Ady Magtymgulydyr

Hataryň görküdip maýalar, nerler,
Ilimiň kuwwaty merdana Ärler,...

Halkymyzyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy barada bilmeýänler örän az-az bolsa gerek. Emma onuň "Jahan giňdir çendan bilende bardyr" diýip, Bize "taraşlap" galdyran edebi mirasynyň çuňlugyna dolulygyna düşinýän welin örän azdyr.

Magtymguly Pyragy "Ilimiň kuwwaty merdana Ärler,..."-diýýmek bilen Merdana ýigitleriň Watanyň berk kuwwatydygyny belläp geçýär. Diýmek iliň kuwwaty merdana ärler bolýan bolsa, Merdana kim, Mert kim - bu sözleriň manysyna doly düşinmeli hem-de şol düşinjeleri hut Magtymguly Pyragynyň eserlerinden susup almaly bolýar. Merdana kim? Merdana, mert - bular özara sinonimler (Şol bir many berýän dürli sözler) bolup namart-sözüniň tersidir:

Ýurt derdine gider ilde merdanlar,
Namart gaçyp barar, bakyň, ýaranlar,

Mert kim? - Imanly kişi. Namart kim?- Imansyz kişi.

Hakykat namartdyr imansyz geçen,
Iman bile barsaň, ner dek bolar sen!

Iman näme?

Kelamda (kuranda) bar iş beýandyr,
Barça iş HAKa aýandyr,
Ynansaň saňa
IMANdyr,
Ölmek hak, dirilmek hakdyr.

Pyragynyň öziniň hem Ilimiziň synmaz kuwwatly sütünleriniň biridigi öz setirlerinden gelip çykýar.

Diýr Pyragy, Mert menem, Äşgärdir ilge mertligim,
Diri gitmez gaşlarymdan degen namys aryma.

Diýmek Çyn musulman nesil Watanmyzyň kuwwaty bolup durýan eken.

Öz gözbaşyny Yslam dininden alyp gaýdýan Magtymguly Pyragynyň goşgulary, üstinden asyrlarça wagt geçendigine garamazdan özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ýaş uly, ýaş kiçi, erkek-hatyn bu "Söz Mirasynyň" çuňlugyna aralaşdygyça Yslam medeniýetiniň ajaýyplyklaryny aňlamaga başlaýar. Şonuň üçinem Pyragy paýhaslaryny öwrenmek we düşinmek isleýänler üçin, Allanyň (J.J) ryzalygyny gazanmak maksadynda şu sahypany Size hödürleýäris.



Audio

Kurana gulak goýup,
permana nazar eýle!...
Kurani kerimiň Türkmençe tefsiri

Magtymguly, bol kemine,
Şükür et öten demiňe,
Haka yhlasyň kemime,
Zamana ahyr bolanda.
Dejjal, Ahyrzaman, kyýýamat...

Depderler içinde bir kitap gördüm,
"Kysasyl enbiýa" atly, ýaranlar!
Pygamberler barada kyssalar

Magtymguly, özge dini bozdular,
Yklym-yklym, şäher-şäher gezdiler,
Jepa çekip yslam dinin düzdüler,
Altmyş üç ýaşynda geçdi Muhammet. Muhammed S.A we S. haýaty

Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüme kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!
Magtymguly Pyragynyň goşgylary