Kiçi kitapçanyň içindäki owadan nesihatlar

Başy » Kiçi kitapçanyň içindäki owadan nesihatlar

«NESIHATUL JEMILE FI RYSALATYS SAGYRA» ýagny «KIÇI KITAPÇANYŇ IÇINDÄKI OWADAN NESIHATLAR»

Bismillä: hyrrahmä: nyrrahy:m.

Kичи китапчаның ичиндәки овадан несихатлар
1-nji nesihat:

Pygamber  aleýhissalamyň Hezreti Ala beren alty nesihaty:
   Pygamber aleýhissalam Hezreti Aly razyýallahu anha garap:
   -Eý, Aly! Alty ýüz müň goýun isleýäňmi ýa-da alty ýüz müň altyn isleýäňmi ýa-da alty ýüz müň nesihat isleýäňmi?-diýip sorady. Hezreti Aly razyýallahu anhu:
   -ÝA Resulallah! Alty ýüz müň nesihat isleýärin-diýip, jogap berdi. Şonda Pygamber aleýhissalam:
   -Eý, Aly! Şu alty nesihata uýsaň, amal etseň, alty ýüz müň nesihata uýan ýaly bolarsyň-diýdi.
1. Adamlar näfile (nepil) amallar bilen meşgul bolýan mahaly sen parz, wajyp, sünnet  işleriň bilen bol.
2. Her kim dünýä bilen meşgul bolan wagtynda sen Allah- tagalany zikir et (ýatla), ýagny diniň bilen meşgul bol. Dine görä ýaşa, dine görä işle (gazanç et), mal-mülki  dine görä harç et.
3. Adamlar biri-biriniň aýyplaryny gözleýän wagtlary, sen öz aýbyňy gözle.
4. Her kim dünýäsini zynatlaýan (owadanlaýan) mahaly sen diniňi zynatla.
5. Her kim halka ýakynlaşmak üçin wasyta (araçy) gözleýän wagty sen Haka ýakynlaşmak üçin wasyta gözle.
6. Her kim amalynyň köp bolmagyny islän wagty sen amalyň köp bolmagyny däl-de, belki yhlasly bolmagyna dykgat et.


2-nji nesihat:

Ony Lukman Hekimiň dilinden eşideliň. Lukman Hekimiň  öwüt we nesihatlary kändir, ýöne biz şol nesihatlaryň içinden otuz üç nesihaty saýlap aldyk. Eger hemmesini alsak, kiçijik kitapçamyz uly kitap boljak.
1) Eý, ogul! Takwaçylygy özüňe gazançly bir kär bil.Çünki,  beýle gazançly kär bilen kän zady ele salarsyň.
2) Eý, ogul! Irden ukudan  horazyň sesi bilen oýan. Çünki, horaz sen ukuda mahalyň  dünýäni seslendirip, adamlary oýarar.
3) Eý, ogul! Tobany gijikdirme. Çünki ölüm tiz geler.
4) Eý, ogul! Şu mahala çenli dymmaklykdan hiç zyýan görmedim. Çünki geplemek kümüş bolsa, dymmaklyk altyndyr.
5) Eý, ogul! Alymlaryň  mejlisine gatnaşyp dur, hikmetli adamlaryň  söhbetini diňle. Çünki ALLAHU TAGALA gury topragy ýagmyr bilen janlandyrýan bolsa, ölen kalplary-da hikmetli sözler bilen direldýändir.
6) Eý, ogul! Şeýle bir zaman geler. Sabyrly ynsanlaryň ýüzleri gülmez.
7) Eý, ogul! Gatnaşjak mejlisiňi bilgin. Eger şol mejlisde ALLAHU TAGALA ýatlanýan bolsa oturyber. Eger alym bolsaň-a, ylmyňy artdyrar, nadan bolsaňam täze bir zady öwrenersiň. Ol mejlise inen rahmetden senem paýyňy alarsyň. Eger ol ALLAH TAGALANYŇ ýatlanmaýan mejlisi bolsa, onda oňa hiç goşulma. Çünki alymam bolsaň, nadanam bolsaň, zyýan görersiň, hem-de şol mejlise ýagjak ilähi gazapdan senem paýyňy alarsyň.
8) Eý, ogul! Saçagyňa takwa kişileri çagyr.
9) Eý, ogul! Dünýä düýpsiz deňizdir, onda niçeler gark bolandyr. Onuň  üçin takwalykdan bir gämi edin, içine imanyňy ýükle. Töwekgel ýelkeniňi aç. Şu ýagdaýda sag-salamat ýol alarsyň,  kenara tiz çykarsyň                                                            
10) Eý, ogul! Men niçe agyr ýük daşadym, ýöne erbet goňşy ýaly agyr ýüke gabat gelmedim. Niçe ajylary  datdym, ýöne garyplyk ýaly beter ajy zady datmadym.
11) Eý, ogul! Her bir işiňde ylymly we tejribeli adamlardan maslahat sora. Olaryň  pikirini kabul et.
12) Eý, ogul! Diliňi “Eý, ALLAHYM! Meni bagyşla (ýagny estagfirullah)” diýmeklige endik etdir. Çünki şeýle bir pursatlar bardyr, yzyna gaýdyp gelmez . Isläniňi berer.
13) Eý, ogul! ALLAHU TAGALADAN günä işlemeklige ýagdaýyň bolmaz ýaly zat isle, we ALLAHU TAGALANYŇ  , rahmetinden hiç bir wagt umydyň  kesilmez ýaly gork.
14) Eý, ogul! Eger bir üýşmeleňe gitseň, öňürti olara yslam okuny at, ýagny olara salam ber. Soňra bir gyra geç-de otur. Eger ol jemagatlar gürleşmän oturan bolsalar, sen-hem gürleme. Belki olar ALLAHY zikir edýändirler. Eger olar zikir edýän bolsalar, sen hem oňa goşul. Eger gybata geçseler, sen ol ýeri terk et.
15) Eý, ogul! Iki dünýäde bagtly bolmaklygy isleseň, oýlan . Okap dini ylym almaga gaýrat et, oka! Hiç mahal bilimli bilen bilimsiz adam deň  bolýan däldir.
16) Eý, ogul! Howlukma, sabyrly bol! Çünki äwmek şeýtandandyr.
17) Eý, ogul! Ahlagyňy düzelt! Dostuňa-da, duşmanyňa-da güler ýüzli bol.
18) Eý, ogul! Her zadyň haýyrlysy bolan orta ýoly saýlagyn.
19) Eý, ogul! Ýolda ýöräp barýarkaň, ýüzüňi-gözüňi eýläk-beýläk bakdyrma. Köňlüň  waswasada galmasyn.
20) Eý, ogul! Eger sen bir üýşmeleňde bolanyňda, jemagat dik dursa, sen hem oturma. Emma otursalar sen hem oturyber.
21) Eý, ogul! Sakalyňy oýnama, barmagyňy burnuňa sokma, (hajatsyz köpçülikde) ýollara tüýkürme. Sesli burnuňy sümgürme.
22) Eý, ogul! Gürlän mahalyň kän gürleme. Abraýyňa zyýan geler. Gürleşýän mahalyň başgalaryny utandyrma.
23) Eý, ogul! Dini düşünjesi bolmadyk adam bilen dawa etme.
24) Eý, ogul! Ejizligiňi we garyplygyňy hiç kime, hatda maşgalaňa-da bildirme. Çünki olaryň ýanynda abraýyň peselmesin .
25) Eý, ogul! Bir adamyň öýünde mysapyr galan zamanyň gözüňe dykkat et. Her tarapa bakyp durma.
26) Eý, ogul! Amanata hyýanat etmekden eliňi çek.
27) Eý, ogul! Köp sadaka ber. Mal söýgüsini köňlüňden çykar.
28) Eý, ogul! Dogruçyl bol. ALLAHTAGALADAN gelen kynçylyklara razy bol.
29) Eý, ogul! Ylymda, takwalykda ýa-da başga bir zatlarda senden üstün adamlaryň ýanynda diliňi sakla.
30) Eý, ogul! Seniň gowulygyňy isleýän dostlaryň öwüt-nesihatlaryny janyň-teniň bilen diňle we kabul et.
31) Eý, ogul! Adamlaryň ýüreginden turjak bol. ALLAHU TAGALANYŇ rahmetinden umydyňy kesme.
32) Eý, ogul! Äşgärlikde we ýalňyzlykda hem  gowy boljak bol. Barlyk ýoklukdan, akyllylyk serhoşlykdan gowudyr. Bir zady wagtyndan öň isleme.
33) Eý, ogul! Iýip-içmekden öň eliňi ýuw. Bu ýagdaý garyplygy gidirer we gözüňe kuwwat berer. Kän iýmek ýüregiňe gatylyk we gaflat getirer. Ybadatda ýaltalyga sebäp bolar. Iýip-içmegiňden öň “bismilläh”, soňunda “elhamdulilläh”, ortasynda nygmatyň ALLAHU TAGALADAN gelenini ýatla. Bir eliň bilen çörek döwme. Bu ýagdaý tekepbirleriň alamatydyr. Nahardan öň  we soň duz datmak birnäçe hassalyga dermandyr. Lukmany iýeniňde az al we köp çeýne. Mysapyr gelse, nahary uly jama guý. Berekete sebäp bolar. Nahar iýeniňde öz öňüňden al. Naharyň we tabagyň ortasyndan alma. Eliňden çörek owuntyklaryny gaçyranyňda çöple we iý. Gyzgyn nahary sowatmak üçin nahara üfleme, sowaýança garaş. Nahary howlukman iý. Hurma, üzüm ýaly däneli üzümleri bir-birden iý, iki-ikiden iýme. Şänik we gabyklary bir tarapa üýşür. Nahar arasynda suwy kän içme. Suw içýän mahalyň suw gabyna seret, içine bir zat gaçan bolmasyn. Suw içeniňde arasyny üç gezek kesip  iç. Nahara ilden öň el uzatma. Nahar iýýän mahalyň gowy zatlaryň  gürrüňini et.
   Hezreti Lukman Hekimiň Soran adyndaky ogluna eden nesihatlary we wesetleri tamam boldy.

