ALP ARSLAN

Başy » Türkmenistandaky Ewliýäler (gysgaldylan) » ALP ARSLAN

  Seljuk Imperiýasynyň hökümdary. Oguz nesliniň iň uly gahrymanlarnyň biri. Seljuk Imperiýasynyň gurulmasynda esasy rollaryň birini oýnan Horasanyň häkimi Dawud Çagry Begiň oglydyr. 1029-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda doguldy. Gowy ylym öwrendi. Sansyz ýeňişler gazanyp mertligi we ugurtapyjy serkerdeligi bilen şan-şöhrada eýe boldy. Atasy ölenden soň, Horasanyň häkimi boldy. Atasynyň dogany Togrul Beg 1063-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda wepat edenden soň, onuň wesýetini tutup, Alp Arslanyň agasy Süleýmany Seljuk tagtyna çykardylar. Emma, türkmen begleri muňa garşy çykdylar we Alp Arslany hökümdar diýip kabul etdiler.

Alp Arslan, 1064-nji ýylyň 27-nji aprelinde uly şagalaň bilen tagta çykdy. Agasynyň weziri bolan we Süleýmanyň tagta çykmasyny islän Amidülmülk Kündirini işinden boşadyp, beýik döwlet işgäri diýip taryha ady geçen Nizam-ül-mülki wezir edip belledi. Baş-başdaklyk edýän begler bilen tutluşyga giren Alp Arslan, olaryň ählisini bir baýdagyň aşagyna birikdirdi. Şeýlelik bilen Seljuk döwleti güýçlendi.

1064-nji ýylyň ahyrlarynda, Alp Arslan Wizantiýa Imperatorlygynyň üstüne ýörişe çykdy. Gürjüstany ele geçirdi. Baş galdyran dogany Kawurdy boýun egdirdi. 1065-nji ýylda Amyderýany geçdi. O ýerdäki hökümdar bilen ylalaşyk baglaşdy. Alp Arslanyň begleri, Anadola (häzirki Türkiýe) çozuşlar gurap, sansyz ýeňişler gazandylar. Seljuk soltanynyň gitdigiçe güýçlenmegi Wizantiýa Imperiýasyny gaýgylandyrdy. Imperator Romanos Diogenes goşunyny jemläp sapara çykdy. Palu diýilen ýere ýetende, Malatýada goýup gaýdan goşunynyň, Türkmenler tarapyndan perişan edilendigini habar aldy. Yza dolanmana mejbur boldy.

1070-nji ýylda, Alp Arslan Horasan we Yrak goşunlarynyň başyny çekip Azerbaýjana girdi. Serhetdäki galalary ele geçirdi. Wan kölüniň demirgazygyndan geçip, Malazgirtiň öňüne bardy. Gala söweşsiz boýun egdi. Diýarbekirden Eljezirä girdi. Urfany gabawa aldy. Müsürde bir-biri bilen tutlaşýan Fatymi serkerdeleri, Müsüri ele geçirmek üçin, Alp Arslana itergi berýärdi. Seljuk goşuny 1071-nji ýylda Halepde jemlendi.

Alp Arslan, 1071-nj ýylda Fyrat (Ýefratr) derýasyndan geçen wagty, özüniň alym ymamy, Buharaly Kazy Ebu Jafer: "Efendimiz! Beren nygmatlary üçin Allaha şükür edýärin. Çünki bu derýany, ne öňki döwürlerde we ne Yslam döwründe, gullary hasap etmesek, Türkmen hökümdary (şol sanda bütin türki halkyetleriň hökümdary) bolup geçen ilkinji adam sizsiňiz"diýdi. Bu sözler göwnüne ýaran soltan, bütin beglerni çagyrdy we ymama sözlerini gaýtaladyp beglerne-de diňletdi. Allahü tealaga şükür etdi.

Alp Arslan, her gezek Wizantiýalylaryň hüjümlerine mertlerçe döş gerip, böwet bolmagy başarýan edenli Türkmen Beglernnden biri Tug Tekiniň maslahat bermegi bilen ilkinji gezek 1064-nji ýylda Gürjüstana we Azerbaýjana ýöriş etdi. Tug Tekin Gündogar anadoly topraklaryna bäş barmagy ýaly belet bolansoň, Reýden hereket eden goşuna ýolbelet bolup, dar geçelgelerden, daglardan geçirip, gazawat ýollaryna gidýän iň gysga ýollara eltýärdi. Allahü tealanyň dinini ýaýmak, bozuk (nädogry) ynançdaky adamlary dogry ýola salmak, Jähenneme düşmekleriniň öňüni almak üçin dynuwsyz öňe barýan mübärek goşun, ahyrsoň Nahiçewana gelip ýetdi. Aras derýasyndan geçmek üçin gaýyklar ýasadylar. Alp Arslan atlylaryny Arasyň beýleki tarapyna geçirenden soňra, goşuny ikä böldi. Goşunyň bir bölümine ýolbaşçylyk etmek ogly Mälikşanyň paýyna düşdi. Alp Arslan oglunyň ýanyna weziri Nizamülmülki-de kömekçi berip, Wizantiýa galalaryny almak üçin günbatara iberdi. Özi bolsa, Wizantiýalylar bilen darkaş guralanda arkadan gelip biläýjek haýsydyr bir howp üçin ätiýaçlyk çäreler gördi. Küfürde we pitnede çakdanaşa hetden aşan, demirgazyk kawkaz daglarynyň eteklerinde ýaşaýan Ermenilerdir-Gürjüleriň üstüne ýöriş etdi.

Müjahid Soltan Alp Arslan, teý-ahyr Ermenileriň Kangarni welaýatyna hüjüme geçdi. O ýeri basyp alandan soňra, demirgazyk-gündogara tarap hereket edip, daşyny ýaý görnüşli Kür derýasy gurşap alan Trialet etraplaryny eýeledi. Munuň yz ýanyndan Kwelis-Kür, Şawşat, Klarjet ýeňişleri dowam etdi. Şunlukda, Ermenistanyň demirgazyk bölegi bütinleý ele geçirildi. Alp Arslan bu ýerden günorta, Oltunyň gündogaryndaky Panaskerte hereket etdi. Ondan soňra gaýtadan demirgazyga öwrülip, Gürjüstanyň içi bilen öňe gitdi. Ahilkelek şäherini zabt etdi. Gürjüstanyň koroly Bagrat IV soňky demde gaçyp gutuldy.

Şol bir wagtyň özünde, esasy goşuna serkerdelik edýän Mälikşa we baş wezir Nizamülmülk, Aras derýasynyň kenary bilen süýşüp, häzirki wagtdaky Türkiýe-Eýran serhetlerinden geçdiler. Wizantiýa galasyndan güýçli gaýtawul gören Seljukly esgerleriniň ilkinji hüjümleri şowsuz gutardy. Wezir Nizamülmülküň we Mälikşanyň gaýduwsyz söweşi esgerleriň ruhuny galkyndyrýardy, "Allahü ekber!.." diýip eşidilýän sözler güýçlýerine güýç goşýardy. Şol bir wagtyň özünde diýseň mergenligi bilen tanalýan ýaş şazada Mälikşanyň peýkamyndan çykan ok,  diwaryň üstündäki gala serdaryny ýere serdi. Ýolbaşçylary ölensoň duşmanyň içine aljyraňňylyk aralaşdy. Halys tapdan düşen Wizantiýa esgerleri, galany zyňyp gaçmaga mejbur boldular. Boýun egmedikler we Yslamy kabul etmedikler nähili gerek bolsa, şonuň ýaly-da jezalandyryldylar.

