BIŞRI HAFI (Rahmetullahi aleýh)

Başy » Türkmenistandaky Ewliýäler (gysgaldylan) » BIŞRI HAFI (Rahmetullahi aleýh)

Beýik öwlüýälerdendir. Doly ady Ebu Nasr bolup, asyl ady Bişr bin Haris Abdurrahman el-Hafidir. Gysgaça Bişri Hafi diýlip tanalýar. Bişri Hafi Merw şäheriniň Bekird diýen ýerinde h. 150-nji (m. 767) ýylda dünýä inip, Bagdatda ýaşapdyr. Hadys kitabyny ýatdan aýdypdyr. Sopulykda uly derejelere ýeten Bişri Hafi  h. 227-nji (m. 841) ýylda Bagdatda dünýäden ötdi.

Bişri Hafi, öz döwrüniň tanymal alymlaryndan ylym we hadysy şerif öwrenipdir. Ibrahim Saad, Abdurrahman bin Zeýd bin Eslem, Hammad bin Zeýd, Şüreýk bin Abdullah bin Mübarek, Ali bin Müşhir, Isa bin Ýunus, Abdullah bin Dawut el-Haýri, Ebu Muawiýe ed-Darir, Zeýd bin Ebiz Zerga we ýene ençeme alymlardan ylym öwrenipdir we hadysy şerifler aýdypdyr.

Bişri Hafiden, Nuaým bin Heýdam, Muhammed bin Heýdam, Ibrahim bin Haşim bin Muskan, Nasr Ibni Mansur, el-Bezzar, Muhammed bin Musa el-Jela-Nişapury, Ömer bin Musa el-Jela ýaly birnäçe  alym sapak alypdyr we hadysy şerif okapdyr.

Ýaşlygyndaky ýalňyşlaryna gaýtmyşym edip, dogry ýola girişi şeýle gürrüň berilýär: "Bir gün serhoş ýagdaýda gidip barýarka, içinde Bismillah diýlip ýazylgy kagyzyň üstünden bardy. Ini dyglap gitdi, kagyzy ýerden galdyrdy. Öpüp, tot-tozaňyny aýryp arassalandan soňra, ajaýyp ysly atyrlardan sepip, öýüniň diwaryndan asyp goýdy. Şol gije alym we öwlüýä bolan birine düýşünde: (Git-de Bişre aýt! Adymy tämizleýşiň ýaly seni tämizlärin. Adymy ýokary tutuşyň ýaly seni ýokary götererin. Adymy atyr ysly edişiň deýin, seni söýgüli adam ederin. Gudratymdan and içýän, seniň adyňy dünýäde we ahyryýetde päkize we ajap eýlärin)diýildi. Bu düýş üç öwra gaýtalandy. Ertesi Bişri Hafini meýhanadan gözläp tapdy. "Möhüm habarym bar" diýip, ony daşaryk çagyrdy. Bişr daş çykyp: "Kimden habar bar?" diýip sorady. "Saňa Allahü tealadan habar bar" diýeninde, "Maňa gahary gelýärmi, maňa agyr azap etjekmi?" diýip, gözünden boýur-boýur ýaş göýberdi. Düýşi eşidenden soňra, ýoldaşlaryna öwrülip: "Eý, dostlarym! Meni çagyrdylar, indiden beýläk meni bu ýerlerde görmersiňiz" diýdi. Urtut hälki mübärek kişiniň ýanynda toba etdi. Şol wagt aýagynda zat bolmanlygy üçin,  hiç haçan aýakgap geýmedi. Sebäbini soranlarynda: "Söz beren mahalym aýakýalaňaçdym, indi geýmäge hijap edýärin" diýerdi. Aýakgap geýmänligi üçin oňa "Hafi"(aýakýalaňaç) diýer ekenler.

Hanbeli mezhebiniň gurujysy Ahmed bin Hanbel (rahimehullah), Bişri Hafini biçak gowy görýärdi, yzygiderli ýanyna baryp durýardy. Talyplary: "Siz bir alym ahyry. Hadysda, fykyhda, ijtihatda we ähli ylymlarda deňi-taýyňyz ýok. Näme üçin Bişri Hafiniň ýanyna tiz-tizden gatnap dursuňyz?" diýip soranlarynda: "Hawa, aýdýan ylymlaryňyzy ondan gowy bilýärin. Emma ol, kalp ylymlaryny menden has gowy bilýär" diýerdi.

Bişri Hafiden: "Beýle ylma, beýle ýokary derejelere nädip ýetdiň?" diýip soranlarynda: "Az iýmek bilen”diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. “Iýip gülýän bilen, iýip aglaýan deň bolmaz."

