Ussat alymda bolmaly sypatlar

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ussat alymda bolmaly sypatlar

Talyp ylmy derejesi ýokary bolan ussady saýlamalydyr.

Talybyň saýlan ussady ynsanlaryň Alladan iň gorkýany bolmalydyr.

Ussat bar bolan ussatlaryň içinde iň ýaşulusy bolmalydyr.

Ussat saýlamakda Ymam Agzam Abu Hanypa uzak wagtlap pikirlenenden soňra ýokarda aýdylan görnüşde iň alym, iň takwa we iň ýaşuly bolan ussady, ýagny Hammat bin Süleýmany[1] saýlapdyr. Abu Hanypa ussady Hammat hakda şeýle diýýär: - Ussadym Hammat bin Süleýmany ýaşuly, agras, ýumşak häsiýetli, sabyrly bir ussat hökmünde tapdym. Soň onuň elinde okap, kemala geldim. Ýagny onuň ýanynda uzak wagtlap galyp ösümligiň ösüşi ýaly ylym taýdan ösdüm.

Ymam Agzam Abu Hanypa 27 ýyllap, uzak wagtyň içinde ussady Ymam Hammadyň derslerini sypdyrmandyr we ölümine çenli onuň ýanynda bolupdyr. Ussady Hammat ýogalansoň welin onuň ýerine geçip, uly ygtyýar bilen ylym tälimine we terbiýesine başlaýar. Ol özüniň «müjtehit»[2] derejesine ussady Hammadyň saýasynda gowuşýar we onuň ýerine geçensoň birnäçe alym ýetişdirýär.

Talyp ussat saýlamakda alymlar bilen maslahatlaşmalydyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Agzam Abu Hanypa şeýle diýýär: - Men samarkantly alymlaryň biriniň: - Okuw maksady üçin Buhara gitmäge niýetlenen bir talyp ylym öwrenmek meselesinde nähili hereket etmelidigi barada maňa maslahat saldy – diýendigini eşitdim.

Ussat saýlamakda alym bilen maslahat salmagyň gerek bolşy ýaly, talyp ähli işlerinde hem maslahatly bolmalydyr. Sebäbi Allatagala beýik pygamberimize ähli işlerinde sahabalar bilen maslahatlaşmagy emr edipdir. Ýogsam möminleriň hiç biri pygamberden has akylly däldi. Emma onda-da oňa sahabalar bilen maslahatlaşmagy emr edip: - «We şäwirhüm bil-emr» (iş meselesinde olar bilen maslahatlaş)[3] diýdi. Hezreti pygamber hem emri ýerine ýetirmek üçin hatda öý işlerine çenli hem ähli işlerinde sahabalar bilen maslahat eder eken.

Hezreti Aly (kerremallahu wejheh)[4] maslahat meselesinde: - Maslahat eden kişi zyýan görmez – diýýär.

Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Ynsanlar üç hilidir. Doly adam, ýarym adam we hiç adam. Doly adam dogry pikiri bolup, maslahat salan kişidir. Ýarym adam dogry garaýşy bolmak bilen birlikde maslahat salmadyk ýa-da maslahat salsa-da, dogry garaýşy bolmadyk kişidir. Hiç adam bolsa dogry garaýşa eýe bolmadyk we maslahat salmaýan kişidir. Japar Sadyk[5] siriýaly alym Sufýan Sewrä[6] maslahat salmak meselesinde şu maslahaty beripdir: - Işlerinde Alladan gorkýan kişiler bilen maslahatlaş.

Ylym öwrenmek bolsa iň kyn we iň möhüm işleriň biridir. Ylym meselesinde maslahatlaşmak beýleki işlere garanyňda has möhümdir we has zerurdyr.

Ymam Agzam ýokarda ady agzalan alym bilen baglanyşykly rowaýatyny şeýle dowam edýär: - Ol alym Buhara okuwa gitmek isleýän ýaňky talyba şeýle diýipdir: - Buhara baranyňda alym saýlamak meselesinde howlukma. Iki aý töweregi pikirlen. Iň gowy we abraýly ussady gözle. Sebäbi pikirlenmezden haýsydyr bir alymdan okap başlasaň, onuň ylym derejesi we okadyş usuly saňa ýakman biler. Beýle ýagdaýda bu alymyň ders halkasyny terk edip, başga bir alymyň dersine gitmäge mejbur bolarsyň. Bu ýagdaýda hem öwrenen ylmyňda bereket bolmaz.

Ussat saýlamak meselesinde soň ol ussady terk etmäge mejbur bolmaz ýaly we onuň ylym halkasynda soňuna çenli dowam eder ýaly iki aý töweregi pikirlen. Netijede ylmyň bereketli bolar we öwrenen ylmyňdan ynsanlar peýdalanar.

Bilip goý, sabyrlylyk we tutanýerlilik ähli işlerde esasdyr, ähli işler bularyň üstünde gurlandyr. Ýöne bular ynsanlarda örän azdyr. Bir şahyr bu meselede şeýle diýýär:

Her kimde belent mertebelere gowuşmak

üçin bir meýil bardyr,

Ýöne ynsanlarda munuň üçin

tutanýerlilik azdyr.

