerde geçirip, ýene-de gaýdyp barjak. Dostlaryma, mugallyma salam aýt, biz ölmedik, ýaşaýarys. Olary göresim gelýär. Ýene-de gaýdyp baryp görüşeris — diýýär.

Mustafa Düzjeli bilen gepleşýärkä oýanýar.

Ömrüni inkär we akmaklyk içinde geçiren bir ýigidiň, Kur’an we iman hakykatlaryny ykrar edensoň, nädip özüne we jemgyýete haýyrly bir ynsandygy, toba edendigi, şehit bolandygy, kimlere dost we ýoldaşdygy meselesi ynsanlara doly bir ybrat dersidir. Bu dersi hemmämizi hem mätäçlik çekýändiris.