Ýaltalykdan halas bolmagyň çäreleri

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ýaltalykdan halas bolmagyň çäreleri

Gury çörek gakylygy keser. Ajöze kiş-miş iýmek hem gakylygy keser. Ýöne suw içirmezligi üçin kişmişi köp iýmeli däldir. Talyp hem köp suw içmez ýaly kişmişi kän iýmeli däl. Köp suw içmek bolsa gakylygy köpelder.

Miswak[1] ulanmak gakylygy keser we ýatkeşligi artdyrar. Sebäbi miswak ulanmak sünnetdir. Şeýle hem ol namazyň sogabyny artdyrar, namazda Gurhan okamagyň sogabyny köpelder. Şeýle-de miswak ýaly gusmak hem gakylygy azaldar.

Tagamy azaltmagyň ýoly az iýmegiň peý-dalary barada pikirlenmekdir. Bu peýdalar hem şulardyr: - Saglyk, namys, ýagny köp iýmekden dörän şöhwet arzuwlarynyň azalmagy sebäpli haramlardan goranmak, naharda tagamyň köpüsini ýanyňdaka goýmak. Bir şygyrda bu mesele barada şeýle diýilýär:

 

Ynsanyň tagam sebäpli erbetlerden

bolmagy,

Namysdyr, namys üstüne namysdyr.

 

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bir hadysda şeýle diýipdir: - Üç kişi bardyr. Olaryň hiç hili günäsi bolmasa-da Allatagala olary halamaz: - Birinjisi aşa köp nahar iýýän, ikinjisi gysganç kişi, üçünjisi ulumsy.

Tagamy azaltmagyň ýollarynyň biri hem köp iýmegiň zyýanlary barada pikir etmekdir. Bularyň başynda dürli keseller, ýaltalyk, bizarlyk ýaly ýagdaýlar durýar.

Amr bin Asa[2] degişli edilen bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Aşgazany dyka-dyka doldurmak, zehini kütek eder[3].

Galinosyň şeýle diýendigi rowaýat edilýär: - Naryň hemmesi peýdalydyr. Balyk zyýanlydyr. Ýöne balygyň azy naryň köpünden peýdalydyr. Sebäbi bu isripdir. Doýanyňdan soň nahar iýmek bolsa şol durşuna zyýandyr, bedeni weýran eder, saglyga zeper ýetirer. Ynsan doýansoň nahar iýse bu sebäpli ahyret ýurdunda azaba laýyk bolar. Köp nahar iýýän kişi beýlekileriň kalbynda hoş orun tutmaz, ýazgarylar.

Tagamy azaltmagyň ýollarynyň biri hem ýagly tagam iýmek, tagamly we işdä ýakýan zatlary öňürti iýmek, aç kişiler bilen tagamyň başynda bile oturmakdyr. Häsiýet häsiýeti çeker diýlipdir. Garny aç we iýermen kişiler bilen bir saçak başynda oturan adamyň köp iýip bilmejekdigi özüňe bellidir (sebäbi olar oňa iýere zat goýmazlar).

Emma az iýýänler bilen bile oturylsa az iýmäge öwrenişiler.

Käbir ýagdaýlarda doýanyňdan soň hem tagam iýmegiň zyýany ýokdur. Mysal üçin agyz beklenende, namaz okalanda ýa-da agyr işlerde işlenende güýç-gaýrat ýygnamak üçin köp iýmegiň zyýany ýokdur.



[1]Miswak Mеdinеdе "ud” agajynyň kökündеn ýasalan tеbigy diş çotgasydyr.

[2]Amr bin As bin Waýyl Sеhmi (43). Sahaba.

[3]Tеmýizit-taýýyp minеl-hadys, 54 s.