Giriş

Başy » Talyba taglymat tälimi » Giriş

Rahman we Rahym bolan Allanyn ady bilen

 

Ylym we amal sebäpli Adam ogluny ähli älemlerden üstün ýaradan Allatagala öwgi bolsun. Araplaryň we ajamlaryň hojaýyny Muhammet alaýhyssalama, oňa tabyn bolanlara, onuň ylmyň we hikmetiň çeşmesi bolan sahabalaryna salawat we salam bolsun.

Bulardan soň sözüme başlaýaryn. Men zamanamyzdaky ylym talyplarynyň ylym üçin güýç-gaýrat sarp edýändiklerini, ýöne arzuwlan maksatlaryna ýetip bilmeýändiklerini, olaryň ylmyň miweleri we peýdalary bolan amaldan we ylmy ýaýratmakdan mahrum-dyklaryny we olaryň ylym öwrenmek ýollarynda ýalňyşýandyklaryny görenimden soň maksada gowuşmak ýollaryny  bilmeýäniň azaşjakdygy we maksadyna ýetip bilmejekdigi üçin, ylym talyplaryna ylym we hikmet eýesi bolan ussatlarymdan eşiden we kitaplarda gören görnüşimde ylmy öwrenmegiň ýollaryny düşündirmegi maksat edindim. Şeýle hem ylma höwes edýän yhlasly talyplardan kyýamat gününde halas bolmagym we üstünlik gazanmagym üçin doga-dileg etmeklerini haýyş edýärin. Men Alladan bu kitabyň haýyrly bolmagyny isleýärin.

Men bu kitaba «Taglymul-mutagallym tarykat-tagallum» (talyba taglymat tälimi) diýip at goýdum we ony on üç bölüme böldüm:

1.     Birinji bölüm – ylmyň we fykh ylmynyň özboluşlylygy we aýratynlygy hakda.

2.     Ikinji bölüm – okuwa başlanyňda edilmeli niýet hakda.

3.     Üçünji bölüm – ylma we alyma sylag-hormat goýmak hakda.

4.     Dördünji bölüm – ylym ugruny saýlamak, dost saýlamak we ylmy soňuna çenli öwrenmek hakda.

5.     Bäşinji bölüm – taýýarlanmak, derse gatnamak we yhlas etmek hakda.

6.     Altynjy bölüm – derse başlamaly gün, dersiň mukdary we tertibi hakda.

7.     Ýedinji bölüm: - rysgal meselesinde Alla töwekgel etmek hakda.

8.     Sekizinji bölüm – okuwyň wagty (ýaşy) hakda.

9.     Dokuzynjy bölüm – dostlar bilen mylaýym bolmak we nesihat diňlemek hakda.

10.Onunjy bölüm – peýdalanmak hakda.

11.On birinji bölüm – talyplyk mahalyn-da günä işlerden daş durmak hakda.

12.On ikinji bölüm – ýat tutmaga we huşsuzlyga sebäp bolýan ýagdaýlar hakda.

13.On üçünji bölüm – rysgaly özüne çek-ýän, rysgala böwet bolýan, ömri uzaldýan we ömri gysgaldýan sebäpler hakda.

Meniň üstünligim diňe Allanyň kömegi bilen amala aşýandyr. Men oňa daýanýaryn we oňa gaýdyp barjakdyryn.