Ymam Zernujynyň ömri we döredijiligi

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ymam Zernujynyň ömri we döredijiligi

Meşhur türkmen alymy Burhaneddin Ymam Zernujynyň ömür-döredijiligi heniz doly öwrenilenok. Ol XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen meşhur türkmen alymydyr. Terjimehal ýazarlaryndan Nefiý özüniň «Tabakatyl-hanafyýe» atly eserinde Ymam Zernujy Hanapy hakda şu setirleri ýazýar: - Burhanyl-Yslam Ymam Burhaneddin Zernujy «Hidaýa» kitabynyň ýazary belli türkmen hanapy fykh alymy  Burhaneddin Aly bin Abubekr Marginanynyň talyplaryndan bolup, «Taglymul-mutagallym tarykut-tagallum»(talyba taglymat tälimi) atly eseriň ýazarydyr.

Çeşmeler Ymam Zernujynyň başga kitaplaryndan gürrüň gozgamaýarlar. Onuň yslam dünýäsinde diňe ady agzalan eseri bilen tanalýandygyny nygtaýarlar. Ymam Zernujy bu eserini 1197-nji ýyllar töwereginde ýazypdyr. Bu kitap talyplara okuw üçin gerekli bolan ahlak ýörelgelerini we edim-gylyklary içine alýan kiçiräk  risaladyr.

Ymam Zernujynyň ýaşan we önüp-ösen ýerleri onuň lakamyndan hem bellidir.  Ýakut Hamawy özüniň «Mugjemul-buldan» (Ýurtlaryň sözlügi) atly eserinde  şeýle diýýär: - Zurnuj (Zernuj) Mawerannahrda bolan meşhur şäherdir. Ol Türküstan welaýatlarynyň biri bolup Hojandyň aňyrsynda ýerleşýär.

Ymam Zernujynyň bueseri ençeme asyrlar dowamynda yslam äleminde uly ähmiýetli tälim-terbiýe hyzmatlaryny ýerine ýetiripdir, aýratyn hem talyplar üçin pikir alyşmak, ylmy çekeleşik, derse gatnamak, dersi ýazmak, okan zadyňa düşünmek, dersden peýdalanmak, dersiň möçberi, okuw çagy we okuw bilen baglanyşykly ýörelgeleri ussatlarça beýan eden deňsiz-taýsyz eserdir.

«El-aglam el-ahýar min fukahaýy mezhebin-Nugman el-ahýar» atly eseriň ýazary Mahmyt bin Süleýman Kefewi Ymam Zernujyny XII-XIII asyrda ýaşap geçen meşhur türkmen alymy hasaplaýar.  

Dogrudan hem  Ymam Zernujy  özüniň «Taglymul-mutagallym tarykut-tagallum» atly eseriniň köp ýerinde  Burhaneddin Aly bin Abubekr Marginany, Kazy Ymam Fahreddin ErsabendiZahyreddin Hasan Marginany, Ymam Şemsil-Eimme Sarahsy, Şyh Ymam Mejdeddin Sarahsy, Fahryl-Yslam Hasan bin Mansur Kazyhan, Fahreddin Kaşany we Ymam Haherzada Rukneddin Muhammet bin Abubekr ýaly meşhur türkmen alymlaryndan ders alandygyny agzaýar.

 Kitap esasan irki döwür alymlarynyň sözlerinden ybarat bolup, çeper goşgular we meşhur atalar sözleri bilen bezelipdir. Kitabyň möçberi kiçi göwrümli bolmagyna garamazdan  halk arasynda uly abraýa eýedir. Üns berilmeli zatlaryň biri hem kitapdaky agzalýan alymlaryň köpüsi hanapy mezhe-binden bolan türkmen alymlarydyr. Munuň esasy sebäbi bolsa türkmenleriň hem hanapy mezhebinden bolmagydyr.