Möminleriň emiri Aly Ibn Abu Talybyň paýhasly sözlerini öwrenýän her bir kişä zerur sözler.

Başy » Çaryýarlaryň nesihatlary » Möminleriň emiri Aly Ibn Abu Talybyň paýhasly sözlerini öwrenýän her bir kişä zerur sözler.

Beýik Allanyň ady bilen!

Älem-jahany ýaradan, Ynsana çäksiz nygmatlar eçilen, ýagşy kysmat peşgeş beren asly ýagşyzadalardan bolan Muhammet alaýhyssalamy musulman ymmatyna pygamber edip saýlan Beýik Alla öwgüler bolsun! Allanyň iň söýgüli pygamberi Muhammede, onuň asylzada maşgalasyna we ýagşyzada egindeşlerine çäksiz salawatlar bolsun! Muhammet alaýhyssalamyň päk ýoluny tutan şöhratly ýagşyzadalary päkize we tämiz, yslam dinini dinimiz edeni we bu beýik döwletiň çäklerini giňeldip, ony daşky duşmanlardan penakärläni üçin ýene bir gezek Alla öwgüler bolsun!

Goý Beýik Alla biziň päklenen kalplarymyzy gara niýetlerden we Onuň hak ýolundan azaşmakdan gorasyn. Goý, Perwerdigär bu synmaz yslam döwletiniň binýadyny mundan-da berkleşdirip, ony daşky duşmanlaryň mekir-alyndan gorasyn! Goý, bu ýerde höküm sürýän parahatlyk we asudalyk bahary müdimi dowam edip, hazan ýelleri kimin döwlete abanýan howplar ondan aýlanyp geçsin! Allanyň ýagşyzada bendesiniň saýasynda bu döwlet mundan-da pajarlap ösüp, onuň abraýy has-da zyýada bolsun. Goý, bu ýagşyzada ynsan ata-babalarynyň asylly ýoluny dowam etdirip, külli musulmanyň söýgüsine mynasyp bolsun! Goý, onuň wepasy kätibi Reşideddin Watwat hem Allanyň ýagşyzada bendesiniň saýasynda mundan buýana-da oňa wepaly sadyk gul kimin hyzmat etsin! Goý, Beýik Alla Özüniň ýagşyzada bendesiniň kätibini haýyr-yhsan we bu asylzada ynsana gulluk etmekden mahrum etmesin.

Allanyň ýagşyzada bendesi we onuň päk nesli, asylzada asly nesihata hormat goýan adamlardyr. Olaryň ýaşlykdan eşideni haýyr-yhsan etmek hakyndaky nesihat we ýagşyzadalar hakyndaky rowaýatlardyr. Bu ynsanyň nesihata şeýle hormat goýýandygyny nazara alyp, oňa Allanyň iň ýagşyzada bendeleriniň biri bolan Aly ibn Abu Talybyň dürdäne sözlerini we nesihatlaryny jemläp bermegi ýüregine düwdüm. Goý, bu öMöminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň paýhasly sözlerini öwrenýän her bir kişä zerur sözler» atly kitap Allanyň ýagşyzada bendesiniň paýhasyna paýhas goşsun! Goý, Beýik Alla ony öz penasynda aman saklasyn!

Möminleriň Emiri, Musulmanlaryň Ymamy, Dördünji Halypa Aly Ibn Abu Talybyň Pähimleri

* * *

Eger  ýapynja[1] bolmadyk bolsa, hakykatyň nämedigini bilmezdim.

* * *

Ynsan diňe ölüminiň öň ýany gaflat ukusyndan oýanýar. Emma haýp, giç, indi ne ökünç ne-de toba oňa ýardam eder.

* * *

Ynsanlaryň köpüsi ata-babalaryna meňzemek isleýärler. Emma olaryň zamany bilen ata-babalarynyň zamanynyň düýpgöter üýtgändigini nazara almaýarlar.

* * *

Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.

* * *

Her kimiň eden işine görä, bahasyny töläň, ýagny ýagşy adama ýagşylyk, ýaman adama ýamanlyk bilen jogap beriň.

* * *

Özüniň kimdigine göz ýetiren Allanyň kimdigine we nädereje beýikdigine göz ýetirer.

* * *

Ynsanyň akyly dilindedir. Onuň akylynyň derejesine baha bermek isleseň sözüne gulak goýuň.

* * *

Dilini saklanyň dosty köp bolar. Sebäbi ynsan duşmany diliniň üsti bilen gazanýar.

* * *

Azat adam azatlygynyň gadryny bilmez. Azatlygyň nämedigini diňe gulçulygyň gandalyny dakynan biler.

* * *

Husyt adam mal-mülküniň hözirini ne özi görer ne-de başgalara görkezer. Ol baýlygyny hiç kese dözmän uly miras galdyrar.

* * *

Gürleýän adamyň sypatyna görä däl-de onuň gürleýän sözüne görä netije çykar.

* * *

Bela gelende ýa-da başyňa kynçylyk düşende sabyrly bol. Sabyr-takat üstünligiň ýarysydyr.

* * *

Bahyl adamyň işi rowaç bolmaz.

* * *

Tekepbir adam öwgi-sena we hormata mynasyp däldir.

* * *

Husyt, bahyl adamdan ýagşylyga garaşmaň.

* * *

Köp iýegen adam tebibiň ýardamyna mätäç bolar.

* * *

Ýaman gylykly adam abraý donuny geýmez. Mertebe we at-abraý diňe ýagşy edep-terbiýe alan adamlara mynasypdyr.

* * *

Ýola çykanyňda başga ýoldaş tapmasaň-da töhmetçi bilen ýoldaş bolmagyn. Ýalan töhmet etmegi başaran islendik şer işe baş goşup biler.

* * *

Içigara adamyň rahatlygy bolmaz. Sebäbi beýle ynsan yrsgalyň Alla tarapyn berilýändigine aň ýetirip bilmez.

* * *

Bahyl adamda mähir muhabbet bolmaz. Bahyl adamyň kalby ölüp, durmuşdan lezzet alyp bilmez.

