Sapaga gatnamak, okamak we güýç-gaýrat sarp etmek

Başy » Talyba taglymat tälimi » Sapaga gatnamak, okamak we güýç-gaýrat sarp etmek

Talyp hökman ylma ýapyşmalydyr we dersini gaýtalap sapagyna gatnamalydyr. Gurhandaky şu aýat hem muňa degişlidir: - «Biziň ugrumyzda gaýrat edenleri hökman öz ýolumyza salarys»[1].

Bu ýerde bu aýata beriljek başga bir many hem: - Biziň ýolumyzda ylym öwrenmek üçin gaýrat eden, bu ugurda güýç sarp edenleri üstünlige ýetireris – diýmekdir.

Bir atalar sözünde şeýle diýilýär:

 

Kim gözlese, gaýrat etse tapar,

Kim gapyny kaksa,

gapydan aýrylmasa içeri girer.

 

Başga bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Arzuwyňa ähmiýetiň möçberine görä gowşarsyň.

Ylym öwrenmekde üç kişiniň gaýrat etmeginiň gerekdigi aýdylýar: talyp, ussat we diri bolsa kaka. Men Sedideddin Şirazy-dan Ymam Şapyga degişli şu şygry eşitdim:

 

Yhlas uzak bolan ähli zady ýakynlaşdyrýar,

Gaýrat etmek bolsa ähli ýapyk gapyny açýar.

Ýaradylanlaryň içinde iň gynanmaly kişi,

Dar gün-güzeran bilen mübtela bolan

gujur-gaýratly kişidir.

Allanyň ýazgydyna we hökümine delalat eden

delilleriň biri hem,

Akyllylaryň ýoksullyk içinde, akmaklaryň

bolsa aýşy-eşretde ýaşamaklarydyr.

Ýöne kime akyl nygmaty berlen bolsa,

ol baýlykdan mahrumdyr,

Sebäbi akyl bilen baýlyk biri-birlerine

garşy bolan iki ters zatdyr.

 

Başga bir şahyra degişli bir şygyrda men şeýle diýlendigini eşitdim:

 

Sen hiç hili kynçylyk çekmezden fykh alymy bolmak islediň.

Dälilik bolsa dürli-dürlüdir.

Muşakgatsyz mal hem

gazanylmaýar ahyry,

Ylym nähili gazanylsyn?

 

Beýik alym we şahyr Abu Taýýyp bir şygrynda şeýle diýýär:

 

Ynsanlaryň içinde bir zady ýerine ýetirmäge doly güýji ýetýänleriň, ol zady ýerine ýetirmeýişleri ýaly uly aýp görmedim.

 

Talyp gije ukusyny pida etmelidir, gije ýatmaly däldir (az ýatmalydyr). Şahyr bu meselede şeýle diýýär:

 

Belent mertebeler çekilen kynçylyklar

netijesinde gazanylýar,

Belentlik isleýän kişi gijelerini

ukusyz geçirmelidir.

Hem belentlik hem abraý isläp,

gije-de ýatýan bolsaň,

Bolmaz, çünki dür-monjuk gözleýän

deňziň düýbüne çümmelidir.

Abraýyň belentligi,

hümmetiň belentligine baglydyr.

Ynsanyň üstünligi we güýç-kuwwaty

gijeleri ukusyz geçirmekdir.

Repbim! Eý möwlalar möwlasy!

Seniň razyçylygyň üçin ylym ýolunda

gije ukusyny terk etdim.

Kim zähmet çekmezden belent mertebe

isleýän bolsa,

Ömrüni bolmajak zatlaryň yzynda

zaýalandyr.

Eý Allam! Ylym okamakda maňa üstünlik

miýesser et,

Belentlikleriň soňky çägine ýetir.

 

Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Gijäni maksadyňa gowşar ýaly düýe hökmünde gör.

Meniň hem kelläme bu meselede şu setirler geldi:

 

Kim ähli maksatlaryna ýetmek islese,

Olara ýetmek üçin gijesini düýe edinsin.

Eý dost!

Eger ylymda kemala ýetmek isleseň,

Ukusyzlykdan nesibiňi alar ýaly, az iý.

