Okuw döwri

Başy » Talyba taglymat tälimi » Okuw döwri

Okuwyň möhleti sallançakdan mazara çenlidir. Rowaýata görä Ymam Agzam Abu Hanypanyň talyby Ymam Hasan bin Zyýat[1] 80 ýaşynda fykh ylmyny öwrenmäge başlap-dyr. Soň 40 ýyllap düşekde ýatman, gije-gündiz bu ylmy öwrenipdir, soň ýene 40 ýyllap fykh meselelerinde pitwa beripdir.

Netijede onuň ömri 160 ýyla ýetipdir. Mundan belli bolşuna görä bir kişiniň ýaşy segsene ýetse-de, ylym öwrenmek üçin hemme ýaş amatlydyr.

Ýöne ylym öwrenmekde iň amatly döwür elbetde ýaşlyk çaglarynyň ilkinji döwürleridir. Derse taýýarlanmak wagtlary bolsa säher wagty bilen agşam-ýassy wagtlarynyň arasydyr. Ylym ýolagçysy ähli wagtlaryny ylym bilen geçirmelidir. Bir ylmy okap ýadan wagty, başga bir ylmy okamalydyr.

Ibn Apbas kelam ylmyny okap ýadan wagty: - Şahyrlara degişli diwan getiriň - diýer eken.

Ymam Muhammet bin Hasan Şeýbany hem gijelerine ýatman kitap-depderlerini ýanynda goýup, birinden ýadan wagty beýlekisini okar eken. Ukusynyň tutmazlygy üçin hem ýanyna bir gapda sowuk suw alar eken. Ukusy tutan wagty hem ýüzüni sowuk suw bilen ýuwup: - Uky bedendäki gyzgyn zerarly gelýändir. Ony sowuk suw bilen aýyrmak gerekdir – diýer eken.



[1]Hasan bin Zyýat (204). Hanapy fykh alymy.