* * *

Ynsan çagasy her bir ýaman iş üçin öç, ar almakçy bolýar. Diňe beýik adamlar duşmanynyň günäsini geçmegi başarýar.

* * *

Mukaddes ýerlere zyýarat edeniňizde kalbyňyzy päkläň. Allanyň gaşyna päk kalp bilen barmadygyň zyýaraty kabul bolmaz.

* * *

Nesihat dogry ýol görkezijidir. Nesihat ynsanyň halasgäridir. Nesihat alyp başarmaýan adamdan ýagşylyga garaşmaň.

* * *

Ýalançydan, kezzapdan ýagşy amala garaşmaň. Beýle adamlara ýagşylyk etmek ýaly häsiýetler mahsus däldir.

* * *

Kezzaplygyň akybeti şer işlere, onuň akybeti bolsa dowzaha eltýändir.

* * *

Allanyň ýanynda iň hormatly adamlar oňa takwalyk edenlerdir.

* * *

Allanyň dinine tagat eden adam il arasynda uly abraý gazanar.

* * *

Akylly ynsan ony ýaradana we oňa yrsgal-döwlet berene şükür eder.

* * *

Toba etmegi özüne kiçilik bilýäne şepagat edilmez.

* * *

Ynsan üçin asudalyk, parahatçylyk ýaly zynatly lybas ýokdur. Asudalygyň lezzeti süýji şerbet kimindir.

* * *

Nadanlyk alajy ýok dertdir. Nadanlyk ynsan üçin üç-gyraksyz zulmatdyr.

* * *

Kemakyllyk ýaly kesel ýokdur. Kemakyl baran mejlisinde hemişe özüni rahat, galan ähli adamlar bolsa özlerini birahat duýarlar.

* * *

Ynsanyň dili endige görä gürlär. Paýyş sözlere endik eden, dil eýesini masgara eder.

* * *

Nadanlyk ynsanyň iň ganym duşmanydyr. Akylly adam egindeşlerini kyn ýagdaýdan alyp çykar. Emma nadan diňe bir özüni däl, eýsem, egindeşlerini-de kyn ýagdaýa salyp biler.

* * *

Özüniň mertebesine has ýokary baha berýänlere, ýagny tekepbirlere Alla rehim etsin.

* * *

Zol-zol säwliklere ýol bermek, eden günä işleriňe ökünmezlikdir.

* * *

Ýaranyna pyssy-pujurlygy nesihat eden, onuň eden günä işlerine şärikdir.

* * *

Akyl kämil derejä ýetende ynsan az gürläp başlar. Akylly adam diňe hajat ýüze çykanda gürlär.

* * *

Maksatly ynsan guşuň uçup barmaly ýerine baryşy kimin maksadyna ýeter.

* * *

Ikiýüzli ynsan Ýaradanyň ýanynda-da, onuň halkynyň ýanynda-da pes adamdyr.

* * *

Ulamalaryň mejlisindäki nadan gülleriň arasynda biten tiken kimindir.

* * *

Gyssanmaçlyk sabyr-takatly bolmakdan ýeňildir. Emma gyssanmaçlyk masgaraçylyga, sabyrlylyk bolsa abraýa elter.

* * *

Wada jogapkärçilikdir. Wada eden ähdine wepaly bolandan soň jogapkärçiligi boýnundan aýyrýar.

* * *

Kim özüne degişli däl zatlara güýmense özüne degişli zatlary duşundan geçirer.

* * *

Şeriň iň erbedi ony gizlemekdir. Şer işleri gizlin edýän adamyň zyýany iki essedir.

* * *

Gybaty diňläp oturan adam gybatkeşiň günäsine şärikdir.

* * *

Kalbynda tamakinçilige orun beren peseler, kanagata orun beren abraý gazanar.

* * *

Baýlyga we mal-mülke tagat etmedik rahat ýaşar. Nebsine buýrup bilmedik onuň guluna öwrüler.

* * *

Ýalançy abraýsyzdyr, tamakin bolsa ökünjeň bolýandyr.

* * *

Köp degişýän adam özüne duşman gazanar we haýbatyndan jyda bolar.

* * *

Aýşy-eşrete gul bolanyň haly, gandally guluň halyndan has agyrdyr.

* * *

Bahyl kesekilere däl-de eýsem özüniň ýaranlaryna hatda peýda getirýän adamlara-da bahylçylyk eder we olaryň elindäki nygmaty görüp ilmez.

* * *

Mätäç hem bolsaň pes hem-de günä işleri edýän adamyň gapysyndan hajat bilen barmagyn.

* * *

Kä halat ynsan özüne zyýan gelýän ýerlere we şer işlere mejaly bolmasa-da emedekläp barýar.

* * *

Arzuwlaryňa daýanyp ýaşamagyn. Ýöne kä arzuwlar çöldäki salgym kimin ýetilmesi kyndyr. Ýetip bolmajak arzuwlara ynanýan ynsan baryp ýatan nadandyr.

* * *

Kişi malyna göz dikip oturan ynsan guldur. Kanagatly ynsan bolsa kalby rahat ýaşaýandyr.

* * *

Akylly ynsanyň gümany öňden görüjilikdir. Sebäbi akylly ynsan ähli zady ölçerip döküp ondan soň pikrini ýüze çykarýandyr.

* * *

Akylly ynsan keseki adamlaryň säwliklerini özüne sapak ediner.

* * *

Duşmançylyk ynsan kalbyny bimaza eder we ony bähbitli zatlardan alyp galar.

* * *

Ýigrenen kalp kör bolar. Eger ynsan kalbyny ýigrenç gaplap alsa, ol ýerde akyla ýer galmaz. Akyl orun tapmadyk kalp bolsa islendik säwlige ýol berer.

* * *

Utanç ynsanyň gorag galkanydyr. Utançsyz ynsanyň ýüzüniň nury gidip, islendik şer işe baş goşar.

* * *

Kiçisini sylamadyk ulusyna hormat goýmaz.

* * *

Şerap içen utanç-haýasyndan jyda bolar. Utanç-haýasyz bolsa, çekinmezden şer işlere baş goşar.

* * *

Edep akylyň sypatydyr. Edep-terbiýeli ynsan halk arasynda uly abraý we mertebe gazanar.

