Tebipçilik ylmyny öwrenmek

Başy » Talyba taglymat tälimi » Tebipçilik ylmyny öwrenmek

Talyp tebipçilik ylmyny hem öwrenmelidir. Sebäbi tebipçilik ylmy sagdynlygyň sebäpleriniň biridir. Şonuň üçinem dermanlary öwrenmekde bolşy ýaly, tebipçilik ylmyny öwrenmäge hem rugsat bardyr. Çünki pygamberimiz Muhammet alaýhys-salam hem özüne em etdirendir.

Ymam Şapygy[1] bu mesele barada: - Ylym iki dürlüdir. Biri fykh ylmy, ol dini ylymdyr. Beýlekisi tebipçilik ylmydyr, ol hem jan-saglyga degişli ylymdyr. Bulardan galan ylymlar mejlisleriň bezegidir – diýipdir.

Ylmyň kesgitlemesi: - öwrenilýän zat arkaly eýesine aýdyň  bolan sypatdyr.

Fykhyň kesgitlemesi: - dünýä we ahyret bagtlylygy bilen baglanyşykly ylymlary hemmetaraplaýyn öwrenmekdir.

Ymam Agzam Abu Hanypa[2] fykh ylmyny şeýle kesgitleýär: - Fykh ylmy – ynsanyň bähbidine we zyýanyna degişli bolan zatlary bilmegidir.

Ylym diňe amal etmek üçindir. Ylym bilen amal etmek ahyret bagtlylygy üçin dünýäniň işlerini terk edip köňülden çykarmakdyr.

Ynsanyň özünden gapyl bolmazlygy, aklyna we ylmyna garşy özüniň delil bolmazlygy, şonuň üçinem ahyretdäki azabyny artdyrmazlygy üçin dünýäde we ahyretde özüne peýda berýän zatlardan gapyl bolmazlygy we zeper ýetirýän zatlardan gaçmagy zerurdyr. Allanyň gahar-gazabyndan onuň özüne sygynýarys. Ylmyň artykmaçlygy barada birnäçe aýat we hadys rowaýat edilipdir. Ýöne mowzugy uzaltmazlyk üçin olary bu ýerde agzamadyk.

 


[1]Muhammеt bin Idris Şapygy (150-204). Şapygy mеzhеbini esaslandyryjy.

[2]Ymam Agzam Abu Hanypa Nugman bin Sabyt (80-150). Hanapy mеzhеbini esaslandyryjy.