BIRUNI (Rahmetullahi aleýh)

Başy » Türkmenistandaky Ewliýäler (gysgaldylan) » BIRUNI (Rahmetullahi aleýh)

Tebigy bilimler boýunça öz döwrüniň iň beýik alymy bolan yslam alymy. Eserlerindäki çuňňur bilimler, ondan sekiz asyr soň gelen ylym adamlaryny-da haýrana goýupdyr. Ol bu günki tebigy bilimleriň gurujylarynyň öňbaşçysy bolupdyr. Türkmen asylly Biruniniň ady Muhammed bin Ahmed el-Biruni el Harizmi, Ebu Reýhan diýlip tanalýar. Ýörgünli ady Birunidir. Akly we nakli ylymlarda öz döwrüniň iň bir belli adamlaryndandyr. Diňe bir Yslam äleminde däl, eýsem dünýäniň her künjeginde tanalypdyr, ady hormat bilen tutulypdyr. Biruni h. 362-nji (m. 973) ýylda, Zilhijje aýynyň üçi güni, Kasda (Häzirki wagtda Eýran serhetleriniň içinde ýerleşýän Şa Abbasy weli diýilýän ýerde) dünýä indi. H. 441-nji (m. 1049) ýylda Gaznada aradan çykdy. Biruni heniz agy-garany saýgarmaýan ýaşda ýetim galdy. Kyn şertlerde kemala geldi. Enesi odun satyp güzeran aýlaýardy. Horezmiň ýerli Türkmenlerindendi. Ene dili Türkmen dilidir. Eserlerinde ulanýan arap we pars dillerini soňra öwrenipdi. Heniz çagalyk ýyllarynda düşbüligi we ýiti zehini bilen hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Horezm şanyň köşgündäki meşhur alym we matematikaçy Ebu Nasr Mensur bin Ali bin Yrak, Birunini öz ýanyna aldy. Oňa nakli (akyl bilen öwrenip bolmajak, nä akly; dini diýen manyda) we akly ylymlary öwretdi. Biruniniň köşk bilen gatnaşyklary we hökümet adamlaryna ýakynlygy şu ýerden başlanýar. Dürli sebäpler bilen dürli ýurtlara gitdi. Giden ýerlerinde duşuşan alymlaryndan ylym öwrendi. Astronomiýa ylmyna bolan ýakynlygy sebäpli gözegçilik işlerini ýola goýdy. Munuň netijesinde edinen astronomik maglumatlaryny kitaplar görnüşinde adamzada hyzmat hökmünde galdyrdy. Öz döwürdeşi Ibni Sina bilen duşuşdy. Özaralarynda fizika we astronomiýa degişli meselelerde ylmy çekeleşikler guradylar. Ibni Sinanyň nädogry düşünjelerini ret we tankyd eden mahaly, onuň diýseň çuňňur, mekir, emma örän ýalňyş pelsepeji nukdaý nazarlaryň toruna düşenligini beýan etdi. Biruni, Soltan Gaznaly Mahmudyň hökümdarlyk sürýän wagtlary Gaznadady. Soltan oňa köp hezzet-hormat etdi. Köşkde dürli wezipelerde işledi. Gaznalylaryň hemaýatynda wagty 44 ýaşlaryndady. Soltan Gaznaly Mahmudyň Hindistana saparynda soltanyň baş geňeşdary we hazynanyň umumy müdiri boldy. Soltan Gaznaly Mahmud han, Biruni barada: "Köşgümiziň iň gymmatly hazynasy" diýip, gürrüň edýärdi. Bu beýik Yslam gahrymany Hindistany ele geçireninden soňra, onuň kömegi we hemaýaty bilen, Hindistanyň Nendene şäheriniň jelegaýlarynda dürli ylmy işler amala aşyrdy. Uzaga çeken we ýadow beriji hasaplamalaryň, barlaglaryň netijesinde ýer şarynyň göwrümini hasaplady. Mundan başga Hindileriň urp-adatlaryny öwrenmeklige girişdi. Hindistanda giňden ulanylýan we ýazuw düzgünleri ýaňy-ýakynlarda belli edilip ýola goýlan sanskrit dilini öwrendi. Hindistandaky işlerini tamamlap, Gaznala gaýdyp geldi. Soltan Mahmud hanyň ogly Mesut we agtygy Mewdut döwürlerinde-de Birünä aýratyn gadyr-gymmat goýulýardy. Ylmy barlag işleri üçin hem giň mümkinçilikler döretdiler hem-de ony goldap, ellerinden gelen kömeklerini gaýgyrmadylar. Bu mümkinçiliklerden we pursatlardan gowy peýdalanmagy başaran Biruni gijesini-gündiz edip işledi we kän hyzmatlaryň edilmegine sebäp boldy. Kän ylym öwrendi. Ylmy eserler ýazar ýaly derejede öwrenen dilleri arapça we parsçadan başga, ibrani, rum, sürýany, grek we sanskrit dillerini hem ene dili ýaly ögrendi. Ähli işlerini Yslamyýete laýyklykda ýöretmek üçin jan edýärdi. Ýazan eserlerine Bismillah bilen, Allahü tealaga hamd bilen, Resulullaha (sallallahü aleýhi we sellem) salewat bilen we ähli musulmanlara doga etmek bilen başlamagy we edil şunuň ýaly şekilde tamamlamagy muňa şaýatlyk edýär. Pelsepe bilen, hem-de bozuk pyrkalar bilen hiç hili galtaşygy bolmandy.