* * *

Nesihaty diňlenýän we maslahat salynýan adam bagtlydyr.

* * *

Musulman dogry ýoly saýlap almak üçin dana bolmalydyr. Danalygyň gönezligi bolsa ylymdyr.

* * *

Ähli zada ylalaşmagyň soňy mynapyklykdyr. Gapma-garşylygyň soňy duşmançylykdyr.

* * *

Kiçi aýyplara endik etmek şer işlere baş goşmakdyr.

* * *

Arzuwa maksatsyz hereket etmek, arzuwa ýeterlik howp salýandyr.

* * *

Her bir gazanç üçin yhlas edýän kişi gazanja ýetip bilmez. Ynsan diňe yrsgal-döwletiň şasy – Beýik Allanyň islegi bolsa baýap biler.

* * *

Diňe yrsgal-döwlet, baýlyk diýip hars urup, Allany ýatdan çykaran hiç zat gazanman, diňe utulyşa sezewar bolar.

* * *

Tamakinçilik salgym gazanan ýalydyr. Tamakin özüniň maksadyna ýetmek üçin her hili peslige ýüz urar.

* * *

Tama ynsanyň boýnuna ýüp salyp ony düýe iden kimin idip dürli masgaraçylyklara sezewar eder we iň soňunda ýüpi şeriň eline berer. Kanagatlylyk bolsa bu ýüpi gyrkyp, ynsany pese düşmekden halas etmäge çalyşýar.

* * *

Dünýäniň islendik haýyr işleriniň ýanynda şer iş hem bardyr: Tejribä ýetmek üçin — uzak ýol, gazanjyň ýanynda — tüwmaýak galmak, saglygyň ýanynda — hassalyk, abraýyň ýanynda — peslik, kynçylygyň ýanynda — ýeňillik we dogry ýoluň ýanynda — azaşmaklyk bardyr.

* * *

Islendik işiň akybeti, ahyry hakynda köp pikir edilende bu işi etmäge höwes ýiter.

* * *

Allatagala ynsan doglandan onuň ykbalyny oňa mälim edip bilerdi. Emma ol bu külpetli ýoly geçip, kynçylygy ýeňip geçmegi ynsanyň ygtyýarynda goýdy.

* * *

Ynsanyň ykbalynda gije bilen gündiziň çalşyp durşy kimin kynçylyk bilen ýeňillik, şer bilen haýyr çalşyp durýandyr. Esasy zat ynsanyň ruhdan düşmezligidir.

* * *

Iň haýyrly işleriň biri diliňi paýyş sözlerden we gybatdan saklamakdyr.

* * *

Abraý ýagşy işler bilen gazanylýandyr. Edep bolsa ynsanyň aslyna we gelip çykyşyna baglydyr.

* * *

Ylym we edep ynsanyň iň buýsanmaly zatlarydyr. Sebäbi şu ikisi bolan ynsan durmuşda uly üstünlik gazanar.

* * *

Iň keremli ynsan edepli ynsandyr. Çagalaryňyza ýagşy edep miras galdyryň. Sebäbi ol islendik baýlykdan gymmatlydyr.

* * *

Nadan we akmak garybyň garybydyr.

* * *

Ynsan gereginden artyk zada dalaş etmeli däldir. Geregiňden artyk zat isripdir.

* * *

Ilden saýlanmak üçin geň hereket etmäň. Sebäbi beýle hereketler adamlary sizden daşlaşdyrar.

* * *

Akylly adam baýyň hem baýydyr.

* * *

Tamakin adama islendik baýlyk azdyr.

* * *

Allanyň beren nygmatyny ýerlikli ulanyň we Alla şükür ediň. Şükür edýänleriň yrsgaly has-da zyýada bolar.

* * *

Akylly adam hiç haçan tamakinçilik gandalyny boýnuna ildirtmez. Akyl bar ýerinde tamakinçilik heläk bolar.

* * *

Hak işi goldan üstün, haka garşy giden heläk bolar.

* * *

Kyn ýagdaýa düşseňiz yhlas bilen Alla ýüz tutuň. Alla hiç haçan öz bendesini kyn ýagdaýda goýýan däldir.

* * *

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

* * *

Baş arzuwlara kowalaşan yzyndan ajalynyň ýetenini duýman galar.

* * *

Süýji miwe berýän daragtyň soň hem süýji miwe berişi kimin asly ýagşynyň neslide ýagşy bolýandyr.

* * *

Eger başarsaň duşmanyň-da günäsini geç. Geçirimlilik diňe beýik ynsanlara mahsusdyr.

* * *

Ynsanyň gizlin saklamak isleýän syry ýa-ha onuň dilinden sypar ýa-da onuň ýüzünden mälim bolar.

* * *

Nygmata daban azabyň bilen ýetseň-de, ony Allanyň berýändigini ýadyňdan çykarma.

* * *

Bahyl adam baý hem bolsa onuň kalby garypdyr. Ol näçe baýlyk toplasa-da ömrüni garyp duýgy bilen ýaşar.

* * *

Akylly ynsanyň dili onuň kalbyna tagat edýändir.

* * *

Samsyk, nadan dili bilen özüne duşman gazanar.

* * *

Eý Allam, biziň säwliklerimizi, dilimiz bilen goýberen hatalarymyzy, aýyplarymyzy we günälerimizi geçir. Senden başga rehimdar, günä geçiji ýokdur.

* * *

Kalbyňyza dynç beriň we oňa peýdaly pursatlary gözläň. Sebäbi bedeniň ýadaýşy ýaly ol hem ýadaýandyr.

* * *

Bedeniň ýadaýşy ýaly kalp hem ýadaýandyr. Dana pähim-paýhaslary okamak bilen oňa dynç beriň.

* * *

Kim dünýäde arkaýyn ýaşap, özüniň onuň mekirliklerine sezewar bolandygyny duýmasa, ol adam nadandyr.

* * *

Dünýäniň diňe üç zady ýagny baýlygy, yzzaty we rahatlygy bardyr. Kim-de kim dünýäde kanagatly ýaşasa - baýlygyna gowşandyr. Kim-de kim takwa ýaşasa - yzzatyna gowşandyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa - rahatlygyna gowşandyr.