Ondan soňra, içinden derýalar akýan, bag-bossana bürenip oturan Sürmeli galasy basylyp alyndy. Şäheriň demirgazygyndäky Merýem Nişin gabawa alyndy. Gala birgiden poplar, serkerdeler we olara bagly halk tarapyndan goralýardy. Diwarlar, uly-uly we ykjam daşlardan örülipdi, gurşunlar we demirler bir-biriniň içinden geçip gidýärdi. Şeýle-de galanyň bir tarapyndan akyp geçýän derýa, bu ýerden gala girmek üçin uly päsgelçilik bolup durýardy.

Mälikşa we Nizamülmülk öňürti olary Yslama çagyrdylar. Musulman bolmasalar boýun egmelidiklerini, bolmasa gan döküljekdigini duýdurdylar. Wizantiýalylar boýun egmedi. Derýadan geçmek üçin gämiler ýasaldy. Gije diýmän üznüksiz dowam edýän gandöküşikli söweş başlady. Seljukly esgerleri gezekleşip gala hüjüm edýärdiler. Arasy kesilmän dowam edýän gazawatda Mälikşa diwara dyrmaşyp barýarka typyp suwa gaçdy. Serdarlarynyň edermenligini görüp göwni galkynan müjahid gaziler (gazy) diwarlary eýelemegi başardylar. Üstünde yslam baýdagyny dikdiler. Bialaç galan hristianlar boýun egmekligiň alamaty hökmünde ak baýdaklaryny göterip, janlarynyň bagyşlanmagyny towakga etdiler. Käbirleri bolsa, musulman bolup ebedi bagta gowuşdy.

Oglunyň we weziriniň gahrymançylyklaryny eşidip Alp Arslanyň begenjiniň çägi bolmady we olary ýanyna çagyrdy. Mälikşa we Nizamülmülk ýollarynyň ugurlaryndaky galalary-da alyp, soltanyň huzuryna bardylar. Iki Seljukly goşuny Sepid Şähýerde birleşdi. Bu taýyny gysga wagtyň içinde basyp alandan soňra, Lal şäherine hüjüm etdiler. Lal şäheri mizemez we beýik galalardan hasaplanýardy. Galanyň diwarlary gündogar we günbatar taraplardan beýik daglaryň üstünde gurlupdy. Galany goraýjylaryň baştutany höçjet Gürjüdi. Şäheriň öňünden akyp geçýän derýanyň üstündäki köpri galdyrylanda, şäheriň ýeke-täk girelgesi hem ýapylýardy. Musulmanlary gören batlaryna hristian Gürjüler köprini ýokary galdyrdylar. Seljukly serkerdeleri şäheriň töweregini aýlanyp görenlerinden soňra, galany zabt etmegiň o diýen ýeňil düşmejekdigine göz ýetirdiler.

Hemişeler bolşy ýaly ýene umytly görünýän Soltan Muhammed Alp Arslan, çadyryny galanyň derwezesiniň öňünde dikdirdi. Gala geçer ýaly uly köpri gurdurdy. "Allah, Allah!" diýip söweşe başladylar. Söweş gysga wagtda tutaşdy. Gürjüler, diwarlara söýelen merdiwanlardan durmaşyp gelýän müjahid gazileri peýkamdan atýan oklary bilen saklajak bolup dyrjaşýarlar. Ölse şehid, galsa gazi bolmak hyjuwy bilen iman sili deýin okdurylyp gelýän müjahidleri saklamak diliňe aňsat. Soltan çadyrynda sežde edip Allahü tealaga ýalbarýardy, bize ýeňiş bagş et diýip, gözlerinden boýur-boýur ýaş goýberýärdi. Ahyrsoň, galadan elleri ak baýdakly aman diläp gelen iki adamy soltanyň huzuryna äkitdiler. Gelenler ynamdar emiriň ýolbaşçylygynda bir topar iberilmegini islediler.

Soltan ýanlaryna bir bölek atly goşup, Ebu Şemse we Emir bin Müjahid atlaryndaky iki serkerdäni iberdi. Gaziler diwarlary geçip, içeri girip-girmänkäler, gürjüler üstlerine topulyp hemmesini şehid etdiler. Bolan wakany Alp Arslana habar bermek üçin gelenlerinde, soltan namaz okap otyrdy. Müjahid Soltan bu wakany eşidip, gaty gynandy. Ýüzüniň ugruna atyna atlanyp hüjüme geçmegi buýurdy. Ýigitler sil deý öňe okduryldylar. Soltan Alp Arslan güýçli gaýtawul berilenligine garamazdan, ähli päsgelçilikleri ýeňip, gandöküşikli uruşdan soňra gazileri bilen şähere girdi. Hristianlar dyz çöküp, boýun burdular. Örän kän mukdarda olja ele geçirildi. Alyp bolmajak gala hasaplanýan Lal şäheriniň düşenligini eşidip, goňşy galalaryň baştutanlary Soltanyň ýanyna ilçilerini iberip, jizýe [salgyt] bermek bilen boýun egýändiklýerini duýdurdylar.

Soltan Alp Arslan sanlyja aýyň içinde örän kän şäherleri we galalary feth edenden soňra, şol jelegaýlarda iň pugta, iň mizemez gala hasaplanýan, Wizantiýalylaryň elindäki Ani galasyna baka ýörişe geçdi. Alp Arslanyň Kars we Ani galalaryna tarap gelýänligi baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda dumly-duşa ýaýrady. Kars derýasynyň gaýrasyndaky Newre we Seýlwürde galalarynyň halky muny eşidip, hristianlygy zyňyp musulman bolandyklary barada habar iberdiler. Alp Arslan bu habara iňňän şat bolup, buthanalaryň deregne metjitler saldyrdy. Dini Yslamy öwrenmeleri üçin medreseler gurduryp, alymlara tabşyryk berdi.

Soltan Muhammed Alp Arslan, Ani galasyny gabamak üçin taýynlyk görüp ýörkä, wezir Nizamülmülk bir ýylyň içinde ele geçirilen şäherleriň, galalaryň we topraklaryň ady ýazylgy fetih-namany taýýarlap, Bagdatda ýaşaýan halifä iberdi. Fetihnamada basylyp alynan ýerler bilen birlikde, söweşlerde 30.000 duşmanyň öldürilenligi, 50.000 adamyň ýesir alynanlygy, kän mukdarda olja ele geçirenligi barada aýdylýardy. Şeýle hem ýeňilmezek müjahid Soltan Muhammed Alp Arslanyň, Wizantiýanyň gündogardaky iň güýçli galalaryndan Anä hereket edenligini, şol sebäpli doga edip, ruhy taýdan goldaw bermeklerini isleýändiklerini aýan edýärdi.