 

Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Gije ýatmaýanyň gündiz kalby rahat bolar.

Talyp hökman gijäniň başynda we soňunda sapaklaryna taýýarlanmalydyr. Sebäbi agşam bilen ýassynyň arasy, säher wagty bereketli wagtlardyr. Bu meselede şeýle diýlipdir:

 

Eý ylym talyby! Takwa ýüpüne ýapyş,

ukudan daş bol we doklugy terk et.

Sapaklaryňa taýýarlan,

ondan hiç aýrylma.

Çünki ylym sapaklary gaýtalamak bilen

beýgelýär we amala aşýar.

 

Başga bir şahyr hem şeýle diýipdir:

 

Eý ylym talyby! Takwaçylyga ýapyş,

Ukudan daş bol, doklugy taşla.

Eý ylym talyby! Gije-gündiz oka,

Çünki ylym okamak we gaýtalamak bilen

gazanylýar.

Her zadyň bir apaty bardyr,

Ylmyň apaty bolsa taýýarlanmagy we

gaýtalamagy taşlamakdyr.

Talyp ömrüniň ýigitlik çagynyň we ýaşululygynyň ilkinji döwürlerini olja hasaplamalydyr.

 

Ýene bir şahyr hem şeýle diýipdir:

 

Çeken kynçylyklaryň möçberinde

maksadyňa ýetersiň,

Ylym ýolunda maksadyna ýetmek isleýän

gije turmalydyr.

Sen ýaşlyk ýyllaryny olja hasapla,

Üns ber! Ýaşlyk wagtlaýyndyr.

 

Talyp sapaga taýýarlanjak diýip, beýleki sapaklaryna böwet bolmazlyk üçin bedenini we jan-saglygyny tapdan düşür-jek derejede özüne agram salmaly däldir. Gaýtam tersine talyp özüne merhemetli bol-malydyr. Muhammet alaýhyssalam bu mesele-de şeýle diýýär: - Üns beriň! Hakykatdan hem din beýikdir. Özüňize agram salmazdan ýeňillik bilen oňa ýakynlaşyň. Alla ybadat etmekde janyňa agram salyp tapdan düşürme. Sebäbi güýç-kuwwatdan düşen adam, ne özi ýol aşar ne-de ulagynda arka goýar[2].

Başga bir hadysda bolsa Muhammet alaýhyssalam şeýle diýýär: - Nebsiň (janyň) seniň ulagyňdyr. Ulagyňa mylaýym bol.

Talyp ylymda belent pikire eýe bolmalydyr. Sebäbi ynsan hümmeti we gaýraty bilen uçar, beýgeler. Göýä guş ýaly, ol iki ganady bilen nädip uçýan bolsa, ynsan hem gaýraty belentliklere tarap uçmaly.

 

Şahyr we alym Abu Taýýyp bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär:

 

Gaýratly kişileriň gaýratlary

möçberinde maksatlar amala aşýar,

Ýagşylygyň möçberinde hem haýsydyr

bir kişiden ýagşylyk görülýär.

Gaýraty az kişileriň gözüne kiçi

ýagşylyk hem uly görner.

Gaýraty uly kişileriň gözüne uly

işler hem kiçi görner.

 

Maksada ýetmegiň esasy guraly işlemek we yhlas etmekdir. Kimiň pikiri we yhlasy Muhammet bin Hasan Şeýbanynyň kitaplaryny ýat tutmak bolup, munuň üçin güýç-gaýrat sarp etse, hökman bu kitaplaryň hemmesini ýa-da ýarysyny ýat tutar. Emma düşün-jesi belent bolup güýç-gaýrat sarp etmese ýa-da tagalla etse, emma belent pikir-düşün-jesi bolmasa ylymdan az zat öwrener.

