Huşsuzlyga sebäp bolan ýagdaýlar.

Başy » Talyba taglymat tälimi » Huşsuzlyga sebäp bolan ýagdaýlar.

Allanyň öňünde edilen günä işler.

Günäleriň köp bolmagy.

Gaýgy-gamyň köplügi.

Dünýä işleri bilen köp gyzyklanmak we köp meşgullanmak.

Öň hem aýdyşymyz ýaly akylly kişä dünýä işleri sebäpli gynanmak gelişmez. Sebäbi, dünýä işleri ynsanyň jan-saglygyna zyýan ýetirer, peýdasy bolmaz. Dünýä işleri ýürege gatylyk getirer. Ahyret bilen baglanyşykly işler bolsa kalba nur getirer we namazda özüniň täsirini görkezer, ýagny namazy köňül hoşnutlygy bilen okar we okan namazyndan lezzet alar. Dünýä bilen baglanyşykly pikirler we gaýgy-gamlar akylly kişini haýyr-sahawat etmegine böwet bolar. Ahyret bilen baglanyşykly oý-pikirler bolsa ynsany haýyr işlere ýönelder. Rahat-arkaýyn namaz okamak we ylym öwrenmek gaýgy-gam berýän düşünjelerini dep edýändir.

Bu barada Ymam Nadr bin Hasan Marginany bir kasydasynda şeýle diýýär:

 

Eý Nadr bin Hasan!

Ýat tutuljak ylymlar üçin kömek isle,

Çünki ýat tutulan ylym gaýgyny dep eder.

Mundan galany bolsa batyldyr,

ygtybarsyzdyr.

 

Uly müjtehit Nejmeddin Hasan bin Omar Nesewi hem "Ümmi welet"[1] bolan bir gyrnagy barada şeýle diýipdir:

 

Näzikligi, ýaňaklarynyň enaýylygy,

Gözüniň gyýtagy bilen seredişleri bilen

meni haýran eden,

Gyrnaga salam bolsun.

Ol ýaş we owadan gyz.

Meni özüne ýesir we aşyk etdi.

Akyllar onuň waspyny beýan etmekde haýran

galdylar.

Men oňa aýtdym, meni taşla,

ötünjimi kabul et.

Sebäbi men ylym öwrenmäge aşyk boldum.

Men  ylym,

pazylet we takwaçylygyň ugrunda.

Aýdymçylaryň aýdymlaryndan we hoşboý

yslaryndan daşdyryn.



[1]Ümmi wеlеt – hojaýynyndan çaga dogran gyrnak.