Soltan goşuny bilen Anä gaty golaýlaşypdy. Ermeni Bagrat dinastiýasynyň öňki paýtagty Aniniň daş görünüşi, görenleriň ýüregine wehim salyp, olary eýmendirýärdi. Belent daglar kimin howalanyp duran diwarlary bardy. Iň uly depelerde galalar gurlupdy. Şäheri üç tarapdan ýaý mysaly gurşap alan Arapçaý derýasy towlanyp akyp ýatyrdy. Beýleki tarapda bolsa, giň we çuň edilip gazylan çukurlaryň içine suw goýberlip geçilmez ýaly edilipdi. Giriş-çykyşlar çukurlaryň üstünden gurylan köprüler arkaly amala aşyrylýardy. Beýle şertlerde galany alyp bolmaz öýdüp, şu wagta deňiç duşmanlarynyň hiç haýsy Anini gabamaga, hatda ýan-ýakynyna golaýlaşmaga-da milt edip bilmändi. Buthanalaryň sany-sajagy ýokdy, ilaty-da gaty gaba görünýärdi.

Müjahid Soltan Alp Arslan çadyryny şäheriň gabat garşysyndaky meýdanda dikdirdi. Esgerlerine ýüzlendi: "Ýigitlerim! Batyrlarym! Siziň ýaly gahrymanlara hökümdarlyk edýänligim üçin men çäksiz bagytlydyryn we Allahü tealaga hamd edýärin. Ilki tagta geçenimde, ýurduň gözýetimini gaplap alan ynkylap bulutlaryny gylyçlaryňyzyň lowurdaýan ýyldyrymlary bilen dep edip, watanyň agzybirligini ýola goýduňyz. Yslam älemi bu gün hem, garşymyzdaky duşmana Allahü tealanyň dinini aýan etmegimize we bu ugurda jihady fisebilillah üçin garpyşmagymyza garaşýar. Beýle bolsa, hak iş bolan Watany goramak we ilaýy kelimetullahy ýaýmak kibi iki mukaddes işi berjaý etmek mertebesi bize düşýär.

Duşmanymyz köp, galalary pugta hem bolsa, siziň ýaly söweş meýdanlarynda bişişen, şehid bolmak yşgy bilen ýanyp-tutaşýan müjahidleriň ilkinji zarbysyna döz gelip bilmejekdiklerini bilýärin. Sebäbi siziň öňüňizde watanlaryny däl-de öz janlaryny halas etmekden başga zadyň pikirini etmeýän birtopar gorkaklar bar.

Siz bolsa, ömrüň bir kölege mysaly wagytlaýyndygyny, esasy mertebäniň Allahü tealanyň ýolunda jihad edip, jan bermekdigini bilýän ýigitler.

Ynha Soltanyňyz, Allahü tealanyň ady bilen ädimini gazawat meýdanyna atýar. Şu gylyjy tutup duran elim güýçden gaçýança garpyşjakdyryn...

Dinini, watanyny, Soltanyny söýýänler yzym bilen gelsin!..."

Bu ýüzlenmeden soňra, gahryman yslam esgerleri ägirt söýgi we ullakan tolgunma bilen Soltanlarynyň yzyna eýerip, "Allah! Allah!" diýip, Ani galasyna hüjüm etdiler.

Doly deý ýagýan oklar bilen başlanan göreş, suwdan geçip diwarlara dyrmaşan müjahidleriň görülüp-eşdilmedik batyrgaý uruşlary bilen dowam etdi. Hristianlar soňky demlerine çenli galalaryny goraýardylar, müjahidleri içeri goýbermejek bolup jan edýärdiler.

Soltan agaçlardan beýik germewler ýasatdy. Üstüne peýkamçylar we daş zyňýan gurallar ýerleşdirildi. Gala we diwarlara günlerçe äpet-äpet daşlar atyldy. Hristianlara göz açdyrylmaýardy. Gije-gündiz dynuwsyz dowam edýän söweşlerden hristianlaryň soňunyň golaýlanlygy köre mälimdi. Aniniň häkimi we baştutany Bagrat we Grigoriý içki galada gizlendiler. "Baş bolmasa göwre läş" diýileni, şondan soňra halkyň urşup kän gelen tarapa gaçyşyp ugradylar. Müjahidler diwarlardan geçip, daşky galany ele geçirdiler. Soltan Alp Arslan gazaply çaknyşyklar netijesinde içki galany hem zabt edenden soňra şükür seždesini edip: "Elhamdülillah! Allahü teala, olaryň synmaz diýilen galalaryny ele geçirmegi bize nesib etdi!" diýip hamd etdi.

Soltan Muhammed Alp Arslan Anini alandan soňra, birazrak wagt düzgün-tertip we dikeldiş işleri bilen meşgullandy. Halkyň bir bölegi musulman boldy. Olar buthanalaryny metjide öwürdiler. Soltan, Yslamyýeti öwrenmeleri üçin medreseler gurduryp, bu iş üçin alymlara wezipe berdi. Serkerdelerden birine şäheri goramagy tabşyryp, ep-esli esgeride ygtyýaryna berdi.

Şunlukda, Wizantiýa Imperatorlygynyň gündogardaky iň mahabatly şäheri, müjahid gazi Alp Arslan tarapyndan feth edildi. Bu habar Wizantiýa baryp ýetende, hristianlaryň bary biçak gynandylar. Munuň tersine Yslam dünýäsi bolsa, begenjinden uçaýjak bolýardy, Yslamyň ýüzüniň tuwagy Soltana we goşuna dogalar bilen hemra bolupdylar.

Nizamülmülk, Ani ýeňişi barada Fetihnama ýazyp, ýagdaýy Bagdatdaky halifä mälim edipdi we halifeniň öwgüleridir-dogalaryna sebäp bolupdy.

Soltan Alp Arslan Aniden soňra Karsa ýöneldi. Zozmazdan öňinçä, ýerli häkim Gagike (Haýike) ilçi iberip, musulman bolmagy ýa-da raýatyna girip jizýe tölemegi teklip etdi. Eger, teklibi kabul etmese kän gan akjakdygyny duýdurdy. Haýik, alyp bolmajak gala hasaplanýan Anini alan Türkleriň neneňsi güýçlidigine bireýýäm göz ýetiripdi. Türk ilçilerini gara lybaslar geýip garşylady. Munuň sebäbi soralanda bolsa: "Dostum Soltan Togrul Beg aradan çykandan soňra ýas tutup, gara lybasa bürendim" diýip jogap berdi. Soltana wepaly boljaklygyny we salgyt töläp, hökümdarlygyny dowam etdirmek isleýändigini ýaňzytdy. Ilçiler haýran galyp, ýagdaýy Soltana ýetirdiler. Alp Arslan Karsa baryp Haýik bilen parahatçylyk şertnamasy baglaşdy, oňa mylakatly sözler aýtdy.

Şeýlelikde, Soltan Alp Arslanyň 1064-nji ýyldaky Kawkaz ýörişi üstünlikli tamamlanypdy. Gürjüstan we Ermenistan durşy bilen Seljuklylaryň golastyna geçipdi, Kars häkimi bilen ylalaşyga gelinipdi, Wizantiýalylaryň ýoňsuz kän galalary ele geçirlip, içine-de Türk esgerleri ýerleşdirilipdi.