Bütin ömrüni ylym öwrenmeklige sarp etdi. Şüwheli zatlardan biçak ätiýaç ederdi. Gürlän mahaly, daş-töwerege ylym, ahlak, hikmet yslary ýaýrardy. Dünýäden ötende, jynazasyny ir ertir öýden çykardylar. Emma, üýşen jemende şeýle bir kändi welin, gabrystana diňe gijäniň bir wagty baryp ýetdiler. Ony düýşünde görenler: "Allahü teala saňa nähili çemeleşdi?" diýip soranlarynda: "Meniň jynazama gelenleriň we kyýamata çenli meni söýenleriň günäsini ötdi" diýdi.

Bişri Hafi hezretleri ýaşap ýören wagty, Bagdatdaky haýwanlar, aýakýalaňaç gezýänligi üçin, onuň hormatyna ýoly hapalamaýardylar. Bir gije biriniň haýwany ýola buşugdy. Gynanyp: "Bişri Hafy öldi!" diýdi. Görüp otursalar, hakykatdan-da, ol ýagty jahan bilen hoşlaşan eken.

Günlerde bir gün Bişri Hafi  nähoşlap Abdurrahman tebibiň ýanyna gitdi. Näme naharlar iýerkäm diýip sala saldy. Tebip: "Menden soramasynaha soraýaň welin, ýöne beren maslahatyma gulak asmaýarsyň" diýdi. Bişri Hafi-de: "Ýok, gulak asaryn" diýensoň, tebip aňladyp ugrady: "Sirke (uksus) bilen baldan edilen sekenjebini (meýhoş suwy) içersiň, behiniň gabygyny aýryp iýersiň. Yzýanyndan bolsa, gyzgyn çorba iýersiň" diýip, sözüne dyngy beren wagty, Bişri Hafi sorag berdi: "Sekenjebiniň ýerini tutajak has gowurak zat bileňokmy?" Tebibiň baş ýaýkanlygyny görüp: "Men bilýän" diýdi we oňa geçiniň şahyndan hem peýdalyrak nämäniň bardygyny sorady. Tebip ony-da bilmeýänligini aýdansoň, nohudyň suwy we sygyr ýagyny düşündirdi. Tebip: "Siz medisina ylmyny menden has gowy bilýäň, ýöne näme üçin bu zatlary menden soraýarsyňyz?" diýdi.

Ebu Abdullah Kazy Atam şeýle bir wakany aýdyp beripdi. “Bagdatda täjir dostum bardy. Örän barly adamdy. Bir seretsem, barja genji-hazynasyny garyp-pukaralara paýlap, salyh musulman bolupdyr. Munuň sebäbini soranymda, maňa şeýle gürrüň berdi: "Bir gün Bagdadyň metjitlerinden birine juma namazyny okamaga gitdim. Namazy gutaranymam şoldy welin, Bişri Hafiniň metjitden çykyp barýanyna gözüm düşdi. Ol nirädir bir ýere howlugýana meňzeýärdi. Men öz-özüme (zühd we takwa kişi, beýle gyssanmaç nirä barýarka?) diýip içimi gepletdim-de, bilesigelijikden onuň yzyna düşdüm. Ol öňürti çörek dükanyndan çörek aldy, soňra-da kebap satyn aldy. Iň soňunda halwaçydan halwa alan mahaly, men öz ýanymdan şeýle belent mertebeli adamyň bu zatlary satyn alyp iýýänligine gaharlandym. Emma, bulary nädip iýerkä diýip, uly gyzyklanma bilen, ony ýene yzarlap ugradym. Birmeýdan soňra bir oba baryp ýetdik. Säginmän barşyna obanyň metjidine girip gitdi. Asyl görüp otursam, metjidiň içinde düşekde ýatan ysmaz bir näsag bar eken. Bişri Hafi alan zatlaryny az-azdan ýaňky näsaga iýdirýärdi. Bu wagtyň içinde, bu ýer niresikä diýip obany aýlanyp çykdym. Dolanyp gelsem, näsagyň bir özi, Bişri Hafini sorasam, “Bagdada gitdi” diýdi. "Bu ýerden Bagdada çenli daşmy?" diýsem, "40 fersah (240 km)" diýip jogap berdi. Men: "Munça aralyga gidere pulum ýok. Men bu ýerlere näbelet, munça ýoly-da pyýada geçip bilmen" diýdim. Hälki näsag: "Bişri Hafi geljek hepde ýene geler" diýdi. Garaşdym. Juma güni ýene geldi. Ýene öňküsi ýaly edip, näsagyň garnyny doýurdy. Çykyp barýarka, näsag oňa: "Bu ýanymdaky seniň ýoldaşyň bolmaly, geçen hepde seniň bilen bile gelipdir. Bir hepdeläp saňa garaşdy. Ony yzyna äkit" diýip ýüzlendi. Ol: "Näme üçin meniň bilen geldiň?" diýip soragly nazaryny maňa öwürdi. Men ötünç sorap, ýalňyşandygymy aýtdym we bagyşlamagyny haýyş etdim. "Ýeriňden turda, yzyma düş" diýdi. Agşama deňiç ýöredik. Garaňky gatlyşyp barýarka, Bagdadyň niresinde ýaşaýanlygymy sorady. Pylan ýerinde ýaşaýaryn diýsem, "Ol ýere şu ýoldan gidersiň. Indi gidiber, ýöne yzyňa öwrülip serediji bolma" diýdi. Men şon-dan soňra toba etdim we gaýdyp beýle işlere goşulyşmadym" diýdi.

