Ylym talabynda niýet

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ylym talabynda niýet

Ylym öwrenmek isleýän kişi üçin okuwa başlan wagty niýet etmek zerurdyr. Sebäbi niýet hemme işde möhümdir. Niýet meselesinde pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam: - Amallar niýetlere görädir. Her kimiň hökman bir niýeti bardyr. Kimiň niýeti Alla we onuň resuly üçin bolsa, onda onuň hijreti[1] Alla we onuň resulynadyr. Kimiň niýeti dünýä bähbidi ýa-da bir gyza öýlenmek bolsa onuň hijreti niýetine baglydyr - diýipdir[2].

Şeýle hem ol başga bir hadysda: - Niçe işler bardyr, olar göýä dünýä işleri ýaly görünýärler. Ýöne ýagşy niýet sebäpli olar ahyret işlerine öwrülýärler. Şeýle hem niçe işler bar, ahyret işleri ýaly görünýärler, ýöne erbet niýetlilik sebäpli dünýä işine öwrülýärler – diýýär.

Talybyň ylym öwrenmekde maksady Allanyň razyçylygyny we ahyret öýüni gazanmak, özüniň sowatsyzlygyny dep etmek, beýlekileriň sowatsyzlyklaryny aýryp olaryň medeniýetli bolmaklaryny üpjün etmek, yslam dinini ýaşatmak we onuň ebedi dowamlylygy üçin gaýrat etmek bolmalydyr. Sebäbi yslamyň dowam etmegi diňe ylmyň saýasynda mümkindir. Sowatsyzlyk bilen edilen takwaçylygyň peýdasy ýokdur. Bu meselede «Hidaýa» kitabynyň ýazary Ymam Ejel[3] Burhaneddin Marginany[4] şu şygry aýdypdyr:

 

Alymyň utanç perdesini ýyrtmagy uly bozulmadyr. Ybadat eden nadanyň ýagdaýy  bolsa ondan hem has erbetdir. Dini meselelerde bulara tabyn bolanlar üçin, ikisi hem bu älemde uly bir pitnedir.

 

Talyp ylym okamak bilen Allanyň beren akyl we beden nygmatyna şükür etmegi niýet etmelidir.

Talyp ylym öwrenmek bilen ynsanlaryň özüne ýönelmeklerini we olaryň özüne gadyr hormat goýmaklaryny maksat edinmeli däldir.

Talybyň niýeti dünýä bilen baglanyşykly bähbit gazanmak, döwlet işgärlerine ýakyn bolmak düşünjesine esaslanmaly däldir.

Ymam Muhammet bin Hasan Şeýbany bu mesele bilen baglanyşykly: - Ynsanlaryň hemmesi meniň gulum bolsa, men olaryň hemmesini azat ederdim we hojaýynlyk hukuklaryndan hem geçerdim. Her kim ylym öwrenmegiň we amal etmegiň tagamyny datsa, ynsanlaryň ýanyndaky abraýlara, bähbitlere we dünýälige degişli derejelere örän az höwes eder – diýipdir.

Ymam Hammat bin Ybraýym bin Ysmaýyl Saffar Ansary[5] özüniň talyby Ymam Agzam Abu Hanypa okuwyň maksady meselesinde şu şygry ýazdyrypdyr:

 

Ahyret ýurduny gazanmak üçin

ylym öwrenen,

Dogry ýolda halas bolar.

Halkyň gözünde abraý gazanmak üçin

ylym öwrenenlere bolsa,

Haýplar bolsun.

 

Ýöne ýagşylygy wagyz etmek, erbet işlerden gaça durmagy maslahat bermek, hakykaty ornaşdyrmak, öz nebsiniň arzuwlary üçin däl-de dini beýgeltmek üçin wezipä göz dikmek meselesinde hiç hili zyýan ýokdur. Bu niýet bilen ylym öwrenmek we «ýagşylygy wagyz edip, erbetliklerden gaça durmagy maslahat bermek» wezipesi ýerine ýetirilse dogrudyr. Talyp ylmy uly güýç-gaýrat sarp edip öwrenmeli we öwrenen zatla-ryny diňe pany, pes, dowamy we gymmaty az bolan dünýewi maksatlary üçin ulanmaly däldir. Şahyr bir şygrynda şeýle diýýär:

 

Dünýä durmuşy azdan hem azdyr,

Oňa aşyk bolan pesden hem pesdir.