* * *

Dünýä we ahyret göýä maşryk we magryp ýalydyr. Birine ýakynlaşsaň, beýlekisinden uzaklaşarsyň.

* * *

Dünýäni dost tutan göýä suwy goşawuçlap tutan ýalydyr. Barmaklaryň suwy tutup bilmeýşi kimin sen hem dünýäni tutup bilmersiň.

* * *

Dünýä asyl mekana tarap geçelge ýoludyr. Ynsanlar hem iki topardyr. Biri öz janyny satar, dünýä olary heläk eder. Beýlekileri bolsa janlaryny satyn alarlar, dünýä bolsa olary erkinlige goýberer.

* * *

Zamanany baş egdirip bilmersiň, şonuň üçinem oňa mylaýym bol.

* * *

Günler içinde sagat çalt geçýär. Aý içinde gün çalt geçýär. Ýyl içinde aý çalt geçýär. Ömür içinde ýyllar çalt geçýändir. Umuman tutuş ömür bir salymda geçip gidýändir.

* * *

Dünýäniň ýaşaýjylary göýä ulagly seýr edip ýören ýalydyr. Ol ulagyň üstündedir, ulag bolsa uklap ýatandyr.

* * *

Başy jebir-jepa bolan we soňy panylyga eltýän dünýäni men size nädip beýan edeýin. Halalynda hasap bar, haramynda azap. Kim-de kim bu dünýäde baý bolan bolsa, onuň synaglaryna sezewar bolandyr. Kim-de kim garyp bolsa, gaýgy-gam içindedir. Kim ony gazanjak bolsa, ondan ýiter-gider.

* * *

Eý halaýyk, Alla size rehim etsin. Hakykatdan hem siz hakykatyň az aýdylýan wagtynda, dilleriň dogruçyllykdan kütelip, hakykatyň basgylanýan döwründe ýaşaýarsyňyz. Siziň döwrüňiziň ýaşaýjylary günälere özüni beren, aldanylmaga öwrenişen, ýaşlaryňyz azan, garrylaryňyz günäkär, alymlaryňyz mynapyk, karylaryňyz ryýakär. Kiçileriňiz ulularyňyza hormat goýmaýandyr, baýlaryňyz garyplaryňyzyň halyndan habar almaýandyr.

* * *

Kim-de kim Gurhandan ugur alyp, ýyldyz ylmyndan bir ylym öwrense, onuň imany we ylmy artar.

* * *

Eý, ynsanlar, ýyldyz ylmyny öwrenmekden gaça duruň! Siz diňe gury ýerde we deňizde ýyldyzlar bilen ýol tapar ýaly maglumat-ylym öwrenip bilersiňiz. Sebäbi ýyldyz ylmy ynsany gaýypdan habar bermäge alyp gelýändir. Münejjim gaýypdan habar berýäne meňzär. Gaýypdan habar berýän bolsa jadygöý ýalydyr. Jadygöý bolsa jähennemidir.

* * *

Uly şäherlerde ýaşaň, sebäbi ol ýer musulmanlaryň ýygnanyşýan ýeridir. Gaflatly, jepaly ýerlerden we Alla tagat etmezlikden habardar bol. Bazarlarda kän oturmaň. Sebäbi ol ýer şeýtanyň we pitneleriň ýeridir.

* * *

Doglan ýeriňden mukaddes ýer ýokdur. Iň gowy ýurt doglan ýeriňdir.

* * *

Gahar-gazabyňy ýeňmek, Alla üçin batylyň iň erbedini öldürmekden has gowudyr».

* * *

Hasrat çekýäne kömek etmek we gaýgy-gama batany aladadan dyndarmak uly günäleriň geçilmegine sebäpdir.

* * *

Aýalyň erkegi gabanmagy küpürdir. Erkegiň aýaly gabanmagy imandyr.

* * *

Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr. Dostlaryň iň ejizi dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir.

* * *

Adamyň ruhy dünýäsi onuň nähili adamdygyndan habar berýändir.

* * *

Ynsanlary iki zat heläk edýär: Aşa söýgi we aşa ýigrenç. 

* * *

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

* * *

Namysly gedaý günä edýän baýdan haýyrly­dyr.

* * *

Eger Allatagala bir millete gazaplansa, şol milletde nyrhlar galar, söwda gazanç getirmez, daragtlar miwe bermez, derýalaryň suwy azalar, gurakçylyk bolup ýagyş ýagmaz, şer köpeler.

* * *

Ynsanlar bir zada gowy diýseler, döwür onuň üçin erbet gün gizläp goýandyr.

* * *

Kim-de kim saňa erbetlik etse, oňa gowulyk bilen jogap ber.

* * *

Haýyr-yhsan etmeýän, sadaka paýlamaýan adam Allatagalanyň rehmetinden umydyny üzsün we haýyr-yhsan edilmegine garaşmasyn.

* * *

Adamlary ýaman, erbet işlerden saklaň, şol bir wagtda özüňiz hem erbet işlerden daşda duruň.

* * *

Şer işler günä eltýändir. Günä iş edýänleriň barjak ýeri dowzahdyr. Haýyr-yhsan işleri sogaba eltýändir. Sogap iş edýänleriň barjak menzili jennetdir.

* * *

Adamlaryň arasyndaky duşmançylygyň köpüsi nadanlykdan başlanýandyr.

* * *

Kör adam gözi görmän ýalňyşlyk goýberse, gözli adam köplenç bilip ýalňyşlyk edýär.

* * *

Köp adamlarda samsyk gylyklar bardyr. Emma olaryň birnäçesi bu gylygy ret etmegi başarýarlar.

* * *

Köp gürleýän köp ýalňyşýandyr.

* * *

Adam aljyraňňy, gyssanmaç gürläninde onuň ýalňyşy köpelýändir.

* * *

Diliňiziň jylawyny elden bermäň, pikirlenip gürläň. Şeýle etseňiz utançly ýagdaýa düşmersiňiz»

* * *

Geçirimlilik we toba etmek zekat beren ýalydyr.

* * *

Kalbynda pitne turuzmaga höwesi bar adam toba etsin.

