Munazaranyň peýdasy

Başy » Talyba taglymat tälimi » Munazaranyň peýdasy

Ylym öwrenmekde munazaranyň we mutarahanyň peýdasy, bir meseläni ýeke özüň gaýtalamagyň peýdasyndan has uludyr. Sebäbi munazarada hem gaýtalamak hem-de artykmaç maglumat öwrenmek bardyr. Hatda bu meselede şeýle diýlipdir: - Bir sagat mutaraha etmek, bir meseläni bir aýlap gaýtalamakdan has haýyrlydyr».

Ýöne munazara ynsaply, akylly, pikirli kişi bilen edilmelidir. Kejir, dik-düşdi kişiler bilen munazara etmekden saklan. Sebäbi gylyk-häsiýet özüne çekijidir. Ahlak geçijidir. Ýakynlyk täsir edi-jidir. Ýokarda Halyl bin Ahmediň goşgusy hem örän peýdaly şygyrdyr. Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Ylmyň şertlerinden biri, ylmyň özüne hyzmat edene ähli ynsanlary hyzmatçy etmegidir.

Talyp hemme wagt ylmyň nepisligi we ylmy mowzuklar barada pikir etmelidir. Sebäbi ylym we pikir mowzuklaryň nepis-ligine diňe pikirlenip ýetip bolýandyr. Hat-da bu meselede: - Pikir et maksadyňa gowşarsyň - diýlipdir.

Talyp we fykh alymy gürleýän sözi dogry bolar ýaly gürlemezden öňürti pikirlenmelidir. Sebäbi söz oka meňzär. Nyşana dogry urmagy üçin nädip okuň dogry atylmagy gerek bolýan bolsa, sözüň hem maksadyna baryp bilmegi üçin dogry we jaýdar bol-magy gerekdir. «Usuly-fykh» atly kitabyň ýazary[1] şeýle diýýär: - Şu ýagdaý, ýagny alymyň munazara wagtynda aýtjak sözüni pikirlenip aýtmagy uly esasdyr. Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär:  - Akylyň başy sözüň agraslyk bilen we pikirlenip aýdylmagydyr.

 

Bir şahyr bu meselede şeýle diýýär:

 

Eger saňa peýdaly maslahat beren kişä gulak

asar bolsaň,

Sözüňde bäş zada üns bermegiňi maslahat

berýärin.

Sözüň sebäbinden we gelip çykyşyndan,

wagtyndan.

Görnüşinden, möçberinden we ýerinden gapyl

bolma.

 

Talyp hemme wagt we hemme ýagdaýda hemmelerden peýdalanmalydyr. Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bu barada şeýle diýýär: - Ylym möminiň ýitig malydyr. Ol ony nirede görse almaga has mynasypdyr[2]. Bir atalar sözünde bolsa şeýle diýilýär: - Sen sagdyn bolan ylmy al, zyýanly bola-nyny taşla.

Şyh Ymam Ussat Fahreddin Kaşanynyň[3] şu hekaýaty gürrüň berendigini eşitdim: - Ymam Abu Ýusubyň gyrnagy Ymam Muhammediň ýanynda myhman bolupdyr. Bir gün Ymam Muhammet ol gyrnakdan: - Fykh meselesinde Abu Ýusupdan öwrenen meseläň barmy? – diýip sorapdyr. Onda gyrnak: - Ýok hiç zady öwrenmedim. Ýöne Abu Ýusup şu sözi köp gaýtalaýardy: - «Döwür paýy düşer».[4] Ymam Muhammet ol gyrnakdan öwrenen bu sözi bilen özüniň kyn meselesini çözüpdir. Sebäbi ol şol mahallar döwür bilen bagla-nyşykly bir mesele barada ikirjeňlenip ýören eken. Netijede gyrnakdan öwrenen ol sözi bilen kynçylygyny çözdi.

Rowaýat edilmegine görä Abu Hanypa bütin ömründe elli bäş gezek haja gidipdir. Her ýyl hem onuň mezhebine uýanlar hajyda duşar eken. Şol haja giden ýyllarynyň birinde Mekgede Kufeli alymlaryň «Sehmi dair» (döwür paýy) meselesi bilen baglanyşykly müşgilleri ýüze çykdy. Her kim öz pikirini aýtdy, ýöne dogry netijäni tapyp bilmediler. Soň bu meseläni Abu Hanypadan soradylar. Ol hem hiç pikirlenmezden: - Döwürden paýy aýyryň, şonda mesele dogry çykar - diýipdir. Bu ýagdaý hem onuň ylymda we akylda kämil derejede bolandygyny aňladýar.