Onuň Horezmdekä, Eshaby kirama  duşmançylyk edenligi barada aýdylýan gürrüňleriň düýbi boşdur. Biruni, Eshaby kiramyň bolmaýşy ýaly, Eshaby kirama duşmançylyk edýänleriň Yslam dünýäsine çöp sokjak bolýanlaryň niýetleriniň başa barmajaklygyndan hoşnutlygyny diňe bir soňky eserlerinde däl, eýsem ýaş mahallary ýazan eserlerinde-de ýaňzydypdy. Belli-beter hem batyl ynançlar bilen göreş edip gelipdi we bulary tejribe üsti bilen subut edipdi.

Biruni, taryhy wakalary yktysady sebäpler bilen düşündiripdir we ykdysady taryhyň esaslaryny orta goýupdyr. Hakyky musulman bolan Biruni, Türkmenleriň Yslamyýeti kabul etmekleri netijesinde bu medeniýetiň, örän ýaýbaň hala gelmegi sebäpli adamzadyň, aýratynda ylmy biçak uly üstünlikler gazananlygyny beýan edipdir.

Ylmy eserlerinde aýatlaryň we hadysy şerifleriň ýatlanmagy, onuň diňe bir Kuran-y kerimi we hadysy bilýänligini däl, eýsem Kuran-y kerime we ýürekden söýen, hormatlan adamsy Pygamberimize (sallallahü aleýhi we sellem) bolan wepalylygyny hem görkezýär. Ybadat meselesine örän ätiýaçly çemeleşen Biruni, taharet (tämizlik) şertini her demde mahabatlandyryp, içgi we humaryň, şonsuz-da gysga bolan adam ömrüniň gymmaty hakyndaky Allahü tealanyň habar beren zatlaryna düşünerden ynsanlaryň ejiz gelýänigini beýan edipdi.

Şäherleriň meridianyny we parallellerini tapanynda-da, muny musulmanlaryň alkyşyna we Allahü tealanyň razylygyna gowuşdyrjak iş hasaplap, özüni bagtly duýýandygyny imanly musulman sypaty bilen belläp geçipdi.

Biruni, galapyn Yslam alymlarynyň edişleri ýaly, ençeme ylymlary okapdyr we gözden geçiripdir. Bu ylymlardan medisina, fizika, matematika, astronomiýa, hronologiýa we metereologiýa ylymlary babatda aýratyn başarjaňlyk we ýitilik görkezipdir. Bu dürli ylymlara degişli m. 1037-nji ýyla çenli 113 eser ýazypdyr. M. 1037-nji ýyldan soňra, ýaşan 12 ýylynyň içinde 83 eseri ýadygär galdyrypdyr.

