Mähirlilik we nesihat

Başy » Talyba taglymat tälimi » Mähirlilik we nesihat

Ylym eýesi bolan kişi mähirli we öwüt-nesihat beriji bolmalydyr, bahyl bolmaly däldir. Sebäbi beýlekilere görip bolmak ynsana zyýan berer, peýda bermez. Şyhyl-Yslam Burhaneddin alymlaryň şeýle diýendigini aýdýar: - Mugallymyň ogly alym bolar.

Sebäbi mugallym talyplarynyň Gurhan ylmyny öwrenmeklerini islär. Bu ynanjy we talyplaryna mähir-mylaýym bolmagy netijesinde onuň ogly hem alym bolar.

Rowaýat edilmegine görä, Ymam Ejel Burhanyl-Eimme talyplaryna ders bereninden soň guşluk wagtynyň iň gyzgyn mahaly iki ogly Sadryşşehit Husameddin bilen Sagyt Täjeddine ders bererdi. Onuň ogullary oňa: - Bu biziň üçin biwagt bolýar, maza-myz bolmaýar – diýip närazyçylyk bildirjek bolanlarynda kakalary olara: - Ýat ýurtlardan talyplar we uly adamlaryň ogullary ýer ýüzüniň ähli ýerinden maňa okamaga gelýärler. Şonuň üçinem olaryň dersini siziňkiden öňürti bermeli bolýaryn – diýipdir. Onuň beýleki talyplara bolan merhemeti netijesinde iki ogly hem öz döwürlerinde fykh ylmynda ýer ýüzüniň fykh alymlarynyň köpüsinden üstün bolup ýetişipdirler.

Talyp hiç kim bilen dawa-jenjel etmeli däldir, hiç kime duşman bolmaly däldir. Sebäbi dawa-jenjel we duşmançylyk wagtyňy kemeldýändir. Çünki bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Ýagşylyk eden kişi ahyretde ýagşylygy bilen sylaglanar, erbetlik eden kişä bolsa ahyretde erbetlikler ýeterlikdir.

"Ynsanlaryň we jynlaryň müftüsi" lakamly Ymam Haherzada diýip meşhurlyk gazanan beýik müjtehit Zahyt Aryf Billäh Rukneddin Muhammet bin Abubekr özüne Soltanyş-şerigat Ýusup Hemedanynyň okap beren şu şygryny maňa okap berdi:

 

Kişini erbet işleri sebäpli sen jezalandyrma, öz halyna goý,

Eden işiniň we içindäki ýagdaýynyň berjek yzasy we jepasy oňa ýeter.

 

Ýene-de bu mesele bilen baglanyşykly duşmanyny peseltmek isleýän şu şygry okasyn:

 

Eger duşmanyňy peseltmek we ony

gynanjyndan ýaňa öldürmek isleseň,

Ylmyňy artdyr, ösmegiňi dowam et.

Çünki kim ylmyny artdyrsa,

Oňa görip bolanlaryň gaýgy-gamlary artar.

 

Bir atalar sözünde şeýle diýilýär: - Sen öz bähbidiň üçin gaýrat et, başgalaryny ýeňmek üçin iş salyşma (maksadyň bu bolmasyn). Çünki öz bähbidiň üçin işläp oňarsaň, seniň bu işiň duşmanlaryňy basyp ýatyrmagy hem içine alar.

Beýlekilere duşmançylyk etmekden saklan. Sebäbi duşmanlyk seni ryswa eder, wagtlaryňy biderek geçirer. Aýratyn hem akmak ynsanlardan geljek jepalara sabyr we çydam et.

Merýem ogly Isa alaýhyssalam sabyr meselesinde şeýle diýipdir: - Akmak kişileriň bir ezýetine sabyr ediň, on sany jepasyndan halas bolarsyňyz.

Şahyr bir şygrynda şeýle diýýär:

 

Ynsanlary asyr-asyr synag edip gördüm,

Hilegärden we mekirden başga hiç kimi

görmedim.

Möhüm işlerde beýlekiler

duşmançylykdan,

Has täsirli we has agyr zat görmedim.

Men hemme zadyň ajysyny datdym,

Ýöne dilenmekden has ajysyny görmedim.

 

Talyp mömin kişi barada erbet pikir etmekden saklanmalydyr. Sebäbi erbet güman etmek duşmanlygyň çeşmesidir. Saňa erbet gümanda bolmak halal bolmaz. Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bu meselede şeýle diýýär: - Gümandan daş duruň. Çünki güman sözüň iň ýalanydyr[1]

 

Şeýle hem beýik şahyr alym Abu Taýýyp bir şygrynda şeýle diýýär:

 

Kişiniň işi erbet bolsa,

pikiri hem erbet bolar,

Ol özüniň öwrenişen hyýallaryny we

arzuwlaryny tassyklar.

Duşmanlarynyň sözi bilen dostlaryna

duşmanlyk eder.

Soň pikiri barada gije garaňkylygy ýaly

şübhä düşer.

 

Bu şygry hem başga bir şahyrdan eşitdim:

 

Erbet işlerden uzaklaş, olary köpeltme,

Ýagşylyk eden adamyň, ýagşylygyny köpelt,

Ýakynda duşmanyň ähli hilelerinden

goranarsyň,

Duşman hile etse-de, sen etme.

 

Ýaşuly şahyr Abu Feth Busta degişli şu şygry eşitdim:

 

Akylly kişi özüne ezýet we zulum çekdiren

nadandan hiç haçan halas bolmaz,

Şonuň üçinem söweşmek ýerine onuň bilen

ylalaşygy saýlap, dymmagy saýlamalydyr.  



[1]Buhary, Müslim. IV, 1985 s.; Hadys ¹ 2563.