Ebu Nasry et-Temmar şeýle gürrüň berýär: "Haja gitjekleriň biri Bişri Hafi bilen hoşlaşmaga geldi. Ondan: "Men haja gidip barýan. Näme islegiňiz bar?" diýip sorady. Öz gezegin-de Bişri Hafi hem: "Näçeräk puluň bar?" diýip sorady.Ýaňky: "Iki müň dirhemim bar" diýip, jogap berdi. Bişri Hafi: "Haja gitjek diýip, nämäni göz öňünde tutýarsyň? Zühdümi, ýa Käbä bolan söýgiňimi ýa-da bolmasa, Allahyň razyçylygynymy?" diýip, gaýtadan sorag berende ol: "Allahyň razyçylygyny göz öňünde tutýaryn" diýip jogap berdi. Şondan soňra Bişri Hafi oňa: "Beýle bolsa, öýüňdekäň Allahyň razyçylygyna gowuşdyrjak zady aýtsam, ýerine ýetirermiň?" diýip ýüzlendi. Ol känbir oýlanyp durman: "Hawa, ýerine ýetirerin" diýdi. Onda Bişri Hafi: "Beýle bolsa, sen bu iki müň dirhemi bergisini üzüp bilmeýän garyba, iýere zady bolmadyk garyba, güzeranyny kynrak aýlaýan köp çagaly maşgala, ýetime şatlyk berýän hossara we şolar ýaly on kimsä ýigrimi dirhemden, hat-da isleseň baryny olaryň birine ber. Sebäbi, musulmanlary begendirmek, büdränlere gol uzatmak, agyr günde galanlara kömek berip ejizlere hemaýat etmek, goşmaça berjaý edilen ýüz hajdan has köpräk sogapdyr. Bar aýdyşym ýaly et. Eger, islemeýän bolsaňa, maňa ýüregiňdakini aýt" diýdi. "Dogrusyny aýtsam, ýüregimde haja gitmek meýli has güýçlüräk" diýip, hoşlaşmaga gelen adam jogap berdi. Bişri Hafi gülümsiräp: "Baýlyk şüwheli zatlardan gazanylýan wagty, nebis, öz islegleriniň berjaý edilmegini we salyh amallar (gowy işler) edýändigini görkezmek isleýändir. Emma welin, Allahü teala diňe muttakileriň amallaryny kabul edýändir" diýdi.

Käbir alymlar ol barada şeýle ýatlaýarlar. Abbas bin Dehkam: "Dünýä inişi ýaly ölen ýeke-täk ynsan Bişri Hafidir. Dünýä, eli boş geldi we eli boş bolubam dünýäden ötdi. Ölüm düşeginde ýatyrka biri gelip, ondan zat sorady. Egninde ýekeje köýnegi bardy. Ony-da çykaryp gedaýa berdi. Başga birinden karzyna köýnek aldy, şeýdibem ömürlik gözlerini ýumdy. Ýagny, ölen mahaly köýnegi hem ýokdy. Köýneksiz geldi, köýneksiz gitdi."

Ibrahim Harbi: "Men üç ägirt adam gördüm. Bu üçüniň deňi-taýy ýokdur. Birinjisi Ahmed bin Hanbeldir ki, eneler onuň ýalyny dogurardan ejiz bolarlar. Ikinjisi Bişri Hafidir, asryndan gadym eýýamlara deňiç akylly biridir. Üçünjisi, Ebu Ubeýd bin Sellamdyr, ol edil ylmy özünde jemlän dag ýalydyr. Bişri Hafi hiç bir musulmanyň gybatyny etmedi. Eger, onuň akyly Bagdadyň halkyna paýlansa, hemmesi akylly bordy."