Soltan, Kawkaz ýörişinden soňra, paýtagta dolanmak üçin yzyna gaýtdy. Ýolda Yspyhana we Kirmana darap geçdi. Kirmanda işlerini tertibe salyp, Merwe geldi. Onuň, ýurduň gündogaryna hreket etmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bardy. Garahanly we Gaznaly hökümdarlary bilen dostlugyny jebisleşdirmek isleýärdi. Şol matlap bilen, ogly Mälikşany Garahanly soltanynyň gyzy Terken Hatyna öýlendirdi. Gazna hökümdarynyň gyzyny-da beýleki ogly Arslan şaga alyp, garyndaşlygy pugtalaşdyrdy. Şunlukda, birazragam bolsa, gündogardan abanaýjak howpuň öňüni alypdy. Iki kuwwatly Yslam döwletiniň ylalaşyga gelmegi, hemmäniň köňlüne aram berdi. Musulmanlaryň begenjiniň çägi ýokdy.

Ilaýy kelimetullah üçin ikiýüzmüň (200.000) adamlyk hristian goşuny bilen söweşmelidi. Ählisiniň kellesinde ýeke-täk pikir bardy: Duşman, ikiýüzmüňi hä beýlede goý, bäşýüzmüň hem bolsa, Allahü tealanyň emrlerini berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan gaça dursalar we başlarynda duran serdaryň yzyna eýerseler, ýeňşiň özlerine ýar boljakdygyna pugta ynanýardylar.

Wizantiýa Imperatory, Alp Arslany şeýle az wagtyň içinde garşysyna çykar öýtmänsoň, Rahwa obasynyň beýleki tarapynda goşunyna serenjam berip ugrady.

Soltan Alp Arslan, söýgüli pygamberimiz Muhammed aleýhisselamyň sünneti şerifine doly tabyn bolanlygy sebäpli, içlerine ynamdar serkerdelerinden Saw Tekini hem goşup, 25-nji awgust penşenbe güni Romanos Diogenosyň ýanyna Ibni Muhelbanyň baştutanlygynda ilçiler toparyny iberdi. Ilçiler Wizantiýa Imperatoryna: "Yslamyýeti kabul etmegini, muňa razy bolmasa, musulmanlara garaşly döwlet bolup jizýe (salgyt) tölemegini ýa-da söweşe taýýar bolmalydygyny" aýan etdiler.

Ikiýüzmüň adamlyk goşunyna bil baglap, esgerleri ýörän mahaly daglary lerzana getirýändir öýdüp ýören, söweşde hökman ýeňiş gazanaryn diýip pikir edýän ulumsy we tekepbir Imperator ilçileriň üstünden güljek boldy: "Hemedan has owadanmy ýa-da Yspyhan? Men esgerlerim bilen Yspyhanda, atlarym bolsa Hemedanda gyşy geçireris. Akynçylaryňyzyň ýurduma edenlerini Yslam ýurtlaryna etmän yzyma dolanmakçy däldirin" diýdi. Özüne galsa, Seljukly topraklaryny basyp alyp, Malazgirt galasynda edişi ýaly ýaş diýmän garry diýmän baryny bir ujundan gylyçdan geçirjekdi, Mekge, Medine ýaly mukaddes ýerleri we beýleki Yslam ýurtlaryny ýer bilen ýegsan etjekdi!.. Muny diýseň, Yslam ilçiler toparynyň tekepbir korola beren jogaplary böwrüňe diň salmaga mejbur edýärdi: "Atlaryňyzyň Hemedanda gyşlajaklygy-ha hak weli, ýöne siziň gyşy nirede geçirjekdigiňizi bilip biljek däl!.."

Yslam ilçileri teklipleri ret edilensoň düşelgä gaýdyp geldiler we Soltany ýagdaýdan habardar etdiler.

Soltan alp Arslan alymlary we serkerdelerini ýygnap, duşman bilen haçan çaknyşmalydygy barada maslahat geçirdi. Her serkerde öz pikirini aýtdy. Goşunyň ymamy Buharaly Muhammed: "Soltanym! Siz, Allahü tealanyň beýleki dinleri ýeňjekdigi barada söz beren dini bolan Yslam dini üçin jihad edýärsiňiz. Ähli musulmanlaryň bize doga edýän güni bolan Juma güni söweşe gireliň. Jenaby Hakyň saňa üstünlik gazandyrjakdygyna ynanýaryn" diýdi. Onuň aýdanlaryny makul görüp, Juma güni öýlän namazynyň yzýanyndan söweşe başlamaly diýen karara bardylar. Söweş soň nähili alynyp barylmalydygy, serkerdeleriň nähili hereket etmelidigi belli edildi. Şol gije bir topbak esger duşmanyň düşelgesine golaýlaşyp, ertire çenli ok atmaly we tekbir getirip "Allahü ekber!" diýip nara atyp ýüreklerine wehim salmaly edildi.

Musulman-Türk goşunynyň her haýsy ýüz adama taý geljek edermen ýigitlerinden Sanduk Beg, Trankogly, Bekçiogly Afşin Beg, Uwanogly Zawly Beg, Porsuk Beg, Artyk Beg, Tutan, Ýakuty, Göwheraýin, Atsyz, Arslantaş, Ahmed Şa, Dilmaçogly Mehmed, Aksungur, Mengüjük, Abdülmelikogly Muhammed, Bozan Beg ýaly gahryman serkerdeler öz ýerlerine gaýdyp baryp, müjahidlere "Jenaby Hakyň ismi şerifini belende götermek, dini Yslamy ýaýmak"  niýetlerini öwran-öwran gaýtalamalaryny, buýruk berilmänkä hüjüme geçmeli däldiklerini, aman sorana el galdyrmaly däldigini, "Allah, Allah" diýip söweşmelidigini aýdyp, esgerlerini tolgundyrýan gürrüňler geçirdiler.

Şol gije, tabşyryk alan müjahidler, duşmanyň alkymyna diýen ýaly baryp, daňdana çenli ok atyp, tekbir getirip, Wizantiýalylaryň ýüregne gorky saldy. Barynyň jany bir suw, asyl gözlerine uky girmese nätjek.

Ol gije daňyny çirim etmän atyranlaryň biri-de müjahid Soltan Alp Arslandy. Gözlerinden ýaş döküp, Allhü tealaga ybadat etdi. Soltanlyk otagyndaky ýere ýazylan halylary ýygnap, päk topraga mübärek alnyny goýup, sežde etdi. Gözýaşlary bilen gumy ölläp: (Ýa Rabbi! Seniň diniňi ýaýmak, ismi şerifiňi belende götermek üçin ýaşaýaryn. Habibi ekrem we Nebiýi muhterem sallallahü aleýhi we sellem efendimiziň (Muhamme pygamberimiziň) hatyrasy üçin, hezreti Ebu Bekir, Ömer, Osman we Ali radyýallahü anhüm efendilerimiziň hatyrasy üçin, Kur’any kerimde taryplan gürrüňini beren Eshaby kiramyň hatyrasy üçin şu Yslam duşmanlaryny mat edip, goşunymy şat eýle. Öwlüýäniň ruhlaryny bize hemra eýle!..) diýip nyýaz etdi. Uzyn-uzyn dogalar edenden soňra, atyna atlanyp, dynjyny alýan müjahidleriň arasyny aýlanyp gördi. Serkerdeler edil tabşyryk berilişi ýaly ýerli-ýerine baryp, hersi öz ýigitleriniň arasynda süýji uka gidipdirler. Öňdäki hatarlarda buýruk boýunça hereket edýän ýigitleriň sesleri gijäniň ümsümligini bozýardy. Nobatçylaryň gözleri eserdeňlik bilen  duşman tarapyň her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy. Hemmäniň öz işiniň başynda bolmagy Soltanyň göwrümini giňeltdi.