Şyh Ymam Ussat Razyeddin Nisabury özüniň «Mekarimul-ahlak» (Belent ahlak) atly kitabynda şeýle bir rowaýat gürrüň berýär: - Isgender Zülkarneýn gündogary we günbatary basyp almak üçin ýörişe çykjak bolan mahaly alymlara geňeş salyp: - Şeýle kiçi dünýä mülki üçin nähili ýörişe gideýin? Çünki dünýäniň hemmesi biderekdir. Dünýä maly azdyr. Munuň ýaly kiçi bir mülk üçin ýörişe çykmak bolsa belent düşünje däldir – diýdi. Onuň bu sözüne maslahat salýan alymlary: - Allanyň adyny beýgeltmek üçin jyhat etmek arkaly dünýä we ahyret mülküni gazanmak maksady bilen ýörişe çyk – diýdiler. Isgender hem: - Bu pikir gowy - diýipdir.

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bir hadysynda şeýle diýýär: - Hakykatdan hem Allatagala işleriň beýgini söýýändir. Ol erbet we pes işleri halaýan däldir[3].

Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Ýerine ýetirjek bolýan işiňde howlukma, ony yzygiderli etmek bilen amala aşyr. Sebäbi yzygiderli gözegçilik edip düzelden kişi ýaly. Egri bolan hasasyny düzelden kişi ýokdur.

Ymam Agzam Abu Hanypanyň (Alla oňa rehmet etsin) talyby Abu Ýusuba[4] şeýle maslahat berendigi rowaýat edilýär: - Sen zehinli däldiň, emma sapaga yzygiderli gatnamagyň seni bu ýagdaýdan halas etdi. Hiç ýalta bolma. Sebäbi ýaltalyk şumlukdyr we uly bir apatdyr. Ýaltalyk dini we dünýewi maksatlaryň gazanylmazlygy ýaly zyýanlara alyp geler.

Medineli Şyh Ymam Abu Nasr Saffar bu meselede şeýle şygyr aýdypdyr:

 

Eý nebis, eý nebis!

Agras we ýumşak häsiýetli bolup durkaň,

Ýagşylyk, takwa we adalat meselesinde

gaýrat etmekden gowşama.

Haýyrly işlerde işleýän her kime

gözler gidýändir,

Ýalta bolan her kim belanyň we

şumlugyň içindedir.

 

Meniň hem bu meselede şu setirler kelläme geldi:

 

Eý nebsim!

Ýaltalygy we bigaýratlygy terk et,

Ýa-da pes kişileriň ýagdaýynda gal.

Arzuwdan mahrum bolmakdan we

puşmanlykdan başga,

Ýaltalara berlen başga nesip görmedim.

 

Bir şahyr bu meselede şeýle diýipdir:

 

Niçe haýa,

ejizlik we puşmanlyk bardyr,

Olar ynsanda ýaltalyk sebäpli

ýüze çykýar.

Ýaltalykdan,

gümana çümmekden habardar bol,

Seniň we güman edýän zadyň

ýaltalykdandyr.

 

Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Ýaltalyk – ylmyň üstünlikleri we aýratynlygy barada az pikirlenmek sebäpli ýüze çykýar.

Talyp ylmyň üstünlikleri barada pi-kirlenip özüni okuwa, taýýarlanmaga we gaý-talamaga mejbur etmelidir. Sebäbi ylym-bilinýän zatlaryň dowam etmegi netije-sinde ýaşaýandyr. Mal bolsa ýok bolýar. Hezret Aly bu mesele bilen baglanyşykly şu goşgyny aýdypdyr:

 

Jepbar bolan Allanyň bize ýazan

ýazgydyna razydyrys,

Bize ylym berlipdir,

duşmanlara bolsa mal-mülk.

Gürrüňsiz mal-mülk ýakyn zamanda

ýok bolar,

Allanyň ylmy bolsa ýok bolmaz, 

baky galar.

 

Ylym eýesi özüniň peýdaly ylmy sebäp-li ýatlanar we ölüminden soň hem ony ýatlap durarlar. Ölüminden soň ýatlanylyp durul-magy alym üçin ebedi durmuşdyr. Şyh Ymam Ejel Müftil-Eimme Zahyreddin Hasan bin Aly Marginany bu meselede şu şygry aýdypdyr:

 

Nadanlar ölmezden öňürti ölüdirler,

Alymlar bolsa ölseler hem diridirler.

