Derse başlamagyň wagty, dersiň möçberi we tertibi

Başy » Talyba taglymat tälimi » Derse başlamagyň wagty, dersiň möçberi we tertibi

Ussadymyz Şyhyl-Yslam Burhaneddiniň däbi hoş güni derse başlamakdy. Ol bu meselede şeýle hadys gürrüň berýärdi: - Resulalla sallallahy alaýhy we sellem şeýle diýipdir: - Hoş güni başlanylan iş hökman tamamlanar[1].

Abu Hanypa hem derslerini hoş güni başladar eken we ýokardaky hadysy ussady Şyh Kywameddin Ahmet bin Abdyreşitden rowaýat edipdir.

Men ynamdar bir kişiden eşitdim, Şyh Abu Ýusup Hemedany hem işlerini hoş güni başlar eken. Munuň sebäbi hem hoş günüň Allanyň nurly edip ýaradan güni bolandygy üçindir. Nurly bolan bu gün kapyrlar üçin şum we betbagt gündür. Kapyrlar üçin şum bolan gün bolsa möminler üçin bereketli gündür.

Dersiň möçberi barada aýtsak Abu Hanypa Şyh Kazy Ymam Omar bin Abubekr Zernejriniň ussatlaryndan eşiden şu sözlerini gürrüň beripdir: - Ders okamaga täze başlan kişiler üçin dersiň möçberi iki gezek okalanda öwrener we ýat tutar ýaly bolmalydyr. Soň onuň üstüne her gün bir söz goşulmalydyr. Sebäbi bu görnüşde ders her näçe uzalsa-da az-azdan köpelendigi üçin iki gezek okamak bilen ýat tutulmagy we öwrenilmegi mümkin bolar. Dersiň möçberini gün geldikçe az-azdan köpeltmeli. Başda dersiň möçberi köp bolsa talyp hem ony özleşdirmek üçin on gezek okamaly bolsa, başlangyçda bolşy ýaly soň hem ony on gezek okap özleşdirmäge mejbur bolar. Sebäbi talyp dersini özleşdirmek üçin on gezek gaýtalamaga öwrenişse bu gylygyny aňsat-aňsat terk edip bilmez. Şonuň üçinem köp okamazdan öwrenip bilmez. Munuň bilen baglanyşykly bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Ders ýekeje harp bolsa hem, gaýtalamak müň bolmalydyr.

Talyp ylym öwrenmäge başlan wagty özüniň düşünip biläýjek ylmyndan başlamalydyr.

Şyh Ymam Ussat Şerefeddin Ukaýly bu meselede şeýle diýer eken: - Maňa görä dersi saýlamak meselesinde iň dogry bolan ussatlarymyzyň maslahatydyr. Ussatlarymyz ýaňy okamaga başlan talyp üçin kiçi möçberli bolanyny öňe tutýardylar. Sebäbi kiçi möçberli kitaplar okuwa ýaňy başlan talybyň düşünjesine ýa-da ýat tutmagyna has laýykdyr we ýadatmaz. Şeýle hem olar gündelik meseleler nukdaýnazaryndan has laýykdyr.

Talyp dersini ýat tutup, köp gaýtalap soň ýazmalydyr. Sebäbi öwreneniňden soň dersi ýazmak örän peýdalydyr.

Talyp düşünmedik zadyny ýazmaly däldir. Sebäbi düşünmedik zadyňy ýazmak, ynsanyň tebigatyna bizarlyk getirer, zehini kütelder we wagtlaryň biderek geçmegine sebäp bolar.

Talyp dersi ussadynyň dilinden diňläp almaga, pikirlenip, düşünip we köp gaýtalap düşünmäge gaýrat etmelidir. Sebäbi dersiň möçberi az, gaýtalamagy we üstünde pikirlenmegi köp bolsa, ol ders hökman ýeňil bolar. Bu meselede şeýle diýlipdir: -Iki söz ýat tutmak, iki düýe ýüki kitap diňlemekden has haýyrlydyr. Iki sözi düşünmek hem iki düýe ýüki kitaby ýat tutmakdan has haýyrlydyr.

