Möminleriň ymamy Osman Ibn Affanyň pähimlerinden gamly köňüllere teselli

Başy » Çaryýarlaryň nesihatlary » Möminleriň ymamy Osman Ibn Affanyň pähimlerinden gamly köňüllere teselli

Beýik Allanyň ady bilen!

Uly sungat eýesi, ýagşy adatlary peşgeş beren, älemi we ähli janly-jandary gözel görnüşde ýaradan Beýik Alla sansyz öwgüler bolsun. Azaşan kowumy dogry ýola salan, zulmat tününden ýagşylyga çykaran, musulman ymmatynyň halasgäri bolan onuň päk maşgalasyna we ýagşyzada egindeşlerine asylzada pygamber Muhammede salawatlar bolsun.

Goý Allatagala soltanlaryň soltany yslam dininiň goragçysy we täji, musulmanlaryň howandary, magrypdyr maşrykdaky hökümdarlaryň hökümdary Soltanşa Abulkasym ibn Il Arslan ibn Atsyzy (goý, Alla olaryň ikisindenem razy bolsun!) öz penasynda aman saklasyn we onuň işini rowaç eýlesin! Goý, Allatagala onuň edýän haýyr-yhsan işleri üçin abraýyny has-da zyýada etsin. Goý, Allatagala onuň sadyk guly kätip Muhammet ibn Muhammet Abdyjelil Reşideddin Watwaty bu ýagşyzada ynsana hyzmat etmekden we keremli saýasyndan aýyrmasyn.

Haýyr-yhsan edip, Allanyň parz işlerini berjaý kylyp, gije-gündiz raýatlarynyň aladasyny edýän ynsanyň pähim-paýhasy zyýadadyr. Bu «Möminleriň ymamy Osman ibn Affanyň pähimlerinden gamly köňüllere teselli» atly kitap onuň paýhasyny has-da zyýada etsin. Ata-babalarynyň asylly ýoluny tutýan Allanyň ýagşyzada bendesiniň ömür tanapy uzyn bolup, ähli işleri rowaç alsyn.

Möminleriň emiri, musulmanlaryň ymamy üçünji halypa Osman Ibn Affanyň pähimleri

* * *

Tä ylym nadanlyga, nadanlyk hem ylyma öwrülýänçä kyýamat gopmaz.

* * *

Dünýäniň içine girme, aralaşma, ol seniň ahyretiňe zyýan ýetirer. Ony terk hem etme, ynsanlara ýük bolarsyň.

* * *

Ylym iki görnüşlidir, ýagny beýgeldýän ylym we peýda getirýän ylymdyr. Beýgeldýän ylym dinde fykh ylmydyr. Peýda getirýän ylym bolsa, tebipçilik ylmydyr.

* * *

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

* * *

Ylym gulpdur, sorag onuň açarydyr.

* * *

Hökümdarlaryň iň ýagşysy alymlar bilen mejlis guraýany we alymlaryň pikrine eýerýänidir.

* * *

Edep akylyň zynatydyr. Başardygyňdan akylyňy zynatlagyn.

* * *

Ylym hemişe amaly ýardama çagyrar, jogap berse durar, ýogsam gider.

* * *

Ylmyň nuruny günä işleriň garaňkylygy bilen söndürmegin. Sebäbi şeýle bir garaňky gün geler welin, ylym eýeleri ylymlarynyň nury bilen dogry ýoldan ýörärler.

* * *

Akmagyň berýän soragyny ýat tut we akyllydan sora. Akyllynyň beren jogabyny ýat tut we amal et.

* * *

Kimde kim adamlara ylymsyz pitwa berse[1], oňa asman lagnat aýdar.

* * *

Eger bir lybas geýip, şol lybasda gowy görünýändirin öýtseň, onda özüň ýaman görünýändirin diýip pikir eden lybasyňy geý.

* * *

Kim lybasyny tämiz, arassa geýinse, Allatagala kyýamat güni ol adamy öz penasynda aman saklar.

* * *

Bilmeýän zadyňy bilmek, düşünmeýän zadyňa akyl ýetirmek iň lezzetli zatdyr.

* * *

Her adamda-da şatlyk, kelle göçgünligi bardyr. Ýöne bu ýagdaý her kimde dürli hili bolup geçýär.

