NEJMEDDINI KÜBRA (Rahmetullahi aleýh)

Başy » Türkmenistandaky Ewliýäler (gysgaldylan) » NEJMEDDINI KÜBRA (Rahmetullahi aleýh)

Fykyh, hadys, tefsir alymy we beýik öwlüýä. Tasawwufda Kübrewiýýe (Zehebiýýe) diýlip atlandyrylýan ýoluň mürşididir (halypasydyr). Ady Ahmed bin Ömer bin Muhammed bin Abdullah el-Hawelidir. Ebul-Jennab adyny düýşünde Pygamberimiz goýdy. Nejmeddin, Şeýh-ül-Imam, Zahid-ül-kebir we Şeýhi Horezm diýen ýaly lakamlary bar. Nejmeddini Kübra ady bilen giňden tanalýar. Çekeleşikleriň ählisinde üstün çykanlygy üçin oňa et-Tammet-ül-Kübra diýen ady beripdirler. Ehl-i sünnet alymlarynyň beýikleriniň we öwlüýäniň ulularynyň biri bolan Nejmeddini Kübra hezretleri, h. 539-njy (m.1145) ýylda Horezmiň Haýweki obasynda dünýä inýär. Şol sebäpli-de oňa Haýweki diýlipdir. H. 618-nji (m.1221) ýylyň Rebiül-ewwel aýynda Çingiziň esgeri tarapyndan şehid edilýär.

Çagalyk ýyllarynda ylym öwrenip ugran Nejmeddini Kübra hezretleri, biraz kämillik ýaşyna ýetensoň ylmyň yşgyna düşüp, dürli ýerleri gezýär. Aleksandiriýada; Ebul-Mekarymdan, Ahmed bin Muhammed el-Lebbandan, Ebu Seýýid Halil bin Bedreden, Ebu Jafer Muhammed bin Ahmed es-Saýdelaniden, Ebu Abdullah Muhammed bin Zeýd el-Kerraniden we Ebul Hasan Mesud bin Ebu Mensurdan, Hemedanda; Hafyz Ebul-Aladan, Nişapurda; Ebul-Meali el-Fürawiden, Müsürde; Ruz-y Wehani Bakliden (Ebu Muhammed eş-Şiraziden) we başgada ençeme alymlaryndan ylym öwrenip, hadysy şerif göçürdi.

Imam Ebu Nasr Hafzanyň Tebrizde, "Sünne" kitabyny okadýandygyny eşidip, şol taýa gidýär we bu kelam alymynyň sapaklaryna gatnap ugraýar. Şol wagtyň içinde "Şeýh-üs-Sünne wel-Mesalih" diýen sözbaşy häsiýetli kelam baradaky eserini ýazdy. Bu ýerde Baba Ferruh Tebriziniň söhbetiniň berekedi bilen ylym öwrenmekligi tamamlan, tasawwuf ylmy bilen meşgullanyp ugrady. Tasawwufda, agasy Ebu Mejibi Sührewerdi hezretlerinden feýz alyp ýetişdi. Ismail Kasriniň we Ammar bin Ýasiriň [h. 582 (m.1186)] hem söhbetlerinde boldy. Fahreddini Razy hezretleri bilen duşuşdy. Şeýlelikde birentek ylymda ýetişip, tasawwufda beýik derejelere gowuşdy. Soňňurrak bolsa dogduk ýurdy Horrezme gidip ýerleşdi. O taýda ynsanlary irşad edip (dogry ýoly görkezip) ugrady. Gysga wagtyň içinde töweregine ýüzlerçe talyp toplandy. Mewlana Jelaleddini Ruminiň atasy Soltan-ül-ulema Behaeddin Weled we Feridüddin Attaryň halypalary bolan Mejdüddini Bagdady, Baba Keman Jündi, Abdulaziz bin Hilal, Nasyr bin Mensur, Seýfüddini Baherzi, Nejmüddini Razy, Radyýýeddini Ali Lala, öň görnükli talyplarydyr. Talyplarynyň aglabasy, öz döwürlerinde ynsanlara dogry ýoly görkezen ýol görkeziji boldular.

H. 618-nji (m.1221) ýylda Horezme Çingiziň atlylary mongol-tatarlar basyp alyjylary hüjüm edeninde talyplaryna: "Ýurduňyza gidiň! Gündogardan pitne ody gelýär. Çarýany ýakar. Yslamyýetde entek beýle pitne görülmändi" diýdi. "Bu bela musulman ýurtlardan daşlaşar ýaly doga buýuryň diýdiler”. "Bu Kazaýy mümremdir. Doga muny gidirip bilmez." buýurdy. Talyplary Horasana gitdiler. Kapyrlar şähere girenlerinde, ol hem jihada goşuldy. Şehid boldy. Şehid bolanynda bir kapyryň saçyndan mäkäm tutupdy. Şehadetinden soň hiç kim saçy elinden alyp bilmedi. Ahyr saçy gyrkmaly boldular.

Tasawwuf ýolunyň iň tanymallaryndan we beýiklerinden biri bolan Nejmeddini Kübra hezretlerinden, zahiri we batyny ylymlarynda gowy ýetişen Yslamyň ajaýyp ahlagy bilen ahlaklanan ägirtleriň biridir. Ylym öwretmäge örän janypkeş ýapyşýardy. Allahü tealaga ybadat etmekde we Onuň dinine hyzmat etmekde asla gowşaklyk etmeýärdi, Munuň üçin igenjek bolýanlaryň igenlerine gulak gabartmaýardy. Aralarynda hiç hili parh gogýman hemme kişä elinden gelen kömegi gaýgyrmazdy. Onuň dergähi garyplaryň sygynýan ýeridi. Beýikligini, üstünligini hemme kişi bilýärdi, oňa aýratyn hormat edýärdiler. Güýçli öwliýäligini görkezýän ahwallary we keramatlary barada hemme ýerde gürrüň edilýärdi. Dilden-dile geçýärdi. Iň uly keramaty; her biri, giden ýerlerinde ynsanlary dogry ýola gönükdirýän, töweregine nur we feýz saçýan örän gymmatly talyplar ýetişdirmegidir. Ýüzlerçe talyp ýetişdirdi. Allah ýolunda ýöremek isleýän nije kişileri dogry ýola ugrukdyrdy. Talyplaryň her haýsyny bir ýurda iberýärdi. Iberilen talyp o taýda halypasynyň ýoluny ýaýmaga çalyşýardy. Horezm jelegaýlarynda, Nejmeddini Kübra hezretlerinden soňra onuň ýaly beýik weli ýetişmedi. Onuň ýeri şeýle bir beýik welin, Allahü tealanyň yşkyndan ýaňa dünýäni unudan mahaly, kimdir birine tewejjüh edäýse (ýönelmek, ýakynlyk duýmak), ony wilaýet (öwlüýälik) derejesine çenli beýgeldýärdi. Günlerde bir gün bir täjir, gezelenç etmek maksady bilen Nejmeddini Kübra hezretleriniň hanegahyna girýär. Nejmeddini Kübra hezretleri oňa tewejjüh edeninde ol şol bada wilaýet mertebesine ulaşdy. Täjiri ýanyna çagyryp talyp ýetişdirmegi üçin rugsat berdi we ýurduna iberdi.

Bir gün Eshaby Kehf barada söhbet edip durka, Sadüddini Haliwi (rahmetullahi aleýh) diýen talyby "Bu ummatda gürrüňleri bilen ite-de täsir edip bilýän biri barmyka" diýip içinden pikir etdi. Nejmeddini Kübra kalb gözi bilen talybynyň içki oý-pikirlerini aňşyryp ýerinden turdyda  dergähiň gapysyna baka ugrady. Birdenkä bir köpek peýda boldy. Guýrugyny bulaýlap başlady. Nejmeddini Kübranyň nazary köpegi sataşanda köpek şol bada düýp göter özgerdi. Bir hili özünden geçýän ýaly ýagdaýlar bolup geçdi. Ýüzüni şäherden sowup mazarlyga baka ýola düşdi, kellesini ýere oýkap barýardy. Hat-da soň-soňlar şeýle gürrüňler ýaýrady: şol wa-kadan soň ýaňky it nirä gitse, elli-altmyş sany köpek mydama yzyndan galman gezipdirler. Emma uwlamandyrlar, üýrmändirler. Hiç zat iýmän mydama şol köpege seredip hormat goýupdyrlar. Soňra köpek öldi.