Talyp öwrenen zatlaryny düşünmekde ýaltansa ýa-da birki gezek taýýarlanmasa düşünmezligi adat ediner, şonuň üçinem soň ýekeje söze hem düşünip bilmejek derejä geler.

Talyp dersde gaýratly bolmaly we bu meselede Alladan dileg edip ýalbarmalydyr. Çünki Allatagala bu meselede şeýle diýýär: - Menden isläň, siziň dilegiňizi kabul edeýin.

Allatagala özünden umyt edenleri boş çykarmaz. Şyh Ymam Kywameddin Ybraýym bin Ysmaýyl Saffar Ensary bize Kazy Halyl bin Ahmet Bahrezä degişli şu setirleri ýazdyrdy:

 

Ylymdan lezzet bilen peýdalananlaryň

hyzmat edişi ýaly sen hem ylma hyzmat et,

Oňat görnüşde ylym okamagy dowam et.

Bir zady ýat tutan wagtyň ony köp gaýtala,

soň berkit.

Soň ýaz, ýagny ebedilik oňa ýüzlenip we

okadyp bilmegiň üçin gowy berkit.

Ýat tutan zadyň ýatdan çykmagyndan heder

eden wagtyň,

Öňki dersiňi gaýtalap, soňkyňa üns ber,

Täze ylmy öwrenmek üçin ylga.

Ömürlik ýaşamak üçin, ynsanlara öwrenen

zatlaryňy öwret, gaýtala,

Akyl eýelerinden uzakda bolma.

Eger öwrenenleriňi gizleseň,

ýaýratmasaň dünýäde unudylarsyň,

Ýagny nadan we samsykdan başga zat hökmünde

görülmersiň.

Kyýamatda hem boýnuňa otdan bir nogta

dakylyp oduň içinde ýanarsyň.

 

Talyp okuw mahalynda hökman dersi bilen baglanyşykly muzakere[2], munazara[3] we mutaraha[4] etmelidir.

Munazara we mutaraha etmek talyplaryň arasynda pikirlenip, çynlakaý we ynsaply ölçegler çäginde bolmalydyr. Talyplar munazara we mutaraha mahalynda erbet niýetde bolmaly däldirler. Sebäbi munazara we muzakeräniň maksady maslahatlaşmak, pikiri kämilleşdirmek we iň dogry bolan garaýşy, pikiri ýüze çykarmagydyr. Bu hem diňe pikirlenmek, çynlakaý çemeleşmek we beýlekileriň hem garaýşynyň dogry bolup biljekdigini kabul etjek ynsap ölçegi bilen amala aşar. Gaharlanyp, erbet duý-gulary ulanyp dogry düşünjä ýetip bolmaz. Eger munazaraçynyň niýeti bu munazaranyň netijesinde özüniň pikiri nähili bolsa bolsun, garşydaşyny dymdyrmak we ony ýeňmek bolsa, bu talyp üçin halal däldir. Ikitaraplaýyn pikiriň jemlenmegi bolan munazara diňe dogry garaýşy ýüze çykarmak maksady bilen halaldyr. Şonuň üçinem munarazada hile gurnamak, söz owadanlamak nädogrydyr. Ýöne eger garşydaşy kejir bolsa, onda söz owadanlamakda hiç hili zyýan ýokdur.

Muhammet bin Ýahýa aşagyndan çykyp bilmedik kyn sorag bilen ýüzbe-ýüz bolanda şeýle diýer eken: - Soraýan soragyň dogrudyr. Men bu soragyň jogaby barada pikirlenýärin. Ýöne her alymdan has beýik alym bardyr.



[1]Abdyrahman Şеýbany, Tеmýiz, Bеýrut, 143 s.

[2]Muzakеrе-talyplaryň ylym öwrеnýän wagtlarynda gowy taýýarlanmak üçin dеrs barada ikitaraplaýyn pikir alyşmaklary.

[3]Munazara-talyplaryň bir mеsеläniň üstündе ikitaraplaýyn garaýyşlarynyň bеýan edilmеgi.

[4]Mutaraha-pikir – garaýyşlaryň tankyt edilip, nädogry bolanynyň aýrylmagy.