* * *

Iki adamdan, ýagny haýyr-sogap iş edip ýaşaýan we günä iş edip, günäsinden saplanmaga çalşyp ýaşaýan adamlardan başgalara bu dünýäde ýaşamagyň hiç hili hajaty ýokdur.

* * *

Günä iş edip, soňundan hem bu günäniň jezasy ýeňil ýa-da hiç hili jeza ýok diýip hasaplamak, iň uly günädir.

* * *

Eger özüňi duşmanyňdan güýçli saýsaň, onuň günäsini geçgin. Bu Allatagalanyň seni duşmanyňdan güýçli ýaradanyna eden şükrüň bolsun.

* * *

Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.

* * *

Adamyň akyly goýalyşanda gürlemesi azalýar.

* * *

Adama, köplenç, gürleýşine görä baha berilýär. Gowy gürlese, gowy adam, erbet gürlese-de erbet adam diýip hasap edilýär. Emma ikiýüzli adam gowy gürlese-de, erbet adam bolup bilýändir.

* * *

Bu zamanda diňe mömin bolsaň, halas bolarsyň. Mömin şehit bolsa ölýän däldir, gaýyp bolsa ýitýän däldir. Ol dogry ýola ýagty saçýan çyradyr. Olar üçin jennetiň ýedi gapysy hem açykdyr.

* * *

Dil adama berlen nygmatlaryň biridir. Ol adamyň başyna bela getirip, nähak ganlary hem dökdürdip biler, ýa-da urşuň öňüni alyp, adamlaryň başyny aman saklap hem biler. Bu her ynsanyň sözi ýerlikli, akylyna laýyk ulanyp bilşine baglydyr.

* * *

Dymma adam haýbatly görünýändir.

* * *

Günä iş edip, oňa ökünip aglaýan adamyň kalby entek şer işlere doly tabyn bolan däldir.

* * *

Kyn mesele ýüze çykanda danalaryň dymmaklygyndan, nadanyň gürlemeginden hiç hili peýda ýokdur.

* * *

Zahyt, dindar adam ýekelikde däl-de, adamlaryň arasynda zahyt bolup, görelde görkezmelidir.

* * *

Haýyr iş edýän adamy göreniňde kalbyň şatlykdan dolýar.

* * *

Allanyň parzlaryny ýerine ýetiren, pygamber sünnetine amal eden, Gurhany okan, öz bala-çagalaryna ýagşy edep beren, il-gününe kyn gününde kömek eden adam ýagşyzadadyr. Ýagşyzada adam bolsa jennetidir.

* * *

Mömin göwni giň, ruhy belent, ýagşy işler bilen meşgul, il-günüň derdine ýaraýan adam bolmalydyr.

* * *

Bu dünýäde gowy iý, gowy iç, gowy ýaşa, ýöne şu zatlary edeniňde Allatagalany hiç wagt ýadyňdan çykarma.

* * *

Alym, dana, takwa adamlar üç zadyň üsti bilen alymlyga, danalyga, takwalyga ýetýändirler. Adamyň içki dünýäsi päk bolsa, adamlaryň oňa bolan gatnaşygy hem päk bolar. Adamyň Allatagala bilen gatnaşygy gowy bolsa adamlar bilen hem gatnaşygy gowy bolar. Adam o dünýäsiniň aladasyny etse, Allatagala ony bu dünýäniň aladasyndan dyndarar.

* * *

Haýyr işi birine görünmek üçin etmegin. Emma birinden utanyp hem haýyr işi taşlamagyn.

* * *

Ýagşy häsiýetiň ilkinji alamatlarynyň biri kyn ýagdaýa düşen adama kömek bermek isleginiň döremegidir.

* * *

Gahar-gazapdan saplanyp bilen adamyň ahyreti abatdyr.

* * *

Duşman gazanmazlygyň iň gowy usuly ýumşak häsiýetli bolmakdyr.

* * *

Ýagşy gylyk-häsiýetli boluň! Ýagşy gylyk-häsiýetliler jennete girýändirler we ol ýerde eden işleriniň hözirini görýändirler. Ýaman gylyk-häsiýetiňizi düzetmäge çalyşyň. Ýaman gylyk-häsiýetliler dowzaha girýändirler we ol ýerde eden işleriniň ezýetini çekýändirler.

* * *

Mizan terezesinde adamyň eden sogap işleri ölçenende iň agyr geljek zat onuň ýagşy gylyk-häsiýeti bilen gazanan sogaplarydyr

* * *

Eger Allatagaladan başga-da Hudaý bolan bolsa, olaryň ählisiniň pygamberleri bolardy. Biz olaryň sypatlaryny, edýän işlerini bilip oturardyk. Emma berk bellegin, Alla ýekedir we ebedidir.

* * *

Iman adamyň kalbynda emele gelýär. Adam haýyr işler etse, imany güýçlenýär. Şer işler etse weli, imany azalmak bilen bolýar.

* * *

Rebbiňi görmek üçin göz däl-de, imana ýugrulan ýüregiň, sagat düşünjäň we dury akylyň bolmalydyr.

* * *

Gurhany Kerimde sizden öňküleriň habary, geljegiňiz hakyndaky habar we siziň nähili ýaşamalydygyňyzyň kada-kanuny bardyr.

* * *

Allatagalanyň kitaby nurdur, şypadyr, halasgärdir, okalanda özüne çekijidir. Ony okan adam sogap gazanar. Amal eden adam jennete girer.

* * *

Ylymsyz edilen ybadatdan, amalsyz okalan Gurhandan haýyr ýokdur.

* * *

Şeýtan bäş wagt namazyny okaýan adamyň ýanyna golaýlaşmaga gorkýandyr. Ol adam namazyny taşlasa, şeýtan onuň üstüne topulyp, süňňüne ornaşýar.

* * *

Namazyňyzy okaň, ony terk etmäň, başardygyňyzdan köpeldiň. Kyýamat güni sizi dowzahyň odundan halas etjek zat namazdyr.

* * *

Zürýadyňyzyň maly-mülküne guwanman, onuň edep-ekramly, dindar bolup ýetişenligine guwanyň.