* * *

Samsyk, nadan hassany soramaga barsa, hassanyň haly gowulaşmakdan-a geçen, öňküden hem teňleşer.

* * *

Şeýtan adamyň ähli zadyna bahyllyk etse-de, adam dümewlese ýa-da garahassalyk keselline ýolugsa, bahyllyk edenok.

* * *

Eger Allatagala kimdir birini keselden, jogapsyz söýgüden we garyplykdan aman saklasa, onda ol adam ähli bela-beterlerden amandyr.

* * *

Köp gürleýän we köp gülýän adam gije ýatanda ynjalyklyz bolar.

* * *

Tygşytly ýaşan adam durmuşda uly üstünlik gazanar.

* * *

Baýlygy danalyk bilen dolandyran ýeňer, nadanlyk eden onuň guluna öwrüler.

* * *

Mätäje kyn ýagdaýda kömek edýän kişi sahydyr.

* * *

Eý, Allam! Meni garyplykdan, haram baýlykdan, gaýgy-gama çümdürýän pikirlerden özüň goragyn!

* * *

Kimdir biri nämedir bir zat alsa, garyp-gasaryň hem aladasyny etsin. Eger ol gaýtaryp bilmese, Allatagaladan gaýdar.

* * *

Eger kimdir biri sende ýok häsiýetleri aýdyp, seni öwse, ol adamdan islendik haýynlyga garaşyber.

* * *

Eý, Allam! Ýalan öwgüleri diňläp, öwýäne hiç hili jogap bermedigimiz üçin biziň günälerimizi geç!

* * *

Her bir zadyň başlangyjy bardyr. Duşmançylygyň, uruş-sögüşiň başlangyjy biderek oýun-degişmedir.

* * *

Sebäp bolup gülmezlik, sebäpsiz gülmekden has geňdir.

* * *

Adam ölenden soň bu dünýäde diňe ol hakynda ýatlamalar galýar.

* * *

Ýagşy-sogap işler eden adam asuda, tarpa-taýyn ölüm bilen, ýaman-günä işler eden adam bolsa uzak keselläp, gaty ezýet çekip ölýändir.

* * *

Nahar iýseňiz azrak iýiň. Sebäbi az iýmek kalby rahatlandyrar.

* * *

Hemaýatkär dosta mätäçlik çekmek, akar suwa mätäçlik çeken ýalydyr.

* * *

Hammam nähili erbet ýer, uýat ýerler açylýar we utanç-haýa gidýär.

* * *

Alla bilen dostlaşyň, eger muny başarmasaňyz, onuň dostlugynyň bereketi bilen Allanyň dostlugyna gowşar ýaly Allanyň dostlary bilen dostlaşyň.

* * *

Haýyr gelýän ýere geleňsizlik edilse, ol ýerden şer ge­ler.

* * *

Kesekä ýagşylyk ediň, şonda öz ahyretiňiz gowy bolar.

* * *

Alymyň nadanlykdan üstün çykmagyndan ylmyň nadandan üstün çykmagy has gowudyr.

* * *

Akyl eýeleri öz aralarynda tiz düşünişerler. Emma samsyk adam bilen ne akylly, ne-de samsyk düşünşip biler.

* * *

Samsyk adama edep-ekram öwretmek, oňa tälim bermek, hasyl bermejek daşly ýere tohum taşlan ýalydyr.

* * *

Nadan adam arzuw edende-de biderek zatlar hakynda arzuw eder.

* * *

Gürläniňde goýberilen ýalňyşlygy şolbada düzedip bolar. Emma durmuşda goýberilen säwligi düzetmek kyndyr.

* * *

Sapara çykanyňda, köp gürleýän samsyk bilen ýoldaş bolanyňdan, akylly dymma bilen ýoldaş bolanyň ýagşydyr.

* * *

Ylymsyz adam süýji sözüň lezzetini bilmez.

* * *

Ýagşyzada adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.

* * *

Adam ýürekden Allatagala öwgi aýdan mahaly, Allatagala ybadat etmegiň lezzetini duýar.

* * *

Allatagala bilen sadaka çykaryp sogap söwdasyny eden musulman diňe girdeji gazanar we söwdasy oňar.

