Ussada sylag-hormat goýmak

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ussada sylag-hormat goýmak

Ussada hormat goýmak ylma hormat goýmakdyr. Hezret Aly ussadyň haky barada şeýle diýýär: - Men maňa ýekeje harp öwredeniň guludyryn. Ol islese meni azat etsin, islese gul hökmünde ulansyn.

Bu meselede bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Men ussadyň hakyny her bir musulmana goralmagy gerek bolan iň uly hak hökmünde gördüm.

Hormatyndan başga, onuň öwreden her bir harpy üçin ussada müň dirhem berilse hem onuň hakydyr.

Çünki saňa din meselelerde mätäç bolan bir harpy öwreden kişi, dinde seniň ataň hasaplanar.

 

Ussadymyz Şyh Ymam Sedideddin Şirazy şeýle diýerdi: - Oglunyň alym bolmagyny isleýän adam, alymlara seretmeli. Olara hödür-kerem etmeli, sylag-hormat goýup maddy tarapdan kömek etmelidir. Netijede alyma hormat goýan, sylag-hormat goýan adamyň eger ogly bolmasa agtygy ýa-da neberesinden bolan biri hökman alym bolar.