* * *

Agzyň arassalygy Allatagalanyň razylygyny gazanmagyň iň ýakyn ýoludyr.

* * *

Allanyň ýagşy bendeleriniň biri wepat bolanda, ýerde onuň bu dünýäde okan namazlary we eden haýyr işleri, asmanda bolsa onuň sogaplary ýas tutup aglar.

* * *

Oraza tutýan kişi günüň dowamynda iki gezek ýagny agyz beklände we agyz açanda şatlanýandyr.

* * *

Adamy ýaman işden saklap, ýagşy işlere gönükdirmek, oňa öwüt-nesihat etmek haýyr işleriň biridir. Soltanyň raýatlaryna adyl höküm etmegi iň bir sogaply, haýyr işleriň biridir.

* * *

Ähli adamlar bilen agzybir boluň. Ýeke galan goýnuň möjege lukma bolşy ýaly ýeke galan adamyň ýüregini şeýtan eýelemäge çalşar. Agzybirlik bütewiligiň alamatydyr.

* * *

Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.

* * *

Kimdir biri iliň aýbyny görüp, özüniň aýbyny inkär etse, onda ol baryp ýatan akmakdyr.

* * *

Kimdir biri mömin adama ýa-da mömin aýala töhmet atsa, Allatagala onuň mömine aýdan sözi teninden çykýança, ony dowzahyň odunyň üstünde oturdýar.

* * *

Gybat güýçsüz, ejiz adamyň işidir.

* * *

Eý, Allam! Meni özüňden başga mätäç etme. Özüňden başgadan pes etme.

* * *

Bela-beteriň möwç urýan tolkunyny doga bilen gaýtaryň.

* * *

Doga-dileg möminiň ýaragydyr, yslam dininiň sütünidir, asman-zeminiň nurudyr.

* * *

Eý, Allam! Meniň ýüzümi utanç perdesi bilen gora, namarda mätäç etme, onuň öňünde meni kemsitme. Ähli şer işlerden özüň gorap, hak ýolunda eden işimi rowaç eýlegin.

* * *

Eý, Allam! Halkyň içinde meniň gürleýän gürrüňimiň gowy görlüp, ýüregimdäkimiň ýigrenilmeginden özüň gora

* * *

Her bir ýurdy ilçisi boýunça tanaýarlar we göz öňüne getirýärler. Adamyň akyly mejlisdäki ilçisidir

* * *

Soltan bolmak üçin wezipeli egindeşleriň bolmalydyr. Wezipeli bolmak üçin baýlyk bolmalydyr. Baýlyk gazanmak üçin işleriňi dogry dolandyrmagy başarmalydyr. Işiňi dogry dolandyrmak üçin adyl we ýagşy syýasatçy bolmalydyr

* * *

Adyl ýürek adamlaryň şatlyk çeşmesidir. Adyl soltan ähli ýer ýüzüniň şatlygynyň gözbaşydyr. Zalym ýürek adamlara gaýgy-gam getirýän çeşmedir. Zalym soltan ýer ýüzüniň gaýgy-gamynyň gözbaşydyr.

* * *

Eý, Allam, saparyň kynçylygyndan, erbet öwrülişiklerden, mal-mülküme, maşgalama gyýa göz bilen seredilmeginden özüň gora. Eý, Allam, sen maňa saparda ýoldaşsyň, ýaransyň we maşgalama gözegçisiň. Bu iki işe bir wagtda hötde gelmek diňe saňa başardýar. Sebäbi maşgala gözegçi bolan ýola ýoldaş bolup bilmez, ýoldaş bolan ýolagçy hem yzyndakylara gözegçi bolup bilmez.

* * *

Üç adama tagat etmek, ýagny ýaşuly musulmana, adyl patyşa we Gurhan göterýän adama hormat goýmak — Alla boýun bolmakdyr.

* * *

«Zyňylan daşy yzyna-da zyňyp bolýandyr, zyňman hem bolýandyr» diýýärler, ýagny ýamanlyk edene ýamanlyk edip-de bolar, etmän hem bolar, oňa derek ýagşylyk bilen hem jogap berip bolar.

* * *

Utanç — adamyň zynaty, sahylyk — ýagşyzadalygyň alamaty, sabyr bolsa — haýyr-yhsan gämisidir.

* * *

Sabyr-takatyny ýitiren adam küpür işlere ýakyndyr

* * *

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Şolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe­kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

* * *

Sabyrly adam üstünlik näçe uzak wagta çekse-de, oňa garaşmagy başarar

* * *

Özüňdäki gaýgy-gamy, umytsyzlygy sabyr-takatlylyk bilen ýeňmegi başargyn.

* * *

Sen eliňden giden zat üçin gynanma, bu dünýäde seniň eliňde bolup biljek, emma bolmadyk, amala aşmadyk zatlar üçin gynangyn.

* * *

Mömin üçin dogruçyllyk baýlykdan we mirasdan haýyrlydyr.

* * *

Hakykat ýoluny tutýan adamyň soňy, ahyreti gowudyr. Erbetlik, ýalňyşlyk ýoluny tutýan adam misli mergi keseli bilen keselän ýalydyr. Oňa şypa tapmak ýokdur

* * *

Kim-de kim hakykaty gizlese, Hak ýolundan daş düşer.

* * *

Kimdir biri başga biriniň baýlygyna, mal-mülküne bahyllyk, içigaralyk etmeýän bolsa, onda ol adamyň bedeni sagatdyr.

* * *

Bir adam birinden ýardam bermegini islese, ol onuň gözegçiliginde bolar. Kim-de kim birinden zat talap etse, ol onuň ýesiri bolar. Kim-de kim bir adamy halas etse, ol onuň emiri bolar

* * *

Her bir zadyň miwesi bardyr. Mätäjiň hajatyny ýerine ýetirmek jennetiň miwesidir.

* * *

Öýüňe myhman gelse, ony gapyda saklama. Ony öýüňe salyp, baryňdan hezzet-hormat et.

* * *

Kimdir biri musulman doganlaryny bir saçagyň başyna jemläp, olara nahar berse, onda ol adamyň bu eden işi guly azat edeniňden hem gowudyr.