Nejmeddini Kübra hezretlerinden ylym öwrenip,  hadysy şerif göçürenleriň biri bolan Abdülaziz bin Hilal şeýle diýýär: "Birnäçe gezek Nejmeddini Kübranyň söhbetinde bolup gördüm. Bu sanagly gysga wagt dowam eden söhbetleriň berekedi bilen köp zatlara gowuşdym."

Ibni Nukta: "Nejmeddini Kübra, Şafii mezhebiniň alymlaryndan bolup örän ýokarda durýan alymdy.

Nejmeddini Kübra bir tarapdan talyplar ýetişdirýän bolsa, beýleki tarapdan-da soňky nesillere peýdaly bolar ýaly iňňän gymmatly eserler ýazypdyr. Tefsir, hadys, tasawwuf we beýleki ylymlar barada ýazan möhüm eserlerinden käbirleri şulardyr: Aýn-ül-haýat (Kuran-y kerimiň tefsiri, 12 tom), Usuly aşere (dürli atlar bilen kän gezekler çap edilip köpeldilen we şerhler, synlar ýazylan bu eseri tasawwufa bagyşlanandyr). Mundan başga-da “Risale ilel-haim”, “Fewaýih-ul-Jemal”, “Adap-üs-sufiýýe’, “Risale-i Nejmeddin”, “Sekinet-üs-salihin’, Risale-i sefine ýaly ençe eserleri we çaklaňrak kitaplary bar. Iň ähmiýetli kitaplarynyň biri bolan “Usuly aşere” tasawwuf baradadyr. Talyplary we olardan soňkular üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Bu gymmatly kitabyň käbir bölümleri terjime edilip we gysgaldylyp aşakda berildi:

Allahü tealaga gowuşmagy arzuw edýänleriň we bu ýolda ilerlemek isleýänleriň ýollarynyň binýady on esas boýunça gurlandyr. Özge zatlaryň bary bularyň inçelikleri, şahalary bolup, hemmesi on esasa daýanýar. Maksada ýetmek üçin hökmany zerur bolan on esas şulardyr. 1) Toba: Guluň, özi bilen Rabbiniň arasynda perde bolup duran ähli günälere puşman edip, öz isleg-arzuwy we meýletinlik bilen Rabbine ýönelmegidir. 2) Zühd: Dünýäniň wagtlaýyn we aldawçy zowky-sapalaryndan, mal-mülk we wezipeden, ynsanlaryň gyzyklan-maklaryndan we hoş sözlerinden ýüz öwürmek, bulara asla meýil etmezlik, gaça durmaklyk we bu meselelerde edil bir öli mysaly bolmaklykdyr. Dünýäni bütin gözellikleri bilen getirip ölä hödürleseler, ölen adam bu gözelliklere göwün bermek, meýil etmek-hä beýlede dursun, nähili, gözüniň gytagyny hem aýlamaýan bolsa, öwlüýälik ýolunda öňe gitmek isleýän kişi-de edil şonuň ýaly zühde eýe bolmalydyr. 3) Allahü tealaga tewekkül: Her işde Allahü tealaga bil baglamak, Oňa ynanmakdyr. Bu hususda Allahü teala Talak süresiniň 3-nji aýaty kerimesinde, mealen: (Kimde-kim, Allahü tealaga tewekkül etse, Allahü teala oňa ýeterlikdir)buýurýar. 4)Kanagat: Gün-güzeran dolamak üçin zerur bolan gerek-zatlardan başga ähli arzuw we isleglerden daşlaşmak, iýmek-içmek we ýaşamak (öý) meselesinde eldäki zada kanagat edip, kän zatda göňül we gözi bolmazlykda öli mysaly bolmakdyr. 5) Uzlet: Öwlüýäniň ýolunda ilerlemäge päsgel berýän ynsanlardan daşrak durup, beýle adamlardan ýüz öwürmek we öz günüňe ýaşamakdyr. Özüni terbiýeläp ýetişdiren halypalarynyň ýanynda bolmaklyk-da üzletden hasaplanyp, ynsanlar bilen bile bolmak saýylmaýar. Uzletde esasy zat: bütin bedeniňi, hoş bolmaýan her adamdan we olardan ýokaşaýjak günä kirlerinden gorap, daş saklamakdyr. Duýgy organlaryňy gorap saklamakdyr. Ynsanyň peselmegine sebäp bolýan nebisjeň isleg-arzuwlar, ynsana duýgy organlary arkaly aralaşýar. Uzlediň kömegi bilen bu beýik howpy ýok etmek mümkin. Doktorlar özlerine ýüz tutan näsaglara em edip başlanlarynda, öňi bilen syrkawa zyýanly bolaýjak iýmitlerden berhiz tutmagy tabşyrýarlar. Keseli ýüze çykarýan sebäplere garşy çäreler görüp, hassany zeperi ýetäýjek zatlardan daş-laşdyrýarlar. Ondan soňra bedendäki zyýanly maddalaryň çykmagy üçin däri-derman berýärler. Öwlüýälik ýolunda-da, ruh keselleriniň ussatlary bolan mübärek adamlar, talyplaryny ýokardaky ýaly görnüşde ýetişdirýärler. Talyby, oňa zyýany degjek adamlardan daş tutup, öz ýanlarynda saklaýarlar. Talybyň içindäki zyýanly hallaryň çykyp, kalbyň arassalanmagy üçin-de, söhbetlerini diňledýärler we her dem Allahü tealany zikir etmeklerini, ýatlamaklaryny emir edýärler. 6) Yzygiderli zikir: Allahü tealadan başga hemme zady undup, diňe Ony ýatlamak, diňe Ol barada pikir etmek diýmekligi aňladýar. Kalbyň we köňlüň syrkawlamagyna, hat-da ölmegine sebäp bolýan, nebsi herekete geçirip azdyrýan erbet häsiýetiň, ahlagyň ýok edilmegi, Allahü tealany köpräk zikir etmek bilen mümkin bolar Allahü tealany köp zikir etmek bilen, Allahü tealanyň nazargähi bolan kalbyň bu asyl ýagdaýyndan aýrylyp dogry ýoldan çykmagynyň öňüni alyp bolar. Eger, sen hakykatdanam köňül ähli bolsaň we Allahü tealanyň hem seni magfiret etmegini isleýän bolsaň, Allahü tealany köpräk ýatla. Allahü teala, Bekara süresiniň 152-nji aýatynda, mealen şeýle buýurýar: (Siz meni (teala)zikrediň ki men hem sizi (sogap we magfyret bilen)zikir edeýin).7) Tewejjüh(Bütinleý Allahü tealaga ýönelmek) Allahü tealadan özge zada çagyrýan ähli zatdan ýüz öwürmek, Ondan başga islegiň, arzuwyň we söýgüliň bolmazlygydyr. Sähelçe wagt hem bolsa Ondan gapyl galmakdan gaty gorkmalydyr. Bu barada Jüneýdi Bagdady hezretleri şeýle buýurdy: "Bir syddyk, müňlerçe ýyllap Allahü tealaga tewejjüh ýagdaýynda bolsa, ýöne şondan soň bir dem Ondan gapyl bolsa, bu sähel salymyň ýitiren zady, müňlerçe ýyllap gazananyndan has köpdür." 8) Sabyr: Nebsiň lezzet alýan zatlaryndan ýüz öwürmek, isleýän zatlaryny ýerine ýetirmezligi dowam etdirmekde durnuklylygyňy saklamak diýmekligi aňladýar. 9) Murakebe: Güýç we hereketi goýup, nebsi derňemek, nebsiň hilelerine we duzaklaryna garşy her pursatda hüşgärligi elden bermezlikdir. Murakabe derejesindäki kişi, Allahü tealanyň emrlerine tabynlyk we salyh amallar (işler) etmek bilen, Onuň lütfuny, ilahi yhsanlaryny umyt edýändir. Ondan başga hemme zatdan ýüzüni sowup, hemişe Onuň pikirini edýändir. Oňa bolan yşkynyň odundan ýaňa dünýäni unudan ýagdaýyndadyr. Onuň yşky bilen, Oňa gowuşmak arzuwy bilen ýananyp tutaşar. Şu duýgy bilen aglap gözýaş döker. Diňe Allahü tealaga bil baglar we diňe Ondan kömek islär. Allahü tealada oňa rahmedinden eçiler we hiç kimiň açyp bilmejek azap gapylaryny onuň üçin gulplar. Bu ýagdaý Allahü tealanyň olara lütfudyr (eşretidir, yhsanydyr). Allahü teala maide süresiniň 54-nji aýaty kerimesinde mealen şeýle buýurýar: (Ynha bu(aýdylan häsiýetler) Allahü tealanyň islän guluna berýän bir lütfudyr, yhsanydyr. Allahü tealanyň lütfu, yhsany örän giňdir, (bu lütuf we yhsanlara kimiň laýykdygyny) örän gowy bilijidir).10) Ryza: "Nebsiň arzuwlaryny terk edip, Allahü tealanyň hökümleriniň hiç birine garşy çykmazlyk we Ondan gelýän ähli zady hoş garşylap razy bolmaklykdyr. Şeýle etmek bilen Ony razy etmekdir. Beýle welilerine, Allahü teala şeýle bir nur berýär welin, bu firaset nury bilen adamlaryň arasynda ýöreýärler we olaryň ruhy ýagdaýlaryny görüp bilýärler. Bu firaset nurly kişileriň hem derejeleriniň dört mertebeden ybaratdygyny aýan edipdirler." 1) Iman: ähli mü’minleriň ýagdaýy bolup agajyň gülüne meňzeýändir. 2) Wilaýet: mü’minlerden seçilenleriň ýagdaýlary bolup, agajyň miwesine meňzeýär 3) Nübüwwet: seçilenleriň seçilenleri bolanlaryň (Pygamberleriň) ýagdaýlary bolup miwäniň şänigi ýalydyr 4) Risalet: Nübüwwetden-de ýokarrak bir ýagdaý bolup şänigiň maňzy ýalydyr. Bulardan ilkinji ikisini, kesbi bolanlygy üçin, işläp, göreşiple ele geçirmek mümkin hem bolsa, soňky ikisi wehbidir. Işlemek bilen oňa ýetip bolmaýar. Bu, Allahü tealanyň, gullaryndan islänine berýän lütfudyr."

Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Risale-i il el-Haim"den saýlananlar. Eý, yhlas bilen Allahü tealanyň ýolunda bolmagy arzuw edýän sadyk talyp, daşyňy we içiňi tämizle bu tämizlik bolmasa, mukaddes we ruhy belentliklere ýetip bolmaz. Bu tämizlik üçin aşakdaky on esasy hökman berjaý etmelidir. 1) Beden tämizligi:Mundan maksat, gusl täreti we namaz üçin alynýan täretdir. Ruha ejir çekdirýän we biynjalyk edýän zatlar: umuman, iýmit hökmünde bedene alynýan we köplenç artyk bolan toprak maddasydyr. Bu toprak maddalary ruha ejir çekdirýärler. Suw hem hapany, kiri arassalap ýuwmak üçin ýaradylanlygy sebäpli, adaty täret we gusl täreti bilen beden maddy we ruhy hapalardan arassalanyp päklener we nurlar parlap ugrar. 2) Halwet: Dürli, gereksiz pişelerden gutulyp, sessiz tenha bir ýere çekilip, şol ýerde öz günüňe ybadat bilen meşgullanmakdyr. Munda maksat, nebsi, oýun we güýmenjelerden, özüne zeperi ýetäýjek kişilerden, gereksiz duýgy, düşünje isleglerden daş tutmakdyr. Şeýle bolanynda nebs ejizlär. Munuň tersine kalb güýçlener. Hüşgär we sagdyn bolar. Allahü tealanyň nury bilen aýdyňlanar. 3) Mydama dymmak: Örän zerur bolaýmasa asla gürlemezlikdir. Ynsanlar ýalandan we münapyklardan az gürlemek bilen gutularlar. Ýanyndakylary güldirmek, olary hoş etmek we bir zatlar aýtmak üçin köp kişileriň, sözlerinde köplenç ýalan we başga günäler bardyr. Bir hadysy şerifde şeýle buýruldy: (Ynsanlaryň ýüzinligine oda düşmeklerine sebäp bolýan zat dilleri bilen ekip ormaklaryndan başga näme bolup biler?)Şonuň üçin ulularymyz mydama dymmaklygy saýlapdyrlar:

 

"Eger kimde-kimiň az bolsa sözi

Tiz wagtdan açylar onuň kalb gözi"diýipdirler.

 

4)Yzygiderli oraza:Pygamberimiz (sallallahü aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde şeýle buýurdy: (Oraza, (rozalyny adamlaryň ýamanlyklaryndan goraýan) galkandyr).Nebsiň we şeýtanyň hüjümlerinden we bize çenäp atan oklaryndan bu galkan bilen goranyp bolar. 5) Üznüksiz zikr:Bütin kalbyň bilen, durkuň bilen Allahü tealany ýada salmak, ýatlamak diýmekligi aňladýar. Iň faziletli zikr "La ilahe illalah"diýip aýtmakdyr. Allahü tealanyň duşmany bolan nebs, ynsanyň içine ýerleşdirilendir, mydama Oňa garşy çykmagy, pitne turuzmaga jan edýär, hatda ylahlygyny aýtmaga çenli baryp ýetýän derejede azgyn bolup bilýär. Onuň goşuny we kömekçileri bolan; şeýtan, howaýylyk we şehwet bolsa oňa gop berip, ynsany ebedi peläketlere sezewar etmäge dyrjaşýarlar. Ine, bulara garşy iň faziletli, iň täsirli we iň açyk söz "Lä ilähe illallah"dyr. Bu sözi aýtmaklygy dowam etdirmek, nebsi we goşunyny ýeňlişe sezewar we zelil eder. Ynsan, Allahü tealanyň rugsady bilen bulary ýeňenden soňra, kalby kämilleşer. Allahü tealaga ýakynlyk derejelerine beýgeler. Onuň nury bilen nurlanar. Şondan soň, bu nur bilen gözleriň görmeýän zatlaryny görer, gulaklaryň eşitmejek zatlaryny eşidip biler. Bu zikri dowam etdirmek bilen Allahü tealanyň dosty, Allahü teala-da onuň dosty bolar. 6) Teslimiýet: Allahü tealanyň takdyryna razy bolmak we Oňa doly tabyn bolmak diýmekligi aňladýar. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: (Kimde-kim yhlasly işläp, çyn ýürekden özüni Allahü tealaga tabşyrsa, tabyn kylsa, ol gürrüňsiz iň pugta gulpa ýapyşandyr)(Lukman-22), (Ýagşylyk eden biri hökmünde özüni bütinleý yhlas bilen, Allahü tealaga tabyn eden kişiden, din babatda kim has gowy bolup biler?) (Nisa-125). 7) Hiç zady ýatlamazlyk: Göwnüňe, Allahü tealanyň razy bolan düşünjelerini getirmek, şeýtandan we nebisden gelýän erbet pikirleri bolsa şol bada kalpdan daşlaşdyrmakdyr. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: (Gürrüňsiz, şeýtanlar siziň bilen göreşmek üçin, öz dostlaryna hökman pent berýärler)(En’am-121), (Şeýtan sizi garyp düşersiňiz diýip gorkuzar. “Zadyňy eliňde sakla! Eger, sadaka beräýseň, garyp düşersiň” diýer. Size husytlygy we sadaka bermezligi emr eder. Allahü teala bolsa, lütfundan magfyret we bol-elinlik wada berýär)(Bekara-268). 8) Kalbyň ussada(Ýol görkezen alyma)baglanmagy: Kişiniň edep we ylym öwrenen mübärek ussadyny jandan söýüp oňa baglanmagydyr. Tewbe süresiniň 119-njy aýaty kerimede mealen şeýle buýruldy: (Eý, iman edenler! Allahü tealadan gorkuň(Onuň razy bolmadyk işlerinden daş duruň) we sadyklar bilen bile boluň!)Mürşid, öwlüýälik ýolunda ýöre-mek isleýän bu talyby, bu ýolda gabat geläýjek gorkulardan, howplardan we zyýanlardan goraýan, onuň çalt öňe gitmegi üçin ýol görkezýän beýik adamdyr. Beýle kişi bilen bilelikde bolmak ullakan bagtyýarlykdyr. Onuň bilen bile bolan, hökman ondan peýdalanar. Bu barada bir hadysy şerifde şeýle buýruldy: (Salyh kişileriň oturlyşyklary, hoşboý yslar satýan atyrjy ýalydyr. Almasaňda ysy burnuňa urar. Erbet adamlaryň oturlyşygy bolsa, demirçiniň ussahanasy ýalydyr. Seni ýakmasada, tüssesi we ysy demigiňi daraldar).