Imamy Ýafii şeýle diýýär: "Bişri Hafi, halaldan başga zada el uzadan däldir. Haram zady hiç iýmedi.”

Ebul Hüseýin el-Hasan bin Amr el-Merwezi: "Men bir gün Bişriň ýanynda wagtym hadysçylar geldi. Ol, olara şeýle buýurdy: "Size mälim bolan zatlary görýärin." Olar-da: "Eý, Eba Nasr, (Bişri Hafi) bu ylymlary isleýäris. Bir gün peýdasy deger diýip umyt edýäris" diýdiler. Bişri Hafi şeýle buýurdy: "Üstüňize zekat düşýänligini biliň! Bir adamyň 200 dirhemden 5 dirhem zekat bermegi zerur bolşy ýaly, siz hem 200 hadysy şerif öwrediň. Mundan beýläk şeýdiň."

Bişri Hafi (r.a.) gürrüň berýär: “Düýşümde Pygamberimizi (sallallahü aleýhi we sellem) gördüm. Maňa: (Eý Bişr, Allahü tealanyň, özüň kibileriň içinden näme üçin seni beýgeldenini bilýärmisiň?)buýurdy. Bilmeýärin diýenimde, (Sünnetime uýmagyň, öwlüýäga hyzmat etmegiň, din gardaşlaryňa nesihat etmegiň, Eshabymy we Ehl-i Beýtimi(Pygamberimiziň “sallallahü aleýhi we sellem”nesli)söýmegiň, ynha, şular seni gowularyň mertebesine galdyrdy)buýurdy.

Bişri Hafi şeýle aňladýar: "Bir gün Bagdatda birini gördüm. Müň gamçy iýenligine garamazdan sesini-üýnüni çykarmady. Soňra ony zyndana äkitdiler. Ony aňtap ugradym we bir çemelini tapyp näme üçin urandyklaryny soradym. Aşyk bolanlygy üçin şeýle günlere düşenligini gürrüň berdi. Şonça taýak iýse-de, näme üçin sesini çykarmanlygyny soranymda: "Söýgülim maňa seredip durdy" diýip, jogap berdi. Oňa: "Eger, Allahü tealanyň seni bir dem nazaryndan salmaýandygyny bilseňdiň, halyň niçik bolardy?" diýenimden, gygyryp ýere ýykyldy we öldi."

Bişri Hafi şeýle gürrüň berýär: "Ýaş wagtlarym Abadana gidipdim. Heýwere keselli, kör adama sataşdym. Kakyny tutup, garynjalar endamyna üýşip etini iýýärdiler. Başyny ýerden galdyryp, gujagyma aldym we gürlärine garaşdym. Özüne gelen wagty: "Rabbim bilen meniň arama giren işsiz adam kimkä? Rabbim meni para-para edäýsin, meniň Oňa diňe söýgim artar!" diýdi. Şoldurda-şoldur, gaýdyp gul bilen Allahyň arasynda bolup geçýän hikmeti iňkär etmedim, näme üçin beýlekä diýmedim."

Ýene şeýle gürrüň berýär: "Bir gün öýe baranymda, öňümde mübärek biri otyrdy. "Rugsat alman näme üçin öýüme girdiň, kim sen? diýemde, "Men doganyň Hydyr" diýdi. Men oňa ýüzlenip: "Maňa doga et" diýenimde: "Allahym! Ybadat etmegini ýeňilleşdir" diýip, doga etdi. "Ýene biraz doga et" diýdim. "Allahym! Ybadatynyň gizlin galmagyny oňa miesser et" diýdi.

Feth bin Şuhruf gürrüň berýär: "Eli pyçakly biri bir aýala azar ýamanyny berýärdi. Güýçli bolanlygy üçin hiç kim oňa päsgel bermäge milt edip bilmeýärdi. Aýal urnup durdy. Edil şol pursat Bişri Hafi ýanlaryndan geçip barýardy. Pyçakly adamyň golaýragyna baryp bir zatlar diýdi welin, hälki pyýada birden serrelip gitdi. Aýal halas boldy. Töweregindäki jemende hälki adamyň daşyna üýşdüler. Demini kynlyk bilen alýardy. "Saňa näme boldy?" diýip soranlarynda: "Özümem bilemok, garry maňa: (Seniň bu edýän işiňi Allahü teala görüp dur) diýenden aýagymdan ysgyn-deramat gitdi we görşüňiz ýaly ýerde ýatyryn. Ol kimdi?" diýdi. "Bişri Hafi" diýip, jogap berdiler. "Eý-how, indi men ony nädip görerkäm?" diýdi we aradan kän wagt geçmänem ýowuz kesele uçrap dünýäden ötdi."

