Okuw mahalynda günä işlerden daş durmak

Başy » Talyba taglymat tälimi » Okuw mahalynda günä işlerden daş durmak

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bu meselede şeýle diýipdir: - Talyp wagtynda haramlardan saklanmaýan talyba Allatagala üç hili bela berer:

-         Ony ýaşlygynda öldürer,

-         Ýa-da obalarda nadan kişileriň arasynda gezdirer,

-         Ýa-da döwlet hyzmatynda saklar[1].

 

Talyp hernäçe Alla ýakyn bolup ondan gorksa öwrenen ylymlary özüne şol möçberde peýdaly, okuwy ýeňil, Alla ýakynlygy sebäpli ylmynyň bereketi has hem köp bolar.

Köp iýmekden, köp uklamakdan we peýdasyz ýere geplemekden saklanmak Alladan gorkmagyň we oňa ýakynlaşmagyň ýollaryn-dandyr.

Alla ýakyn bolmagyň ýollarynyň biri hem talybyň bazar çöregini we bazar naharyny iýmezligidir. Sebäbi bazar nahary arassa bolmazlyk ähtimalyna, Allany ýatlamakdan örän uzak we gapyl bolmaga has ýakyndyr. Bazar naharynyň kemçilikleriniň biri hem garyplaryň gözi bu naharda galýar, nahary görýärler, ýöne satyn alyp bilmeýärler, şonuň üçinem gynanýarlar. Netijede naharyň bereketi ýitýär. 

Rowaýat edilmegine görä, Ymam Şyh Muhammet bin Fadl talyplyk ýyllarynda bazar naharyny iýmez eken. Kakasy obada ýaşaýar eken we ol nahar taýýarlap, juma günleri oglunyň ýanyna geler eken. Ol bir gezek oglunyň ýanynda bazar çöregini görüp oňa gaharlandy we onuň bilen gepleşmedi. Muhammet bin Fadl hem kakasyndan ötünç sorap: - Bu çöregi men satyn almadym, satyn alynmagyna hem razy bolmadym. Ony dostlarym getirdi – diýipdir. Kakasy hem oňa: - Munuň ýaly zatlardan saklanyp ätiýaçly bolan bolsadyň dostuň muny etmezdi – diýipdir.

Ine, öňki alymlar şeýle derejede tagamlaryna üns berip Alladan gorkar ekenler. Şonuň üçinem üstünlik gazanypdyrlar we kyýamata çenli hem ýatlanyp durulýarlar.

Takwa fakyhlaryň (fykh alymy) biri talyplaryň birine şeýle nesihat edipdir: – Başgalaryň gybatyny etmekden we köp gepleýän kişiler bilen oturmakdan daş dur. Sebäbi köp gepleýän kişi öz ömründen ogurlar we wagtlaryny biderek geçirer.

Talybyň bozgak, günäkär we wagtyny biderek harçlaýan kişilerden daş durmagy Alla ýakynlygyň sebäplerindendir. Çünki ýakynlyk täsir edijidir.

Talyp dersine taýýarlanýarka kybla tarapa bakmalydyr. Pygamberimiz Hezreti Muhammet alaýhyssalamyň sünnetine uýmalydyr we haýyrly kişileriň dileg-dogasyny almagy olja hasaplamalydyr.

Talyp mazlum kişileriň gargyşyndan saklanmalydyr. Çünki mazlumlaryň gargyşy Allanyň ýanynda kabuldyr. Rowaýata görä, iki sany talyp ylym okamak üçin uzak ülkä gidipdirler. Okuwda ikisi bile dost bolup, bile okapdyrlar. Aradan birnäçe ýyllar geçensoň bularyň ikisi ülkelerine gaýdyp gelipdirler. Bularyň biri uly fykh alymy bolup ýetişipdir, beýlekisi bolsa fykh alymy bolup bilmändir. Ol ýurduň fykh alymlary munuň sebäbi barada oýlanyşyp, bularyň ýagdaýlaryny, derse taýýarlanma usullaryny, dersde nädip oturandyklaryny sorapdyrlar. Olar hem şeýle diýip jogap beripdirler:  Fykh alymy bolan talyp sapaklaryna taýýarlanýarka kybla bakyp oturar eken. Emma beýlekisi bolsa ylym okan wagty kybla bakmaz eken we ýüzüni hem ylym öwrenýän şäherine tarap öwürmez eken.

Alymlar we fakyhlar ol fakyh talybyň ders okaýarka kybla bakmagy netijesinde fykh ylmyny öwrenip bilipdir diýen netijä geldiler. Sebäbi zerurlyk ýagdaýlaryndan başga ähli ýagdaýlarda oturanyňda kybla bakmak sünnetdir. Ýaňky talybyň fakyh bolup ýetişmeginiň ikinji sebäbi hökmünde alymlar we fakyhlar ol şäherde bolan musulmanlaryň doga-dileglerini görkezýärler. Sebäbi hemme şäherlerde ybadat edýän sopular we haýyrsöýerler hökman bardyr. Has dogrusy ol şäherde gije ybadat edýän takwalaryň biri oňa dileg-doga edipdir we bu dileg-doga netijesinde ol talyp fykh alymy bolup ýetişendir.

Talyp edep kadalaryny we sünnetleri äsgermezlik etmeli däldir. Sebäbi edebi äsgermedik sünnetden mahrum bolar. Sünnetleri äsgermedik parzlardan mahrum bolar. Parzlary äsgermeýän ahyret ýurdunyň nygmatlaryndan mahrum bolar. Käbirleri bu sözüň hadysdygyny hem aýdýarlar.

Talyp we ylym ýolagçysy namazlaryny göýä Alladan gorkýan takwa kişileriň okaýan namazlary ýaly arkaýyn okamalydyr we nepil namazlaryny[2] hem köp okamalydyr. Çünki namazy arkaýyn okamak we nepil namazlaryny okamak ylmy aňsatlyk bilen öwrenmekde talyba kömekçidir.

Beýik Alym Zahyt Nejmeddin Omar Nesewä degişli şu şygry diňledim:

 

Allanyň buýruklaryny we gadagan eden

zatlaryny ýerine ýetir,

Namazlaryňy oka, olary gorap sakla.

Şerigat ylymlaryny öwren, isle,

Ýat tutýan fakyh bolar ýaly,

ýagşy işler bilen kömek isle.

Allanyň rehmetini isläp,

Alladan ýatkeşligiňi goramagyny isle.

Çünki Alla iň haýyrly goraýjydyr.

 

Omar Nesewi şeýle diýýär:

 

Boýun boluň, yhlas ediň. Allanyň razyçylygyny gazanyp boljak işlerde ýalta bolmaň. Siz Repbiňize gaýdyp geljeksiňiz. Köp uklamaň. Çünki ýaradylanlaryň iň haýyrlylary gije az uklarlar.

Talyp elmydama ýanynda kitap we depder götermelidir. Bu garaýşy tassyklamak üçin şeýle diýlipdir:  Kimiň goltugynda depder bolmasa, onuň kalbyna hikmet ýerleşmez.

Talyp depderden başga ýanynda elmydama galam hem götermelidir. Bu galam götermek meselesi barada ýokarda Hilal bilen Ýesaryň hadysyny agzapdyk.



[1]Mеşhur hadys çеşmеlеrindе bu hadysa duş gеlmеdi.

[2]Nеpil namazy - sogap üçin islеndik wagt okalýan namaz.