Daňyň düýbi çyzylmanka müezzinler ýakymly owazlary bilen azany Muhammedini okap ugradylar. Alp Arslan ullakan lezzet almak bilen müezzinleri diňledi. Ölüm, gabyrdaky durmuş, Eshaby kiramyň Yslamyýeti ýaýmak üçin çeken ezýetleri barada oýlandy. Belki bu onuň ahyrky söweşidir. Onda-ha eý görýän jihad ýolunda şehidlik mertebesine gowuşardy. Gözlerinden iki damja ýaş syrygyp gaýtdy. Goşunyň täret alyşyna tomaşa etdi. Hemme kişi giň giden çöketlikde hatara düzülip otyrka, soltan hem goşun ymamy Buharaly Abdülmelikogly  Muhammediň yzynda durup sünneti okap başlady. Kamat getirilenden soňra, ymamyň "Allahü ekber" diýmegi bilen ägirt goşun, Allahü tealanyň huzurynda parza durdy. Ymam Fatihadan soňra jihad baradaky aýaty kerimelerden käbirlerini okady. Müňlerçe müjahid esger bir wagtyň özünde rüküga egilip, sežde edişleri we gaýtadan dogrulanyp oturyşlary gaty haýbatly görünýärdi. Edil diýersiň, ägirt dag ýere ýazylyp ýatan ýalydy. Namaz okalyp, doga etmäge gezek ýetende, esgerleriň bary el açyp, Allahü tealadan ýeňiş bagş etmegini, bu ugurda şehid ýa-da gazi bolmagy nyýaz etdiler. Didelerden ýaşlar döküp, dogalar edilenden soňra, müezzin özüniň galyň we ýakymly dawudy sesi bilen Haşr süresiniň ahyrky aýaty kerimelerini okady. Namazdan soň, her topardaky esgerler, ajyny-süýjüni bile paýlaşyp ýören egindeşleri bilen razylaşdylar. Hemmäniň dodaklary, şehidligiň öňýany uly söýgi bilen Allahü tealanyň adyny ýatlap pyşyrdaýardy.

 

OŇA ÝEŇIŞ BAGŞ ET!

 

Şol gün, zamananyň halifesi, hemme musulmanlara Alp Arslana we goşunyna doga etmegini emr edip, Juma güni metjitde okalar ýaly şeýle doga taýýarladypdy:

(Ýa Rabbi!... Yslamyň baýdagyny belende göter we oňa kömegiňi gaýgyrma. Küfür bütinleý ýok bolar derejede kapyrlary ýeňilişe sezewar et. Saňa tabyn bolmak üçin janlaryny gaýgyrmaýan, ganlaryny döküp, seni razy etmäge synanşýan müjahid gullaryňa güýç-kuwwat ber. Ýurtlaryny penaňda sakla, özlerine ýeňiş gazandyr. Emir-ül-mü’minin, şolaryň şasy beýik hezreti Muhammed Alp Arslanyň dilegini kabul eýle! Dini Yslamy ýaýyp, mertebeli adyňy belende göterer ýaly, ony goldawyňdan mahrum etme! Sebäp ol, diňe seniň razy bolmagyň üçin asuda durmuşy terk etdi. Barça mal-dünýäsini seniň ýoluňa sarp etdi, hatda janyny hem bu ýolda pida etmek üçin taýýar. Kitabyň Kur’any kerimde: "Eý, iman edenler! Size, janyňyzy alyp barýan azapdan halas etjek amatly ýoly görkezeýinmi? Allahü tealaga we Pygamberine ynanýan bolsaňyz, Onuň ýolunda mal-mülküňiz we janyňyz bilen jihad ediň." (Saffat süresi: 10, 11) buýurýarsyň. Sen sözüňden dänmersiň. Allahym! Ol nähili edip, seniň çakylygyňa eýerip, dini Yslamy goramakda gowşaklyk etmän emriňi berjaý eden bolsa we bu ýolda gijesini-gündizini gaýgyrman işlän  bolsa, sen hem oňa ýeňiş bagş et! Ony duşmanlaryň hilegärliklerinden daş tut we gora! Allahym! Onuň ähli kynçylyklaryny ýeňilleşdir we kapyrlary tar-mar edip, Yslam esgerlerini ýeňiji eýle! Ämin!..."

1071-nji ýylyň 26-njy awgusty. Juma güni... Müjahid Soltan Muhammed Alp Arslan, hatara düzülýän esgerleri, düzgün-nyzamy gözden geçirdi. Serkerdelere nähili hereket etmelidigi baradaky görkezmesini ýene bir gezek ýatlatdy.

Juma güni, gün depeden agypdy... Tolgunşyk soňky hetde ýetipdi. Şeýle hem, juma- mü’minleriň baýramydy. Sähel wagtdan başlajak söweşde kim bilýär kimisi Allah ýolunda gurban boljakdy we diýseň küýsän şehidlik mertebesine gowuşyp, hakyky baýram etjekdiler.

Soltan Alp Arslan we gahryman goşuny, hemmesi agzybirlik bilen Juma namazlaryny okadylar. Gözlerden ýaşlar dökülip, dogalar edilenden soňra Alp Arslan gar kimin ak eşiklerini geýip, öz eli bilen atynyň guýrugyny çigdi-de, kybla öwrülip ýüzüni ýere berip sežde etdi. Jenaby Haka hamd edip, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp otyrşyna, "Allahym! Seni özüme wekil edip alýaryn, beýikligiň öňünde ýüzümi ýere berýärin, seniň ugruňda seniň razylygyň üçin söweşýärin. Allahym! Goşunyma ýeňiş bagş et! Günälerim zerarly olary syndyrma! Allahym! Niýetim päkdir. Maňa kömek et. Sözlerimde ýalan bar bolsa meni galkyndyrma!..." diýip ýalbardy. Soňra dikelägetdin bir bökende atyna mündi. Dogumdan gözleri ýanyp durdy. Birsalym sessiz-üýnsüz goşunyna seredip durdy-da: "Beglerim! Ýigitlerim! Dini Yslama hyzmat etmek üçin ýaryş edýän gazilerim!" diýip söze başlady. Müjahidler atlarynyň üstünde soltanyň her bir sözüni sypdyrman tolgunmak bilen diňläp otyrdylar. Alp Arslan uly hyjuw bilen: "Ynha, şehidlik kepenini geýdim. Allahü tealanyň razy bolmagy üçin, edil siziň ýaly nöker hökmünde söweşjekdirin. Eger, şehidlik mertebesine gowşaýsam, bu ak eşigim kepenim bolsun! Elbetde bu ýagdaýda oglumyz Mälik şa başyňyza geçer!..." diýen badyna, ýaý kirişi kimin dartylyp duran müjahidleriň bary biragyzdan: "Allah, seni bize köp görmesin Soltanym" diýdiler. Barynyň gözleri uçganaklap durdy. Haýdan-haý duşmanyň üstüne okdurylmak isleýärdiler.