9) Zerur bolýança uklamak: Bu ýolda ilerlemäge jan edýänler, mümkin boldugyndan az uklaýarlar. Ybadatda güýçlenmek üçin uklaýarlar. Niýetleri mäkämdir. Şonuň üçin ukularyda ybadatdyr. Gije birsalym ýatanlaryndan soňra turup ybadatlaryny dowam etdirýärler. Aýratynam säher wagty ybadat we doga etmegi unutmaýarlar. Bu gymmatly wagtda uklamagy, özleri üçin uly ýitgi hasaplaýarlar. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: (Olar gijelerine örän az (bir sellem)uklaýardylar, säher wagtlary hemişe toba edýärdiler).(Zariýat-17,18), (Olar, her gije namaz okamak üçin düşeklerinden turýarlar, azabyndan gorkup we rahmedinden umydygär bolup Rablerine doga edýärler)(Sezde-16). Ukynyň azlygy, kalp gözleriniň açylyp, melekler älemine tomaşa etmegine sebäp bolar. 10) Zeruret möçberinde iýip-içmek: Iýmek we içmek orta hili bolmakdyr. Ybadat edip bilmez ýaly horlanmaklyga eltjek derejede aç galmazlyk, süňňi agyrlaşdyrajak, ybydytda yza goýjak derejede nahar iýmezlik diýmekdir. Ikinji ýagdaý jaýyz hem däldir. Bu barada A’raf süresiniň 31-nji aýaty kerimesinde şeýle buýruldy: (Iýiň-içiň! Emma, zaýa etmäň. Gürrüňsiz, Allahü teala israf edýänleri söýýän däldir).Bir hadysy şerifde-de şeýle buýruldy: (Aşgazanyň üçden bir  nahar üçin, üçden biri-de suw üçin bolmalydyr. Galan kysmy bolsa, howa üçin boş bolmalydyr).Ulularymyz mydama az iýipdirler, garny gerk-gäbe doýurmagyň peýda däl, gaýtam tersine ybadatda agyrlyga we gowuşgansyzlyga sebäp boljakdygyny aý-dypdyrlar. Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem): (Bir gün iýip doýaryn, bir gün aç galaryn)buýurdy. Başga bir hadysy şerifde şeýle buýruldy: (Ynsanoglunyň dolduran iň erbet gaby-garnydyr).Ata-babalarymyz aşa köp iýmegiň kalby gataltjakdygyny, garaltjakdygyny, ýaltalyga sebäp boljakdygyny, çalt-çalt hajathana gitmeli boljakdygyny we şunlukda wagty biderek geçirjekdigini, netijede bolsa dürli ybadatlary we peýdaly işleri etmäge päsgel berjekdigini, açlygyň örän peýdalydygyny nygtap gidipdirler. Imamy Şibliden "Ýakyn näme?" diýip soranlarynda: "Açlyk, açlyk, açlyk" diýip jogap beripdir. Beýik bir öwlüýä naharda diňe çorba iýýärdi, çörek iýmeýärdi. Näme üçin beýdýäň diýenlerinde: "Bir döwüm çöregi çeýnemek üçin gerek bolan wagtyň geçjekdigine ýüregim awaýar. Şol wagtyň içinde Kuran-y kerimden elli aýaty Kerime okamaga ýetişerin" buýurdy.

Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Fewaih-ul-jemal" eserinden saýlamalar:

“Allahü tealanyň ýolunda ýöremegi arzuw edýän söýgüli dostum! Gözleriňi ýum! Göreli hany, nämeler görýärkäň. Eger "Hiç zat göremok" diýýän bolsaň, ýalňyşýarsyň. Bu nädogry. Aslynda sen şol wagt görüp dursuň. Emma, bedeniň we görünişdäki barlygyň garaňky bolmagy, seniň görmegiňe päsgel berýär. Eger, gözleriň ýapykka görüp bilmeýän, emma aslynda bar bolan zatlary görmek isleýän bolsaň, o garaňkylygy ýok etmelisiň we kalp gözüňi açmalysyň. Bu garaňkylyga sebäp bolýan zatlary özüňden daşlaşdyrmaly borsuň. Bular; seniň menligiň, nebsiň we şeýtandyr. Bulardan gutulmagyň ilkinji şerti: bedeniňi ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirip, bedene alynýan iýmiti azaltmakdadyr. Çünki, nebis we şeýtan mundan güýç alyp saňa topulýarlar. Allahü tealaga gowuşdyrýan ýolda öňe düşýän hakyky görkezijiniň terbiýesini alyp ýetişmek we bu ýoldakylaryň berjaý etmegi tabşyryp giden düzgünlerine uýmak hem elbetde zerur bolup durýar.

Wagt: Wagt ýiti gylyç mysaly bir zatdyr. Beýle bolmasady, oýlanyp-ölçermek üçin saňa möhlet bererdi. Beýtmän, geçip gidýänligi üçin, onuň ýiti gylyç ýalydygy mälimdir. Tasawwuf ýolundaky sopulara Ibn-ül-wagt diýýärler. Munuň sebäbi şu; beýle adam ne-hä öwrülip geçmişe sereder, ne-de geljege. Şu pursady, geçip duran wagty sarpaly tutmaga çalyşýarlar. Geçmiş we geljek barada pikir etmekligiň, edil şu pursatda geçip duran wagty biderek geçirýänligi üçin, olar munuň bilen wagt geçirmeýärler.

Welileriň käbir alamatlary: Allahü tealanyň welisi (dosty) bolan kişiniň alamatlarynyň biri; onuň Allahü teala tarapyndan goralýanlygydyr. Weli bolan kişi, Allahü tealanyň dürli-dürli lütuflaryna gowşup, Ony isleýändir, Ony gözleýändir we Onuň alamatlaryndan biri-de, dogasynyň kabul edilmegidir. Welileriň her birine, Allahü tealanyň atlaryndan (Ismi-A’zam) (beýik at) berilýändir. Weli hem şol ady tutup doga eder we dogasy kabul bolar. Bir adam Beýazydy Bistami hezretlerinden (Ismi-A’zam)yň, Allahü tealanyň iň beýik adynyň nämedigini sorady. Ol: "Maňa, Allahü tealaga degişli bolan Ismi-Asgari (iň kiçi at) görkez. Men hem saňa (Ismi-A’zam)y (iň beýik at) görkezeýin" buýurdy. Bu jogap sorag bereniň göwnüne ýarady we "Hawa, Onuň ähli ady beýikdir" diýdi.