 

Sabryň aýratynlygy barada şeýle diýlipdir: - Gujurlylyk, ýagny güýç-gaýrat, sabyr etmekdir.

Talyp bir ussadyň ders halkasynda soňuna çenli sabyrly bolup okamalydyr, bir kitaby soňuna çenli kemçiliksiz okap çykmalydyr, ylym ugurlarynyň birini doly öwrenmezden beýleki ylym ugruna geçmeli däldir, bir şäherde ylymyny okap gutarmazdan beýleki şähere gitmeli däldir. Sebäbi bir ussatdan öwrenilen ylymy gutarmazdan başga bir ussada gitmek, bir kitaby gutarmazdan başga bir kitaba geçmek, bir ylym ugruny doly görnüşde öwrenmezden başga bir ylym ugruna geçmek, bir şäherde okuw möhletini gutarmazdan başga bir şähere gitmek okuwyň maksadyny dagadar, ýürege düşer, wagtyň biderek geçmegine sebäp bolar, ussady gynandyrar.

Talyp nebsiniň we haýu-höwesiniň islän şöhwetlerine we lezzetlerine sabyr etmelidir. Bu meselede bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Gürrüňsiz nebsiň arzuwy biderek zatdyr,

Kim nebsiniň guly bolsa ol peslikden

ýeňlendir.

 

Talyp kynçylyklara we belalara sabyr-çydam etmelidir. Bir atalar sözünde bu barada şeýle diýilýär: - Maksada ýetmegiň hazynalary mähnet baýlyklarynyň üstündedir, ýagny köp kynçylyk-mähnet gören kişi yhsan hazynasyna gowşar. Ylym öwrenmek isleýän talybyň bu kynçylyklara döz gel-megi gerekdir. Hezret Ala degişli edilen bir şygyrda şeýle diýilýär:

 

Üns ber! Ylma diňe şu alty zat bilen

gowşup bilersiň,

Bularyň hemmesini saňa beýan edeýin.

Birinjisi zehin, ikinjisi sabyr,

Üçünjisi isleg,

dördünjisi mätäçsizlik,

Bäşinjisi ökde ussat,

altynjysy uzyn wagt.

 

 Talyp yhlasly dost tutunmalydyr. Talybyň saýlan dosty takwa, ýagşy gylyk-häsiýetli we düşünjeli bolmalydyr. Talyp ýalta, wagtyny biderek geçirýän, ýaňra, bozgak we garagol dostdan daş durmalydyr. Bu mese-lede bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Kişiniň nähilidigini sorama,

onuň dostuna seret,

Sebäbi dost dostuna uýýandyr.

Eger ol bezzat bolsa ondan çalt uzaklaş,

Eger ol haýyrly bolsa oňa ýakynlaş,

dogry ýoly taparsyň.

 

Başga bir şygyrda bolsa şeýle diýil-ýär:

 

Ýalta kişiler bilen olaryň hallarynda

dost bolma,

Niçe ýagşy kişiler bardyr,

dostlarynyň erbetligi zerarly bozularlar.

Akmak kişiniň akmaklygy akylly we

düşünjeli kişilere çaltlyk bilen geçer.

Olar kömür ýalydyr,

külüň içine atylansoň söner.

 

Hezreti Muhammet alaýhyssalam hem bir hadysynda şeýle diýýär: - Her dünýä inen çaga yslam tebigatyna görä doglar. Soň ene-atasy ony ýehudy, hristian ýa-da otparaz ederler. Soň ol hem muny dili bilen beýan eder[7]

Parsça bir atalar sözünde dostuň dosta täsiri barada şeýle diýilýär: - Erbet dost zäherli ýylandan hem has erbet we has zyýanlydyr. Mekandan päk bolan Allanyň haky üçin, erbet dost seni jähenneme tarap alyp gider. Şonuň üçinem ol sebäpli jennete gider ýaly ýagşy dost tutun.

Ýene-de bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýlipdir: - Eger ylmy, alymy ýa-da gaýypdaky kişini habar beren bir şaýat gözleýän bolsaň topragy nusga al, oňa ynam bildir. Topragy nähili sypatlar bilen tanaýan bolsaň, saýlajak dostuň hem şeýle bolsun.



[1]Abu Ysmaýyl bin Abu Sülеýman Müslim (120). Ymam Agzamyň ussady wе öwеý kakasy.

[2]Müjtеhit – Gurhanyň wе hadyslaryň esasynda yslam dininiň hökümlеrini çykaryp, özbaşdak höküm çykarmaga hukugy bolan alym.

[3]Aly – Ymran, 3/159.  

[4]Alla onuň ýüzüni kеrеmli etsin.

[5]Abu Abdylla Japar Sadyk (83/148). On iki ymamyň altynjysy. Hеzrеt Alynyň agtygy.

[6]Abu Abdylla bin Sagyt (95-161) Müjtеhit alym. Ol Siriýada özbaşyna mеzhеp dörеdýär. Ýönе wagtyň gеçmеgi bilеn onuň mеzhеbi ýitip gidýär.

[7]Müslim, Sahyh V, 2043 s., hadys ¹ 2657.