 
3-nji nesihat: 

Hezreti Ebu Bekir Syddyk razyallahu anhunyň (Allahu Tagala ondan razy bolsun) eden nesihatlarydyr. Hezreti Ebu Bekiriň eden wesetleri we nesihatlary kändir, ýöne biz şolaryň içinden on ýedi weseti saýladyk:
1.    Özüňe gabyr däl-de, özüňi gabra (ölüme) taýynla.
2.    Gabyra taýýarlyksyz giren adam deňze gämisiz çykan ýalydyr.
3.    Zulum, hile we wepasyzlyk kimde bolsa, zyýany ýene onuň özüne geler.
4.    Kitaplar akylly kişileriň bakjasydyr.  
5.    Nadan adam şeýtanyň oýunjagydyr.
6.    Goňşyň bilen dawa etme. Mysapyr adam gider, emma ol galar.
7.    Takwa bolmaklyk akylly edilen işleriň iň gözelidir.
8.    Allahtagalanyň öňünde  günäkär bolmaklyk akylsyz edilen işleriň iň erbedidir.
9.    Berlen amanat zady yzyna gaýtarmak iň gowy ýagşylykdyr.
10.     Zulum edilen adamyň bet dogasyndan gorkuň.
11.     Ölümi özüňe söýdür. Ol haçanam bolsa geljekdir.
12.     Sabyr ediň. Her bir işiň başy sabyrdyr.
13.     Parz eda bolmasa (bitmese), nepil kabul bolmaz.
14.     Allahu Tagala daşyňy görşi ýaly içiňi-de görýändir.
15.     Haky (ýagny Hudaýy) tanaýanlaryň guly (hyzmatçysy) bolgun.
16.     Gizlin we äşgärlikde Hudaý Tagaladan gorkuň. Allahu Tagala özünden gorkana gutulmagyň gapysyny açar.
17.     Soňuň gowulygy öňüň gowulygy ýaly bolar.


