Ylmyň özboluşlylygy, fykhyň kesgitlemesi we bularyň aýratynlygy hakda

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ylmyň özboluşlylygy, fykhyň kesgitlemesi we bularyň aýratynlygy hakda

Muhammet alaýhyssalam: - Ylym öwrenmek ähli musulman erkeklere we aýallara parzdyr. Ylmy nämynasyp kişä öwreden, doňzuň boýnuna göwher, dür we altyn dakan ýalydyr – diýipdir[1].

Bilip goý, musulmana parz bolan hemme zadyň ylmyny öwrenmek däldir. Parz bolan ylym hal ylmydyr[2]. Sebäbi bu barada: - «Ylymlaryň iň üstüni hal (Ylmyhal) ylmydyr. Amal-laryň iň üstüni hem özüňdäki bolan haly (ýagdaýy) goramakdyr» - diýilýär. Nähili ýagdaýda bolsa bolsun, özüniň durmuşynda bolup geçýän işler bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek her bir musulmana parzdyr. Şonuň üçinem namazyň parzlary-ny ýerine ýetirip biler ýaly möçberde onuň şertlerine we düzgünlerine degişli zatlary bilmek parzdyr[3]. Şeýle hem wajyby ýerine ýetirmek üçin zerur bolan zatlary öwrenmek wajypdyr[4]. Çünki parzy ýerine ýetirmäge sebäp bolan zat parz, wajyby ýerine ýetirmäge sebäp bolan zat hem wajyp bolýar.

Oraza we zekat meselesinde hem ýagdaý şunuň ýalydyr. Eger musulmanyň maly-mülki bar bolsa, onda oňa zekat bilen baglanyşykly zatlary öwrenmek parzdyr. Eger oraza tutmaga ýagdaýy bar bolsa, oraza bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek oňa parzdyr. Eger haja gitmek oňa parz bolan bolsa, onda hajyň dessurlary bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek oňa parzdyr. Eger söwda edýän bolsa söwda-satyk işleri bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek parzdyr.

Ymam Muhammet bin Hasan Şeýbany-dan[5]: - Näme üçin takwaçylyk barada kitap ýazmaýarsyň? – diýlip soralanda ol şeýle diýip jogap beripdir: - Men fykh ylmynda «Kitabul-buýug» (söwda hukugy) atly kitap ýazdym. Ýagny takwa söwda işlerinde gümürtik işlerden we mekruh[6] işlerden daş duran kişidir.

Beýleki işlerde we sungat pudaklarynda hem ýagdaý şunuň ýalydyr, ýagny edýän işinde haram zatlardan daş durmak we munuň bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek oňa parzdyr. Şeýle hem kalba degişli ýagdaýlardan, ýagny Alla töwekgel etmek, Alla toba etmek, Alladan gorkmak, Allanyň edenine razy bolmak ýaly hallar bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmek musulmana parz-dyr. Sebäbi kalba degişli ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykyp durandyr.



[1]Ibn Majе, I, 81 s., hadys ¹ 2225.

[2]Hal ylmy – ynsanyň durmuşynyň ähli ýagdaýlarynda gеrеk bolan zatlary öwrеnmеk. Muňa fykh ylmy hеm diýilýär.

[3]Parz – Allanyň hökman edäýmеli diýip höküm bеrеn buýrugy.

[4]Wajyp - Allanyň ynsanyň ýagdaýyna görä etmеli diýip höküm bеrеn buýrugy.

[5]Muhammеt bin Hasan Şеýbany - Ymam Agzam Abu Hanypanyň mеşhur talyplarynyň biri (132-189). Onuň "Zahyrur-riwaýa” atly esеri hanapy mеzhеbindе ynamdar kitaplaryň biridir.

[6]Mеkruh-haramdan pеs bolan, halanylmaýan iş. Hatda "Еdi mеkruh bir haram” diýlеn söz hеm bar.