* * *

Adam günä işi bilen nygmatyň aralygynda durandyr. Haçan-da ol bu ikisiniň birini edende ýa-ha Allatagala öwgi, sena aýtmaly ýa-da oňa toba edip günäsini geçmegini soramaly bolar.

* * *

Allatagala ybadat etmek imanyň esasy bölegidir

* * *

Hakykat, dogry söz ähli zatdan öwgülidir.

* * *

Sen şatlanýan wagtyň seniň duşmanyň gamgyndyr

* * *

Adyllyk Allanyň terezisidir. Zulum şeýtanyň ölçeg daşydyr.

* * *

Adyl soltanyň ýardamçysam, penakärem Alladyr.

* * *

Ýere adyllyk tohumyny ekseň, şer hasyl ýygnamaly bolmarsyň.

* * *

Zähmet adamyň abraýyny galdyrar. Bikärlik onuň zaýalanmagyna getirer.

* * *

Adamda sabyr bolmasa, ol durmuşyň aladasynyň, gaýgy-gamynyň girdabyna batar.

* * *

Eger azat, başyň dynç ýaşaýyn diýseň, ýüregiňde tamakinçilige orun berme.

* * *

Kanagatly gul azatdyr. Azat adam tama etse, gula öwrülýändir.

* * *

Mömin gapyl galmasa ýalňyş iş etmez. Eger ol bu dünýäde bolup geçýän işler barada pikir etse gamlanar.

* * *

Zulum bar ýerinde parasatlyk, parasatlylyk bar ýerinde-de zulum bolmaz.

* * *

Ynsaply adamdan ähli adamlar razydyr. Onuň özi hem özünden razydyr.

* * *

Ynsaply adam halkyň ýüzüne arkaýyn seredip biler. Sebäbi onuň hiç hili aýby ýokdur.

* * *

Söwda etseňiz Alla bilen söwda ediň. Diňe Alla bilen söwda edenler uly girdeýji gazanarlar.

* * *

Wagtyňy şady-horramlyga däl-de haýyr-yhsan etmeklige sarp etgin.

* * *

Meniň üçin Allanyň meniň erbet işleri edenimi göreninden, haýyr-yhsan edenimi göreni maňa has lezzetlidir.

* * *

Wadasyna wepaly bolan adamlaryň razylygyny gazanan we kynçylykda sabyr-takat eden kişi il arasynda uly abraýa eýe bolar.

* * *

Men ynsanyň daşky sypatyny görýärin. Emma kalbyny gara niýetlerden päk saklamak onuň özüne baglydyr.

* * *

Her gezek gabry görmek meniň üçin uly ybratdyr.

* * *

Gabyr bu dünýe bilen ahyretiň arasyndaky ilkinji çäkdir. Kim Alla tagat edip ýaşan bolsa, oňa gabyrdan gorkmagyň hiç hili hajaty ýokdyr. Eger kim gabyrdan gorkýan bolsa, onda goý ol bilsin, ahyret azabynyň ýanynda gabyr azaby degişme kimindir.

* * *

Ýagşy işler edip, şek-şübheli zatlardan daşda duran, bu dünýede we ahyretde üstünlik gazanar.

* * *

Ynsan bu durmuşda haýyr-yhsan edip, mert ýaşamalydyr we ölümini-de mert garşy almalydyr.

* * *

Köp gürleýän ymamdan däl-de, ýagşy işler bilen görelde görkezýän ymamdam ybrat alyň.

* * *

Erbet adamlar özleriniň gowy görýän zadyny gizlärler we özleriniň ýigrenýän zatlaryny size hödürlärler. Gerek zadyňy saýlamak üçin diňe öz aklyňa daýan.

* * *

Allatagala ynsana edip bilmejek zadyny we nädogry ýoly salgy bermedi.

* * *

Maly-dünýä höwes etmän, kanagatly ýaşan ynsan durmuşdan lezzet alar.

* * *

Allatagala bu dünýädäki ähli zady ynsana eşretli ýaşamagy üçin ýaratdy. Oňa dogry ýol salgy berdi. Ynsan şol ýoldan gidip, ähli zatlary dogry berjaý etse, Allatagala oňa mundan hem eşretli ýaşaýşy taýýarlap goýdy.