Tewekkül: Allahü tealanyň habar beren ähli meselelerinde we her işde Oňa ynanmak, takdyrda bir zat bar bolsa ondan gutulmagyň mümkin däldigini bilip, Allahü tealanyň eradasyna (erkine) tabyn bolmakdyr. Şunlukda, Ondan geljek bar zada kaýyl bolanlygy üçin özi rahat bolar. Şunlukda eýesiniň, ýagny Allahü tealany hem gynandyrmadygy bolar. Eline geçen zatlar üçin begener, ýöne mesremez. Öz ýagdaýyny düzetmegiň gamyny iýer. Zerre ýaljak ýagşylyk edeniň sylagyny aljakdygyny, zerre ýaljak ýamanlyk edeniň-de hasabyny berjekdigine gözi ýetýänligi üçin, özüne sütem edenleri özi jezalandyrjak bolup durmaz. Ony bagyşlar. Özüne edilen ýamanlygyň jezasynyň nähiliräkdigini, ölçegini bilmeýänligi üçin Allahü tealaga tabşyrar. Özüne ýagşylyk edene-de jogap bermekden ejizligi barada oýlanyp ony-da Allahü teala tarapyn edilenligi barada pikir etmelidir. Ähli zadyň, Allahü tealanyň islegi we takdyry bilen ýüze çykýandygy hakynda oýlanmalydyr. Hadid süresiniň 22,23-nji aýaty kerimelerinde, mealen, şeýle buýruldy: (Bir kitapda(Lewhi mahfuzda Allahyň ylmynda) ýa-zylmadyk bolsa, biz ýaratmazdan öň ne ýerde(gytlyk we gurakçylyk ýaly), ne-de(keselçilik we apat kimin) nebisleriňizde bela-beter başyňyza gelmez. Munuň Allahü teala üçin örän aňsatlygy barada gürrüň hem bolup bilmez. Dünýäde boljak ähli zatlar, dünýä ýaradylmazdan öň ezelde Lewhi mahfuza ýazylandyr, takdyr edilendir. Muny, durmuşda sypdyran amatly pursatlaryňyza gynanmazlygyňyz, gowuşan gazançlaryňyza, Allahü tealanyň iberen nygmatlaryna buýsanmazlygyňyz üçin habar berýäris. Allahü teala tekepbirleri, diňe özünü bilýänleri söýýän däldir).

Öljekligine we Allahü tealaga hasap berjekligine gözi ýetik adam, hem başgalara ýamanlyk etmek, özüne ýamanlyk etseler-de muňa garşylyk bermek barada pikir edermi? Aýdyşlaryna görä, biri arif, mübärek kişiniň sarygyny alyp gaçýar. Arif kişi, büs-bütin ters tarapdaky gabrystana ýönelýär. O taýda ondan: "Ol adam siziň sarygyňyzy alyp o tarapa gaçyp gitdi. Siz bolsa onuň yzyndan gitmegiň deregne yza öwrüldiňiz. Gaýtam tersine bu gabrystana geldiňiz. Munuň sebäbi näme?" diýip soradylar. Onda hälki arif kişi: "Nirä çenli gaçyp biler? Nirä gaçsa gaçsyn, iň soňunda geljek ýeri şu taýy dälmi näme?" diýip jogap berdi. Adamlaryň aýlanyp-öwrülip geljek ýerleriniň gabyr bolşy ýaly, kalplar-da Allahü tealaga sygynýandyr.

Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Risale-i Nejmüddin" diýen eserinden saýlamalar:

Abdullah bin Ömeriň (radyýallahü anhüma) göçüren bir hadysy şerifinde şeýle buýruldy: (Jan bedenden çykmanka, Allahü teala guluň tobasyny kabul eder).

Sehl bin Abdullah (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurýar: "Tobada esasy zat; erbet hereketlerden ýagşy we ajap işlere ýönelmeli, halal iýmeli, agzalaryny erbetliklerden, haramlardan goramaly we bularyň ählisini berjaý edip bilmek üçin Allahü tealadan kömek soramalydyr."

"Tobanyň birnäçe manysy bar: 1) Günäň üçin puşman etmek. 2) Bu günä işi gaýdyp etmezlige kesgitli karar bermek. 3) Terk edilen parzlary kaza edip ýerine ýetirmek. 4) Nebse günäniň lezzetinden dadyrşy ýaly, oňa göreşmegiň tagamynyda dadyrmak."

Ibni Ata şeýle (rahmetullahi aleýh) diýýär: “Toba, inabe we ijabe tobasy diýlip ikä bölünýär. Inabe tobasy, jezalandyrmakdan gorkulyp edilen tobadyr. Ijabe tobasy bolsa, diňe Allahü tealanyň söýgüsi bilen edilen tobadyr."

Zünnuni Mysri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurýar: "Her agzanyň bir tobasy bardyr. Kalbyň tobasy, günäleri terk etmek babatynda kalbyň eserdeň bolmagydyr. Gözüň tobasy; haramlara seretmezlik, eliň tobasy; özüňe degişli bolmadyk zady almazlyk, gulagyň tobasy; batyl zatlary diňlemezlik, garnyň tobasy; halal iýmek; edep ýerleriniň tobasy-da; erbet işlýerden, zynadan daş durmakdyr."

Ýene Ibni Ata (rahmetullahi aleýh) aýdýar: "Tobanyň diňe dil bilen etmän, eýsem işi bilen-de toba edenligini tassyklan adamyň tobasy kabul bolar."

Wera(Haramlardan, mekruhlardan we şüwheli zatlardan örän ätiýaç etmek): Hasan Basri (rahmetullahi aleýh)  şeýle buýurýar: Weranyň üç alamaty bardyr 1) Gazaply wagtynda-da, parahat ýagdaýyňda-da adalatly bolmak. 2) Agzalary erbetlikden we özgelere ýamanlyk etmekden gorap saklamak 3) Hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolmak, tanyşlara, dost-ýarlara güngüzerany üçin hemaýat etmek we bulary dowam etdirip, Allahü tealanyň razylygyna gowuşmak üçin tagala etmek.

Diniň asly weradyr. Bişr bin Haris (rahmetullahi aleýh)  şeýle buýurýar: "Iň kyn iş üç sanydyr 1) Özüň mätäç wagtyň jomartlyk etmek. 2) Hiç kimiň ýok ýerinde, ýalňyzlyk ýagdaýynda-da wera we takwa eýesi bolmak (erbetlikden gaça durmak) 3) Gorkulýan ýa-da käbir bähbitlere garaşylýan adamyň ýanynda-da çekinmän hakykatlary aýdyp bilmekdir."

Ýunus bin Ubeýd (rahmetullahi aleýh)  aýtdy: "Wera, ähli şüwheli zatlardan tämizlenip, her dem nebsi hasaba çekmeklikdir."

Sehl bin Abdullah (rahmetullahi aleýh)  buýurdy: "Dünýäni terk etmek (ýagny, haram we şüwheli zatlar-dan saklanyp, mübahlary ulanmak) weranyň başlangyjydyr."

Zühd(dünýä köňül bermezlik, şüwheli bolaýmasyn diýen gorky bilen mübahlaryň köpüsini terk etmek): Sehl es-Saidi gürrüň berýär: "Bir adam Resulullahyň (sallallahü aleýhi we sellem) ýanyna gelip: "Ýa, Resulullah! Maňa şeýle bir iş görkeziň welin, bu işi eden wagtym meni,  hem-ä Allahü teala, hem-de adamlar söýsün" diýdi. Onda Resulullahymyz (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdylar: (Dünýä köňül bermeseň, Allahü teala seni söýer. Ynsanlardaky zada göz dikmeseň, ynsanlar seni söýer).

Muhammed bin Hüseýin (rahmetullahi aleýh)  şeýle diýýär: "Dünýäde zühd; halal gazanyp iýmekdir."

Abddullahy Antaki (rahmetullahi aleýh) şeýle gürrüň berdi: "Zühd, dört zatdan ybaratdyr. 1) Işleri Allahü tealaga goýmak. 2) Ynsanlardan daş durmak. 3) Yhlas (Ähli zady Allahü tealanyň razylygy üçin etmek. 4) Kynçylyklara we belalara sabyr etmek."

Ýahýa bin Muaz (rahmetullahi aleýh)  şeýle buýurdy: "Hakyky zahid (zühde eýe kişi), dünýäni terk edişi, ony isleýşinden we goraýşynda agyr basýan kişidir."

Hadid süresiniň 23-njy aýaty kerimesinde, mealen şeýle buýruldy: (Dünýäde boljak ähli zatlar, dünýä ýaradylmazdan öň ezelde (ozal) Lewhi mahfuza ýazylandyr, takdyr edilendir. Muny, durmuşda sypdyran amatly pursatlaryňyza gynanmazlygyňyz, gowuşan gazançlaryňyza, Allahü tealanyň iberen nygmatlaryna buýsanmazlygyňyz üçin habar berýäris. Allahü teala tekepbirleri, diňe özüni bilýänleri söýýän däldir).