Bişri Hafi, Eswed bin Salimi, Ma’rufi Kerhiniň ýanyna iberdi. Eswed bin Salim Oňa: "Bişri Hafi seniň bilen dogan okaşmak isleýär. Muny size açyk aýtmakdan çekinip, meni iberdi. Özüni dogan hökmünde kabul etmegiňizi isleýär, ýöne käbir şertleri-de bar. Bular: bu doganlygyň görüşilmezligi, ikitaraplaýyn görüşilmezligi we duşuşylmazlygydyr; sebäbi ol, känbir ýakynlaşmagy halamaýar" diýdi. Onda Ma’rufi Kerhi: "Men bolsa, gardaşym bolan adamdan gije-gündiz aýrylmak islemeýärin" diýdi we Allah üçin söýmegiň artykmaçlyklary barada aýdýan hadysy şerifleriň ençesini okady. Soňra-da: "Resuly ekrem (sallallahü aleýhi we sellem) Hezreti Alini özüne dogan etmek bilen, ony ylymda özüne şärik etdi. Iň ýakymly gyzyny oňa berdi. Sen hem ony Allah üçin doganym hökmünde kabul etdim. Ol gelmese-de, men onuňka görme-görşe giderin. Oňa aýt, söhbetlerde duşuşmaly. Menden hiç zady gizlemesin, ýagdaýyny aýdyp dursun" diýdi. Ibni Salim bu ýagdaýy Bişri Hafige gürrüň bereninde, razy boldy we hoşnutlyk bilen kabul etdi.

Bilal el-Hawas şeýle gürrüň berýär: "Bir gün Sina çölünde gidip barýarkam, birdenkä ýanymda biri peýda boldy. Kimsiň diýenimde, "Doganyň Hydyrdyryn" diýip jogap berdi. "Senden käbir zatlary soramak isleýärin" diýenimde soraber diýip seslendi. "Imamy Şafii barada näme aýdýarsyň?" diýip soradym. "Dünýädäki dört beýik alymyň biridir" diýip jogap berdi. "Ahmed bin Hanbel hakda pikiriň nähili?" diýenimde: "Syddyk (sadyk) kimsedir" diýdi. "Bişri Hafi barada näme aýtjak?" diýsem: "Ondan soňra beýle adam gelmedi" diýdi.

 Bir gün Bişri Hafiniň zadyny ogurladylar. Aglap ugrady. Fudaýl bin Iýad: "Dünýä maly üçinem aglarlarmy?" diýeninde: "Dünýä zady üçin däl, ogrynyň eden günäsi, kyýamat güni munuň azabyny çekjekligi barada oýlanyp aglaýaryn" diýdi.

Biri Bişri Hafiniň ýanyna gelip: "Maňa öwüt ber" diýdi. Bişri Hafi oňa: "Şöhratdan ägä bol, halal iýjek bolup dyrjaş" diýip pent etdi.

Beýik din adamlardan biri şeýle gürrüň berýär: "Bişri Hafiniň ýanyndadym. Howa diýseň sowukdy. Egninde ýuka eşigi bardy, titreýärdi. "Ýa, Eba Nasr, beýle howada örän galyň geýinýärler, siz bolsa, eşikleriňizi çykarýarsyňyz?!" diýdim. "Garyp-gasarlar ýadyma düşdi. Olara kömek edere ne pulum bar, ne-de zadym. Menem, şolar ýaly ýagdaýda bolup, hemaýat etmek isledim" diýip, jogap berdi.

Günlerde bir gün Bişri Hafi, gabrystanlygyň duşundan ötüp barýardy. Oňa, mazardakylaryň, gabyrlarynyň üstünde bir zat paýlaşyp durandyklary görkezildi. "Ýa Rabbi, olaryň näme edýändiklerini maňa mälim eýle?" diýdi. (Git-de, özlerinden sora!)diýen ses geldi. Baryp näme edýändiklerini sorady. "Bir hepde ozal biri üç Ihlasy şerif süresini okap ruhlarymyza sowgat etdi. Şondan bäri onuň sogabyny paýlaşýarys, entegem gutarmady" diýdiler.

