Ýatkeşligi güýçlendirýän ýagdaýlar

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ýatkeşligi güýçlendirýän ýagdaýlar

Okan zadyňy ýatda saklamagyň iň güýçli sebäpleri şulardyr:

Derse yhlasly taýýarlanmak.

Derse uly höwes bilen gatnamak.

Az tagam iýmek.

Gije turup namaz okamak.

Gurhan okamak.

Bir yslam atalar sözünde Gurhan okamagyň peýdasy barada şeýle diýilýär:  Ýüzüne seredip Gurhan okamakdan beter ýatkeşligi güýçlendiren başga zat ýokdur.

Gurhany ýüzüne seredip okamak, ony ýatdan okamakdan has sogaplydyr. Bu meselede pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam şeýle diýýär:  Ymmatymyň amallarynyň iň üstüni ýüzüne seredip Gurhan okamakdyr[1].

Rowaýat edilmegine görä, Şeddat bin Hekim ýogalan dostlarynyň birini düýşünde görüpdir we ondan:  Haýsy amalyň peýdasyny has köp gördüň? – diýip sorapdyr. Onda dosty oňa:  Ýüzüne seredip Gurhan okamakdan has peýdaly zat görmedim – diýip jogap beripdir.

Kitaby okap başlanyňda «Bismilla» diýmek.

Kitaby galdyran wagtyň şu dogany okamak:  Subhanallahi welhamdulillähi welä ilähe illallahu wallahu ekber, welä hawle welä kuwwete illä billähil-alyýýyl-azymym-azyzyl-alymy adede külli harfin kutibe we ýuktebu ebedel-äbidine we dehrad-dähirin. (Alla ähli kemçiliklerden päkdir, öwgi Alla üçindir, Alladan başga ybadata laýyk hiç hudaý ýokdur, Alla örän beýikdir. Hiç bir günäden dönüş we hiç bir ybadata kuwwat ýokdur, diňe Belent, Beýik, Eziz we Alym bolan Allanyň kömegi bilen bardyr. Oňa ähli ýazylan we ýazylýan harplaryň sany ýaly öwgi ebedilik we ömürboýy, asyrlar boýy bolsun).

Her namazyň yzyndan şu dogany okamak:   Ämentu billähil-wahydyl-ehadil-hakky wahdehu lä şerike lehu we kefertu bimä siwähu. (Men Wahyt (birinji), Ehad (ýeke-täk), Hak, hiç hili ortagy bolmadyk ýeke Allatagala iman etdim we ondan galanlary inkär etdim).

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalama köp salawat aýtmak. Sebäbi pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bütin älemlere rehmet hökmünde iberilendir.

Ymam Wekigiň talyplaryndan biri ussadyna ýatkeşliginiň peselendigini şikaýat edipdir. Ussady hem oňa erbetlikleri terk etmegi maslahat beripdir. Bu meselede ol talyp maslahatyny şu şygyr bilen beýan edipdir:

 

Wekige ýatkeşligimiň peselendigini şikaýat

etdim,

Ol maňa erbetlikleri terk etmegimi

maslahat berdi.

Ylmy ýat tutmak Alla tarapyndan berilýän

bir nygmatdyr,

Allanyň pazly we keremi günäkär kişä

berilmez.

 

Miswak ulanmak.

Bal şerbetini içmek.

Her gün şeker bilen garylan ladan[2] iýmek.

Her gün irden ajöze 21 sany gyzyl

kişmiş iýmek.

Bu aýdylanlar hem ýatkeşligi artdyrar

hem-de birnäçe kesellere şypa berer.

Gakylygy azaldan ähli iýilýän zatlary hem

ýatkeşligi güýçlendirýär.



[1]Suýuty, el-fеthul-kadyr, I, 211 s. 

[2]Ladan - ysly şеpbik jisim.