* * *

Tamakinçiligiň uçgunlary köplenç akyl eýelerini hem uruşdyrýandyr.

* * *

Tamakinçilik adamy masgaraçylyk agajynyň kölegesiniň aşagyna elter.

* * *

Bu dünýäde sogap iş edeniňde, Allanyň ýanyna baranyňda olaryň kabul bolmazlygyndan gork! Eger bu dünýäde günä iş etseň, onda Allanyň ýalkawuny dile.

* * *

Kimdir biri sen hakynda ýagşy zat güman etse, onda onuň gümany hakdyr

* * *

Her bir güman edýän zadyňy diliňe getirmek adamyň ýüzüni gyzardar

* * *

Zalym Allanyň gazabyndan gaçyp gutulyp bilmez. Eger ol bu dünýäde zalymlygy üçin jeza çekmese, onda o dünýäde oňa dowzahyň sakar ody garaşýandyr.

* * *

Eý, musulmanlar! Biri-biriňiziň malyňyza göz dikmäň. Gözüňizi, diliňizi we kalbyňyzy bahyllygyň alyna aldyrmaň. Bahyllyk etmek adamlaryň arasynda närazylyga, närazylyk bolsa duşmançylyga, duşmançylyk bolsa urşa, ölüm-ýitime elter. Allanyň ýazgydyna garşy bolmasaňyz içigaralykdan, bahyllykdan daşda duruň.

* * *

Hökümdarlara üç zat — ähli ýagdaýda Alla öwgi-sena aýtmak, raýatlara deň göz bilen seretmek we ynsabyna buýurmak wajypdyr.

* * *

Adyl ýaşan musulman adama dowzah odundan gorkmagyň geregi ýokdur.

* * *

Bikärlige endik eden durmuşda hor bolar.

* * *

Päkgöwünlilik garyp adamyň baýlygydyr.

* * *

Akylly kişi durmuş tejribesinden ders alar.

* * *

Ýumşak häsiýetlilik ynsanyň üstüni örtýän perdedir. Akyl onuň kesgir gylyjydyr. Gylyk-häsiýetleriňden erbetlerini ýumşaklyk bilen örtgün. Nebsiň isleg-arzuwlaryny bolsa akylyň bilen öldürgin.

* * *

Bahyl kişä maslahat salmagyn. Seni üstünlikden alyp galar we haýyr-yhsan etmegiňe böwet bolar. Gorkak kişä hem maslahat salmagyn. Sebäbi işleriňde gowşaklyk emele geler we ol seni etjek işleriňden alyp galar. Harsydünýä ynsan bilen hem maslahatlaşmagyn. Sebäbi ol zulum bilen mal-mülk ýygnamagy saňa ündew eder. Bahyllyk, gorkaklyk we harsydünýälik her haýsy aýry-aýry gylyklardyr, ýöne bularyň ählisi birden bir bedende jemlenende Alla garşy erbet güman getirýärler.

* * *

Maslahatlaşmazdan öz kellesine gelşine görä iş eden adam heläk bolar. Özgeleriň pikirini diňlän bolsa, olaryň akylyna şärik bolar

* * *

Amalyň kabul bolmagy üçin amaldan artyk yhlas görkeziň.

* * *

Halka ýolbaşçy bolan, beýlekilere terbiýe bermezden öňürti özüne terbiýe bermelidir. Ol dili we gylyk-häsiýeti bilen halka görelde bolmalydyr. Nebsine haý diýip, kanagatly ýaşan ynsanyň derejesi bu dünýede-de ahyretde-de ýokarydyr.

* * *

Her bir ynsanyň bahasy onuň eden işine görädir.

* * *

Alymyň ýalňyşyny olaryň duşmanlary, nadanlaryň ýalňyşyny bolsa olaryň özleri ile jar edýärler.

* * *

Bedeniň kuwwaty iýmek-içmekdedir. Akylyň kuwwaty danalykda we ylymdadyr.

* * *

Edebiň miwesi ýiti akyldyr, ylmyň miwesi yhlasly amaldyr.

* * *

Ýokary derejeli abraý edep bilen gazanylýandyr.

* * *

Ynsanlar üç topara bölünýärler. Olaryň bir topary alymdyr, ýene bir topary ylym öwrenijidir. Galanlary bolsa siňek kimindir, olardan hiç haçan haýyr bolmaz.

* * *

Ylym iki görnüşe ýagny tebigy zehine we eşidilip öwrenilen ylma bölünýändir. Eger adamda dogabitdi zehin ýok bolsa, onda eşidilip öwrenilen ylym, peýda bermez.

* * *

Alymlaryň mejlisine gatnaşyp, söhbetlerine goşulgyn. Eger ýaramaz häsiýetli bolsaň, seni dogry ýola salarlar, nadan bolsaň, ylym öwrederler, ýalňyşsaň düzederler. Akmaklaryň ýanynda oturmagyn, sebäbi olar bu aýdanlarymyň tersine ederler.

* * *

Ýamaly ýa-da köne eşik geýmek adamy pespäl edýändir we tekepbirlikden goraýandyr.

* * *

Eliňize hakyk daşly ýüzük dakynyň. Sebäbi beýle ýüzük dakynan adama gaýgy-gam ýat bolar.

* * *

Garrylykdan başga ähli derdiň dermany bardyr.

* * *

Zeýtun ýagyny içiň. Ol üsgülewügiň emidir, nerwiňi berkleşdirmäge ýardam eder, adama görk, ruhubelentlik berer we gaýgy-gamdan saplar.

* * *

Aýşy-eşrete öz üstüňizden höküm sürdürmäň.

* * *

Gözli adam — maksady bolmasa, kör adam — ýoluny ýitirse aljyrar.

* * *

Kesel bedene düşen otdur, gaýgy-gam bolsa bu ody has-da tutaşdyrýandyr.

* * *

Şeýle adamlar bardyr, aýagy gyşykdyr, emma eden işleri dogrudyr. Käbir adamlar bardyr, aýagy dogry hem bolsa, aýagyny gyşyk basýandyr. Käbir adam kerdir, emma adamlaryň nalyşyny eşidýändir. Käbir adam kördür, emma halkyň kynçylygyny görýändir. Käbiri gözli bolup, günä işlere göz ýumýandyr.