Biruni, Jürjanda mahaly, meşhur eseri "El-Asar-ül-bakiýýe anil-kurun-il-hamiýýe" ni arap diline geçiripdir we ýerli hökümdar Kabus bin Waşgire sowgat edipdir. Bu eser Iňlis diline m. 1878-79-njy ýyllarda terjime we neşredilip, 1923-nji ýylda bolsa gaýtadan çap edilendir. Gadymy milletleriň barynyň hronologiki tablisasyny, baýramçylyk günlerini we ş.m-leri içine alýan we şol bir wagtyň özünde astronomiýadan söz açýan bu eserde Biruni, günüň hereketi barada dürli pikirler orta atypdyr. Has soňurrajyk bolsa, "Tahkiki malil-Hind" atly, häzirki wagtda-da ähmiýetini ýitirmän gelýän eserini ýazypdyr. 1887-nji ýylda Iňlis diline terjime edilýär, 1910-njy ýylda-da gaýtadan çap edilýär. Eserde Hindistanyň dini, ylmy we goegrafiýasy barada maglumatlar bar. Biruniniň, Sanskritçeden Arap diline terjime eden "Patanzah" atly kitaby-da bardyr.

Matematika we astronomiýa boýunça geçiren barlaglary we eden açyşlary barmak büküp sanardan kändir. Ýazan kitaplarynyň nusgalarynyň aglabasy kitaphanalarda duş gelýär. "Kitabu istigrazil-ewtar fid-daira" atly eseri 1910-njy ýylda Nemes diline terjime edilen ýene bir eseri hem "Kitabu tastih-is-suwer we tebtih-el-kuwar" atly astronomiýa ylmyna degişli eserdir.

Biruni, matematika, aýratynda astronomiýa we geografiýa boýunça geçiren barlaglaryny, 1929-njy ýylda ýazan "Kitab-ut-tefhim fi ewaili sanaat-it-tenjiminde" we 1930-njy ýylda tamamlan "El-Kanun el-Mesudi fil-Heeti wen-nüjum" atly eserinde gysgaça ýazyp beýan edendir. "Et-Tefhim" kitaby sowal-jogap görnüşinde taýarlanan, medeniýet taryhyna degişli ençeme meseleleri aýdyňlaşdyrýan Arapça eserdir. Astronomiýa, geografiýa diýmekligi aňladýan "El-Kanun-ül-Mesudi" bolsa, Biruniniň iň uly eseridir. Onuň bu eseri örän ähmiýetli matematika ensiklopediýa mazmunly bolup, birgiden täzelikleri we açyşlary içine alýar.

Gaznada öz eli bilen 1025-nji ýylda ýazan, ýekeje nusgasy Fatih Kitaphanasynda saklanyp galan, matematiki geografiýa gözegçilik metodyna degişli "Tahdidu nihaet-il-emakin li-tashih-il-mesakin” atly eserinde, Horezmde, Hindistanda we Owganystanda geçiren barlaglary bilen geologiýa hem geodeziýa degişli meselelerden söz açýar.

Biruniniň dos-dogry fizika we tebigat bilen baglanşykly eserleri barada aýtsak; bulardan relatiw tapylmagy, Dünýäniň inine we boýuna, Gün we Aýyň hereketine, ýyldyzlaryň Zemine görä beýiklik derejesini ölçemäge ýaraýan enjamyň ýasalşyna, iňrik garalanda we Aý tutulanda emele gelýän gaýtgyn we daşgyn hadyslaryna, deňiz suwundan duzuň öndürilişine we ösümliklerdäki käbir kanunlara (mysal üçin güllerdäki ýapraklaryň sany ýaly) degişli bolanlar aýratyn belläp geçirlidir.