4-nji nesihat:

Hezreti Omar razyýallahu anhunyň aýdan wesetleri we nesihatlarydyr. Bu eziziňem wesetleri kändir, ýöne biz şol nesihatlaryň  içinden on bäşisini saýladyk:
1.    Adamlaryň iň nadany ahyretini dünýäsi üçin satanydyr.
2.    Köp gürlemek, köp ýalan sözlemek we köp gülmek haýany azaldar.
3.    Şükür etmek nygmaty artdyrar.
4.    Maňa aýplarymy aýdyň.
5.    Her gün “pylança adam öldi” diýler. Bir gün geler “Hezreti Omaram öldi” diýerler.
6.    Saňa erbetlik edenlerden uzak dur. Az-da bolsa, dogruçyl dost edingin.
7.    Gerekmejek zatlar hakynda sorag sorama. Çünki boş zatlara meşgul bolanlardan  bolarsyň.
8.    Ýalandan kasam içmegi ähmiýetsiz görme. Bir gün Allahu Tagala seni heläk eder.
9.    Erbetligi öwrenmezlik üçin erbetler bilen dost bolma.
10.     Ybadat edeniňde pespäl bol.
11.     Günä iş etmekden  gork.
12.     Ynamsyz dostdan saklan.
13.     Allahdan gorkýandan ynamly adam ýokdur.
14.     Duşmanyňdan uzak dur.
15.     Saňa anyk bolýança musulman doganyň eden işini ýagşylyga  ýorgun.

 
5-nji nesihat: 

Hezreti Osman razyýallahu anhunyň aýdan nesihatlarydyr. Bu beýik sahabanyň hem nesihatlary köpdir. Ýöne biz içinden on bäş sany  nesihatyny aldyk:
1.    Eý, adamlar! Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmakdan saklanyň.
2.    Köp geplemek diliňi sakawladar we dostlaryňy utandyrar.
3.    Iki zat hemişe dowam eder: musybat (kynçylyklar) we mätäçlik.
4.    Eý, ynsanlar! Humar oýunlardan saklanyň.
5.    Iň soňunda barjak ýeriňiz belli, Allahdan gorkuň! Pitne çykjak we howply ýere barmaň.
6.    Hudaý Tagala Kurany Kerimde dünýä näçeräk we nähili  ähmiýet beren bolsa, sizem oňa şonçarak ähmiýet beriň.
7.    Gabyr duralgalaryň iň soňkusy, ahyret duralgalarynyň iň  owwalkysydyr. Şol ýerde (ýagny gabyrda) azap göreniň soňy erbet, ol ýerde rahat ýatanyň soňy bolsa rahatdyr.
8.    Allahtagala ynsanlary Özüni tanasyn diýip ýaratdy. Sen-de Hakdan başga bir zat isleme.
9.    Içgiden saklanyň. Ol her bir günäniň başydyr.
10.     Allah üçin işläň  we gazanyň.
11.     Dogruçyllyk bilen alyň  we  beriň.
12.     Adamlaryň iň gowusy we günäsizi Allanyň kitaby bilen ýöreýän adamdyr.
13.     Sabyr ediň,  ýogsam puşman edersiňiz.
14.     Allahdan başga zada  sygynmak bolmaz.
15.     Köp gürleýän işgäre däl, belki köp işleýän işgäre mätäçsiňiz.

 
6-njy nesihat: 

Hezreti Aly kerremallahu wejhehunyň (goý, Allahu Tagala onuň ýüzüni nurana etsin!) eden nesihatlarydyr. Bu beýik sahabanyň hem eden wesetleri we nesihatlary kändir, ýöne biz onuň otuz üç sany nesihatyny saýlap aldyk:
1.    Aýallaryň iň haýyrlysy (gowusy) ärine hyzmat edenidir.
2.    Çenini bilen kişi heläk bolmaz.
3.    Nadanlaryň kalplary dodaklarynda, alymlaryň agzy kalplaryndadyr.
4.    Alym ölse-de diridir, nadan diri bolsa-da ölüdir.
5.    Sen kakaň hakyny ödeseň, ogluň-da seniň hakyňy ödär.
6.    Ölümi unutmak kalbyň poslamagyndandyr.
7.    Ölümi ýakynlaşan adama hilesi peýda bermez.
8.    Üç sany öldürüji zady bilýärin: görüplik,hondan bärsilik, haý-höwes.
9.    Nadan öli, alym hemişe diridir.
10.     Her zadyň gowusy täzesidir, dostuň gowusy könesidir.
11.     Hakyky dost kynçylyk çeken wagtyň dadyňa ýetişenidir.
12.     Dostuň ýüregini agyrtmak- duşmanyň arzuwyny hasyl etmekdir.
13.     Gowulyk ediň! Onuň garşylygynda erbetlik (ýamanlyk) görjegiňi aklyňa getirme.
14.     Kalbyňy öwüt-nesihat bilen ýaşat, hikmet bilen aýdyňlat.
15.     Allanyň dostlary ol adamlardyrki, ynsanlar dünýäniň gözelligne höwes edip bakan zamany, olar dünýäniň iç ýüzüni (pisliklerni) görýärler.
16.     Ynsan garrap Eýesini (Rebbini) tanap bilenden soň ölmesi, çagaka ölüp hasapsyz jennete girmesinden gowudyr.
17.     Sizden gorkan zatlarymyň ilkinjisi nebsiňiziň islegine  we haý-höwesiňize uýmagyňyzdyr. Birinjisi hak ýolundan alyp galar. Ikinjisi ahyreti ýadyňyzdan çykardar.
18.     Ýürekler bir gaba meňzär. Onuň haýyrlysy, haýyr bilen doly bolanydyr.
19.     Maňa bir harp öwredeniň guly bolaryn.