Hasan Haýýat gürrüň berýär: Bir gün Bişri Hafi bilen otyrkak, birnäçe kişi Bişri Hafä salam berip girdiler. Bişri Hafi: "Siz kim borsuňyz?" diýeninde, "Biz Şamdan (Siriýa) gelýäris, haja barýarys. Salamlaşaly diýip, ýanyňyza sowuldyk" diýdiler. Bişri Hafi olara: "Allahü teala sizden razy bolsun" diýdi. Olar: "Biziň bilen haja gitmek islemezmisiň?" diýip soradylar. Bişri Hafi: "Üç şertim bar: Ýanymyz bilen hiç zat äkitmeýäris, hiç kimden zat dilemeris, eger, kimdir biri bir zatlar bermekçi bolaýsa-da almarys" diýdi. Olar: "Ýanymyzda zat almazlyga biz razy! Hiç kimden zat soramazlyga-da razy. Ýöne, berilen zady kabul etmezlige biziň güýjümiz ýetmez" diýdiler. Onda Bişri Hafi: "Siz Allahü tealaga däl-de, hajylaryň azygyna bil baglap ýola çykypsyňyz" diýdi.

Bişri Hafi, Hezreti Aýşe (radyýallahü anha) enemiziň habar berişi ýaly şeýle gürrüň berýär. Hezreti Äýşe (radyýallahü anha) şeýle diýýär: "Men bir gün Resulullahdan (sallallahü aleýhi we sellem): (Ýa, Resulullah, zenanlara-da jihad barmydyr?" diýip soradym. Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Zenanlar üçin hem jihad bardyr emma, o jihadda söweşmek ýok).Men hem: "O jihad näme?" diýip soradym. Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem): (O jihad, haj bilen umredir) buýurdy.

Bize ýetiren ýene bir hadysy şerifinde, Pygamberimiz (sallallahü aleýhi we sellem): (Gazanda nämedir bir zat ataran wagtyň, suwuny köpelt we goňşularyňa paýla)buýurdy.

Başka bir hadysy şerifde Pygamberimiz (sallallahü aleýhi we sellem) (Gula her ýandan bela gelmese, imanyň lezzetini bilmez)buýurdy.

Allahyň dosty bolan bu beýik ynsan şeýle diýýär: "Ynsanlar arasynda tanalmak isleýän kişi, ahyryýetiň tagamyny alyp bilmez."

"Ylym üçin işlemekligiň alamaty, dünýäden [dinde dünýä diýmek haramlardyr]gaça durmakdyr, ýogsa dünýäni söýüp, onda galmak däldir."

"Düýn öldi, bu gün jan berýär, ertir bolsa, heniz dogulmady. Wagtyňyza bu nukdaý nazardan serediň we bähbitli iş etmäge howlugyň."[Ýagny dün geçdi, bügün kem-kemden geçip barýar, erte bolsa näme boljagy belli däl].

"Iň kyn işler üçdür: Eli ýukalykda jomartlyk, hiç kimiň görmeýän ýerlerinde-de haram we şüwheli zatlary etmezlik, gorkýan adamyňyzyň ýanynda dogryny aýtmakdan çekinmezlik."

"Mertebeleriň iň ulusy, ölinçäň garyplyga sabyr etmekdir."

"Gürläsiň gelende dym, dymasyň gelende gürle."

"Erbet adamlar bilen tirkeşmek, haýyrly ynsanlar barada erbet pikir etmeklige sebäp bolar."

"Husydyň ýüzüne seretmek, ynsanyň kalbyny [göwnüni] garaldýandyr."

"Kimdir biri: "Bize hadys aýdyp ber" diýýän bolsa, bu onuň: "Bize ýeňillik görkez" diýmek islänligidir."

"Sabyr gözeldir. Sabyr bolsa, adamlaryň ýanynda zeýrenmezlikdir."

"Doga (dileg), günäleri terk etmekdir."

"Melekler, özlerini haýran eden guluň işlerini belende götererler we Allahü tealanyň huzuryna äkiderler."

"Emri mar’uf (ýagşylygy [yslamyýedi] emretmek) we nehýi anilmünker (haramlardan gaça durmagy nesihat ) etmek üçin, ezýetlere sabyr etmek zerurdyr."

"Eger, ynsanlar Allahü tealanyň beýikligini pikir etsediler, Oňa garşy çykmazdylar."

"Akylly adam, haýyry we şeri bilýän kişi däldir. Akylly adam, haýyry göreninde oňa tabyn bolýan, şeri göreninde ondan daş durýan kişidir."