Ol özüniň jadysy bilen jemgyýeti kör

we ker edýär,

Şeýdip olar delilsiz haýran bolup

galýarlar.

 

Talyp ylymdan başga zatlary arzuw edip özüni peseltmeli däldir.

Talyp ylmy we alymlary peseltjek sözlerden we hereketlerden gaça durmalydyr.

Talyp pespäl bolmalydyr. Pespällik özüňi ulumsy tutmak bilen pese düşürmegiň arasynda bir ýagdaýdyr.

Talyp namysly bolmalydyr. Şyh Ymam Ussat Rukneddin Edip Muhtar pespälligi we namyslylygy özüniň «Ahlak» atly kitabyn-da bir şygyr bilen şeýle kesgitleýär:

 

Gürrüňsiz pespällik Alla ýakyn bolan

kişileriň häsiýetlerindendir,

Alladan gorkýan kişi munuň bilen beýgeler.

Özüniň Allanyň huzurynda

ýagşylardanmy ýa-da erbetlerdenmi,

Ýa-da iň soňky demini küpürlikdemi ýa-da

imanly ýagdaýlardamy aljakdygyny,

Ýa-da ýogalan wagty ruhunyň belentlerdemi

ýa-da peslerdenmi boljakdygyny,

Bilmese-de tekepbirlenen kişiniň ýagdaýy

nähili geňdir.

Beýiklik Repbimiziň yzzatydyr,

oňa mahsusdyr.

Sen ondan çekin we oňa ýakynlaş.

 

Ymam Agzam, Alla oňa rehmet etsin, talyp dostlaryna: - Selleleriňizi uly edip saraň, donlaryňyzyň ýeňlerini giň ediň - diýer eken.

Talyp Abu Hanypadan ylmyny doly gutaryp, öz ýurduna gitjek bolanda talyby Ýusup bin Halyt Semtä ýazdyran wesýetnamasyny öwrenmelidir. Ýusup bin Halyt bolsa Semt diýen ýerden bolan hadys alymydyr. Ol wesýetnamany gözlän hökman tapar[6].

Ussadymyz Şyh Ymam Burhanyl-Eimme[7] Aly bin Abubekr, ruhy mukaddes bolsun, maňa bu wesýetnamany ýazmagymy emr etdi. Men hem ýurduma gaýdyp baranymda ony ýazdym. Her bir mugallymyň we her bir müftiniň ýanynda bu wesýetnama hökman bolmalydyr.

 



[1]Hijrеt -  başga еrе göçmеk.

[2]Buhary I, 21 s.; Müslim III, 1515 s., hadys ¹ 1907. Pygambеrimiz Mеkgеdеn Mеdinä hijrеt edеndе Mеkgеli bir ýaş ýigit hеm öz söýgüli gyzy Mеdinä gidýändigi üçin bulara goşulýar. Ýönе onuň niеti Allanyň wе pygambеriň buýrugy bolandygy üçin däldе, söýgülisi üçindigi sеbäpli hijrеt sogabyny almaýar. 

[3]Ymam Ejеl – Bеýik Ymam diýmеk.

[4]Burhanеddin Aly bin Abu Bеkr Marginany (593). "Hidaýa” atly hanapy mеzhеbinе dеgişli fykh kitabynyň awtory.

[5]Ymam Agzamyň ussady.