 Hezreti Alynyň ölmezinden öň ogluna eden nesihatlary:


20.     Eý, ogul! Meniň saňa berjek öwütlerimiň iň gowusy (üstüni) Hudaý Tagaladan gorkmak we oňa sygynmakdyr. Onuň saňa parz eden işlerini ýerine ýetir. Atalaryň we geçmişdäki ýagşy adamlaryň yzlaryny öwren. Şolara uý.
21.     Eý, ogul! Öňki geçen milletleriň kyssalaryna seret we hekaýalaryny oka. Taryhda ynsanlaryň başyna gelen belalary we musybatlary ýatla.
22.     Eý, ogul! Gowylar bilen gatnaş. Senem gowulardan bolarsyň. Ýaramazlardan uzak dur. Şerlerinden halas bolarsyň.
23.     Eý, ogul! Işsiz gezip ýörme. Ýaltalyk ölüleriň işidir. Akyl tejribesini öwren. Tejribeleriň iň gowusy öwüt berýänidir.
24.     Eý, ogul! Allah üçin Kurana uý. Onuň bilen amal etmekde başga kişiler sizden öňde bolmasyn. Allanyň razylygy üçin namaza dykgat ediň. Namaz diniň diregidir.
25.     Eý, ogul! Allahyň hakyny öde. Onuň buýruklarynyň daşyna çykma. Allanyň zikri bilen kalbyňy direlt. Allanyň talabyny pugta tut.
26.     Eý, ogul! Ölümi ýygy-ýygy ýatla! Ölümi ýatlamak kalbyňy ýumşadar. Her zadyň ýok bolup gitjegini bil we kalbyňa ýoklukda galjagyňy bildir. Oňa dünýäniň erbetliklerini we musybatlaryny ýeke-eke ýatla.
27.     Eý, ogul! Atalaryň topraklarynda we ýaşan ýerlerinde gez! Olaryň  geçmişini yzarla. Olar näme işläpdirler? Nireden nirä we näme üçin göçüpdirler? Bulary yzarlan zamanyň olaryň ýakyn ýaranlaryndan aýrylyp, elleriniň gurbaty gidenini görersiň. Edil olar ýaly sen hem ýakynda görmedigiň we bilmedigiň ýere göçmeli bolarsyň. Şonuň üçin  geljekdäki ýeriňi şu mahaldan taýýarla we tämizle. Dünýä üçin ahyretiňi  satma.
28.     Eý, ogul! Kalbyňy öwüt we nesihat bilen ýaşat. Hikmet bilen aýdyňlat. Dünýä maly we oňa bolan söýgüňi terk etmek bilen nebsiňi öldür.
29.     Eý, ogul! Eliňdäki maly goramak başga kişiniň elindäkini elde etmekden gowudyr.
30.     Eý, ogul! Allahu Tagala bilen araňyzdaky perdäniň bolmazlygyny isleseň, açgözlügi  terk et. Tamakinçilik seni heläkçilige elter.
31.     Eý, ogul! Allahtagalanyň rahmetinden umydyňy kesme! Ol saňa toba gapysyny açyp goýdy. Oňa ýüzlenseň, seni duýar. Içiňden bir zat isleseň,  islegiňi berer.
32.     Eý, ogul! Bir günä işlän wagtyň, Oňa (Allaha)dolanyp ýüzlen  we ýalbaryp toba et. Ol özüne dönenligiň üçin seni aýyplamaz. Eden günäleriň jezasyny bermek üçin howlukmaz. Günäleriňi adamlara bildirmez.
33.     Eý, ogul! Iň uly baýlyk akyldyr. Iň erbet zat - tekepbirlikdir.

 
7-nji nesihat: 

Mezhepbaşymyz Hezreti Ymam Agzamyň eden nesihatlary:
1.    Ýollarda we mesjitlerde iýip-içme. Ýol kenarlaryndaky çeşmeden suw içme.
2.    Gereksiz ýere bazara çykma.
3.    Ýol ortasynda oturma.
4.    Dükanlarda oturma.
5.    Ýüpek ýa-da ýüpek görnüşli geýimleri geýme. Akmaklyga ýol açar.
6.    Durmuş gurmaklygyň hemme zerur zatlaryny üpjün edip bilmejek ýagdaýda bolsaň öýlenme. Öňürti (özüňe) ylym talap et. Soňra halal maldan ryzk gazan. Soňra öýlen.
7.    Ýaşlygyňda diňe ylyma üns ber, oka. Ýaşlyk döwri köňlüň we zehiniň başy we arassa mahalydyr.
8.    Hemişe Allahdan gork! Amanat zady gaýdyp ber. Ýagşy we ýaman adamlara nesihat et.
9.    Hiç kimi özüňden pes görme! Öz ýagdaýyňy bilşiň ýaly, iliň hem ýagdaýyny we häsýetini bilmäge çalyş.
10.     Eger biri saňa sorag berse, diňe soragyna jogap bergin. Meseläni uzaltma.
11.     Okuwçylaryň bilen göýä öz çagalaryňa  bolşuň ýaly mylaýym bol. Olaryň ylyma bolan arzuwlary, höwesleri artsyn.
12.     Köp gülmekden saklan, çünki ol kalbyňy öldürer.
13.     Biri ýeňsäňden çagyrsa, oňa gulak asma. Diňe haýwan yzyndan çagyrylýandyr.
14.     Gepleýän mahalyň gygyryp bagyrma. Biderek ýere sesiňi gataltma. Ýuwaş we agras bol.
15.     Ýeke galan wagtyň we adamlaryň arasynda-da Allany hemişe zikir et.
16.     Namazlardan soň Allaha zikir  we şükür etmegi, Kurany Kerimi okamagy we doga etmegi özüňe adat et.
17.     Baýlygyňa we derejäňe guwanma. Çünki, bir gün Allah senden olaryň  hasabyny sorajak.
18.     Ölümi kän ýatla.
19.     Ussatlaryň, halypalaryň üçin doga we ystygfar (günäleriniň geçilmegini) talap et.
20.     Adamlar seni öňe geçirmese, ne namazda, ne-de başga işlerde olaryň  öňüne geçiji bolma.
21.     Bu öwüt-nesihatlaryma uýuň. Allanyň izni bilen gerek bolanda peýdalanarsyň. Meni dogaňyzda unutmaň.