Alp Arslan esgerlerine atalyk mähri bilen birlaý göz gezdirip: "Kapyrlaryň sany kän, ýaraglary artykmaç. Sanymyz az, ýöne Allahü teala biziň bilen!.. Edil şu wagt, ähli musulmanlaryň metjitlýerde biziň üçin doga edýän wagty, özümi duşmanyň üstüne zyňasym gelýär. Ýa-ha ýeňeris, ýa-da bolmasa şehid bolup Jennete gideris. Bu gün bu ýerde soltan ýok, men hem sizler ýaly söweşjeň esgerleriň biri. Isleýän adam yzyna gaýdyp biler, biz olara haklarmyzy halal etdik (biz olardan razydyrys)!..." diýen mahaly, ýagşy yssyny-sowugy gören gaziler ýene biragyzdan: "Haşa... Ölsegem bile öleris, ýöne yza dolanmarys" diýdiler. Soltan Alp Arslan soňky sözüni aýtmak üçin sag elindäki gylyjyny ýokary galdyrdy: "Jenaby Hak gazawadyňyzy mübärek eýlesin!... Ullakan çöketligiň içi müjahidleriň, " Ämin! Ämin!" diýen seslerinden ýaňa güwläp gitdi.

Şol bada kös urlup, jeň marşlary çalynyp ugrady. Gamyşgulak bedewler çarpaýa galyp, ýerinde durmajak bolýardy. Aýaklary bilen ýer peşäp, tanaplaryny üzäýjek bolýardylar. Nökerleriň bary demlerini alman durdylar. Soltan: "Ýa Rabbi Bismillah! Allahü ekber!.." diýip gylyjyny öňe uzatdy. Hüjüme diýip buýruk berilen ýigitler ýaýdan sypan ok kimin öňe okduryldylar. Gögi "Allah! Allah!" sedalary bilen ýaňlandyryp, ikiýüzmüň adamlyk ägirt Wizantiýa goşunyna tarap uçup barýardylar. Soltanlarynyň: "Batyr gazilerim! Uruň ýigitlerim! Allahyň haky üçin uruň!"... diýen sözlerini eşidip, dünýäni unutdylar.

Atlar boýunlaryny sozuşyp, el deý okdurylyp barýarka ýiti ses ýaňlanýar: "Ok atyň!". Şol bada ýaýdan goýberilen oklar, yzly-yzyna kapyrlara tarap uçup gidýär. Duşman oklardan galkanlary bilen goranýardylar. Yslam goşunynyň sag we çep ganatlary bilen bilelikde, olara garanyňda azrak güýç bilen merkezden hereket edýän Soltan Alp Arslan, bar güýçlerini orta goýup, Wizantiýa goşunyna agram salyp ugradylar. Iki goşun ýüzbe-ýüz boldy, aldym-berdimli söweş başlady. Gykylyk barha artýardy. Müjahidleriň "Allah, Allah" diýen sesleri bolsa hemme seslerden zarply çykýardy. Soltanlarynyň "Uruň batyrlarym!." Diýen sesini eşidip göwni göterilen ýigitler gözi ýok ýaly gylyç işledýärdiler. Zöketligiň içi güpürdilerden, gykylyklardan kişňeýän atlaryň seslerinden ýaňa ses-üýn alyşar ýaly däldi. Söweş meýdany bir salymyň içinde patlap gaçan kellelerden, kesilen el we gollardan, başsyz galan göwrelerden doldy. Wizantiýalylaryň öňhatarlary ýok edilenden soňra merkezdäki esasy güýç bilen ýüzbe-ýüz boldular. Merkezdäki Korol, öňdäki güýçleriniň gyrlyp gutaranyny görüp durdy. Goşunyny durşy bilen jeňe sürdi. Soltan Alp Arslan edil şoňa garaşyp duran ýaly yşarat etdi. Surnaýyň ýiti sesi gulaklary kamata getirdi. Tälim berilen ýüwrük atlar kişňeşip çarpaýa galdylar-da yzlaryna öwrüldiler. Yslam esgerleri öňden planlanyşy ýaly çaltlyk bilen düşelgä tarap yza çekilýärdiler. Wizantiýalylar "Türkmenler gaçýar" diýen pikir bilen olaryň söbügine düşdi. Deňsiz-taýsyz musulman türkmen nökerleri, atlarynyň üstünde yzlaryna öwrülip, ýaýlaryny çekýärdiler, ellerinden geldigiçe duşmana ýitgi çekdirjek bolýardylar. Kowha-kowuşlyk başlapdy. Yslam esgerleri bukuda garaşyp ýatan Trankoglunyň ýigitlerine ýakynlaşypdylar. Birdenkä ikä bölündiler-de, meýdanda uly boşluk emele getirip, biri saga biri-de çepe öwrülip daýyrdaşyp gitdiler. Trankogly: "Ok sal!" diýip buýruk beren bada müňlerçe ok Wizantiýalylaryň üstüne şuwlap gitdi. Mergenlik bilen atylan oklar duşmanlary palaç seren ýaly etdi. Yzýanyndan ikinji... üçünji... oklar hem nyşana baka uçup gitdi. Wizantiýalylar pikir etmedik, hatda ýatyp-turup kellelerine gelmejek duzaga düşüpdiler. Entek nämäniň-näme bolanlygyna düşünmän, äm-säm bolşup durkalar, müjahidler bireýýäm sagdan we çepden halkalaýyn gabap, arkalaryna aýlanypdylar. Trankogly ýigitleri bilen gylyçlaryny ýalaňaçlap, daşy doly gabalan duşmanyň hatary barha seýrekleşýärdi. "Allah, Allah!" haýkyryşlary we serkerdeleriň "Haýdaweriň ýigitler!" diýen sözleri bilen ruhy göterilen gaziler, gylyçlaryny dyngysyz işledýärdiler. Birdenkä Wizantiýa goşuny mese-mälim azaldy. Urgudan ýykylanlar atlarynyň aýak astynda galýardylar. Ürküp çarpaýa galan atlar üstlerindäkileri ýere pylçap urýardylar. Gürzüsini götermäge synanyşyp duran rysar, sowudyny parram böwsüp ýüregne çümen naýza bilen bilelikde ýere serilýärdi. Wizantiýalylar paltalaryny bulaýlara pursat tapman, kellelerine gütläp degen tokmaklaryň zarbyndan aýňalman bu dünýä bilen hoşlaşýardylar. Topragyň üsti gandan ýaňa çaýkanyp durdy... Käbirleri zarp bilen ýokary göterilen Türkmen gylyçlaryndan gutulmak üçin sümülere deşik agtarýar. Käbirleri-de ýykylan ýerlerinden ellerini galdyryp aman dileýärdi. Boýun egenler gutulýardy, boýun egmedikleriň başlary gylyçlaryň nyşanasy bolýardy...