* * *

Gaýgy-gam adamyň kalbyny öldürýär, onuň ganynyň doňmagyna getirýär we ol adamy heläk edýär. Şatlyk adamyň ganynyň ýylamagyna we çalt aýlanmagyna getirýär,.

* * *

Eger nämedir bir zatda şypa bar diýseler, onda ol zatlar hajm[2] etmek we baldyr.

* * *

Adam hassa bolanda, oňa hiç hili sogap ýokdur. Emma Allatagala keseliň jebir-jepaly bolandygy üçin ol adam keselinden şypa tapýança, ony öňki eden günälerinden päkleýär.

* * *

Söwdada aldap, bir ýa-da iki dirhem gazanan wagtyň o dünýäňi, kyýamaty, dowzahy ýatla. Sen peýda gazandyňmy ýa-da söwdada utuldyňmy, ölçerip dök.

* * *

Eý, söwdagärler! Harydyň nyrhyny alyň, alyjynyň harydyny beriň. Azajyk peýda görmek üçin uly günä gazanmaň. Kişi haky siziň baýlygyňyzdan iki esse bolup çykar.

* * *

Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.

* * *

Adam baýasa we baýlygy söýse, onuň dininiň üçden bir bölegi gidýändir.

* * *

Garyplygyň ýekeje çäresi bardyr. Ol hem Allatagaladan baýlyk dilemekdir.

* * *

Baýlyk şer işlere eltýändir we adamy dininden daşlaşdyrýandyr.

* * *

Mömin adamyň ýüreginde baýlyk diýen söz hem, düşünje hem bolmaly däldir. Iman we baýlyk bir ýürekde ýerleşmez.

* * *

Eý, adam ogly! Güýjüň ýeten işini edip, gazanç et. Güýjüň ýetmejek zadyna ýapyşsaň, kişi emlägine ýapyşan ýalydyr.

* * *

Eý ynsan çagasy! Men seniň garyp düşmegiňden gorkýan we Allatagaladan seniň üçin dileg edýärin. Sebäbi garyplyk diniň üçin nasyklyk we akylyň üçin nakyslykdyr.

* * *

Allatagala garyplara baýlaryň baýlygyndan rysgal berdi. Eger garyp adam ajyksa, munda baý adamyň günäsi bardyr. Bu barada baý adamdan kyýamat güni soralar.

* * *

Garyp adamyň kalbynyň zynaty kanagatlylyk bolsa, baý adamyň kalbynyň zynaty Alla şükür etmekdir.

* * *

Alla ýolunda baý adamyň garyp adama ýardam bermegi, gör, nähili ajaýyp we sogaply işdir.

* * *

Kimdir biri halal gazanç edip, bu dünýeden ötse, Allatagala ondan razy bolar we oňa jenneti bagyş eder.

* * *

Eý, täjirler! Musulman doganlaryňyza harydy arzan bahadan satyň. Allatagala siziň rysgalyňyzy köpelder we bereket berer.

* * *

Adamyň dili ýagşyny görende, ýagşy söz aýtmaga, ýamany görende erbet söz aýtmaga endik edendir.

* * *

Adam oýundyr degişme etdigisaýyn, onuň akyly azalýandyr.

* * *

Eger sen kimdir biriniň gürrüňini aýdyp berýän hem bolsaň, gülkünç ýerini aýtmakdan saklan.

* * *

Degişmäniň gowusy ony aýtman, içiňde saklamakdyr.

* * *

Köp adamyň gadry diňe ol wepat bolandan soň bilinýär.

* * *

Ýagşy işler eden adam ölýän däldir. Onuň eden ýagşy işleriniň ýatlamasy müdimi galýandyr.

* * *

Eger musulman adam Allatagala ybadat etse, nebsine haý diýse, eden günä işlerine toba kylsa, aýşy-eşretden daşda dursa, şeýtanyň waswasyna gulak goýmasa, ölüm gelen pillesi gapyl galmaz.

* * *

Bu dünýäde ýaşanyňyzda maly-dünýä kowalaşmaň. Bu dünýäde ýaşanyňyzda, misli bu dünýäniň adamy däl ýaly bolup ýaşaň. Baýlyga kowalaşmaýan adam ölüminden gorkýandyr, ölüminden gorkýan kişi bolsa, günä iş etmez.

* * *

Ýakyn adamyňyz wepat bolanda, el urup aglamaň. El urup aglaýanyň sogap işleri gider.

* * *

Allatagala tagat ediň. Musulman doganlaryňyza zulum etmäň. Olara güýji ýetmejek ýük ýüklemäň. Salgyt ýygnanyňyzda Allany ýatlaň we onuň emr eden salgydyny alyň. Ähli işleriňizde adyllygy we ynsaby ýaran tutunyň.

* * *

Şeýdip, «Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň paýhasly sözlerini öwrenýän her bir kişä zerur sözler» atly kitap Beýik Allanyň ýardamy bilen 896-njy hijri ýylynyň Oraza aýynyň ahyrynda tamam boldy.Her bir nesihatyň ahyry ýagşy amala ýazýandyr. Goý Allatagala bizi nesihaty kabul edýänlerden edip ýaratsyn. Goý, Beýik Alla bizi ýagşy umytlardan jyda etmän, işlerimizi rowaç eýlesin! Älem-jahany ýaradan Beýik Alla öwgüler bolsun. Goý Beýik Alla ýagşyzada ynsanlardan razy bolsun. Goý, Beýik Alla bu kitaby okanlara we dogry ýoly tutanlara rehmet etsin. Ämin.



[1] Muhammеt pygambеr Mеkgеdеn Mеdinä göç edеn gijеsi Hеzrеti Aly pygambеriň ýatýan еrindе onuň ýapynjasyny bürеnip ýatypdyr. Duşmanlar pygambеri öldürmägе gеlip, ýapynjany sеrpеnlеrindе, ol еrdе Hеzrеti Alynyň ýatanyny görüp haýran galypdyrlar. Bu еrdе şol waka göz öňündе tutulýar.

[2] Hajm - gan aldyrmak.