Ýokardaky Abu Ýusubyň hekaýatyndan belli bolşuna görä, hemmelerden peýdalanmak mümkindir. Hatda kapyrdan hem peýdalanyp bolar.

Abu Ýusupdan: - Bu ylmy derejä nähili ýetdiň? - diýip sorapdyrlar. Ol hem: - Öňümden kim çyksa peýdalanmakdan utanmadym, öwrenen zatlarymy başgalara öwretmekden gysganmadym.

Ibn Apbasdan[5] hem ýaňky soragy sorap-dyrlar. Ol: - Köp sorag soraýan dil we köp pikirlenýän ýürek bilen – diýip jogap beripdir.

Ilkinji döwürlerde talyplara «mätekul» (näme diýersiň?) diýilmeginiň sebäbi talyplaryň köp sorag soramaklary üçindir. Sebäbi hem bu talyplar kimdir biriniň bir mesele bilen baglanyşykly garaýşyny bilmek üçin oňa: - Mätekul? (Bu meselede näme diýersiň?) – diýip sorag sorar ekenler. Şonuň üçin hem «näme diýersiň?» manysynda «mätekul» diýen ady alypdyrlar.

Başga bir alymdan sorapdyrlar: - Bu ylma nähili ýetdiň? Ol hem: - Baý kakam sebäpli bu ylma ýetdim. Sebäbi kakam baýlygy sebäpli alymlara we danalara haýyr-sahawat ederdi. Alymlara ýagşylyk etmek bolsa ylmyň bereketine sebäp. Sebäbi beýle yhsan-sahawat ylym we akyl nygmatyna şükür hökmündedir. Bu şükür bolsa ylmyň köpelmegine sebäpdir - diýipdir. Ymam Agzam Abu Hanypa ylmyň şükürini etmek meselesinde şeýle diýýär: - Men ylma diňe hamd etmek we şükür etmek arkaly ýetdim. Men ylymdan bir meselä düşünenimde, ylmy ýa-da fykhy meselede üstünlik gazansam «elhamdulillä» (Alla öwgi bolsun) diýerdim. Netijede hem ylmym ösdi.

Talyp dili, kalby, mal-mülki we beýleki beden agzalary bilen Alla şükür wezipesini ýerine ýetirmek bilen meşgullanmaly, akyl-paýhasy, ylmy we üstünligi Alladan diýip hasaplamaly, doga-dileg et-mek we ýalbarmak arkaly Alladan dogry ýol islemeli. Sebäbi Allatagala özünden dogry ýol isleýäni dogry ýola gönükdirer. Hakykat ýolunda bolanlar, olar «Ähli sünnet wel-jemagat»[6] mezhebinden bolanlardyr, Hidaýaty Hädi[7], Mubin[8] we Asym[9] sypatlary bolan Alladan isländirler. Allatagala hem olary maksatlaryna ýetirip, azaşmakdan halas edendir. Azaşanlar we beýleki batyl mezhepler bolsa öz garaýyşlaryna aldanyp, hakykaty ejiz bolan ýaradylyşdan, ýagny akyldan islediler. Çünki akyl hemme zada düşünip bilmez. Göýä göz ýaly. Göz hemme zady görüp bilmeýär. Göz nähili hemme zady görüp bilmeýän bolsa akyl hem bar zada ýetip bilmez. Azaşanlar öz garaýyşlaryna aldandylar, şonuň üçin hem ejiz bolup galdylar we netijede hem özleri azaşdylar hem-de beýlekileri hak ýoldan azaşdyrdylar. Bu meselede pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam şeýle diýýär: - Özüni tanan, Repbini tanar[10].

Kim özüniň ejizdigini bilse Beýik we Eziz bolan Allatagalanyň gudratyny biler, özüniň akylyna we nebsine daýanmaz, tersine, Allatagala töwekgel eder, hakykaty ondan islär. Kim Alla töwekgel etse, Allatagala onuň işlerini oňarar. Ony dogry ýola salar. Kimiň maly köp bolsa, gysganç bolmasyn, malyny Alla ýolunda we ylym ýolunda harç-lasyn.