* * *

Haýyr-yhsan etmäge howlugyň. Sebäbi size näçe wagt berileni diňe Alla aýandyr.

* * *

Maly-dünýä köp ynsanyň garagyny gapýandyr. Baýlyk eýesi bu baýlygy kimiň berendigini we ähli baýlyklaryň eýesiniň kimdigini ýatdan çykarmaly däldir.

* * *

Özüňizden öň dogry ýaşap, üstünlik gazanan adamlardan görelde alyň.

* * *

Haýyr-yhsan işlerinden gapyl galmaň. Sebäbi Allatagala-da siziň ähli işleriňizden gapyl däldir.

* * *

Kişi hakyny iýmäň. Nähili alsaňyz şeýle-de gaýdyp beriň.

* * *

Haýyr işler ynsanyň duşyndan süýji çeşme kimin akyp durandyr. Kim bu suwdan näçe ganyp bilse şonça-da lezzet alar.

* * *

Haram işlerden daşda durup, haýyr iş etmek ýaly lezzetli zat ýokdur.

* * *

Kimdir biri saňa hajat bilen ýüz tutsa güýjüňden artyk hem bolsa ol hajaty ýerine ýetirmäge çalyş.

* * *

Tamakinçilik ejiz adamlaryň häsiýetidir.

* * *

Haýyr-yhsan edýän ynsanlara bu dünýe zulmatdyr. Haram iş edýänlere ahyret zulmatdyr.

* * *

Muhammediň dini bulut bolsa, onuň ýagyş damjalary dürdür. Damjalaryň bugaryp ýene-de buluda gaýdyp barmagy uly nygmatdyr.

* * *

Akyl ynsana berlen iň uly nygmatlaryň biridir. Akylyna daýanan uly üstünlik gazanar.

* * *

Hak ýoly tutýanlar meniň ýaranlarym, batyl ýoly tutýanlar şeýtanyň ýaranlarydyr.

* * *

Ýagşylyk edene ýagşylyk bilen jogap beriň.

* * *

Ynsanyň gelip çykyşyna görä däl-de hüý-häsiýetine görä gatnaşyk ediň.

* * *

Dymmaklyk ynsany köp belalardan gorar.

* * *

Ýok adamyň gybatyny etmekden we günäsiz adama ýalan töhmet atmakdan Allanyň özi gorasyn.

* * *

Men duşmana garşy gylyç syrmaly bolsa-da, raýatlara desterhan ýazmaly bolsa-da taýýardyryn.

* * *

Ähli işleriňizde Alla töwekgellik ediň. Näçe ybadat we haýyr-yhsan etseňiz-de, Alladan rehim etmegini diläň. Sebäbi ynsan ogly säwlik goýbermäge endik edendir.

* * *

Ynsan durmuşda ajy günler gelende sabyr-takatly bolsa Allatagala oňa ýene-de lezzetli günleri gaýdyp berer.

* * *

Sabyr etmedik ökünmeli bolar.

* * *

Allatagala ýürekden ynanyň we oňa ybadat ediň.

* * *

Allatagala ybadat edeniňizde tüýs ýürekden yhlas ediň. Sebäbi ähli-jahany we janly-jandary ýaradan Beýik Alladyr.

* * *

Şerap içmekden daşda duruň. Şerap ähli şer işleriň açarydyr.

* * *

Ynsanyň saçyna ak girmegi ýa-da biliniň bükülmegi oňa abraý bermez. Ol abraýy ýagşy işler edip gazanmalydyr we gazanan abraýyny gorap saklamalydyr.

* * *

Hökümdar dogry ölçeýän terezi kimin raýatlaryna adyl göz bilen seretmelidir. Allatagala-da adyllygy söýýändir we adyl ynsanlaryň tarapdarydyr.

* * *

Günä işlerden daşda duruň. Eger şer iş etseňiz tizden-tiz toba ediň. Allatagala ähli günäleri geçijidir.

* * *

Hat-da zalymlar hem öz balasyny söýýändir.

* * *

Eý halaýyk, bu dünýäniň eşretine aldanyp, bakynyň eşretinden mahrum bolmaň.

* * *

Ynsan köplenç kakasyndan görelde alýandyr. Şonuň üçin çagalaryňyza ýagşy görelde görkeziň.

