Ylma we alyma hormat goýmak

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ylma we alyma hormat goýmak

Bilip goý! Talyp ylma, alymlara we ussatlaryna hormat goýmasa, ylma gowşup bilmez we ylmyndan peýdalanyp bilmez. Bu meselede şeýle diýlipdir: - Ylma gowuşmakda maksadyna ýetenler, diňe hormat bilen ýetendirler. Ylymda maksadyna ýetmedikler hem diňe hormaty terk edendikleri üçin ýetmediler.

Bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Hormat tagatdan haýyrlydyr. Ýagny ynsan Allanyň öňünde günä iş etmek bilen kapyr bolmaz, emma Allanyň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryna dil ýetirmek bilen hormatsyzlyk etse kapyr bolar.