"Kitab-ül-jemahir fi magrifet-il-jewahir" atly eseri gymmatly daşlar, ýerasty baýlyklar barada gürrüň berýär. Biruni relatiw agyrlyklary, mahruti gural diýilýän we iň gadymy piknometriýa diýip boljak guramyň kömegi bilen hasaplaýardy. Biruniniň gyzgyn suw bilen sowuk suwuň arasyndaky agyrlyk tapawudyny entek şol wagtlar 0,041677şeklinde hasaplamagy başarandygyny aýtmak bilen onuň neneňsi ýiti zehinli ylym adamsy bolanlygyny beýan etdigimiz bolar. Altynyň, zümrüdüň, kwarsyň relatiw agyrlyklaryny, Biruni entek şol wagtlar hasaplapdy. Biruniniň medisina we dermançylyga degişli 1050-nji ýylda (80 ýaşlaryndaka) ýazyp gutaran "Kitab-üs-Saýdala" diýen eseriniň barlygy mälimdir.

Bu kitabynda däri-dermanlaryň we otlaryň atlaryny arap, pars, grek, Sürýany, sanskrit dilinde, kä halatlar dürli hindi şiwelerinde we türk dilinde bellik edipdir.

Biruniniň diňe geografiýa barada ýazylan ýörite eserleri hem bardyr. Batlamiusyň geografiýasyny, Jaýhani we ş.m. Yslam alymlarynyň Mesalik we Memalik kitaplary bilen deňeşdirip we öz geçiren barlaglary bilen birleşdirip ullakan dünýä kartasyny taýarlamaklyga girişipdir, munuň üstünde ýoňsuz kän wagt işläpdir, ululygy on arşyň (6,8 metr) töweregi ullakan ýarym ýer şaryny ýasap, geografiki ýerleriň inlerini we uzynlyklaryny özüniň barlaglary esasynda hasaplap, şonuň üstüne bellik edipdir. Gynansakda, bu eser goralyp saklanmandyr.

"Taksim-ül-ekalim" atly geografiki eser, "Tafhim" den alynan karta häzire çenli saklanyp gelipdir. Biruni, injener we geografiýaçy bolşy ýaly, güýçli taryhşynas bolanlygy-da mälimdir. Onuň Horezm taryhyna degişli "Ahbar-ul-Horezm" we "Meşahir-ül-Harizm" atly eserleriniň, Gaznalylar taryhyna degişli "Tarihu eýýam is-Soltan Mahmudi", Manihaýylar we Garamitalylar taryhyna degişli "Tarih-ul-mubaýýeze wel-karamita" atly eserleri bilen taryh tankydyna degişlidigi adyndan belli bolýan "Tenkih-üt-tewarih" diýen eseriniň barlygy bilinýän hem bol-sa, günümize çenli gelip ýetmändir.

Biruni, ähli bu barlaglarynyň we baran netijeleriniň, gadymy grekleriň we özünden öňki Yslam alymlarynyň baran netijelerine görä has takyk we dogry bolmagyny, Yslamyň özge ýurtlara-da ýaýramagy we medeniýet çäginiň giňelmegi bilen baglanyşdyrypdyr, munuň üçin Allahü tealaga hamd edipdir. Alymlaryň hiçisi-de, "Kitab-ül-Jemahir" we "Kitab-us-saýdala"ny terjime etmekligiň hötdesinden gelip bilmez.

Biruni bütin ömrüni ylma bagyşlapdy we eserlerini, az sanyslysy diýäýmeseň, arapça ýazypdy. Şol döwürler we ondan soňralar hem, örän baý dil bolan arap dili, edebi we ylmy dil hökmünde ulanylypdyr. Gündogaryň we günbataryň ähli ylym taryhlarynyň tassyk edişleri ýaly ol, ýönekeý söz bilen aýdylanda, okumyş alymdy.