* * *

Namaz jemagat üçin iň ýagşy amallaryň biridir. Kimdir biri ýagşy amal etse oňa şärik boluň. Eger şer işe baş goşan adamy görseňiz oňa nesihat beriň. Nesihatyňyz alynmasa, onda ol adamdan daşlaşyň.

* * *

Siz yslam dininiň daýanjysyňyz. Bir adam özüniň edýän haýyr-yhsan işleri bilen bu dine abraý getirip biler. Ýene-de biri özüniň edýän pyssy-pujurlygy bilen bu dine ysnat getirip biler.

* * *

Men Alladan we şeýtanyň ýoluna gitmekden gorkýaryn. Siz hem azmakdan heder ediň.

* * *

Allatagala adamlary dogry ýola çagyrmak üçin Gurhany inderdi we hökümdarlara raýatlaryna Gurhany ündemegi ündedi. Sebäbi hökümdar raýatlaryna baş we görelde bolmalydyr.

* * *

Öz gazanan hakyňdan köp haka garaşmak tamakinçilikdir.

* * *

Ynsanlaryň iň haýyrlysy Allanyň kitaby boýunça ýöreýänleridir.

* * *

Duşman çozmak howpy abananda ýa-da sapara çykanyňyzda namazlaryňyzy gysgaldyň.

* * *

Özüňizden soň ýagşy at galdyryň we çagalaryňyza-da şony ündäň.

* * *

Hatda alym hem nadany ylmy jedelde ýeňip bilmez.

* * *

Eger Allanyň kitabynda ýalňyş zat tapdym diýseňiz meniň elimi aýagymy gandallap zyndana oklaň.

* * *

Dökülen gan üçin islendik hun alanyňdan şol ganyň dökülmedigi ýagşydyr.

* * *

Eý, Affanyň ogly, näçe haýyr-yhsan etseň-de Alladan rehmet dilegin.

* * *

Eý halaýyk, hiç haçan tarap-tarap bolup biri-biriňiziň nähak ganyňyzy dökmäň. Allatagala düşünişmek üçin ynsana akyl we dil beripdir.

* * *

Erkek adam misli bagban kimindir. Daragta nähili seretseň şonuň ýaly hem miwe alarsyň. Çaga nähili terbiýe berseň şony hem görersiň.

* * *

Ynsany onuň lybasy däl-de gözel hüý-häsiýeti bezeýändir.

* * *

Akylyna daýanan ynsan dogry ýoldan azaşmaz.

* * *

Iki peýkamy bir kirişde atyp bolmaz.

* * *

Niýeti päk adamyň amaly hem päkdir.

* * *

Alla şek ýetirmek şepagatdan mahrum eder.

* * *

Zanny ýaman adamyň niýetini onuň lybasy hem ýapyp bilmez.

* * *

Talagy erkek berýändir. Aýalyň soňky ykbaly aýalyň özüne baglydyr.

* * *

Hökümdaryň biadyllygy halkyň närazylygyna we gapma-garşylygyň döremegine getirer.

* * *

Gije okalan nepil namaz has sogaplydyr.

* * *

Eger maňa hasyl boljak bir dileg dile diýseler, Alladan ant içýän, diňe hak ýoldan azaşmazlygy dilärdim.

* * *

Alladan ant içýärin, ýekeje katra-da nähak gan döken däldirin.

* * *

Men ne jahylyýet döwründe ne-de yslamda zyna eden däldirin.

* * *

Sag elim bilen Muhammet alaýhyssalam bilen salamlaşanymdan soň şol elim bilen owratymy ellän däldirin.

* * *

Men siziň halypaňyz, ymamyňyz we yhlasly doganyňyzdyryn. Şonuň üçin doganyňyz bilen dogan gatnaşygyny ediň.

* * *

Utanç-haýa gabahat işlerden goraýan galkandyr.

* * *

Alla tagat ediň we hökümdaryňyza boýun boluň. Säwlik goýberse, nesihat beriň. Emma garşy çykyp, ýurtda agzalalyk döretmäň.

* * *

Hökümdara garşy gidip, jemagaty aýaga galdyryp, ýurtda pitne oduny tutaşdyrmak uly günäleriň biridir. Dökülen ganlar pitne turzanyň boýnunadyr.

