Okuw mahalynda töwekgellik

Başy » Talyba taglymat tälimi » Okuw mahalynda töwekgellik

Talyp ylym mahalynda Alla töwekgel bolmalydyr, gün-güzerany barada pikirlenip, gaýgy-gama batmaly däldir we rysgal endişesi bilen meşgul bolmaly däldir.

Abu Hanypa pygamberimiz Muhammet alaýhyssalamyň sahabasy bolan Abdylla bin Hasan Zebididen şu hadysy rowaýat edipdir: - Kim Allanyň dini barada bilmek islese Alla oňa islän zadyny berer we onuň garaşmadyk tarapyndan rysgal berer.

Bir adam Mansur Hallaja: - Maňa maslahat ber – diýipdir. Mansur Halllaç hem oňa: - Nebsiňi düzelt, ony haýyrly işler bilen meşgullandyr. Eger sen ony meşgul etmeseň ol seni erbet işler bilen meşgul eder – diýipdir.

Talyp bolsun, bolmasyn hemme kişi öz nebsini öz  haý-höwesi bilen meşgul bolmaz ýaly haýyrly işler bilen meşgul etmelidir. Akylly kişi dünýäniň işi sebäpli gam iýmez. Çünki gaýgy-gam başa gelen belany yzyna öwürmez, onuň hiç hili peýdasy hem bolmaz. Tersine ol kalba, akyla, bedene zyýan ýetirer we haýyrly işlere böwet bolar.

Musulman adam ahyret bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirip bilmändigi üçin gynanmalydyr. Sebäbi ahyret işine gynanmagyň peýdasy bardyr. Ýagny ahyret işiniň ahmaly sebäpli edilmedik ol işi ýerine ýetirjek bolar, şonuň üçinem bu gaýgynyň peýdasy deger. Toba eder we Alla onuň günälerini bagyşlar.

Pygamberimiziň: - Käbir günäler bardyr. Olary ne namaz, ne oraza tutmak ne-de haja gitmek aýyryp biler. Olary diňe gün-güzeran derdi-aladasy bagyşladar[1] - diýen hadysyndan maksat, haýyr işlerine, aýratyn hem namazda kalp rahatlygyna böwet bolmajak oý-pikirdir. Munuň ýaly oý-pikir, ýagny ynsanyň ybadat etmegine böwet bolmadyk we ybadatdaky huzuryny gaçyrmadyk oý-pikirler netije nukdaýnazaryndan ahyret işlerinden hasaplanýar.

Talyp güýjüniň ýetýän möçberinde dünýä işleri bilen gyzyklanmagyny azaltmalydyr. Alymlar şonuň üçinem elmydama halkdan üzňe ýaşamagy saýlapdyrlar.

Talyp ylym ýolagçylygyndaky böwetlere we kynçylyklara döz gelmelidir. Çünki Musa alaýhyssalam hem Hydyr alaýhyssalam bilen bilelikde geçiren ylym ýolagçylygynda şeýle diýipdir: - Bu saparymyzda kynçylyklar bilen garşylaşdyk[2]. Ol bu sözi diňe özüniň ylym üçin ýola çykan wagty aýdypdyr we başga saparlarynda munuň ýaly söz aýtmandyr. Munuň sebäbi hem ylym saparynyň kynçylyklar bilen doludygynyň bilinmegi üçindir. Sebäbi ylym örän uly we möhüm işdir. Ylym öwrenmek alymlaryň köpüsiniň pikirine görä, Alla ýolunda söweşe gatnaşmakdan has artykmaçdyr.

Ylym ugrunda sapardan gazanylan sogap çekilen kynçylyklara döz gelmek netijesindedir. Ylym ýolunda kim kynçylyklara döz gelse we ylmyň lezzetini alsa, bu lezzet dünýäniň beýleki lezzetlerinden has datlydyr. Şonuň üçin hem Muhammet bin Hasan Şeýbany gije ýatman, gijelerine ylym üçin güýç-gaýrat edip, soňundan hem müşgil-lerini çözen wagty: - Döwlet işgärleriniň bu lezzetden ne habary bar? – diýer eken.

Talyp ylymdan başga zat bilen meşgullanmaly däldir we fykh ylmyndan ýüz öwürmeli däldir. Ymam Muhammet bu meselede şeýle diýipdir: - Biziň bu işimiz sallançakdan mazara çenlidir. Kim biziň bu fykh  ylmymyzy bir sagatlyk terk etse, sagatlar hem ony terk etsin.

Fakyh[3] Ybraýym Jerrah ölüm ýassygyn-da ýatan Ymam Abu Ýusubyň ýanyna ruhuny tabşyrmaga ýakyn wagty onuň halyny soramaga gelipdir. Abu Ýusup Ybraýym Jerrahdan: - Hajyda şeýtan daşlamakda daşlary ulag üstünde zyňmak gowumy ýa-da pyýada? – diýip sorapdyr. Ybraýym Jerrah bu soragyň jogabyny bilmändir we Abu Ýusubyň özünden sorapdyr. Onda Abu Ýusup oňa: - Haýfa metjidinden soň ilkinji iki daşy (kiçi we orta şeýtany) pyýada, soňky jülgäniň içindäki daşy (uly şeýtany) ulagly daşlamak has gowudyr – diýipdir.

Ynha fykh alymy hemme wagt şeýdip fykh ylmy bilen meşgul bolmalydyr. Şol wagt bu gaýraty sebäpli uly lezzet alar we Abu Ýusup ýaly alym bolar.

Rowaýat edilmegine görä, Ymam Muhammet bin Hasan ýogalandan soň düýşde görlüpdir. Ondan: - Jan çekişmede nähili ýagdaýy başdan geçirdiň - diýip sorapdyr. Ol: - Wadaly gullar bilen baglanyşykly bir mesele barada pikirlenýärdim, hatda ruhumyň nädip çykandygyny hem bilmän galypdyryn – diýipdir. Dogrudan hem Ymam Muhammediň ömrüniň soňky demlerinde: - Meni mukatep, ýagny wadaly gullar mowzugy meşgul edendigi üçin ölüme taýýarlanmadym – diýendigi rowaýat edilýär. Ymam Muhammet bu sözüni özüniň pespälligi sebäpli aýdandyr.



[1]Tabеrany wе Abu Nuaým, Sеrеt: A. Şеýbany, 48 s.

[2]Kеhf, 18/62.

[3]Fykh alymy.