8-nji nesihat:

Abdulkadyr Geýlani hezretleriniň eden nesihatlarydyr. Bu beýik weliniň hem öwüt-nesihatlary kändir. Ýöne biz  “Eý, ogul” diýýän nesihatlaryndan 15-sanysyny aldyk:
1.    Eý, ogul! Saňa haýsy-da bolsa, bir keselçilik başyňa gelse, sen ony sabyr bilen garşy al. Dermany gelýänçä garaş. Dermany gelende, ony şükür eliň bilen garşy al. Bu ýagdaý bolan mahaly geljek günleriňi sapaly ýaşaýyşda ýaşarsyň.
2.    Eý, ogul! Nebsiň, haý-höwesiň we dünýä bilen bile bolma. Beýle bolsaň, derrew günäleriňe toba et. Gaýdyp gaýtalamaklygy pikiriňe-de getirme. Olardan aýryl. Tiz ädimleriň bilen Hudaýa tarap ylga. Toba eden mahalyň  çyn ýürekden toba et. Şeýle edilen toba Allanyň ýanynda kabul bolmaga esasy sebäpdir. Çyn toba etmek bilen we Allahdan çynyň bilen haýa edip egniňdäki günä donuny çykaryp taşla.
3.    Eý, ogul! Dünýä deňzinden saklan. Onda näçe kişiler gark boldylar. Gaty az adam halas bolandyr. Ol düýpsiz bir deňizdir. Her kişini özüne çekip gark eder. Göýä kyýamat güni musulmanlary dowzahdan halas edilşi ýaly, ondan diňe Allahyň gullary  (dostlary) halas ediler.
4.    Eý, ogul! Öňüňde gulply bir gapynyň galmazlygyny isleseň,  beýik  Allahtagaladan gorkgyn. Çünki Allah gorkusy her gapynyň  açarydyr. Ol islendik gapyny açar.
5.    Eý, ogul! Doga ýüpüni uzalt! Allahyň razyçylygyna dön! Kalbyň  garşy çykan ýagdaýynda (ynanmaýan ýagdaýynda) diliňi doga eder ýagdaýa düşürme, ýagny diliň bilen eden dogaňa kalbyň hem ynansyn we aram tapsyn.
6.    Eý, ogul! Erbet adamlar bilen dost bolanyňda salyh we gowy adamlar seni ýaramaz adam hasaplaýyşlary ýaly, ýaramaz adamlar bilen dost bolmak hem seni gowy adamlar hakynda erbet düşünjelere elter.
7.    Eý, ogul! Öňürti öz nebsiňe öwüt ber. Ony ýola getir. Soň başgalary Dogry ýola çagyr. Seniň heniz düzelmeklige mätäç ýagdaýlaryň bardyr. Muny seniň özüňem bilýänsiň. Şuny bilen halyňda başgalaryň düzelmegi üçin näme edip bilersiň? Gözüň bir ädim ýoly görýärkä, körleri nädip ýola getirmegiň yşgyndasyň?
8.    Eý, ogul! Saňa weset edýärin. Derwüş adamlar (ýagny Allanyň  dostlary) bilen bile bolgun. Ulularymyza   hormat et. Din doganlaryň bilen gowy bol. Kiçilere we ululara nesihat et. Dinden başga zat üçin hiç kime duşmanlyk etme.
9.    Eý, ogul! Sen bu dünýäde ebedi galmak üçin ýaradylmadyň. Allanyň ýoluna laýyk gelmeýan bir ýaşaýşyň içindesiň. Içinde bolan bu ýagdaýyňy derrew deňeşdir. Özüňi Allanyň takdyryna boýun et. Soň bolsa, onuň bilen birlikde bol. Her bir binanyň öňürti bir sütüne, soňra-da diwarlara mätäçliginiň bar bolşy ýaly, her işiň-de bir sütüne, soňra-da bir gapa mätäçligi bardyr. Seniň ýoluň esasy (sütüni) Allahyň takdyryna boýun bolmakdyr. Gapysy-da onuň bilen bile bolmagyňdyr. Bu esasa ýapyş. Ömür boýy-da şunuň bilen dowam et.
10.     Eý, ogul! Bütin işleriňde we hereketleriňde towhyt güneşi, şerigat güneşi we takwa güneşi bilen bile bol. Çünki bu güneş haý-höwesiň,  nebsiň, şeýtanyň we başga bir Taňrylar üçin edilýän  işleriň duzagyna düşmekden alyp galar.
11.     Eý, ogul! Hakykat ýüzünde aklyň eýesi bol. Aklyňy işlet (pikir et) . Hiç wagt  howlukma. Howlukmak bilen hiç zat eliňe geçmez. Howlukmaç işi ne agşam wagtyndan öň, ne-de soň edip bilersiň. Islegiňe  etmeklik üçin sabyr et.
12.     Eý, ogul! Ýagşy amallar etmekde ýaltalyk etme. Çünki ýaltalyk edenler hemişe olardan mahrum galarlar. Munuň üçin ynsanlar hemişe puşmanlykda bolarlar. Amallaryňy gowy we dogry (birkemsiz) berjaý et. Unutmagyn. Allahtagala dünýä ýaşaýşy bilen ahyret ýaşaýşyny goýup, saňa garşy jomartlyk edendir. Saňa sylag-hormatda bolandyr.
13.     Eý, ogul! Eden günäleriň sebäpli Allanyň  rahmetinden umydyňy üzme. Din lybaslaryňdaky kiri toba suwy bilen päkle. Eden tobaňda yhlasly we pugta dur. Mundan başga-da din lybaslaryňy Allany tanamaklyk ýoluny gözlemek bilen gowy ölle.
14.     Eý, ogul! Allahdan başga zatlar bilen kalbyňy  gümemeli däldir.Ölüm gelende seni hemme zatdan aýrar. Saňa ýakyn bolan  islendik zat  ölüm gelende seni terk eder. Beýle bolsa, olar seni terk etmezinden öň sen olary terk et. Olar senden aýrylmaka, sen olardan aýryl . Beýle bolsa, gabyr seniň üçin bir ýol bolsun, geçelge bolsun.
15.     Eý, ogul! Ölmeziňden öň özüňi (nebsiňi) öldür hem özüňden geç. Şonda basym direlersiň. Hakyky ýaşaýşa gowuşarsyň. Ol zaman Hak bilen hemişelik ýaşaýşa gowuşarsyň.