"Berjaý etmeýän zadyňy taşlanyň has gowudyr. Ylym - berjaý etmekdir. Allahü tealaga garşy çyksaň welin, öwretmez. Ylym, alymlaryň mätäçlik duýýan enjamydyr."

"Kämillige ýeten Allah ýolagçysy bilen söhbet etmek. Kur’any kerim okaýan bilen söhbet etmekden has ýakymlydyr."

"Sabyr dymmaklykdyr. Dymmak sabyrdandyr. Gürleýän kişi, dymýan adamdan parasatly bolup bilmez. Ýöne, alym adam, kä ýerde gürläp, kä ýerde dymar."

"Kişiniň amaly az bolsa, düşünje we kynçylyga mübtela bolar."

"Şöhrady söýýän kişi, Allahdan gorkmaz."

"Ölümi ýatlanyňda, panynyň gözelligi we ýalan duýgulary senden gider."

"Ýamanlyklaryňy gizleýşiň ýaly, ýagşylyklaryňy-da gizle."

"Amal etmeseň, pitneçi bolma."

"Dünýäni söýen adam, ölümi söýmez."

"Allahü tealaga göňül bermekden mahrum galan kişi, edýän ybadatynyň lezzetini alyp bilmez."

"Iki gylyk kalba ejir çekdirer: Köp gürlemek, köp iýmek."

"Gul, özi bilen nebsiniň islegleriniň arasyna demirden diwar örmeýänçä, gullugyň lezzetini bilmez."

"Kur’any kerimi başdan-aýak okap çykan guluň iki gözüniň ortasyndan melekler öper."

"Gazabyny ýeňmedik adam, takwa (haramlardan gaçma) eýesi bolup bilmez."

"Kimde-kim, Allahü tealadan dünýäni islese, Allahü teala-da onuň dünýäde uzak wagt galmagyny islär."

"Mü’miniň ezýeti, adamlardan daş durmagydyr. Mertebesi bolsa, gije namaz okap, aýak üstünde durmagydyr."

"Ene-atanyň perzentlerine edýän dogalary, bir pygamberiň ymmatyna eden dogasy ýalydyr."

"Wera - şüwheli zatlardan tämizlenmekdir we her dem nebsiňi hasaba çekmekdir."

"Agzalarynyň içinde diňe dil bilen şükür eden kişiniň şüküri az bolar. Çünki, gözüň şükri, haýyr gören wagty ony almak, şer gören wagty ýapmakdyr. Gulagyň şüküri, haýyr eşiden mahaly ony bek bellemek, şer eşideninde ony unutmakdyr. Elleriň şükri, olaryň hakdan özge zady tutmazlygydyr. Aşgazanyň şükri, ylym we ýumşaklyk bilen doly bolmak, aýaklaryň şükri-de, gowulykdan başga zada gitmezlikdir. Kimde-kim şulary berjaý etse, hakyky şükür edýänlerden bolar."

"Din gardaşyna, özi ýokka igenýän, ýanynda bolsa, ony söýýänini aýdýan we derrew öwüp ugraýan adamyň akyly nirdekä?"

"Kim adamlaryň abraýyny ýere çalyp, mertebesini depgileýänligine garamazdan, "Allahyň özüni söýýänini" aýdýan bolsa, ol gürrüňsiz ýalançydyr. Çünki, ol şeýtandyr. Şeýtan bolsa, Allahü tealanyň duşmanydyr."

"Içiňizde kimde-kim eser ýazjak bolsa, has köpräk many taýdan dogrulygyna üns bersin."

"Alymyň sözi dogry, iýýäni halal we dünýädäki mal-mülke söýgüsi ýok bolsa, zühdi kän bolar. Gynansak-da, häzirki wagtda bu üç gylygyň ýekejesini-de, bu üçiň bir arada hiç kimde görüp bilmeýäris. Şeýle ýagdaýdakylara nädip güleli we neneň ýüz bereli? Ýokardaky häsiýetleri özlerinde jemlemeýänler, ylymlydygyny aýtmaga neneň milt edip bilýärkäler? Olar dünýäni gujaklaýarlar, dünýäni biri-birlerinden gysganýarlar. Dünýälik üçin biri-birlerine göriplik edýärler. Döwlet adamlarynyň ýanynda biri-birlerini ýamanlaýarlar we gybat edýärler. Bar maksatlary, ellerine geçen dünýäligi özgelere bermezlik we pany zatlary ellerinden sypdyrmazlykdyr. Haýp size, eý, alymlar! Siz pygamberleriň mirasdüşerleridiňiz. Ylmy alanyňyzda, uly jogapkärçilikler ýüklenipdiňiz. Şindi bolsa, ol wezipeleriňizi ýerine ýetirmeýärsiňiz. Ylymyňyz arkaly abraý gazanyp, şonuň bilen dünýälik edinek üçin işleýärsiňiz. Ahyryýetde, Jähenneme ilki bilen atyljak kişiler bolmakdan neneň heder etmeýärsiňiz, akylym çatmaýar!"