Beýikleriň biri: "Zühdüň asly, bu aýatda habar berilýän zatdyr" buýurdy.

Ýene beýiklerden biri aýtdy: "Zühd; nebsewürligi, tamakinligi goýup, känräk salyh (dine laýyk gowy işler) işler etmekdir."

Ýene aýtdylar ki: "Zühd, mahluklaryň (ýaradylanlaryň) söýgüsini kalpdan çykaryp, ýalňyzlygy islemekdir."

Ebu Türab Nahşebi (rahmetullahi aleýh) gürrüň berdi: "Bir adam Hatimi Esamyň (rahmetullahi aleýh)  ýanyna gelip, zühdüň başynyň, ortasynyň we soňunyň nämedigini sorady. Hatimi Esamy (rahmetullahi aleýh) oňa jogap hökmünde: "Zühdüň başy Allahü tealaga ynanmak, ortasy yhlas we soňy-da sabyrdyr" diýdi."

Buýruldy ki: "Zühd, bir zady diňe mätäçligiňi giderjek mukdarda saklamak, artykmajyny terk etmekdir."

Beýikleriň biri şeýle buýurdy: "Eliňdäki zadyň kimiň ryskydygyny bilip bilmersiň. Gözleýän zadyň niredeligini hem bilmersiň. Resulullah (sallallahü aleýh we sellem) şeýle buýurdy: (Kimde-kim, dünýä köňül bermän, ahyryýete köňül berse, Allahü teala onuň kalbyndan dünýäniň söýgüsini çykarar. Baýlygy gözüniň öňünde goýar. Ol dünýäde, diňe özi üçin takdyr edilip bölünen zada gowuşar).

Hatimi Esam (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Zühd, üç zatdyr. 1) Dünýäni terk etmek 2) Dünýä ähmiýet bermezlik 3) Başgalary özünden ýokarda goýmak, isarly bolmak." Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde şeýle buýurdylar: (Ylmyny artdyryp zühdüni (dünýä köňül bermezlik)artdyrmaýan adam, Allahü tealanyň gazabyny artdyrar).

Ebu Bekri Werrak (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Zühd, üç harpdan ybaratdyr: ze, he we dal. "Ze" dünýä zynatyny terk etmek, "He" howaýylygy, nebsiň isleg arzuwlaryny terk etmek, "Dal" bolsa dünýäni terk etmek diýmekligi aňladýar."

Zahidlerden bir adam, Ebu Ýezid-i [Baýedydi] Bistami (rahmetullahi aleýh) görmäge gelipdi. Sataşanlarynda Ebu Ýezid (rahmetullahi aleýh) ondan: "Haýsy derejedesiň?" diýip sorady. "Zühd derejesinde" diýip jogap berende, ýene-de "Zühdüň haýsy babatda?" diýip sowal berdi. Ol: "Zühdüm dünýädedir" diýip jogap berdi. "Seniň zühdüň "Lä zat baradadyr. Sebäbi dünýä, owwalynda-da soňunda-da hiç zat däldir. Şol zerarly dünýä "Lä zat” - hiç zat däl" diýilýär" buýurdy. Ol adam bu söze örän haýran galyp: "Ýeri siz haýsy derejede?" diýip özüne sorag berdi. "Zühd derejesinde" diýeninde: "Zühdüňiz näme zada? diýdi. Onda Ebu Ýezidi Bistami (rahmetullahi aleýh) ezretleri: "Zühdüm keramatlara, hallara we makamlarydyr (ýagny, men açyş etmek we keramat görkezmek barada oýlanmaýaryn we gyzyklanmaýaryn. Rabbimi razy etjek bolup jan edýärin)" buýurdy.

Sabyr(Haýsydyr bir bela-beterlere, ylym öwrenilende çekilýän zähmetlere we gü-nä iş etmezligi dowam etdirmegiň kynçylyklaryna çydam etmek): Enes bin Mälik hezretleriniň (radyýallahü anh) Hz. Resulullahdan (sallallahü aleýhi we sellem) habar berýän hadysy kudside Allahü teala şeýle buýurýar: (Gulumyň başyna bir bela-beter gelip, muňa sabyr etse we halyny sorap gelenleriň ýanynda zeýrenmese, oňa öz etinden has haýyrlarak et, öz ganyndan has haýyrlarak gan bererin (onuň üçin ýaradaryn), onuň hiç hili günäsi galmaz. Eger, wepat edäýse rahmedime gowuşar).

Zeýnelabidin Ali bin Hüseýin (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Bu gün boýun bolmak, tabynlyk hususynda sabyr etmeklik, ertir ahyryýetde azaba çydajak bolmakdan has aňsatdyr."

Hasani Basri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Mü’miniň ahlagy; baý wagtyň tygşytlylyk, giňişlikde şükür, bela we howp abananda sabyr etmekdir."

Sehl bin Abdullahdan (rahmetullahi aleýh) sabry soranlarynda, sabryň dört hilidigini aýtdy: "1) Bela-be-terlere sabyr, 2) Ybydatlary dowam etdirmekdäki sabyr, 3) Ynsanlaryň ezýetlerine garşy sabyr, 4) Garyplyga sabyr etmek.  Bela-beterlere sabyr eden wagtyň sylaga we sogaba gowuşarsyň. Ybadat etmelige sabyr eden mahalyň Allahü tealadan hemaýat görersiň. Ynsanlaryň ezýetlerine sabyr etseň, adamlar seni eý görerler. Garyplyga sabyr etseň, Jenaby Haky razy edersiň. Sabyr; nebse, arzuw we isleglerinden el çekdirmekdir."

Takdyra razy bolmak! Hadys-y kudside Allahü teala şeýle buýurdy:(Kimde-kim, meniň takdyryma razy bolmasa, beren belama sabyr etmese we nygmatlaryma şükür etmese, özüne başga Rab gözlesin).

Harisi Muhasibi (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Razylyk, höküm ýerine ýetirilýärkä kalbyň parahat bolmagydyr."

Hatimi Esam (rahmetullahi aleýh) buýurdy ki: "Eger, Allahü tealanyň söýgüli guly bolmak isleseň, Allahü tealanyň takdyryna razy bol! Ýerde we gökde tanalasyň gelýän bolsa, hakykata ýapyş!"

Jüneýdi Bagdady (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Razylyk, Allahü tealadan gelen bela we peläketi nygmat hökmünde kabul etmekdir."

Musa aleýhisselam Allahü tealadan: (Ýa, Rabbi! Seniň gullaryndan iň barlysy kim?" diýip soranynda, Allahü teala: (Meniň berenime kaýyl bolýan kişidir)buýurdy.

Tewekkül: Allahü teala, Talak süresiniň üçünji (3) aýaty kerimesinde şeýle buýurýar: (Kimde-kim, Allahü tealaga tewekkül etse, Allahü teala oňa ýeterlikdir).

Ömer bin Hattabyň (radyýallahü anh) habar beren hadysy şerifinde, Pygamberimiz (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Allahü tealaga doly tewekkül etsediňiz, guşlaryň ryskyny berşi ýaly, size-de ibererdi. Guşlar säher bilen garynlary boş we aç ýagdaýda uçup gidýärler. Agşam garynlary dok ýagdaýda öwrülip gelýärler).

Ebu Hüreýräniň (radyýallahü anh) habar beren hadysy şerifinde şeýle buýruldy: (Ibrahim aleýhis-selamy oda zyňanlarynda: "Hasbiýallah we ni’mel wekil(Maňa Allahym ýetişer. Ol ne gözel wekildir we ne gözel kömekçidir)"diýdi).

Sehli Tüsteri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Tewekkül mertebeleriniň başlangyjy, guluň Allahü tealaga tabynlygynyň, öliniň özüni ýuwýana tabşyryşy ýaly bolmagydyr."

Baýezidi Bistami (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Tewekkül, wekil hökmünde Allahü tealadan razy bolmak, rysk üçin gaýgylanmazlyk, ömrüňi, şu günki günden ybarat diýip kabul etmekdir. Tamakin bolmazlyga, wagtyňy ybadat we tagat bilen geçirmeklige synanşmak."

Ýakyn: Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Sabyr, imanyň ýarysydyr. Ýakyn bolsa, imanyň barydyr).

