Ylym ugruny, ussat we dost saýlamak

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ylym ugruny, ussat we dost saýlamak

Talyp ylmyň gowy mowzuklaryny, aýratyn hem dini meselelerde ilki bilen özüne gerek bolan zatlary saýlamaly, soňra gelejekde özüne zerur zatlary öwrenmäge gaýrat etmelidir.

Talyp ylym okaýarka towhydy, ýagny ynanç bilen baglanyşykly maglumatlary öňe tutmalydyr we Allatagalany delil bilen tanamalydyr. Çünki biziň pikirimize görä, taklytçynyň[1] imany dogry bolsa-da, Allanyň birligine akyl ýetirmek üçin delile esaslanmagy terk edendigi üçin günäkär bolar.

Talyp ylymlaryň içinden iň köne maglumatlary, ýagny pygamberimiziň, sahabalaryň, tabygynlaryň,[2] etbagyt-tabygynlaryň[3] maglumatlaryny öňe tutmaly. Olaryň döwründe bolmadyk ylymlary öňürti öwrenmeli däldir. Şonuň üçinem alymlar şeýle diýipdirler: - Könäňiz bilen boluň, täzeden habardar boluň (Gadymy ylymlary öwreniň, soň ýüze çykanlardan habardar boluň).

Talyp uly alymlaryň ýitmeginden soň ýüze çykan jedel we çekeleşik ylmy bilen meşgullanmakdan saklanmalydyr. Sebäbi bu ylymlar talyby fykh ylmyndan uzaklaşdyrar, ömri biderek geçirer, musulmanlaryň arasynda öýke-kinä we duşmançylyga ýol açar. Jedel ylmy bilen iş salyşmak fykhyň we ylmyň ýitip gitmeginiň alamaty bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde ol kyýamat alamatlaryndandyr. Çünki hadyslarda hem bu barada agzalýandyr.



[1]Taklytçy –  öýkünjеň diýmеk. Ynanç mеsеlеsindе akyl еtirmеzdеn dеlilsiz Alla bar diýip ynanmak.

[2]Tabygyn – sahabalardan soňky gеlеn nеsil.

[3]Etbägut-tabygyn – tabygynlardan soňky nеsil.