"Öwülmegi halamak ýaly akmaklyk bolup bilmez."

"Dünýä we ahyryýetde gaýgy-gamlardan gutulmak isleýänler, bet gylykly adamlar bilen duşuşmaly däldir."

"Tasawwuf näme?” diýip soralanda, şeýle buýurdy: “Tasawwufyň üç hili manysy bar. Birinjisi, magryfet nuruna arif bolmak we wera halyny ýitirmezlikdir. Ikinjisi, daş görnüşiňi batyl (ýalňyş, biderek) zatlardan uzak tutmakdyr. Üçünjisi, bolsa, keramatlaryňy gizlemekdir."

"Ynsanlardan biri, Allahü tealaga tewekkül etdim diýýär. Emma welin, Allahü tealaga garşy ýalan sözleýär. Hakykatdan-da, Allahü tealaga tewekkül edýän bolsady, Onuň, özi baradaky işlerine razy bolardy."

"Hasrat patyşadyr. Bir ýere ýerleşenden soňra, başga zadyň o taýyk ýerleşmegine razy bolýan däldir."

"Men, Muafa bin Imrandan eşitdim. Ol hem Süfýani Sewriden eşidipdir; adamlary hoş etmek, ýetip bolmaýan maksatdyr."

"Süfýani Sewri biriniňkä görme-görşe baranynda, Allah seni otdan gorasyn diýip doga ederdi."

"El-Ewzaýi şeýle buýurýar: “Şeýle bir döwür geler welin, mährem dogan, halal lokma we sünnete  laýyk iş örän az bolar."

Süleýman bin Ýakub, Bişri Hafiden nesihat etmegini isläninde: "Çöregiň nireden gelýänine seret! Ody talap etme!" diýdi.

"Kimde-kim, Allahü tealaga ýakynlaşsa, adamlardan uzak galar."

"Ynsanlaryň syrlaryny paş etjek soraglar berme."

"Bu gün ylym, onuň arkasyndan garnyny doýurýanlaryň eline geçdi."

"Nebsim üçin iň ynamdar amalym, Pygamberimiziň (sallallahü aleýhi we sellem) Eshabyna söýgi we hormatymdyr."

"Öwnüşiň, öz ybadatyňy köp, özgeleriňkini az görmegiňdir."

"Zadyňyz barka aç oýanyşyňyzy, zadyňyz ýokka dok turşuňyzdan ýeg tutarys."

 

1) Hilýet-ül-ewliýa, tom-8, sah. 236.

2) Wefeýat-ül-aýan, tom-1, sah. 274.

3) Tam Ilmihal Se’adeti Ebediýýe, sah. 991.

4) Şezerat-üz-zeheb, tom-2, sah. 60.

5) Tarihi Bagdad, tom-7, sah. 67, 80.

6) Kyýamet we Ahyret, sah. 103.

7) Mirat-ül-jinan, tom-2, sah. 92, 94.

8) El-Bidaýe wen Nihaýe, tom-10, sah. 297.

9) Rehber Ansiklopedisi, tom-3, sah. 8.

10) El-Alam, tom-2, sah. 54.

11) Tabakat-ül-kübra, tom-1, sah. 84.

12) Tabakat-ül-sufiýýe, sah. 39.

13) Risaleýi Kuşeýri, sah. 68.

14) Nefahat-ü-üns, sah. 102.

15) Tezkiret-ül-ewliýa, sah. 68.

16) Keşf-ül-mahjub, sah. 233.

17) Jamiu-keramat-il-ewliýa, tom-1, sah. 367.

18) Syfat-üs-safwe, tom-2, sah. 183.

19) Tehzib-üt-tehzib, tom-1, sah. 444.

20) Tezkiret-ül-huffaz, tom-2, sah. 1312.

21) Kamus-ul-alam, tom-2, sah. 1312.

22) Brokeýama, GAL-1, sah. 638.

23) El-Kewakib-üd-Düriýýe, tom-1, sah. 208.

24) "Türkiýe" gazeti, "Yslam Alymlary Ensiklopediýasy", tom-3, sah. 116.