Zünnuni Mysri (rahmetullahi aleýh) hezretleri şeýle buýurdy: "Ýakynyň alamaty; erbet gylyklara garşy çykmak, özüňe gelen ýagşylyklary adamlardan däl-de, Allahü tealadan bilmekdir."

Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Hiç kim, ýakyndan soňra, Allahü tealadan, saglykdan has möhüm bir zat islän däldir).

Jüneýdi Bagdady (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Ýakyn, betgüman bolmazlakdyr."

Dymmak: Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Kimi sag-salamatlyk begendirýän bolsa, dymmak onuň sungaty bolsun).

Isa aleýhisselamda şeýle buýurdy: (Allahü tealany ýatlamakdan başga hemme zatda dymmalydyr. Sebäbi, köp söz, kalbyň gatylygyny (doňýürekligi) artdyrýar).

Lukman Hekim (rahmetullahi aleýh) ogluna şeýle pent etdi: (Eý ogul! Söz kümüş bolsa, dymmak altyndyr. Geplänim üçin kän ökündim, emma dymanym üçin puşman bolmadym).

Zünnuni Mysriden (rahmetullahi aleýh) iň sabyrly adamyň kimdigini soranlarynda: "Diline iň köp eýe bol-ýan kişidir" buýurdy.

Eshaby Kiramdan biri Resulullahyň (sallallahü aleýhi we sellem) ýanyna gelip: "Maňa nesihat ediň, ýa Resulullah!" diýeninde, mübärek dillerini yşarat etdiler. Ýagny, (Diliňe pugta bol)buýurdylar.

Reja: (Allahü tealanyň rahmedinden umytly bolmak): Allahü teala, Zümer süresiniň 53-nji aýaty kerimesinde, mealen, şeýle buýurdy: (Ýa Muhammed (sallallahü aleýhi we sellem)! Gullaryma meniň tara-pymdan şeýle diý: "Eý, (günä iş etmekde)nebislerine garşy hetden aşan gullarym! Allahü tealanyň rahmedinden (we toba etseňiz, tobaňyzy kabul etjegimden)umydyňyzy kesmäň!).

Allahü teala bir hadysy kudside şeýle buýurdy: (Eý, Adamogly! Maňa doga edip (menden isläp) umyt eden wagtyň, ýer ýüzüni doldurjak möçberde-de bolsa, men seniň günäleriňi öterin we bagyşlaryn).

Hz. Ali (radyýallahü anh) bir ogluna şeýle buýurdy: "Oglum! Ähli haýyrlar we edilen ybadatlar seniňki hem bolsa, bular seni halas edip bilmez diýen gorky bilen Allahü tealadan gork! Dünýädäki hemme pitneler we günäler sende bolsa-da, Allahü teala bulary öter we bagyşlar diýen umyt bilen Allahü tealadan umydygär bol!"

Ebu Abdullah bin Asym Antaki (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Kimiň Allahü teala baradaky umydy içgin we dogry bolsa, Allahü tealadan janypkeşlik bilen islär. Kimde-kim, Allahü tealadan umyt edip-de, talap (islemek) üçin gaýrat etmese, Oňa garşy höçjetlik etdigi bolar. Allahü teala barada gowy pikir edýän adamyň amaly-da (işi-de) ajap bolar."

Garyplyk: Ma’rufi Kerhi (rahmetullahi aleýh) buýurdy: "Allahü teala bendesi üçin haýyr isläninde, ony gowy işler bilen meşgul eder. Ony nebsine goýmaz we garyplaryň söhbeti bilen rysklandyrar."

Abdullah ibni Abbas (radyýallahü anhüma) şeýle buýurdy: "Allahü teala, özüne doga etmegi üçin mü’min guluna garyplyk berer."

Baýezidi Bistamiden (rahmetullahi aleýh) garyplygy soranlarynda: "Daş görnüşi kynçylyk, aslynda welin nygmatdyr" diýip jogap berdi.

Açlyk: Ebu Süleýmani Darani (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Açlyk, ybadatyň esasydyr, diliň goragçysydyr, mäkäm galadyr. Dünýä söýgüsi, her hili erbetligiň başydyr. Açlyga ýapyş! Sebäbi açlyk, nebsi peselder, kalby inçelder, ýukaýürek eder."

Ýene Ebu Sülemani Darani (rahmetullahi aleýh) şeýle diýýär: "Halaldan ýekeje lukma az iýmekligi, agşamdan ir ertire çenli namaz okamakdan gowy görýärin. Çünki garyn gerk-gäbe bolanda, kalby gapyllyk bolar. Adam Rabbini undar. Halalyň artykmajy şeýle edýän bolsa, eýsem garnyny haramdan dolduranlaryň ýagdaýy nähili bolarka?"

Fudaýl bin Iýad (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Iki zat kalby garaldýandyr. Kän iýmek we kän uklamak."

Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) buýurdy: "Az gülmek bilen kalplaryňyza timar beriň! Açlyk bilen olary arassalaň!"

Ýahýa bin Zekerriýa (aleýhisselam.) Iblisi görüp: (Eý melgun! Adamogluny iň parahat wagty haçan tutýarsyň?) diýip soranynda:(Adamogly doýýança iýeninde we ganýança içeninde)diýdi.

Nebsiň arzuw we isleglerini terk etmek: Hz. Aliniň (radyýallahü anh) aýdan hadysy şerifinde buýruldy ki: (Kimde-kim, Jenneti köp arzuw etse, haýyrly işlere ylgar. Kimde-kim, Jähennemden gorksa, şehwetlerden(nebsiň arzuw we isleglerden) ýüz öwrer. Ölümi ýatlaýan, pikir edýän kişi, lezzetlerden el çeker).

"Dünýä köňül bermedik adama, bela-beterler ýeňil görner."

Ýahýa bin Mu’azdan (radyýallahü anh)׃"Dogruda bolmagyň alamaty näme?" diýip soranlarynda: "Nebse garşy çykmakdyr" buýurdy. "Nebse garşy çykmaklygyň alamaty näme? Diýenlerin-de; "Nebsiň arzuw we isleglerini terk etmekdir" buýurdy. "Günä işlemegiň sebäbi näme?" diýleninde; "Nebsiň arzuw we islegleridir" buýurdy.

Hz. Ali (radyýallahü anh) ogly Hz. Hüseýne (radyýallahü anh); Nejatyň (gutulyşyň) üç zatdadygyny habar berdi. (Dogry ýolda bolmak, takwa bolma we nebsiň isleg-arzuwlaryny terk etmekdir."

Tasawwuf: Syrryýi Sekati (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Sopy, gün kibidir. Hemmeler ony görer. Peýdasy hemmä ýeter. Hemme adam onuň aýdyňlygyndan peýdalanar."

Baýezidi Bistami (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Tasawwuf, nebsi zyňmakdyr."

Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: (Mü’minlerden şeýle erkekler boldy welin, Allahü tealaga beren sözlerine wepaly boldular)(Ahzab-23) (Nije kişiler bar welin, ne-hä söwdegärlik, ne-de aluw-satuw, olara, Allahü tealany ýatlamaklaryna, namaz okamaklaryna we zekat bermeklerine päsgel berip bilmez)(Nur-37).

Yhlas: Bir hadysy kudside Allahü teala şeýle buýurdy: (Yhlas, meniň syrlarymyň biridir, ony söýen gullarymyň kalbyna goýaryn).

Ubidiýýet: Hadysy şerifde şeýle buýruldy: (Allahü tealany iň köp razy eden kişi, Allahü tealaga ybadat edip ýetişen nowjuwandyr. Allahü teala, beýle kişiler üçin meleklerine: “Meniň hakyky gulum," buýurandyr).

Ibrahim bin Edhem (rahmetullahi aleýh) bir hyzmatkär satyn aldy. Hyzmatkärden: "Sen näme iýýärsiň?" diýip sorady. Ol: “Maňa näme berseň şony iýerin.”

“Näme geýýärsiň?”

“Maňa näme geýdirseň şony geýerin.”

“Seniň adyň näme?”

“Maňa nähili at goýsaň, meniň adym şol bolar.”

“Nähili iş edersiň?”