Talyp gysgançlykdan Alla sygynmalydyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhyssalam bu mesele bilen baglanyşykly: - Gysgançlykdan uly kesel barmydyr? - diýipdir[11].

Uly alym Şemsil-Eimme Hulwanynyň kakasy garyp bolupdyr we ol halwa satar eken. Özi baý bolmasa-da alymlara halwasyndan hödür-kerem edip: - Ogluma dileg-doga ediň - diýer eken. Onuň bu jomartlygy, alymlara bolan muhabbeti we Alladan ýalbarmagy netijesinde ogly Şemsil-Eimme Hul-wany ylymda şeýle beýik derejä ýetipdir.

Talyp puly bilen kitap satyn alyp, pullaryny kitap göçürmek üçin harçlamalydyr. Onuň puly ylym öwrenmäge we fykh ylmyny öwrenmäge kömekçi bolmalydyr.

Ymam Muhammet bin Hasan Şeýbany örän baý eken. Onuň işlerini ýöretmek we mallaryny goramak üçin üç ýüz töweregi işgäri bardy. Ymam Muhammet bu mallaryny ylym we fykh ýolunda sarp etdi, hatda soňunda özüne geýer ýaly eşigi hem galmandy. Ymam Abu Ýusup ony köne eşigiň içinde görüp, oňa täzeje eşik iberdi. Emma Ymam Muhammet bu eşigi kabul etmän: - Alla size dünýäde berdi, bize bolsa ahyretde berer – diýdi.

Sowgady kabul etmegiň sünnet bolmagyna garamazdan Ymam Muhammet özüni peseldiji hökmünde hasaplap, bu sowgady almadyk bora çemeli.

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bir hadysynda şeýle diýýär: - Mömine özüni peseltmek ýaraşmaz. Sahabalar ondan: - Mömin özüni nädip peselder? – diýip sorapdyrlar. Onda ol: - Güýjüniň ýetmejek belasyna özüni atar – diýipdir[12].

Rowaýat edilmegine görä, Fahryl-Yslam Fahreddin Ersabendi zyňylan garpyz paçaklaryny ýygnap, çola ýerde ýuwanyndan soň olary iýer eken. Onuň bu ýagdaýyny bir gyrnak görüp, özüniň hojaýynyna habar beripdir. Hojaýyn hem Fahryl-Yslam üçin saçak ýazyp, ony nahara çagyrypdyr. Ýöne Fahryl-Yslam özüni peseltmezlik üçin bu çakylygy kabul etmändir. Ynha şunuň ýaly talyp uly düşünjä eýe bolup, at-abraýyny we mertebesini goramagy bilmelidir we beýlekileriň malyna göz dikmeli däldir, hiç kimden tamakin bolmaly däldir.

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam başga bir hadysynda şeýle diýýär: - Tamakinçilikden daş duruň. Sebäbi ol garyplykdyr[13].

Talyp elindäki malyny gysganmaly däldir. Olary özüniň ýetmezçiliklerine hem-de Allanyň razyçylygy üçin beýlekileriň ýetmezçilikleri üçin harçlamalydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: - Ynsanlaryň hemmesi garyplyk gorkusy bilen garyplyk içindedirler.

Irki döwürlerde ynsanlar başgalaryň malyna göz dikmezligi üçin öňürti hünär öwrenip, soň ylym öwrenmäge başlar ekenler.

Bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Kesekileriň maly bilen ýetmezçiliklerini gideren mätäç bolar.

Alym mal meselesinde tamakin bolsa ylma hormat goýmaz we hakyky netijäni çykaryp bilmez. Şonuň üçinem şerigatyň eýesi pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam tamakinçilikden Alla sygynyp şeýle diýipdir: - Aýyba we erbetlige eltýän tamakinçilikden Alla sygynýaryn[14].

Talyp we alym diňe Alladan umyt etmeli we diňe Alladan gorkmalydyr. Alladan gorkmak we ondan umyt etmek diňe şerigatyň çäklerini aşmazlyk bilen amala aşar. Kimdir birinden gorkup Allanyň öňünde günä edýän kişi Alladan başgasyndan gorkýandyr. Ynsanlaryň gorkusy bilen Allanyň öňünde günä iş etmeýän we şerigatyň çäklerinden aşmaýan kişi Alla-dan başgalardan gorkmaz, diňe Alladan gorkar. Umyt meselesi hem şeýledir.