Agşama ýakyn Malazgirt meýdany Wizantiýaesgerleriniň läşinden geçip bolmajak ýagdaýa gelipdi. Ulumsy Wizantiýa imperatory, goşunynyň bu gözgyny halyny görüp, Şazada Andronikos Dukasyň ýolbaşçylygyndaky ätiýaçlyk güýçleri öňe sürmek isläpdi, emma näçe gözlese-de Şazadany tapmandy. Şazadanyň söweş meýdanyndan gaçandygyny eşiden wagty, gaharyndan dälimek hetdine ýeten çäresiz Imperator, ýakynlaryny ýanyna alyp, hazynasynyň duran ýerine yza çekilip ugrady. Bu ýagdaý, haçly esgerleriň göwnüçökgünligine ýol açdy. Türkmenleriň egri gylyçlaryndan gutulmak üçin "assa gaçan namart" diýenlerini edip, sozanguýruk ýasadylar. Korol  gaçyp barýanlary saklajak bolup şunça jan etse-de başartmady. Merkezdäki güýçler bilen ölümi göze alyp goranyp başladylar. Şahynşah (Şalaryň Şasy) beýik müjahid gazi Alp Arslan bu wagt görenleriň huşuny başyndan uçurýan hereketleri bilen söweşiň iň gyzgalaňly ýerinde ýalaňaç egri gylyjyny durman işledýärdi, hatda wagtal-wagtal jany howp astynda düşýärdi. Soltanlaryny görüp ýigitleriň ruhy göterilýärdi. Şol wagt biriniň soltanyň atynyň jylawyndan ýapyşyp: "Soltanym! Mübärek göwräňizi howply ýerlere atyp, bizi ýetim goýmaň! Hossarsyz galjak musulmanlara rehmiňiz insin!" diýip ýalbarýan sesi eşdildi. Bu ýigit, söweş başlaly bäri garaba-gara soltanyň yzynda, ony howplardan goraglap ýören serkerde Aý Tigindi... Ýeňilmezek Soltan oňa: "Eý, Aý Tigin! Musulmanlaryň asudalygy meniň aladaly günlerimdedir" diýip jogap gaýtardy-da, esgerlerine öwrülip: "Uruň Hudaň haky üçin!..." diýip haýkyrdy. Musulman Türkmen esgerleri gaýtadan gaýrata galyp, Wizantiýa goşunynyň jümmüşlerine baka siňip gitdiler.

Agşamara... Howa garalyp barýar... Koroldyr-esgerleri agşamyň garaňkylygyna duwlanyp söweş meýdanyndan gaçjak bolup synanşýardylar. Söweş meýdany müňlerçe ölüden, ýaralylardan we ýesirlerden ýaňa hyň berýärdi. Wizantiýanyň ähli ýaraglary, ulanylan serişdeler we hazynalar musulmanlaryň eline geçdi, Wizantiýa Imperatory-da ýesir alyndy.

Agşama deňiç dowam eden uruş, musulman Türkmenleriň ýeňişi bilen tamamlanypdy. Malazgirt çöketleginde ýüzmüňden gowurak Wizantiýalynyň maslygy galdy. Soltan Muhammed Alp Arslan Allahü tealanyň rugsady bilen taryhyň iň uly meýdan söweşlerinden birinde ýeňişi gazanandan soňra, ýüzin düşüp şükür seždesini etdi we begenç gözýaşlary döküp, jenaby Haka hamd etdi.

Imperatoryň hazynalaryny Soltanyň öňüne getirip goýdular. Emma, onuň bularda gözi eglenmeýärdi. Şehid düşen esgerleri barada oýlanýardy. Alymlardyr-serkerdeleri ýanyna alyp uruş meýdanyny aýlandy. Şehidler üçin Fatihalar okalyp depin edildi, ýaralylaryň ýarasy daňyldy. Şol wagt hem Soltana Wizantiýa Imperatorynyň ýesir düşenligini habar berdiler.

Ertesi ýeňilmezek Soltan, Romanos Diogenesi çadyrynda ör turup, myhman ýaly edip garşylady. Imperator utanjyndan başyny galdyryp bilmän  durdy. Soltan ony ýanynda oturdyp: "Eý, Imperator! Ýanyňa ilçi iberip, parahatçylyk teklip etdim. Kabul etmän: "Kän pul harjap, goşun ýygyp şunça ýoldan geldim. Ahyrsoň gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Ýurduma edenlerini Yslam ýurtlaryna etmän yza dönmen" diýip güýjüňe buýsandyň. Bu kellekeserligiň netijesini neneň görýäň?" diýip sowal berdi. Imperator: "Döwletiňi syndyrmak üçin dürli taýpalardan goşun jemledim. Indi bolsa ýurdum eliňde, özüm öňüňde. Isläniňi edip bilersiň!" diýdi. Soltan: "Eger, sen ýeňiş gazanan bolsaň meni näderdiň?" diýip soranynda: "Sen meniň ýa-da adamlarymyň ygtyýarynda bolsadyň, ýa kelläňi aldyrardym, ýa-da dar agajyndan asdyrardym" diýip jogap berdi. Soltan: "Hakykatdan-da dogry aýdýaň. Eger, bu aýdanlaryň tersini aýdan bolsaň, ýalan sözleýäniligiň mälim bolardy. Indi saňa näme etmegimi isleýäň?" diýip sorady. Ol: "Ýa meni öldürersiň! Ýa-da bolmasa... Emma bu barada pikir etmek hem ham-hyýaldan başga zat däl. Ýok, bu mümkin däl!..." diýdi. Soltan: "Näme mümkin däl?" diýip soranynda: "Bagyşlanyp ýurduma gaýtarylyp berilmegim" diýip jogap berdi. Soltan: "Başdan bäri seni bagyşlamakdan özge bir niýetim ýokdy" diýeninde, Imperatoryň muňa hiç ynanasy gelmedi. Begenjinden: "Başlaryna geçelim bäri Wizantiýanyň ähli hazynasyny goşun düzmek we söweşe taýýarlyk görmek üçin harjap gutardym. Emma, bir çemçe ganymy ötenligiň üçin Wizantiýa döwledine eýelik etmäge hakyň bar" diýdi-de tüýs Wizantiýalylygyny etdi otyryberdi.

Ahyrsoň iki hökümdaryň gürrüňdeşligi şertnama baglaşmak bilen tamamlandy. Bu şertnamanyň käbir maddalary şeýledi:

1- Wizantiýa Imperatory, azat edilenliginiň muzdy hökmünde bir ýarym million altyn tölemeli.

2- Wizantiýa Imperatorlygy, Seljukly Döwletine her ýyl üçýüzaltmyşmüň altyn salgyt tölemeli.

3- Gerek bolanda Seljukly Döwletine onmüň nöker iberip harby taýdan kömek bermeli.

Bu maddalaryň kabul edilmegi bilen; Wizantiýa Imperatorlygy Türkmenleriň raýatyndaky döwlete öwrülýärdi we Anadolyda ençe asyrlar dowam edip gelýän häkimiýetlerini ýitirýärdiler. Şunlukda, Anadolynyň gapylary hakyky eýelerine açylmalydy. Malazgart ýeňişi Türkmenler üçin uly öwrülşik pursaty boldy. Şu ýeňişden soňra Anadolynyň her ýeri feth edilip, musulmanlar ýerleşip ugrady. Malazgirt ýeňşi Soltan Alp Arslanyň Türkmen milletine eden iň uly sowgadydy, taryha altyn harplar bilen geçipdi.

