Ylmyň artykmaçlygy

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ylmyň artykmaçlygy

Ylmyň artykmaçlygy hiç kim üçin gizlin däldir. Ol aýdyňdyr. Sebäbi ylym diňe adamzada mahsusdyr. Ylymdan galan ähli häsiýetler-de adam bilen haýwan deňdir. Edermenlik, okgunlylyk, güýç-kuwwat, jomartlyk, mähirlilik ýaly sypatlarda ynsanlar bilen haýwanlar ortakdyr. Diňe ylym munuň daşyndadyr. Sebäbi Allatagala Adam atanyň ylym sebäpli perişdelerden hem has artykmaçdygyny aýdandyr. Şeýle hem Allatagala ylmyň saýasynda perişdelere Adam alaýhyssalama sejde etmeklerini buýruk berendir.

Ylmyň artyklygy we hormaty Allanyň ýanynda ebedi bagtlylyga we abraý-hormata ýetilýän takwalyga sebäp bolandygy üçindir. Çünki bu meselede Ymam Muhammet bin Hasan Şeýbany şeýle diýipdir:

 

Ylym öwren, sebäbi ylym alym üçin zynatdyr. Ol ähli üstünlikleriň we öwgüleriň alamatydyr.

Her gün ylymdan köp peýdalan. Şeýle hem peýdalar deňzinde ýüz. Fykh ylmyny öwren, fykh alymy bol.

Sebäbi fykh ylmy ýagşylyga we takwa iň gowy görnüşde ýetiren, adalatda iň dogry ýoly görkezen ylymdyr.

Fykh ylmy ynsanlara dogry ýollary görkezer.

Fykh ylmy ynsanlary  ähli kynçylyklardan halas edýär. Sebäbi Alladan gorkýan fykh alymy, şeýtan üçin müň abytdan[1] hem güýçlüdir.

 

Haramlardan saklanmak we kalba degişli ýagdaýlary bilmek parz bolşy ýaly, jomartlyk, gysgançlyk, gorkaklyk, batyrlyk, ulumsylyk, pespällik, namys, isrip, husytlyk we şuňa meňzeş ahlak meselelerinde hem gerekli zatlary bilmek parzdyr. Sebäbi ulumsylyk, gysgançlyk, gorkaklyk we isrip haramdyr. Bu agzalanlary we bularyň ters taraplaryny bilmezden olardan saklanmak mümkin däldir. Şonuň üçinem her bir ynsanyň bu ady agzalan meseleleri öwrenmegi parzdyr. Beýik ussat Ymam Şehit Nasyreddin Abulkasym ahlak hakda örän gowy kitap ýazandyr. Her bir musulmanyň bu kitaby ýat tutmagy gerekdir. Sebäbi kähalatlarda ýüze çykýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly maglumatlary ýat tutmak parzy-kifaýadyr[2]. Eger bir ýurtda bu ylymlary öwrenýän käbir kişiler bar bolsa beýlekileriň boýunlaryndan parz düşer. Eger bir ýurtda ýüze çykan meseleler barada hiç kim ony öwrenip, höküm çykarmaýan bolsa, ol ýurduň raýatlarynyň hemmesi günäkär bolar, günä-de şärik bolarlar. Bu hili ýagdaýda döwlet ýolbaşçysyna raýatlar üçin hökmany zerur bolan maglumatlary öwrenmekleri üçin buýruk bermek parz bolar. Döwlet ýolbaşçysy bu ýurduň raýatlaryny ylym öwrenmäge mejbur etmelidir.

Hemme wagt özüniň durmuşynda ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglanyşykly maglu-matlary öwrenmek, ynsan üçin tagamyň zerur bolşy ýaly zerurdyr. Bu zatlar ähli musulmanlara degişlidir. Käbir pursatlarda ýüze çykýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly zatlary öwrenmek göýä derman ýalydyr. Käwagt olara mätäçlik duýulýar. Şeýle hem munuň ýaly käwagt ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglanyşykly maglumatlara hem mätäçlik çekilýär. Mysal üçin jynaza namazy, syrkaw soramak ýaly. Allanyň ýazgydyndan gaçmak mümkin däldir.

Her bir musulman hemme wagt Allany ýatlamak, oňa dileg-doga etmek, ýalbarmak, Gurhan okamak, sadaka bermek, dünýä we ahyret durmuşynda belalardan we apatlardan goramagy üçin Alladan rehmet we bagtlylyk dilemek bilen meşgul bolmalydyr. Sebäbi dowamly doga-dileg eden kişini Alla hiç mahrum etmez, onuň dilegini hökman kabul eder. Eger ynsanyň ýazgydynda oňa bela gelmek ýazylan bolsa, ol hökman geler. Ýöne doga-dileg sebäpli Allatagala bendesine ol belany ýeňilleşdirer. Oňa sabyr etmäge güýç berer.



[1]Abyt - ybadhon.

[2]Başga biri hеm еrinе еtirsе bolýan parz, mysal üçin jynaza namazy ýaly.