* * *

Eý, halaýyk, sizi ýaradan Alla ynanýan bolsaňyz we kyýamat güni ýene-de onuň ýanyna barjagyňyzy bilýän bolsaňyz adamlaryň arasyna al oklap, pitne oduny tutaşdyrmaň.

* * *

Nadanlyk bilen gidip, hak ýoldan azaşmaň. Sebäbi hak ýoldan azaşmak, şer işlere, şer işler bolsa dowzaha elter.

* * *

Nähak gan döküp, haja gidip ony ýuwmakçy bolandan şol gany dökmezlik ýagşydyr.

* * *

Alla ýürekden iman getirilse mahrum ýitirenini tapar, howp abanan halas bolar we dileg edeniň dilegi kabul bolar.

* * *

Bereket tapan Alla şükür etmelidir. Şonda bereketi has-da zyýada bolar.

* * *

Musulman raýatlaryň ykbalyny diňe akylly, tejribeli, ýagşy gylyk-häsiýetli musulmana ynanmalydyr.

* * *

Alladan gorkman zulum we haram işlere baş goşýan adamy hökümdarlyga getirmäň.

* * *

Ynsan üçin iň erbet gylyklaryň biri tekepbirlikdir. Tekepbirlik diňe Alla mynasypdyr.

* * *

Iň ýagşy gylyklaryň biri kanagatlylyk we pespällikdir.

* * *

Akylly adamyň maslahatyny alyň.

* * *

Ýaltalyk ynsany gazançdan we haýyr-yhsan iş etmekden mahrum edýär.

* * *

Ikiýüzli adam Allanyň kimdigini, gudratyny bilse-de bilmezlige salar we adamlaryň arasyna al oklar.

* * *

Şeýtanyň ýaranlary her näçe jan çekse-de, Muhammet alaýhyssalamyň dini kyýamata çenli dowam eder. Bu ýoly tutanlar bolsa üstünlik gazanarlar.

* * *

Ýekeje ynsan hem: «Meniň Alladan algym bar» diýip bilmez. Emma adamlaryň ählisi Alla bergidardyr.

* * *

Hökümdaryň sahylygy raýatlar üçin uly nygmatdyr.

* * *

Agzalalyk gapma-garşylyga we tersleşige, ahyrynda bolsa, urşa we heläkçilige getirer.

* * *

Hökümdarlyk ynsana Alla tarapyn berilýändir. Hökümdar raýatlarynyň garamatyny boýnuna alýandyr we Allanyň öňünde jogapkärdir.

* * *

Jedel ýüze çykanda çözgüdi Gurhandan we Muhammet alaýhyssalamyň sünnetinden gözläň.

* * *

Göwnüçökgünlik we ruhypeslik adamy şer işlere gönükdirýän häsiýetlerdir.

* * *

Adamlaryň arasynda gapma-garşylygyň bolmazlygy üçin Gurhanyň kyragatynyň bir bolmagyny isledik. Birnäçe kyragat bolup gapma-garşylyk bolandan bir kyragat bolup gapma-garşylyk bolmadygy ýegdir.

* * *

Allanyň ýoluny tutmak ölümi mert garşy almakdyr.

* * *

Maly-dünýäni terk eden Allanyň söýgüsine duçar bolar.

* * *

Günä işleri terk eden ynsan perişdeleriň goragynda bolar.

* * *

Tamakinçiligi terk edeniň kalby rahatlyk tapar.

* * *

Men Alladan özüme we size dogry ýol, bereket we onuň razylygyny dileýärin. Ynsan üçin iň arzyly zat Allanyň razylygydyr.

* * *

Şeýdip, Beýik Allanyň ýardamy bilen «Möminleriň ymamy Osman ibn Affanyň pähimlerinden gamly köňüllere teselli» atly kitap 895-nji hijri ýylynyň Oraza aýynyň ortasynda tamam boldy.

Älem-jahany ýaradan Beýik Alla öwgüler bolsun. Goý Beýik Alla ýagşyzada ynsanlardan razy bolsun!.



[1] Pitwa bеrmеk – haýsydyr bir dini mеsеlе boýunça karar çykarmak.