“Nähili emr etseň şony berjaý ederin” diýeninde , Ibrahim Edhem (rahmetullahi aleýh) "Seniň erk-ygtyýa-ryň, eradaň (erki) ýokmy?" diýdi.

Ol: "Eýäniň ýanynda guluň eradasy bolup bilmez" diýdi. Hyzmatkäriniň bu jogabyny eşidip, Ibrahim bin Edhem (rahmetullahi aleýh) öz-özüne: "Eý misgin eýsem sen ömür boýy Hak tealaga şeýle gul bolup bildiňmikäň? Gullugy şu adamdan öwren" diýdi we aglap özünden geçdi.

Allahü tealaga garşy edep: Allahü teala, Ali Imran süresiniň 159-njy aýaty kerimesinde, söýgüli Pygamberine (sallallahü aleýhi we sellem) ýüzlenip, mealen, şeýle buýurýar: (Eger, gödek (mähirsiz, erbet gylykly, rehimsiz)doňýürek bolsadyň, elbetde, hökman olar (Eshaby kiram)seniň töweregiňden dyr-pytrak bolup giderdiler).

Bir hadysy şerifde buýruldy ki: (Bir kimsäniň çagasyny terbiýelemegi onuň üçin her gün sadaka berenden has haýyrlydyr).

Süfýany Sewri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Gözel edep, Allahü tealanyň gazabyny giderer."

Ýusuf bin Esbat (rahmetullahi aleýh) buýurdy: "Edebiň alamatlary; ýalňyşmakdan we öte geçmekden howatyr edip, diliňi dişlemek, erbet sözi aýtmazlyk, dostlaryňa we egindeşleriňe köp ýagşylyk etmek, olar gepini gutarmanka sözüni kesmezlik, olaryň mätäçlikden çykar ýaly mukdarda kömek etmek, gürrüňdeşiň ýanynda bir aýagyňy beýleki aýagyň üstüne atmazlykdyr."

Gözel ahlak: Allahü teala, Resulullahy (sallallahü aleýhi we sellem) öwüp, Kalem süresiniň 4-nji aýaty kerimesinde, mealen: (Şüwhesiz sen, ýagşy gylykly edilip ýaradyldyň)buýurdy.

Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) bir hadysy şeirfde şeýle buýurdy: (Kyýamat güni mizanda iň agyr geljek zat, gözel ahlakdyr).

Başga bir hadysy şerifde-de: (Kişi, gözel  ahlagy sebäpli, gündiz oraza tutup, gije ybadat edýän kişiniň derejesine ýeter).

Hz. Aişe (radyýallahü anha) enemizden, Resullulahyň (sallallahü aleýhi we sellem) ahlagy barada soran-larynda: "Onuň ahlagy, Kuran-y kerim ahlagydy" diýip jogap berdi.

Ýusuf bin Esbat (rahmetullahi aleýh), gözel ahlagyň alamatlaryndan käbirleri barada şeýle habar berýär: “Az garşy çykmak, adamlaryň aýyplaryny gözlemezlik, islenmeýän ýagdaýlara sabyr etmek, nebsiňe igenmek, tankytlamak, öz aýyplaryň bilen meşgul bolmak, uly-kiçi hemmä güler ýüz görkezmek, dünýä mertebesi näme bolsa bolsun, hemmä ýumşak çemeleşmek.”

Ali bin Ebi Talip (radyýallahü anh) şeýle buýurdy: “Gözel ahlak üç sanydyr 1) Jogapkärçilikli işlerden uzak durmak. 2) Halal gazanyp iýmek. 3) Çaga-çugalaryň iýmitini gazanmak.”

Jüneýdi Bagdady (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Kimde şu dört häsiýet, aýratynlyk bar bolsa, bu häsiýetler ony belent derejelere gowuşdyrar. Hem Allahü tealanyň öňünde hem-de ynsanlaryň ýanynda gadyr-gymmaty artar. 1) Ýumşaklyk we sabyrlylyk, 2) Ylymly bolmak, 3) Eli açyk bolmak, 4) Gözel ahlakly bolmak. Şu dört häsiýet bolsa, eýesini iň pes derejelere düşürer. Allahü tealanyň öňünde we ynsanlaryň ýanynda halanmaýan adam bolar. 1) Tekepbirlik, ulumsylyk, 2) Ujb-amallaryňa buýsanmak, 3_ Gysgançlyk, 4)Erbet ahlak."

Resulullah (sallallahü aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde buýurdy: (Siziň maňa iň ýakynyňyz, Allahü tealanyň huzurunda ahlak taýdan iň gowyňyzdyr).

Beýiklerden biri şeýle buýurdy: "Gözel ahlak; köp zat berseň-de az görmegiň, saňa berlen azajyk zady-da köp görmegiňdir."

Haýa: Bir hadysy şerifde Pygamberimiz (sallallahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: (Haýa imandandyr).

Ebu Süleýmani Darani (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Gul haýaly bolsa, haýyrly we gowy işlere ýapyşýandyr. Haýa kalba ýerleşen mahaly, nebsiň arzuw we islegleri ondan daşlaşýandyr."

Lukman Hekim (rahmetullahi aleýh) ogluna şeýle pent etdi: "Oglum! Adamlaryň ýanynda aýtmakdan çekinip utanýan zatlaryňy kalbyňdan aýryp taşla!"

Zeýd bin Sabit (radyýallahü anh) şeýle buýurdy: "Allahü tealadan haýa etmeýän kişi, adamlardan-da utanmaz."

Sehli Tüsteri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Apatlaryň başlangyjy, nadanlyk, soňra nebsiň isleg-arzuwlaryna meýil etmek, soňra-da utanç-haýadan daşlaşmakdyr."

Ali (radyýallahü anh) buýurdy: "Özüni tanamaýan adamlara nesihat bermeýän, mahluklara mähirli bolmaýan, Rabbinden haýa etmeýän, günälerine ökünmeýän kişi, dünýäniň bela-beterlerinden we ahyryýet azaplaryndan neneň halas bolar?"

Hüsni zan: Beýiklerden biri şeýle buýurdy: "Her täjiriň maýasy bardyr. Aryflaryň maýasy-da, Allahü teala barada gowy we ajap pikirlere eýe bolmaklarydyr."

Hasani Basri (rahmetullahi aleýh) şeýle buýurdy: "Siziň biriňiz Rabbine garşy pitne çykarar, günäkär bolar. Soňra bolsa: "Men Rebbim barada gowy pikir edýärin, hoşniýetlidirin" diýýändir. Eger, hakykatdan-da, Rabbi barada hoşniýetli bolsady, munuň täsiri edýän işlerine-de ýeterdi. Bu barada Fussilet süresiniň 23-nji aýaty kerimesinde (beýle adamlar üçin) mealen: (Ynha, Rabbiňize garşy edýän bu pikiriňiz sizi heläk etdi we zyýan çekenlerden bolduňyz) buýrulýandyr."

 

1) Tabakat-ül-müfessirin, tom-1, sah. 57.

2) Tabakat-üş-Şafiýýe, tom-3, sah. 25.

3) El-Alam. tom-1, sah. 185.

4) Mujem-ül-müellifin, tom-2, sah. 34.

5) Şezerat-üz-zeheb, tom-5, sah. 79.

6) Jamiu keramat-il-ewliýa, tom-2, sah. 275.

7) Kamus-ul-alam, tom-6, sah. 4568.

8) Nefehat-ül-üns (ter, Osmanlyça), sah. 475.

9) Reşehat-aýn-ül-haýat (Araby), sah. 124.

10) Hadykat-ül-ewliýa (Osmanlyça), 3-nji bölüm sah. 37.

11) Tam lmihal Seadeti Ebediýýe, sah. 1052.

12) Rehber Ensiklopediýasy, tom-13, sah. 66.

13) Risale-ilel-Hamm (Süleýmaniýe kitaphanasy, Aýasofýa bölümi No 2052).

14) Risale-i Nejmüddin (Süleýmaniýe kitaphanasy, Şehid Ali Paşa bölümi, No1396-486-126a).

15) "Türkiýe" gazeti, "Yslam Alymlary Ensiklopediýasy", tom-9, sah. 186.