 

Şyhyl-Yslam Burhaneddin bize şu şygry aýtdy:

 

Nadanlar üçin ölümden öňürti ölüm bardyr,

Nadanlaryň bedenleri gubura girmezden

öňürti guburdadyr.

Ylym bilen ýaşadylmaýan kişi ölüdir.

Olar üçin kyýamatda direlmek ýokdur.

Süňkleri ýeriň aşagynda çüýrese-de,

Alym ölensoň hem janlydyr, bakydyr.

Nadan kişi ýeriň ýüzünde ýörese hem,

Ol ýokdur, ýöne dirilerden hasaplanar.

 

Şyhyl-Yslam Burhaneddin mundan soňra bize şu şygry okady:

 

Ylmyň mertebesi ähli mertebeleriň

üstündedir,

Pyýadanyň ýanynda ulaglylaryň üstünligi

munuň aşagyndadyr.

Ylym eýesiniň abraýy birnäçe essedir.

Nadanlyk eýesi bolsa ölensoň toprak

aşagyna girer.

Soltanlyk eýesiniň we harby serkerdäniň

abraýyna ýetse-de,

Ylmyň iň soňky derejesine ýetmek

islemeýäne ýazyklar bolsun,

Size ylmyň käbir aýratynlyklaryny

ýazdyrjak, diňläň,

Meniň dilim, ylmyň ähli

aýratynlyklaryny agzamakdan ýadar.

Ylym başdan soňa nurdur,

körlere ýol görkezer,

Nadan kişi hemme wagt garaňkylyklar

içindedir.

Ylym belent bir dag ýalydyr,

Ol ýere sygynany gorar we ol adam kynçylykly mahallarda hem howpsuzlyk içinde bolar.

Halas bolmak ylym bilendir,

ýöne ynsanlaryň habary ýokdur.

Jan damaga gelen wagty ylym sebäpli

azapdan halas bolmak umyt edilýär.

Jähennemiň gatlaryna erbet netije bilen

giden asy kişilere,

Ynsan ylym sebäpli şepagat eder.

Ylym isleýäniň ähli maksatlary isledigi

bolar,

Eý akyl eýesi! Ylym belent bir mertebedir.

Oňa gowşan wagtyň ähli mertebeler ýok bolar.

Bütin dünýäni we dünýädäki hoş nygmatlary

ýitirseň-de,

Gözleriňi ýum, gynanma, sebäbi ylym,

Allanyň iň haýyrly peşgeşidir.

 

Men fykh ylmynyň artykmaçlygy bara-da bir şahyryň şu setirlerini diňledim:

 

Ylym eýesi ylym bilen abraý gazanan wagty,

Fykh ylmy abraýda ylymlaryň iň

artykmajydyr.

Niçe hoşboý ysly zatlar bardyr,

Ýöne müşk ýalysy ýokdur.

Niçe uçýan guş bardyr,

ýöne laçyn ýalysy ýokdur.

 

Başga bir şahyr hem şeýle diýipdir:

 

Ylym öwrenýän kişi onuň

gymmatlyklaryndan mahrum bolmaz,

Bilmeýän zatlaryňy öwrenmek üçin öz-özüňe gaýrat görkez. Sebäbi ylmyň başlangyjy we soňy sagadatdyr,

Akylly kişi üçin ylym öwrenmäge

sebäp hökmünde,

Fykhyň lezzeti ylmyň lezzeti

hökmünde ýeter.



[1]Ankеbut, 29/69.

[2]Bеzzar, Hеkim, Bеýhaky, Ruzaýy wе Esgеri dagylar rowaýat edipdirlеr. Sеrеt: Abdyrahman Şеýbany, Tеmýizit-taýýyp minеl-hadys, Bеýrut, 156 s.

[3]Tabеrany, Kеbir; Bеýhaky, Şugab; Abu Nugaým, Hilýе; Sеrеt: Tеmýizit-taýýyp minеl-hadys, Bеýrut, 45 s.

[4]Abu Юsup Яkup bin Ybraýym Ensary (113-182) Ymam Agzam Abu Hanypanyň iň uly talyby wе hanapy mеzhеbiniň fykh alymy. Hanapy mеzhеbindе ilkinji bolup kitap ýazdy.