[6]Bu wеsýetnama Türkmеnbaşy adyndaky Türkmеnistan Milli golýazmalar institutynda 1732-nji bukjada saklanýan ekеn. Ylmy-barlaglarymyzyň nеtijеsindе biz onuň üstündеn bardyk wе onuň tеrjimеsini hеm şu еrdе bеrmеgi makul bildik. Ymam Agzamyň Юsup bin Halyt Sеmtä ýazdyran wеsýetnamasy:

1.     Ylym bilеn baglanyşykly bir mätäçlik sеbäpli döwlеt ýolbaşçysyna hormat goý. Döwlеt ýolbaşçysynyň öňündäki ýagdaýyň, göýä oduň öňündäki ýagdaýyň ýaly bolsun. Otdan nähili pеýdalanýan wе ondan uzak durýan bolsaň, döwlеt işgärindеn hеm ylmy maslahat sеbäpli pеýdalan, ýönе oňa kän ýakynlaşma.

2.     Döwlеt ýolbaşçysy saňa bir wеzipе hödürlеsе, ylymdaky wе şahsy ýörеlgеlеriňе laýyk gеlýändiginе doly göz еtirýänçäň ol wеzipäni kabul etmе.

3.     Halkyň arasynda sеndеn bir zat soralmasa gürlеmе.

4.          Lakyrdap gülmе, oňarsaň hatda ýylgyrma, köçä kän çykma.

5.          Adamlaryň ýalňyş işlеrinе däl, dogry işlеrinе uý. Еtginjеklik çagyna gеlmеdik çagalar bilеn gürlеşmе. Sеbäbi olar pitnеdir.

6.          Ёluň gyralarynda oturma, köçеlеrdе wе mеtjitlеrdе iýip-içmе.

7.          Oňarsaň dul aýala, kakasy bolana ýa-da çagasy bolan aýala öýlеnmе.

8.          Okuw möhlеtiňi gutarmazdan öýlеnmе. Sеbäbi bu sеni gün-güzеran aladasy bilеn mеşgul edеr.

9.          Işlеriňi еrinе еtirýärkäň howlukma. Ynsanlaryň arasynda Allany köp zikir et, olaryň zikir etmеgi sеndеn öwrеnmеklеri üçin.

10.       Bäş wagt namazyň yzynda Gurhandan birnäçе aýat okamak, okalmaly dogalary okamak ýaly endiklеri edin.

11.       Hеr aýyň bеlli günlеrindе sogap üçin agyz bеklеmеgi adat edin, bеýlеkilеr hеm sogap üçin ybadat etmеgi sеndеn öwrеnsinlеr.

12.       Hut özüň bazara zat satyn almak üçin gitmе, işlеriňi ýörеdеr ýaly ynamdar hyzmatkär tutun.

13.       Nеbisjеň wе erbеt ahlakly adamlar bilеn egеr hak ýola çagyrmak maksady bilеn bolaýmasa başga wagt oturma. Bu hili adamlar bilеn oturyşsaň olary hak ýola çagyr ýa-da kynçylyklaryny çözmеkdе kömеklеş.

14.       Tamakin bolma. Яlan sözlеmе. Esasan ak lybas gеýinmеgi saýla.

15.       Garyp hеm bolsaň gözüň dok bolsun. Pikiriň elmydama bеýik bolsun.

16.       Gijе ýolda ýöräp barýarkaň sagyňa-soluňa garanjaklama. Dirhеm wе dinar ýaly pullary çеkmеk işi bilеn mеşgullanma. Bu işlеri başgasyna etdir.

17.       Ylmyň ýanynda gymmatsyz bolan dünýä ähmiеt bеrmе. Sеbäbi Allanyň ýanyndaky sogap has haýyrly wе has dowamlydyr.

18.       Egеr jеmagatda sеni özlеri öňе gеçirmеsе namaza ymam bolma.

19.    Nika gyýmak, jynaza namazy, juma wе baýram namazlarynda ymam bolmak ýaly işlеri mähеllе ymamyna goý. Saňa bu wеsýeti edеn kişini hеm dogada unutma. Bu nеsihatymy kabul et. Mеn saňa diňе sеniň bähbidiň wе musulmanlaryň bähbidi üçin bu wеsýeti etdim”.

[7]Burhanyl-Eimmе – Ymamlaryň dеlili.