Astronmiýa we matematikada bitiren işleri: Biruni, h. 385-386-njy (m. 995/ 996) ýyllarda ýaş wagtlary, Horezm şäheriniň golaýlaryndaky Buşkatirde Dünýäniň we planetalaryň deklinasionlarynyň jemini hasaplamaklyga girişýär, Ebul Hasan Ali bin Memunyň çakylygy bilen Horezme gelýär we h. 388-nji (m. 998) ýylda Ebul Wefa el-Buzjany bilen garşylykly gözegçilikler geçirip, Horezm şäheriniň Bagdada görä meridianyny hasaplap çykarýar. Bir ýazgysyndan mälim bolşuna görä, Ebul Hasan Aliniň ahyrky ýyllarynda Jürjänä gelip, Ebul Abbasyň ölümine deňiç şol ýerde bolýar, h. 400-nji (m. 1009) ýylda dünýä we planetalaryň deklinasionlarynyň jemini tapmak üçin tejribeler geçirmek bilen meşgur bolanlygy we belli metodlar bilen ol şäheriň meridianyny Horezme baglanlygy görülýär. Şol ýylyň soňunda ylmy işler we barlaglar sebäpli, ömrüniň ahyryna çenli ýaşan Gazna şäherine geçdi. Bu taýda hökümdaryň köşgünde gözegçilik punktyny gurnap, Horezmde tapan Dünýäniň we planetalaryň deklinasionlaryň (meýil) üçin laboratoriýa edindi. H. 402-nji (m. 1011) ýylyň  ortalaryna çenli işlerini Kabul şäherinde dowam etdirdi. Hindistandan gaýdyp gelenden soňra, ylmy we gözegçilik işleri bilen meşgul bolupdy. Dünýä we planetalaryň deklinasionlaryna (meýil) gözegçilikden başga, ortaça Günüň hereketini, aýlaw nokady bolan günüň aňyrsyndaky nokadyň hereketiniň möçberini merkeziň ýerini üýtgedişiniň durnuklylygyny we görünýän radiusyny tapypdyr, şems (gün esasyna daýanýan) tablisalaryny bu gözegçilikleri esasynda düzüp, "El-Kanun-ül-Mesudiýe" kitabyna ýerleşdiripdir. Düzen astronomik almanahy (ýyldyz almanahy) hem şu kitabyndadyr.

Bu eserinde, Horezm şäherinde ýasan 7,5 m göwrümli diwar çärýek tagtasy bilen ölçän ekliptiki tutulma töweregi, tutulma halkasynyň meýlini, (gök ekwatory bilen emele getirýän burçlary we ölçeg hasabyny, Dünýä togalagynyň egikligini, meýlini) gök ekwatory bilen emele getirýän burçy berýär.

Şol eserinde, 64 öýjükli küşt tagtasynda, 2-den başlap köpeltmek arkaly emele getirilen geometriki yzygiderliligiň jemini ussatlyk bilen hasaplapdyr.

Inkra atly eserinde ýeriň radiusyny R - 6324,66km. uzynlygynda berýär. Bu uzynlyk bolsa, hakyky radiusa örän ýakyndyr.

Geodeziýa barada ilkinji eseri ýazypdy. Bu pudakda ýazylan ikinji eser, şondan diňe 8 asyr soňra ýazylypdy. Ýagtylygyň tizliginiň barlygyny we munuň, sesiň tizliginden has uludygyny beýan edipdi.

 

Batlamius   23* 50'
Il-Memun astronomlary 832 23*33' 39''
Sabit bin kurre 875 2333' 30''
El-Battani 880 2327'
El-Biruni 995 2327'
Techo Brahe 1790 2330'
Bradleý 1750 2328, 3'
Häzirki ölçegler 1950 2326, 7'

 

1) Rehber Ansiklopedisi, tom-3, sah. 1.

2) El-Alam, tom-5, sah. 314.

3) Irşad-ül-eriw, tom-6, sah. 308.

4) Hükema-ül-Islam, sah. 72.

5) Bugýet-ül-wuat, tom-1, sah. 50.

6) El-Lubab, tom-1, sah. 160.

7) "Türkiýe" gazeti. "Yslam Alymlar Ensiklopediýasy", tom-4 sah. 360.