Talyp dersini gaýtalamak meselesinde özüne belli bir san bellemeli we şol möçberde gaýtalamalydyr. Sebäbi talybyň kalby bu görnüşde bellän möçberinde dersini gaýtalamasa ders onuň kalbyna ýerleşmez.

Talyp düýnki dersini bäş gezek, öňňünki günüň dersini dört gezek, üç gün ozalky günüň dersini üç gezek, dört gün ozalky dersini iki gezek, bäş gün ozalky dersini bir gezek gaýtalamalydyr. Bu usul gaýtalamaga uly kömekçidir.

Talyp dersini gaýtalaýarka ýuwaş okamaga öwrenişmeli däldir. Ders we gaýtalamak sesli bolmalydyr. Sesiniň we güýjüniň gaýtalamakdan kesilmezligi üçin talyp gaty ses bilen gygyryp, özüne agram salmaly däldir. Işleriň haýyrlysy orta derejede bolanydyr.

Rowaýata görä Ymam Abu Ýusup fykh alymlary bilen talyplar ýaly sesli pikir alyşar eken. Onuň ýanynda bolan garşydaş alymlarynyň biri Abu Ýusubyň bu ýagdaýyna geň galyp şeýle diýipdir: - Men bilýärin Abu Ýusup bäş gün bäri açdyr. Emma onda-da höwesli we sesli pikir alyşýar.

Talyp gaýgy-gamdan we gynançdan uzak bolmalydyr. Sebäbi gaýgy-gam ylmyň öwrenilmegine böwet bolan apatdyr. Ussadymyz Şyhyl-Yslam Burhaneddin şeýle diýer eken: - Meniň beýleki talyplardan üstün bolmagymyň sebäbi okuw mahalynda hiç zady gaýgy etmedim.

Şyhyl-Yslam Isbijabynyň ylym öwrenmegi barada şeýle gürrüň berýärler: - Onuň okuw mahalynda hökümetde bolup geçen üýtgeşme sebäpli oniki ýyl okuwynyň arasy üzülipdir. Ýöne muňa garamazdan okuw dosty bilen on iki ýyllap munazarada bolupdyr. Ony hiç taşlamandyr we her gün munazara dowam edipdir. On iki ýyllap munazarany terk etmändirler. Onuň dosty soň şapygylaryň şyhyl-yslamy (müftisi) bolýar. Üstesine dosty şapygy mezhebinden eken.

Ussadymyz Şyh Kazy Ymam Fahryl-Yslam Kazyhan şeýle diýerdi: - Fykh ylmyny öwrenmek isleýänler üçin fykh kitaplaryna degişli nusgalaryň birini soň diňlän we öwrenen fykh maglumatlaryny bu ýatlan zatlarynyň esasynda aňsat ýat tutup bilmegi üçin ýat tutmalydyr we muny dowamly gaýtalamagy gerekdir.



[1]Aly bin Muhammеt Pеzdеwi (400-482.) hanapy fykh alymy. "Usulul-fykh” kitabyň awtory.

[2]Tirmizi, V, 50 s. Hadys ¹ 2687.

[3]Abu Bеkr bin Mеsgut Alaeddin Kaşany (507-1328). "Bеdaýyg essеnaýyg fi tеrtip eş-şеraýyg” atly fykh kitabyň awtory.

[4]Döwür mеsеlеsi - garşylyklaýyn zat bеrеn iki sany adam ýogalan wagtlary biri-birlеrinе bеrеn zatlarynyň mirasdüşеrlеriň arasynda bölünişikdе ýüzе çykan paýydyr. Ymam Abu Юsup bu paýyň düşýändigini aýdýar.

[5]Abdylla bin Apbas (3-68). Rеsulallanyň kakasynyň dogany Apbasyň ogly. Mеşhur sahaba.

[6]Sünni mеzhеbiň doly ady.

[7]Hädi – dogry ýola salyjy.

[8]Mubin – aýdyňladyjy.

[9]Asym – goraýjy, pеnalaýjy.

[10]Sеrеt: Abdyrahman Şеýbany, 170 s.

[11]Şol еrdе, 141 s.

[12]Ibn Mäjе II, 1332 s.; Kitabul-fitеn, 32, hadys ¹ 2016.

[13]Tabеrany, Ewsat.

[14]Buhary, I, dagawat.