Soltan Alp Arslan, halife bihabar galmaz ýaly, Yslam hökümdarynyň adatlaryna eýerip, Fetihnama ýazdyrdy we Bagdada iberdi. Bagdatda uly dabaralar geçirilip, ýeňiş barada musulmanlara habar berildi. Halife müjahid Soltana hat ýazyp, ony görlüp-eşidilmedik bu ýeňişi bilen ýürekden gutlady. Oňa: "Dünýä hökümdarlarynyň ulusy, musulmanlaryň kömekçisi, dininiň parlak täji, Yslam ýurtlarynyň soltany..." diýen ýaly mahabatlandyryjy sypatlar berdi.

Soltan Alp Arslan Imperator Diogenesi ikiýüz goragçy bilen birlikde Wizantiýa iberdi. Imperator, Siwasyň serhetlerine ýetenlerinden soňra Türkmen esgerlerini yzyna gaýtardy.

Wizantiýa halky Romanos Diogenesiň ýesir düşenligini we Türkmen Soltany bilen şertnama baglaşanlygyny bireýýäm eşidipdi. Onuň bu şertnamasy Wizantiýada goldaw görmändi, söweşi taşlap gaçan Şazada Dukas "Mihail VII" diýen at bilen Imperator diýilip yglan edilipdir. Diogenes (1071-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Mihailiň korol  bolanyny içine sygdyryp bilmän töweregine adam jemläp tagt ugrundaky göreşe baş goşdy, ýeňilenden soňra gözlerini oýup jezalandyrdylar.

Romanos Diogenesiň şowsuzlygy we ölümi netijesinde, baglaşylan şertnama güýjüni ýitirdi. Soltan Alp Arslan birnäçe serkerdelerine we Seljukly Şazadalaryna Anadolyny almaly diýip tabşyryk berdi. Iki ýylyň içinde gahryman musulman Türkmen esgerleriniň Ege we Mermer deňizleriniň kenarlaryna, hatda Üsküdara çenli gelip, Anadolyda aýak basmadyk ýerleri galmady.

Soltan Alp Arslan, Malazgirt ýeňişinden soňra, Mawerannehre gitmegi ýüregne düwüp, 1072-nji ýylda ullakan goşun bilen ýola düşdi. Türkmenleriň baryny bir döwletde berkar etmek isleýärdi. Goşunyň başyny çekip, Buhara ýakyn geldiler. Amyderýanyň ugrunda ýerleşýän Hana galasyny gabawa aldylar. Galanyň baştutany, batyny sapyk (nädogry ýoldaky) topara degişli bolan Ýusuf el-Horezmi,  galanyň mundan soňra goranyp bilmejekdigine göz ýetirip, boýun egýändiklerini mälim etdi. Haýyn Ýusuf, Alp Arslanyň huzuryna getirlen wagty duýdansyz ýerden Soltana topulyp, hanjar bilen ýaralady. Ýusufy şol bada öldürdiler. Emma, Soltan Alp Arslan  hem ýaralaryndan gutulyp bilmedi. Dördülenji gün diýilende, 1072-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda: (Şu gün, duşmanyň üstüne çykanymda, esgerlerimiň känliginden, goşunyň ululygyndan göwnüme daglar ersip giden ýaly boldy. "Men dünýäniň hökümdary. Kim maňa garşy çykmaga milt edip biler?" diýen pikir kellämden at salyp geçdi. Ynha şonuň netijesinde jenaby Hak meni ejiz bir guly bilen jezalandyrdy.
Kellämden geçen bu pikirler, öňki günlerimde goýberen säwliklerim, eden ýalňyşlarym sebäpli Allahü tealadan ötünç sorap, toba edýärin. Lä ilähe illallah Muhammedün resulullah!...) diýip şehid boldy. Reý (Tähranyň golaýlarynda) şäherinde topraga berildi.

Soltan Alp Arslan, soltanlygy boýunça Yslam dinine hyzmat etdi. Dinine örän wepalydy. Yslamyýeti içden ýykmaga synanşýan gizlin duşmanlara, batyny we şaýy hereketlerine garşy göreş etdi. Hatda bir gezek: "Näçe gezek aýtdym. Biz bu ýurtlary Allahü tealanyň rugsat bermegi bilen ýaragyň güýji bilen aldyk. Tämiz musulmanlardyrys, bid’atyň nämedigini hem bilmeýäris. Şol sebäpli, Allahü teala päk niýetli Türkmenleri eziz eýledi" diýipdi.

Alp Arslan beýik taryhy ýeňişleri bilen birlikde, medreseler gurmak, ylym adamlaryna we talyplara wakyf girdejisinden aýlyk baglamak, gurluşyk we suwaryş enjamlaryny gurnamak ýaly hyzmatlar etdi. Onuň döwründe; Imamy Gazali, Imam-ül-Haremeýn, Ebu Ishak eş-Şirazy, Abdülkerim Kuşeýri, Imamy Serahsi ýaly uly alymlar ýetişdi. Soltan Alp Arslan, Imamy a’zamyň guburyny, Harizm Mesjidini, Şadýah galasyny we ýene ençe eserleri gurdurdy.

Gahryman serkerdämiz Alp Arslan, Merw şäherine depn edilipdir diýen maglumat hem bar. Hakim Senainiň: "Alp Arslanyň göklere çykan başy we Merwde toprak bolan göwresi"diýip ýazan mersiýesi, Onuň Merwde depn edilendigini kepillendirýär.

RUHUŇ ŞAT  BOLSUN EÝ OGUZ NESLINIŇ BEÝIK SERKERDESI!

1) El-Kämil, tom-9, sah. 173.

2) Mirat-üz-zaman (Ali Sewim Neşriýaty); sah. 115, 121, 143.

3) Wefeýat-ül-aýan; tom-5, sah. 69.

4) Bugýet-üt-talep (Ali Sewim neşriýaty); sah. 16.

5) El-Urada; sah. 45.

6) El-Bidaýe wen-Nihaýe; tom-12, sah. 93.

7) Ahbar-üd-Dewlet-is-Seljukiýýe; sah. 43.

8) Tarihi Güzide; sah. 441.

9) Jami-üt-Tewarith; tom-2; 5, sah. 31.

10) Wesaik; tom-3, sah. 170, 173, 292.

11) El-Iber; tom-5, sah. 3.

12) La Campagne de Mantizikert dapres les Sources Musulmanes (C Cahen Bezantion IX-1934); sah. 613, 642.

13) Zeeli Tarihi Damsk; sah. 99.

14) Siýasetname.

15) Alak-ül-hatyra, (Ibni Şeddad, Siriýa 1963) sah. 131.

16) El-Ewamir-ul-Alaiýýe fil-umur-il-Alaiýýe; sah. 485.

17) Tarihu Meýýafarikin we Amid; sah. 189.

18) Kitab-ül-Muntazam; tom-8, sah. 260.

19) Zübdet-ün-nusra; sah. 38.

20) Zübdet-ül-Haleb fi tarihi-Haleb, tom-2, sah. 23.

21) Kenz-üd-dürer we jami-ül-gurer; tom-6, sah. 390.

22) Musameret-ül-ahbar; sah. 16.

23) Rawdat-üs-safa; tom-1, sah. 95.

24) Tam Ilmihal Seadeti Ebediýýe; sah. 1036.

25) Rehber Ansiklopedisi; tom-1, sah. 202.

26) "Yslam Taryhy Ensiklopediýasy",tom-2, sah. 104.