 
9-nji nesyhat: 

Baezidi Bestami hezretleriniň eden käbir öwüt- nesihatlarydyr:
1.    Musulman doganyňyza mähriban bolmakdan gowy näme bar? Olara hormat etmek nähili ýagşy işdir. Musulman doganyňyza öýke-kine etmek we olara edepsizlik etmek nähili zyýanly işdir?  Bu ýol hiç kime fazylat (hormatlylyk) gapysyny açan däldir.
2.    Diliňi Allahtagalanyň adyny zikr etmekden başga zady sözlemekden gora. Nebsiňi hasaba çek. Ylma ýapyş. Ylym ýolunda hemişe pugta dur. Ybadatdan aýrylma. Gözel ahlakly we merhemetli, ýumşak bol. Allahtagalany unutdyrjak zatlardan uzak dur.
3.    Otuz ýyl zähmet çekdim. Nebsimiň isleglerini etmedim. Ylymdan we ylma amal etmekden aňyrda bir zor iş görmedim.
4.    Bir gije garaňkylykda öýümde otyrkam aýaklarymy uzadypdyryn. Şonda bir ses eşitdim. Ol: “Soltan bilen oturan edebine seretmezmi?” diýdi. Derrew edep bilen oturdym.
5.    Allahu Tagalanyň /özi sebäpli nebsimi/ (nebsim sebäpli) jezalandyrjak hemme zatlary pikir etdim. Şolaryň içinde iň agyry we erbedi gaflady (Alla Tagalany unutmagy) tapdym. Allahu Tagalany bir sekunt unutmak jähennem odundan hem beterdir.
6.    Ynsana iň zyýanly zadyň nämedigini bilmekligi isledim. Şonda iň  erbedi gaflatdygyny (Alla Tagalany unutmakdygyny) bildim.  Gafladyň (Alla Tagalany unutmaklygyň) ynsana eden zyýanyny jähennem ody hem edip bilmez. Ýä Rabbi! Bizi gaflat ukusyndan oýandyr. Lutf we keremiň bilen bu dogamyzy kabul et.
7.    Bir adamda  Allahtagala  bolan söýgüsiniň bardygynyň ýa-da ýokdugynyň alamaty: özünde deňiz mysaly jomartlyk, gün mysaly mähribanlyk we toprak mysaly pespällik ýaly üç ýagdaýyň bolmaklygydyr.
8.    Allahu Tagalanyň nygmatlary hemişe gelip durandyr. Şol sebäpli her wagt Oňa şükür etmek lazymdyr (hökmandyr).
9.    Günälere bir gezek, tagat-ybatada bolsa müň gezek toba etmek gerekdir. Ýagny eden ybadatyňa guwanmagyň we begenmegiň günäsi, şol ybadaty  etmesizlikden  müň esse erbetdir.


10-njy nesihat:

Şa Bahaweddin Nagyşbendi Buhary hezretleriniň eden nesihatlarydyr: Bu beýik weliniň birnäçe öwüt-nesihatlaryny alyp, öz kitapçamyza goşduk. Kitapçamyzyň peýdaly we kalby hassalaryň kalbyna derman bolmagyny DEÝÝÄN we GAFFAR atly ALLAHYMDAN dileýärin.
1.    Wujudyna (bedenine) haram lukma goşulan adam namazyň tagamyny dadyp bilmez.
2.    Muhammed  aleýhissalamyň “meniň ymmatym” dien adamy Ybrahym aleýhissalamyň  Nemrudyň odundan halas bolşy ýaly jähennem azabyndan gutular.
3.    Bir adam nebsiniň tersine gitmekligi başarsa, amaly az-da bolsa, nebsiniň isleglerine boýun bolmanlygy sebäpli şükür etmegi hökmandyr. Ulularyň (pirleriň) derejesini isleýän adama bolsa, nebsiniň tersine gitmek hökmandyr.
4.    “Namazy çyn ýürekden, ünsli nädip okap bolar?” diýip, sorag berenlerinde, ol beýik weli: “Υnsli bir halda halal lukma iýjeksiň. Υns bilen tähäret aljaksyň. Namaza başlajak wagtyň, tekbir aýtjak wagtyň kimiň  huzurynda duranyňy bilip, “Allahu ekber” diýjeksiň. Şu işleri edip bilseň, namazy ünsli okap bolar” diýip, jogap beripdir.
5.    Tarykat ýolunyň esasy, kalbyňa ýüzlenmekdir. Kalbyň bilen hem Allahtagala ýüzlenmekdir. Kalbyň bilen kän zikir etmekdir. Parz we sünnetleriňi berjaý etmekdir. Iýeniňde we içeniňde, geýneniňde we oturanyňda, işläniňde we adaty işlerde orta derejede bolmakdyr. Kalby erbet düşünjelerden we was-wasalardan goramakdyr.
6.    “Lä ilähe illallah” sözüniň hakykaty Allahtagaladan başga näme bar bolsa, ony ýok diýip hasap etmekdir.
7.    Yslam dininiň hökümlerini ýerine ýetirmek, ýagny “et” diýenini edip, “gaç” diýeninden gaçmak, haramlary, şübheli zatlary, hatda mubah zatlaryň-da  köpüsini terk etmek gerek. Tiz wagtda öwlüýälige ýetişdirýän bir sebäpdir, wesiledir. Öwlüýälik derejesine ýetenleriň hemmesi bu hökümlere boýun bolan adamlardyr, ýagny bu hökümleri ýerine ýetirýän adamlardyr.


11-nji nesyhat:

 Ymam Gazalynyň  “Eý, ogul” diýip başlaýan nesihatlarydyr:
1.    Eý, ogul! Allahu Tagaladan nädip  gorkmaly bolsa, şonuň ýaly gorkmalydyr. Oňa gulluk borjuňy Onuň diýşi ýaly et. Haram  zatlardan gaç. Allahyň rahmete uzaýan ýolundan aýrylma.
2.    Eý, ogul! Aklyň kabul etmejek zadyny sözleme. Peýdasyz zatlardan we köp gülmekden, oýun edip degişmekden, din doganlaryň bilen sögüşmekden saklan.
3.    Eý, ogul! Dostuňa-da, duşmanyňa-da mylaýym bol.
4.    Eý, ogul! Hemme işleriňde orta ýoly tut. Çünki, işleriň haýyrlysy orta ýoldur. Az geple. Musulman doganlaryňa gabat gelseň, salam ber.
5.    Eý, ogul! Ýöreýşiňe dykgat et. Aýagyňy ýerden süýreme. Saga-sola bakyp ýöreme. Töweregiňi rahatsyz edip, başyňy onuň-munuň gapysyna bakdyryp durma.
6.    Eý, ogul! Dükanlary söhbet ýeri edip seçme.
7.    Eý, ogul! Bir üýşmeleňde oturanyňda aýbogdaşyňy gurup otur.
8.    Eý, ogul! Saklan, barmagyňy şarkyldatma.
9.    Eý, ogul! Burnuňy oýnama.
10.     Eý, ogul! Ýüzüňe siňek gonsa, ýuwaşlyk bilen kowmaga çalyş.
11.     Eý, ogul! Tamakin bolmaklyk, kalbyňy  garaldar. Köp mal ýygnamak üçin görüplik etme.
12.     Eý, ogul! Pylan kakaň (kakaň erkek dogany) we pylan ejeň (kakaň  aýal dogany) kakaň hökmündedir. Daýyň we daýzaň ejeň hökmündedir. Ejeň we kakaňa eden hyzmatyň ýaly bularada hyzmat et. Haýyr-dogalaryny aljak bol.
13.     Eý, ogul! Halypaňa tagzym we hormat et. Çünki halypaň haky ene-ataň hakyndan artykmaçdyr. Sebäbi eneň-ataň dünýä gelmegiňe sebäpçidir. Halypaň ahyretiňe sebäpçidir. Onuň üçin halypaň haky ýokarda boldy. Halypaňy gören wagtyň elini ogşa. Hormat et. Dyza çöküp, edep bilen otur. Senden bir zat islegi bar bolsa, öz işiňi taşlap, öňürti halypaň  işini bitir. Eger garyp bolsa, eliňden gelen kömegiňi et. Haýyr dogasyny al. Çünki halypanyň talybyna eden haýyr-dogasy ejeň-kakaň  haýyr-dogasy ýalydyr.
14.     Eý. ogul! Musulman doganyň bir aýbyny ýa-da kemçiligini görseň, gizle, äşgär etme. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi wesellem: «Haýsy bir adam bir musulman doganynyň kemçiligini, aýbyny görende, halkyň ýanynda şony aýtman gizlese, kyýamat magşarda Allahu Tagala onuň  hemme aýbyny gizlär»-diýipdir.
15.     Eý, ogul! Ahyretde sag-salamatlyk isleseň, hiç kimi ynjytma. Bir çagany göreniňde “bu günä işlemedikdir, päkdir. Men günäkärdirin. Bu çaga menden ýokardadyr” diý. Eger bir garra sataşsaň, “bu menden kän ybadat edendir. Menden ýokardadyr” diý.
16.     Eý, ogul! Iýip-içeniňde şulara dykgat et:

1. Saçagyň  başynda oturmankaň, eliňi ýuw.
2. Sag dyzyňy dikip, sol dyzyň üstünde otur.
3. Tabagyň ortasyndan däl, öz öňüňden iý.
4. Saçagyň başynda eýläk-beýläk egilip, ýanyňdakylary birahat etme.
5. Agzyňda tagam barka gepleşme.
6. Agzyňdaky lukmany hiç kime görkezme.
7. Töweregiňe kän bakma.
8. Çöregi zaýa nahara batyrma.
9. Bedeniň rahatlygyny isleseň, az iý we az iç.
10. Saçakdan turanyňdan soň az suw içgin.
11. Köpçülik ýerde sümgürnip durma.
12. Suw içeniňde käsäni agzyňa tutup, “lork-lork“ edip içme, bedeniňe zyýandyr. Arasynda dem alyp, ýuwaş-ýuwaşdan iç.
13. Dik durup, suw içme, saglygyňa zyýandyr.
14. Derlän mahalyň suw içme.
15. Gije oýanyp suw içme, dogry hereket däldir. Eger gaty suwsan bolsaň, öňürti agzyňy çaýkap iç.

17. Eý, ogul! Bazarda şu işlere dykgat et:

1. Bazarda ýöräp barýan mahalyň hiç kimi egniň bilen itip ynjytma.
2. Köpçülik ýerinde ýere sümgürme we tüýkürme.
3. Satylan zady yzyna gaýtarylsa algyn.
4. Ýalan sözleme.
5. Hiç kimi aldatma.
6. Halk bilen süýji dilli bol.
7. Iýilýän bir zady datjak bolsaň, satyjynyň rugsady bolmasa datma.


Birnäçe saýlama nesihatlar:


1.    Ylmyň fazylaty (peýdalary) ybadatyň fazylatyndan hem artykmaçdyr. (Muhammet sallallahu aleýhi wesellem)
2.    Şeýtana bir fakyh (meseleçi alym) müň abytdan (ybadat edijiden) hem kyn geler. (Muhammet sallallahu aleýhi wesellem)
3.    Bag kändir, emma hemmesi miwe bermeýär. Miwe kändir, emma hemmesi süýji bolmaýar. Ylym kändir, emma hemmesi peýdaly bolmaýar. (Hezreti Isa aleýhissalam)
4.    Iki zady hiç unutma: birä Allahy,  birem ölümi. Iki zady unutgyn: eden ýagşylyklaryňy we gören erbet işleriňi. (Hezreti Lukman Hekim)
5.    Iki zat hemişe dowam eder: musybat (kynçylyklar) we mätäçlik. (Hezreti Omar razyýallahu anhu)
6.    Ajalynyň hökman geljegini bilýän adam hökman dini amalyny artdyrar. (Mansur bin Ammar)
7.    Nebsiniň arzuwlaryna görä hereket eden heläk bolar. (Mansur)
8.    Ýaramaz adamlar bilen oturanyňdan ýeke oturanyň has gowurakdyr. (Ahmed bin Hambel hezretleri)
9.    Ahlagy ýaramaz adamlar bilen söhbet etme,şonda günä işlemäge meýil etmersiň. (Hezreti Ymam Agzam rahmatullahy aleýhi)
10.     Içiňdäki kiri suw bilen däl-de, göz ýaşyň bilen tämizle. (Hezreti Möwlana rahmatullahy aleýhi)
11.     Nadan adamyň ýanynda kitap ýaly sessiz bol. (Hezreti Möwlana)
12.     Men dört ýüz sany ussatdan sapak aldym. Olardan dört müň sany hadysy şerif öwrendim. Bu hadyslaryň içinden ýekeje birini saýladym. Çünki, ol hadysda halas bolmak we hemişelik bagta gowuşmak meselesi bardy. Bütin nesihatlary şonuň içinde gördüm. Saýlap alan hadysymda şeýle diýilýär: Pygamber aleýhis salam bir sahabasyna şeýle diýdi: «Dünýä üçin dünýäde galjak mukdaryňa görä işle. Ahyret üçin ol ýerde (jennetde) hemişe galjagyňa görä işle. Allahtagala mätäç boljagyň mukdarda boýun bol. Jähennem oduna daýanyp biljek mukdarda günä işle». (Hezreti Şibli rahmatullahy aleýhi)
13.     Eý, dostlarym! Allahtagalany hemişe zikir ediň. Diliňizi Beýik Allahtagalanyň zikrini etmek bilen tämizläň. Bedeniňizi namaz okamak we malyňyzy zekat bermek bilen tämizläň. (Seýýid Emir Küläl rahmatullahy aleýhi)
14.     Kalbyň, diliň we bedeniň päk bolmagy halal lukma baglydyr. (Seýýid Emir Küläl rahmatullahy aleýhi)
15.     Allahu Tagalanyň buýruklaryna boýun boluň. Nirede bolsaňyz boluň,  ylym öwrenmekden we oňa amal etmekden uzak durmaň. (Seýýid Emir Küläl rahmatullahy aleýhi)
16.     Biliň, dünýä kyýamat çölüniň ýanyndaky bir menzildir. (Seýýid Aly Hemedany rahmatullahy aleýhi)
17.     Gorky aýallara, umytsyzlyk - käpirlere mahsusdyr. (Seýýid Aly rahmatullahy aleýhi)
18.     Her-bir  zadyň esasy ylym we takwalykdyr. Imandan gözel hiç bir nygmat ýokdur. Allahu Tagala ybadat etmeklikden gowy amal ýokdur. Ölümden gowy ybrat ýokdur. (Seýýid Emir Hamza)
19.     Hemişe kalbyňy tämizlemek bilen meşgul bolmalydyr. Kalbyňy erbetliklerden päklemeseň, hakyky maksada gowuşmarsyň. (Seýýid Emir Hamza)
20.     Eý, ogul! Dünýäni terk et, ýagny haramlary, Allahu Tagalanyň gadagan eden işlerini we dünýä söýgüsini terk et. Çünki dünýäni isleýäniň we dünýäni söýýäniň dini gider. (Şihäbuddin Suhrawerdi rahmatullahy aleýhi)
21.     Eý, ogul! Bu pany dünýäniň zynaty bilen öwünme (çişme, gabarylma). Her bir adam dünýä meýil etse  heläk bolar. Ahyret ýoluna taýýarlyk gör. Pursat eliňdekä Allahu Tagaladan başgasyna köňül berme. Bir gün geler, puşman edeniň peýda bermez. (Şihäbuddin Suhrawerdi rahmatullahy aleýhi)  
22.     Biz guşlarçada bolup bilemzok. Çünki guşlar mydama Allahtagalanyň zikrinde,  biz bolsa gaflat ukysynda ýatyrys. (Behrullah)
23.     Özüňden aşakdaky derejede bolan biriniň nesihatyny kabul etmek, uly derejelere eýe bolmaklygyň alamatydyr. (Beka bin Batur)
24.     Sopuçylyk ýolunda bolan adama öňürti gerek bolan zat, toba üsti bilen günä kirinden päklenmekdir. (Bekri).
25.     Allahtagaladan uzaklaşan adam batyl ýollara girer. (Bennän).
26.     Allahtagalanyň emirlerini we buýruklaryny ýatladyp, nesihat berýän dostuň saňa altyn sowgat beren adamdan has haýyrlydyr. (Bilal bin Sagd).
27.     Bedeniňiz mazara girmezden öňürti nebsiňiziň şerinden aman bolmaň. (Seýýid Burhaneddin).
28.     Her gün ýüz gezek “Yhlas” (Kulhuwalla) süresini, ystygfary (estagfirullah) we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ruhy şeriflerine ýüz salawaty şerifi bagyşlap dowamly okan adam Allahyň dosty bolmaklygy hak eder. (Möwlana Muhammed).
29.     Ulularymyz (pirlerimiz) aýdýarlar: dymmak, açlyk, az ýatmak we dowamly zikirde bolmak ýolumyzyň  esasydyr. (Möwlana Muhammed).
30.     Gyş pasly musulman adam üçin oljadyr. Bu paslyň     gijesi uzak, gündizi bolsa gysga bolýar. Oljalygy şundan ybarat: gijelerine namazy kän okap bolýar. Gündizine agzy beklemeklik üçin oljadyr. (Ebu Leýs).
31.     Abraýly  ölüm sylagsyz bir ömürden has haýyrlydyr. (Hatam Taý).
32.     Hakyky musulman kimin iýip-iç,olar  ýaly işle (zikirde bol). (Hezreti Şeýh Muhammed Osman Syrajetdin Nagyşbendi rahmatullahy aleýh).
33.     Eý, talybym! Eger ýoluňy dowam etdirmekçi bolsaň, şulara dykgat et: ýaş oglanlaryň üýşmeleňinden daş dur. Toý-tomga az git. Bu işleri etmek ylmyňa zyýan berer. Pyrtykaly (mandarini) az iý. Gazly suwlary az iç. Bular kyragatyňa (Kurany Kerimi owadan okamaklygyňa) zyýan berer. (merhum Nurjan kary).

   Hormatly okyjylar! Kiçijik kitapçamyzyň soňuna-da gelip ýetdik.
   Hormatly doganlarym! Sizden biziň uly haýyşymyz bar. Şu kitapçamyzda ýalňyşlyk we kemçilik tapsaňyz  düzediň we bizi bagyşlaň. Dogalaryňyzda biz pakyrlary hem unutmaň!
   Hormatly doganlar! Allahtagala barymyza nesihat geýmini geýindirsin. Bu kitapça birnäçe owadan nesihatlary öz içine ýygnan kitapçadyr. Şol sebäpli biz bu kitabymyza «Nesihatul jemile fi risalatys sagyra», ýagny “kiçi kitapçanyň içindäki owadan nesihatlar” diýip at goýduk. Pygamber aleýhissalam aýdýar: «Din nesihatdyr, ýagny nesihatdan ybaratdyr». Nesihatyň manysy öwüt manysyndadyr. Nesihat etmegiň hökmi wajypdyr, belki parzdyr.



KITAPÇANYŇ SOŇY